Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÇAGA DÜWÜNÇEGI NÄME ÜÇIN DÜŞÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

caga dusmesiTürkmenistanyň Saglygy Goraýyş we Derman Senagaty Ministrliginiň işläp düzen kliniki beýanlaryna görä "çaga düşmesi – bu ene bedeninden embrionyň ýa-da düwünçegiň göwreliligiň 22 hepdesine çenli özbaşdak düşmegidir". Möhletine görä irki (12 hepdä çenli) we giçki (13 hepdelikden 22 hepdelige çenli) düşükler tapawutlandyrylýar. 22-nji hepdede ýa-da ondan soň enesiniň içinde ölýän çaga "çaganyň öli dogulmasy ýa-da antenatal ölümi" diýilýär.

Hemme anyklanan göwrelilikleriň arasyndan göwreliligiň özbaşdak düşmeginiň ýygylygy 15-20% deň bolup durýandyr. Hemme düşükleriň arasyndan, irki möhletlerde (6-8 hepdede) bolup geçýän düşükleriň ýygylygy 40-80% düzýändir. Göwreliligiň möhletiniň ulalmagy bilen özbaşdak düşmeleriň ýygylygy hem peselýändir.

Çaga düşmesiniň sebäpleri näme?

↪ Emele gelen düwünçekde genetiki bozulmalaryň döremegi esasy faktorlaryň biri bolup durýandyr. Bu bozulmalar jyns öýjükleriniň özünde jemleýän hromosomalarynyň hil we mukdar taýdan üýtgemelerini aňladyp, oňa tebigat tarapyndan geçirilýän seleksiýa (saýlama) höküminde seredilip bilner. Köplenç beýle bozulmalary saklaýan göwrelilik 3-4 hepde möhletde düşýändir.

Endokrin ulgamynyň bozulmalary – ikinji esasy sebäpleriň biridir. Galkan şekilli mäziň, ýumurtgalyklaryň kadaly işjeňligi tohum ýumurtgasynyň ýatgynyň nemli gatlagyna berklenip, kadaly ösmegini üpjün edýändir. Aýalda bar bolan gipotireoz, tireoidit, düffuz zob, erkeklik jyns gormonlarynyň-testosteronyň ýokarlanmagy, aýbaşy halkasynyň II fazasynyň ýetmezçiligi irki çaga düşükleriniň döremeginiň sebäpleri bolup bilerler.

↪ Düwünçege ýokançlyklaryň täsir etmegi – göwrelilik döwründe ene bedenine düşen ýa-da öň bolan ýokançlyklar düwünçege hem ýokuşyp, çaganyň düşmegine getirip biler. Eneden çaga düwünçegine bakteriýalar (grampoložitel we gramotrisatel kokki, listeriýa, treponema, mikobakterii), ýönekeýler (toksoplazma, trihomonada) we wiruslar ýokuşyp bilerler. Beden gyzgynynyň ýokarlanmagy we umumy zäherlenme bilen ýüze çykýan ýiti ýokançly keseller ýatgynyň ýygrylmagyna we çaganyň düşmegine getirip biler. Ondan başga-da, ýokançlyklar çaga bardalaryny hem zaýalap, çaga ýan suwlarynyň wagtyndan öň gitmeginiň we göwreliligiň kesilmeginiň sebäbi bolup biler.

Immun faktorlarynyň täsiri – enäniň immun ulgamynyň çaga düwünçeginde saklanýan atasynyň antigenlerine "del zat" höküminde garap oňa "hüjüm etmegi" ýa-da enäniň beden öýjüklerini örtýän fosfolipidleri dargatmak üçin antitela öýjüklerini işläp çykarmagy (antifosfolipid sindromy) çaga düwünçeginiň ösmegi üçin ýaramaz şertleri döredip, göwreliligiň düşmesine getirip biler. Göwreliligiň irki döwründe, immun ulgamynyň işini kadalaşdyrmakda progesteron gormonynyň täsiri uly bolup durýandyr.

Jyns agzalaryň kemçiligi – jyns agzalarynda doga we gazanylan anatomiki kemçilikler duş gelip, çaga düwünçeginiň ýerleşişine, ösüşine, gan aýlanşygynyň ýagdaýyna ýaramaz täsir edip bilerler. Doga kemçiliklere iki ösüntgili ýatgynyň, eýer görnüşli ýatgynyň, ösüp ýetişmedik (infantil) ýatgynyň, goşa ýatgynyň bolmagy, ýatgy arteriýasynyň nädogry şahalanmasy degişli edilse, gazanylan kemçiliklere ýatgy boýunjygynyň ýetmezçiligi, Aşermanyň sindromy (ýatgynyň boşlugynda nemli germewleriň döremegi), ýatgynyň miomasy, endometrioz degişli edilýändir.

