Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÄZE HASABAT: BÄBEKHANADA AÝALLARA EDILÝÄN ZULUM GIŇDEN ÝAÝRAN

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (12 Ses)

babekhana zulumThe Lancet žurnalynyň hasabatlary çaga dogurýan aýallaryň çakdan aşa köp böleginiň fiziki we dil zulumyna duçar bolýandyklaryny görkezýär.

Täze çykan hasabata görä, Afrikadaky we Aziýadaky pes girdejili dört ýurtda aýallaryň üçden birinden hem köpüsi saglyk öýlerinde çaga dogranlarynda urulýarlar, kemsidilýärler ýa-da zalym daraşylýarlar. Şeýle-de, hasabat bäbekhanadaky zulumyň dünýä ýüzünde giňden ýaýrandygyny belleýär.

"Çaga dogrumyndaky zulum ynsan hukuklaryny bozýar we lukmançylyk hyzmatlaryny enjamlaşdyrylan saglyk öýlerinden peýdalanmakda ullakan päsgelçilik döredip bilýär" diýip, ylmy barlagyň ýene bir ýerinde bellenilip geçilýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ýolbaşçylyk edilen täze barlag işi 2000-den gowrak aýalda çaga dogrum wagtynda gözegçilik geçirdi we 2600-den gowrak aýaldan dogrumdan soň interwýu aldy.

Olaryň 42%-i dogrum wagtynda fiziki ýa-da dil zulumyny ýa-da kemsidilmäni başdan geçirendigini habar berdi. Käbir aýal urlupdyr, sögülipdir ýa-da güýç bilen saklanylypdyr. Şeýle-de, bu barlag işi ýaş we bilim derejesi pes zenanlaryň bäbekhanada saglyk işgärleriniň rehimsizligini we geleňsizligini başdan geçirmäge has ýakyndygyny aýdýar.

Zulum edilmeler esasan çaga dogrumyndan 15 minut öň we soň bolup geçýär. Ylmy barlagda salgylanylan başga bir barlag işi şeýle açyş edipdir: Göbek eneler we lukmanlar dogrum wagtynda zenanlary "keçjal" diýip suratlandyrýarlar we käbiri fiziki we dil zulumyny "temmi bermek" üçin ulanýandyklaryny aýdýarlar.

Saglyk pudagynyň resmileri dogrum wagtynda aýallara zulum edilmeginiň bütin dünýäde, hatda ösen döwletlerde hem giňden ýaýrandygyny aýdýarlar. Emma beýle tejribeler örän seýrek hasaba alynýar. Aýallar bolsa bu bidüzgünçilik barada arz etmekden gorkýarlar.

Täze ylmy barlagda barlanylan 2016 sany aýalyň içinde çagany kesip almalaryň 13%-i, waginany kesmeleriň bolsa 75%-i aýalyň razyçylygyny alman ýerine ýetirilipdir. Wakalaryň 59%-inde wagina barlaglary razyçylyk alynman geçirilipdir.

"Razyçylyksyz wagina barlaglary esasan hem ýaşy kiçi we bilim derejesi pes aýallarda has köp geçirildi" diýip, ylmy barlag belleýär.

Interwýu alnan 2016 aýalyň ýarysyndan köpüsine ýa-da 57%-ine agyryny gowşadyjy hiç zat hödürlenmändir.

Bäbekhanadaky zulumyň öňüni almak üçin ylmy barlag aşakdakylary maslahat berýär:

▶ Dogrum wagtynda aýallaryň islän kişisiniň dogrum otagynda bolmagyna rugsat bermeli.

▶ Aýallaryň razyçylyk baradaky bilimini ösdürmeli.

▶ Gizlinligi gowulandyrmak üçin bäbekhanalaryň gurluşyny özgertmeli.

Çeşmeler: BSSG / Lancet

  • 2576 gezek okalan