Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

EJE JAN, MENI HALAS ET!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (47 Ses)

Eje, meni öldürip, sen meni ýatdan çykararyn öýdýärmiň? Belki-de sen, menden hem has garaşylan, has gerek çagalaryň bolar diýip pikir edýänsiň? Eje, meniň olardan nämäm kem?

Eje, sen meniň gözlerimiň nähilidigini bilmän, meniň geljekki doganlarymyň gözüne nädip seretjek?

Eje, näme üçin siz-ulularda hemme zat şeýle çylşyrymlyka? Sen hiç haçan kiçijik güjüjegi ýa-da pişijegi suwa gark etmersiň-ä? Seniň olara haýpyň geler. Näme üçin maňa seniň haýpyň gelmeýärkä? Men ultrases barlagyndaky gözgyny nokatjyk däl. Men bölek-bölek edilip bedrä zyňylandan soň, öwrüljek gan lagtasy hem däldirin. MEN ADAM! Sende dörän birinji günümden bäri men adamdyryn!

(Dogulmadyk çaganyň eşidilmedik nalyşy).

 

ABORT – (latynça, abortus - "çaga düşme" ) – özbaşdak ýaşamaga ukyby bolmadyk (wagtyndan öňki dogrumdan tapawutlylykda) çaga düwünçeginiň ölümine getirýän göwreliligi emeli usul bilen aýyrmakdyr. 

Çaga düşürme ýagdaýyna jemgyýetde dürli garaýyşlar bolupdyr. Gadymy taryha göz aýlasak, ol döwürlerde çagany düşürmä adaty ýagdaý höküminde garapdyrlar. Gadymy jemgyýetçilikde täze doglan çagany maşgalanyň atasy eline alyp, ybadathanada kellesiniň ýokarsynda göterip sublatio adatyny geçiripdir. Diňe şondan soň täze doglan çaga adam hasaplanypdyr.

"Göbegeneler göwreli aýallara kömek berip hem bilerler, gerek bolan ýagdaýlarda çagany düşürip hem bilerler" diýip Platon (b.e. öň 427-347ý) ýazypdyr.

Aristotel (b.e. öň 384-322ý) bolsa, "Är-aýalyň islegine garamazdan çaga emele gelen bolsa, onda ýaşaýyş duýgulary emele gelmezden ötri ony aýyrmalydyr" diýip belläpdir.

Gippokratyň kasamynyň birinji nusgasynda bolsa, tersine (b.e. öň V asyr) "Hiç aýala çaga düşüriji serişdeleri berme" diýen jümle bardyr.

Orta asyrlarda çaga düşürme hemme bar bolan kanunlar esasynda ýazgarylypdyr we temmi berilipdir. Diňe Fransiýada, XVII asyryň birinji ýarymynda käbir ýagdaýlary göz öňüne tutup, aýala çaga düşürme netijesinde berilýän temmi gowşadylsa-da. Fransuz  Rewolýusiýasyndan soň abort  etmek üçin jezalandyrma ýene güýçlendirilipdir.

Häzirki wagtda, dünýäde abort  etmäge rugsat bermek soragy örän çekeleşikli  jedelleriň  özeni bolup, öz içine  dini, sosial, lukmançylyk, hukugy goraýyş soraglary hem alýandyr. Käbir ýurtlarda (meselem, ABŞ, Polşa) bu soragyň töweregindäki jedeller  jemgyýetde gapma-garşylyklaryň ýüze çykmagyna sebäp boldy.  Jedellere getirýän we ahlaklylygy kesgitleýän esasy sorag orta atylýar – "Abort edilme netijesinde emele gelen adam ömri  kesilýärmikä?"  Abortyň  garşydaşlary "emele gelen çaga", "dogmadyk körpe", "enäniň göwresindäki çaga" barada gürrüň edýärler. Din emele gelmäniň irki döwrüne garamazdan, aborta adam öldürmäniň bir usuly ýaly garaýandyr.

Abortyň tarapdarlarynyň pikirine görä bolsa, hukugy gorama, sosial, biologiki nukdaýnazaryndan embriony çaga hasap edip bolmaýandyr.

Jedelleriň gözbaşy bolýan ikinji sorag bolsa, aýalyň hem-de embrionyň hukuklarynyň derejesini kesgitlemek bilen baglydyr. Bu soragda abortyň garşydaşlary embrionyň ýaşaýyşa bolan hukugyny hemme zatdan ileri goýsalar, onuň tarapdarlary aýalyň öz bedenine we şahsy durmuşyna hukugynyň bardygyny belleýärler. BSGG-nyň bellemegine görä,dünýäde her ýyl 46 mln. abort edilip, bu san umumy göwrelilik ýagdaýlarynyň 22 %-ni tutýandyr.