Bellenilip geçilen esasy sebäplerden başga-da, fiziki we emosional şikesler, zyýanly endikleriň bolmagy (çilimkeşlik, neşekeşlik), amatsyz zähmet şertleri, daşky gurşawyň zyýanly, amatsyz şertleri hem göwreliligiň düşmeginiň sebäpleri bolup bilerler.

Haýsy alamatlara üns bermeli?

Agyrlar – göwreliligiň möhletine baglylykda öz güýji we häsiýeti boýunça tapawutlanyp biler. Çaga düşmesi aýbaşy wagty döreýän sanjyly agyrylar ýaly başlap bilerler. Şunuň ýaly agyrylar has hem irki möhletlerde (6 hepdeden uly däl) syn edilýär. Çaga düşükleri üçin garnyň aşagynda we bilde döreýän ýygrylma görnüşli agyrylar hem mahsus bolup, olar wagt geçdigiçe güýjäp, aýalyň umumy ýagdaýyna täsirini ýetirip bilerler.

Jynshanadan bölünip çykmalar – düşüklerde ganly bölünip çykmalar aýbaşy wagtyndaky ýaly gelip biler. Şeýle hem, az mukdarda, çyrşalýan bölünip çykmalar syn edilip bilner. Az mukdarda, goňrumtyl, çyrşalyp gelýän bölünip çykmalar seýrek halatlarda çaga düşmesi bilen tamamlanýar. Tersine, köp mukdarda, açyk ganly bölünip çykmalaryň gelmegi çaga düşmesini alamatlandyryjy bolup biler.

Beden gyzgynynyň ýokarlanmagy – çaga düşmeleri üçin mahsus alamat däldir. Ýöne beden gyzgynynyň ýokarlanmagy käbir häsiýetli alamatlar (garnyň aşagynda güýçli agyrylar, ýiti, ýakymsyz ysly bölünip çykmalar) bilen dörände ýokançlyklaryň täsiri bilen septiki çaga düşmesiniň başlanandygyny alamatlandyryp bilýändir.

Çaga düşmesiniň öňüni alyjy nähili bejergi çäreleri bar?

8 hepdelikden kiçi möhletli göwrelilikde çaga düşmek howpunyň alamatlary we ultrases barlagynda göwreliligiň ösmeginiň oňaýsyz alamatlary (embrionyň we düwünçek ýumurtgasynyň ölçegleriniň gabat gelmezligi, gaýtadan geçirlen barlagda düwünçek ýumurtgasynyň ösmezligi, progesteronyň we horiogonly gonadotropin gormonyň göwreliligiň möhletiniň kadasyndan pes bolmagy) anyklanylanda göwreliligi saklamak üçin bejergi geçirmek maslahat berilmeýär.

Çaga düşükleriniň bejergisi esasan oňa getiren sebäpleri aýyrma gönükdirilendir.

Göwredäki düwünçegiň düşme howpunda progesteron serişdeleri (progesteronyň ergini, didrogesteron) bellenen tertip bilen göwreliligiň 22-nji hepdesine çenli ulanylýandyr.

Antifosfolipid sindromy anyklanylanda damarlarda gan lagtalanmalaryň öňüni almak üçin asetilsalisil turşysy, geparin ýa-da pes molekulýar geparin ulanylýandyr. Bu serişdeler ginekolog we gematolog lukmany tarapyndan bellenilip, gözegçilikde saklanylmalydyr.

Geçirilen barlaglar gansaklaýjy, ýygrylma garşy serişdeleriň we rahatlandyryjy serişdeleriň netijeliligini tassyklaýjy esas anyklamady.

Caga düşmeginiň öňüni alyp bolmaýar. Onuň ätimallygyny diňe şeýle çäreler bilen peseldip bolýar:

↪ Göwrelilik meýilleşdirilmezden öň dowamly keselleri, bedende bar bolan ýokançlyklary bejermek wajypdyr;

↪ Göwreliligiň birinji hepdelerinden lukmanyň gözegçiliginde bolup we doly kliniki barlagy geçip, maslahat almak zerurdyr;

↪ Eger çaga düşmek howpy bar bolsa jynsy gatnaşyklardan saklanmalydyr;

↪ Göwreli alkogol, neşe serişdeleri kabul etmekden, çilim çekmekden, saklanmalydyr;

↪ Aşa agyr fiziki agramlylykdan we güýçli emosional sarsgylardan gaça durmalydyr;

↪ Göwrelilik üçin ýaramaz iş şertlerini (himiki maddalar, elektromagnit şöhlelenme, ýokary temperatura) aradan aýyrmaga çalyşmalydyr.

 Ulanylan çeşmeler:

1. "Göwreliligi götermezlik. Sebäpleri, anyklanylşy, bejerilşi we öňüni alnyşy" TSG we DSM. Kliniki beýan. Aşgabat-2018 ý.

2. Ю. Доброхотова, П. Козлов, Ж. Мандрыкина, А. Степанян "Угроза прерывания беременности в различные сроки гестации", Москва 2016 г.

  • 650 gezek okalan