Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
GÖWRELILIK WE JYNSY GATNAŞYKLAR
Çaga garaşýan zenan maşgalanyň ajaýyp keşbi bolup, onuň gün geçdigiçe üýtgeýän daşky görnüşinde pynhanlyk, gözellik, asudalyk duýulýar. Ulalýan çaganyň hereketlerini duýmak, çaganyň gymyldysy netijesinde garnyň görnüşiniň üýtgemegine syn etmek şeýle ýakymly bolýar.
Adam ömründe şunuň ýaly ýatdan çykmajak pursatlarda, zenanyň adamsynyň we onuň ýakyn garyndaşlarynyň mähirli, ünsli gatnaşygy zerurdyr.
Göwreli aýal öz ýanýoldaşyna we gowy görýän ýakyn adamlaryna olaryň mähirli sözüne, söýgüsine mätäçligini duýdurmaga ymtylmalydyr.
Elbetde, göwrelilik döwründe är-aýal gatnaşyklarynda käbir kesgitli üýtgeşmeler bolup geçýär.
Köplenç ol üýtgeşmeler, çaga zeper ýetirmezlik maksady bilen, jynsy gatnaşyklaryň azaldylmagy bilen häsiýetlendirilýär. Şunuň ýaly hereketler kä ýagdaýlarda dogry hasaplansa, köp ýagdaýlarda ýerliksizdir. Şonuň üçin hem, göwrelilik döwründe jynsy gatnaşyklaryň howpsyz,göwnejaý, dogry alyp barylmagy barada düşünişmeklik zerurdyr.
Göwrelilik döwründe her aýalyň jyns höwesi dürli-dürli derejede ýüze çykýandyr. Bedendäki gormonal üýtgemeleriň täsiri netijesinde, ol kä ýokarlanyp, käte bolsa peselip biler.
Göwreliniň seksual häsiýetlendirmesi onuň başdaky seksual işjeňligi, maşgalada är-aýal gatnaşyklarynyň emosional ýagdaýyna, onuň ýanýoldaşynyň jynsy höwesi we işjeňligi bilen kesgitlenilýär. Ýöne bu döwürde bedendäki üýtgeşmeler bilen baglylykda, göwreliniň jynsy höwesiniň ýüze çykyşynda hem käbir üýtgemeler ýüze çykyp biler.
Göwreliligiň birinji üç aýynda köplenç aýalyň seksual işjeňligi peselýär. Bu ýagdaý ýürek bulanma, gaýtarma, ys alyş we tagam beriş duýgularyň üýtgemegi ýaly aş saýlamanyň alamatlarynyň ýüze çykmagy bilen bagly bolup biler. Ondan başga-da, göwreliligiň ilkinji hepdelerinde aýal ukuçyllyk, gowşaklyk duýýar.
Göwüslerde ýüze çykýan agyrylar hem oňaýsyzlyk döredip biler.
Aýalda bu döwürde öýkeleklik, aglaglyk, gündeki ýönekeý ýaşaýyş meselelerine hem adaty garaýşynyň üýtgemegi ýaly häsiýetler döräp biler.
Bu üýtgeşmeleriň wagtlaýyndygyny bilmeýän erkek adamlarda, aýalynyň bu häsiýetleri gorky, alaçsyzlyk, aljyraňlyk döredip biler. Aýalyň ýanýoldaşy üçin bu ýagdaýyň üznüksiz uzaga çekip, öz ikinji ýarymynyň hemişe şol häsiýetde galaýjak ýaly bolup görünmegi mümkin.
Är-aýalyň arasynda özara göwne degişmeler, birek-birege igenmeler döräp biler.
Öňler är-aýal düşeginde aňsatlyk bilen çözülýän gapma-garşylyklar, gaýta beter ýitileşip biler.
Ýöne bu ýüze çykan ýagdaýlar wagtlaýyn bolup, göwreliligiň ikinji üç aýlygynyň başlanmagy bilen ýitip gidýändir.
Göwreliligiň ikinji üç aýynda geljekki enede gorky we howsala duýgulary geçip gidýär. Onuň umumy ýagdaýlary gowulaşýar. 18-20 hepdelik göwrelilikden soň, aýalyň çaganyň gymyldysyny duýup başlamagy, ulalýan çaganyň ýagdaýynyň kadalaýyklygyndan habar berýär.
Bu möhletde göwreli aýalyň garnynyň biraz ulalyp öňe çykmagy, ony adamsynyň öňünde seksual taýdan ýakymly görkezýär.
Bu döwürde erkek adam hem öz geljekki atalyk ornuny boýun alyp, emosianal taýdan oňa taýynlanyp başlaýar. Ýüze çykan oňaýly ýagdaýlar kadaly är-aýal jynsy gatnaşyklarynyň başlanmagyna esas bolup biler
Bedende gormonal üýtgeşmeleriň wagtlaýyn kadalaşandygyny we täze emele gelen çaga ýoldaşynyň ony goraýandygyny göz öňüne tutup, lukmanlar tarapyndan hem bu döwürde kadaly jynsy gatnaşyklara garşy görkezmeler bellenmeýär.
Ýöne göwreliligiň üçünji üç aýlygynda jynsy gatnaşyklaryň köp sebäplere görä peselmegi mümkindir. Bu ýagdaý ilki bilen hem çaganyň ulalyp, jynsy gatnaşyklary amala aşyrmakda oňaýsyzlyklaryň döremegi bilen baglydyr.
Ondan başga-da, gatnaşyk wagty göwreli aýalda agyrylaryň döremegi mümkindir.
Bu döwürde aýalyň emosianal ýagdaýynyň hem üýtgemegi şuňa sebäp bolup biler. Sebäbi dogrum wagtynyň ýetip gelmegi we dünýä injek çaganyň saglygy babatda ýüze çykýan howsalaly duýgular jynsy höwesi peseldip bilerler.
Dogrumyň ýetip gelmegi erkek adamlary hem az alada goýmaýar. Dünýä injek körpä gerekli zatlaryny almak, aýaly bilen bilelikde çaganyň dünýä injek dogrum öýüni saýlamak ýaly guramaçylykly işleri amala aşyrmak hem erkek adamynyň seksual işjeňligini peseldip biler.
Eger bu döwürde ýüze çykýan seksual islegler är-aýalda birmeňzeş derejede bolsa, bu maşgalada özara düşünişmezliklere getirmeýär. Ýöne islegler deň bolmasa, onda ýene tersleşmelere garaşybermelidir. Bu ýagdaýda maşgala jübütleriniň özara düşünişmekliklerine, biri-birine sylag-hormatyna bil baglamak galýar.
Erkek adama aýalynyň islegine, haýyşyna garşy gitmän, oňa mähirli,söýgä beslenen garaýyş bilen garamak maslahat berilýär. Ýöne aýal maşgala hem öz adamsynyň duýgularyny sylamaga, oňa ünsli, mähirli garap, dörän ýagdaýlaryň wagtlaýyndygyny düşündirmäge çalyşmalydyr.
Lukmançylyk jähtinden, göwrelilik döwründe jynsy gatnaşyklaryň peýdalylygy aşakdakylardan ybaratdyr:
1. Jynsy gatnaşyklar wagtynda, aýal tarapdan kabul edilýän keýp berýän gormonlar (endorfin, enkefalinler), çaga hem gowy täsir edýändir;
2. Göwreli aýalyň jynsy ýanaşmalaryndan uzak wagt saklanmagy, onda ýaramaz emosional duýgulary döredip biler;
3. Göwrelilikde jynsy gatnaşyklar wagty göwreliligiň öňüni alma serişdelerini ulanmak zerurlygy aradan aýrylýar. Bu ýagdaý bolsa gatnaşyklaryň has ýakyn, ýakymly bolmagyny üpjün edip biler;
4. Islendik aýala gerek bolşy ýaly, göwreli aýala hem dölde saklanýan peýdaly maddalar zerurdyr:
- fermentler, erkeklik gormonlary, prostoglandinler.
- Ýatgynyň boýunjygyny ýumşadyp, dogrumda onuň gowy açylmagynda prostoglandinleriň orny ulydyr;
5. Jynsy ýanaşmalar wagty ýatgynyň myşsalary ýygrylýar we dogruma taýynlyk görýär. Ýatgy gowy ýygrylsa, dogrum burgularyň kadaly bolup, dogrum güýçleriniň gowşaklygynyň öňüni almaga kömek edip biler;
6. Jynsy gatnaşyk wagtynda ýatgynyň ýygrylmalary dogruma taýyn bolmadyk ýatga hiç hili täsir edip bilmeýär. Ýöne dogruma birnäçe hepde ýa-da günler galan bolsa, ýatgynyň bu ýygrylmalary dogrumyň başlanmagynyň sebäbi bolup bilerler. Şol sebäpden hem, göwreliligiň 40-41 hepdesinde dogrumyň başlanmagyny gazanmak üçin lukmanlar jynsy ýanaşyklary maslahat berip bilerler.
Ýöne göwrelilik wagty, lukmançylykda jynsy gatnaşyklaryň alnyp barylmagyna garşy görkezmeleriň bolýanlygyny ýatdan çykarmaly däldir:
- Göwreliligiň düşme howpy;
- Jynshanadan gan akma ýa-da ganjymak bölünip çykmalaryň bolmagy;
- Çaganyň endikli (birnäçe gezek) düşmegi;
- Çaganyň ýan suwlarynyň akmagy;
- Çaganyň ýoldaşynyň kadadakysyndan aşakda ýerleşmegi;
- Ekiz çagalar bilen göwrelilik;
- Aýalda ýa-da onuň adamsynda jyns agzalarynyň ýokançlyklarynyň bolmagy.
Göwrelilik döwründe jynsy gatnaşyklary amala aşyrma usullarynyň hem öz aýratynlyklary bardyr.
Ulalýan çaga käbir usullardan peýdalanmaga mümkinçilik bermeýär. Meselem, erkek adamynyň "ýokardan bolmagy". Aýala "gapdaldan" ýa-da onuň "ýokardan" bolmagy, aýalyň çöküne düşme ýagdaýlary has oňaýly bolup bilerler.
Göwreliligiň dokuz aýy çalt geçýär. Çaga dünýä inenden soň, är-aýal gatnaşyklarynyň başlama döwrüniň wagty barada soraglar ýüze çykyp biler.
Ginekologlaryň maslahat bermegine görä, dogrumdan soň 6-8 hepdäniň dowamynda är-aýal gatnaşyklaryny geçirme bolmaýar. Bu döwür ýatgynyň başdaky ululygyna gelmegi, dogrum ýollarynyň şikeslenmeleriniň bitmegi üçin gerekdir.
Dogrumdan soň ýatgynyň içiniň uly bir ýara tekizligi bolup durýanlygy üçin, oňa ýokançlyk düşürmezlik maksady bilen hem, jynsy ýanaşmalardan saklanmak zerurdyr.
Eger çaga dünýä kesarewo kesimi arkaly inen bolsa, onda jynsy gatnaşyklardan 8-10 hepde saklanmak maslahat berilýändir.
Giňden ýaýran pikire garamazdan, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirme köplenç ýumurtgalyklaryň kadaly işiniň dikelmegi bilen utgaşyp biler.
Kadaly aýbaşynyň (aýallyk öýjükleriniň emele gelmegi bilen) başlanmagy islenilmedik göwreliligiň döremegine getirip biler. Şonuň üçin hem, dogrumdan soňky döwürde göwreliligiň öňüni alyp biljek serişdeler barada bilip, olary ulanmalydyr. Bu serişdelere prezerwatiwler, emdirýän aýallara niýetlenen gormonal gerdejikler (ekslýuton, mini-pili) degişlidir.
Bar bolan düşünjelere garamazdan, usullylyk, mähirlilik, biri-biriňe ünslililik bilen çemeleşilende, göwrelilik we dogrumdan soňky döwürde jynsy gatnaşyklary alyp barmak gadagan edilmeýär.
Göwrelilik döwründe alnyp barylýan jynsy gatnaşyklar, är-aýal jübütine pynhanlylygyň, süýji duýgularyň lezzetini täzeden, başgaça duýmaga ýol açyp biler.
- 91197 gezek okalan