Häzirki wagtda abort etdirmäniň sebäpleri höküminde aşakdaky ýagdaýlar kesgitlenýär:

  • 40%-i aýalyň islegi boýunça;
  • 25%-i aýalyň janyna howp salma netijesinde;
  • 23% -i sosial faktorlar (göwrelilik döwründe aýrylyşma, adamsynyň ölümi, aýalyň ýa-da onuň adamsynyň tussagda bolmagy, zorlanma netijesinde dörän göwrelilik, ene-ata hukugyndan mahrum edilme, göwreli aýalyň adamsynyň agyr keseliniň ýa-da şikeslenmesiniň bolmagy);
  • 12%-i lukmançylyk görkezmeler bilen (göwrelilikde gaýraüzülmeleri döredip biljek ýürek-damar, peşew çykaryş ulgamynyň keselleri, inçekesel, ruhy keseller we başgalar).

Her ýagdaý boýunça netijäni lukmançylyk topary çykarýandyr.

Abort çaga düwünçeginiň emele gelip, göwreliligiň 22-nji hepdesine çenli edilýändir. Düwünçegiň ejesiniň içinde ösüşden galmagy, göwrelilik ýagdaýynyň aýalyň janyna howp salmagy, düwünçegiň köpsany dogabitdi şikeslenmeleri ýa-da enä göwrelilige ýaramaz täsir etjek lukmançylyk bejergileriň geçirilmegi göwreliligi aýyrmaga görkezme bolup biler.

Köplenç ýagdaýlarda aborty ulanmagyň zerurlygy baradaky soragy çözme hukugy ene-atalaryň özüne berilýändir.

Göwreliligiň möhletine baglylykda, ony togtatma dürli usullar bilen geçirilýändir:

  • Ýörite derman serişdeleriniň kömegi bilen çagany düşürme – farmasewtiki abort. Göwreliligiň 2-8 hepdesinde geçirilýär.
  • Wakuum – sordurylmasy (mini-abort) – göwreliligiň 2-5 hepdesinde geçirilýär.
  • Lukmançylyk aborty – hirurgiki usul, ýagny çaga düwünçegini ýatgydan ýörite gurallaryň kömegi bilen aýyrmak. Göwreliligiň 6-12, käwagtlar 22 hepdesine çenli ulanylýar.

Göwreliligi aýyrtmak isleýän her aýala ginekolog lukmanyň barlagyndan, laborator barlagdan (ganyň umumy barlagy, ganyň merezýel, AIW, B we C gepatite barlagy, koagulogramma, jynshana çyrşagy) geçmek hökmany çäre bolup durýandyr.

Abortdan soňky gaýraüzülmeleriň döreme ahtimallygy ony geçirýän lukmanyň hünärmenlik ukybyna, geçiriş usulyna we göwreliligiň möhletine baglydyr.

BSGG-si howpsyz abort etme usullary bolan farmakologiki we wakuum usullaryny giňden ulanmagy maslahat berýändir. Hirurgiki aborty geçirmek babatda hem peýdaly maslahatlar berilýär.

Aborta başlamazdan öň, ýörite derman serişdeleriniň ulanylmagy (ýatgynyň boýunjygy hirurgiki gurallar bilen giňeldilýär, ýörite serişdeleriň kömegi bilen bolsa özbaşdak açylýar) aýala ýetirilýän şikeslendirmeleriň derejesini peseldýändir. Hirurgiki abortda ýüze çykýän gaýraüzülmeler göwreliligiň möhleti bilen baglanşyklydyr. Meselem, ýatgynyň diwarynyň deşilmegi göwreliligiň her iki hepdesinde 20% ýokarlanýandyr.

Abortyň getirýän gaýraüzülmeleri aşakdaky toparlara bölünýär:

1. Irki (abort geçirilýän wagty ýa-da bir hepde soň)

  • ýatgynyň diwarlarynyň deşilmegi;
  • ýatgynyň içinde gan lagtalaryň üýşüp galmagy (gematometra);
  • ýatgynyň içinde çaganyň ýa-da onuň ýoldaşynyň bölekleriniň galdyrylmagy (doly däl abort);
  • ýatgynyň boýunjygynyň ýyrtylmagy – ýyrtylma ýerleri dikeldilmese boýunjygyň soňky göwrelilikleri saklap bilmezlik ukypsyzlygynyň döremegi ýüze çykyp biler;
  • ganakmalar.

2. Giçki (1 hepde – 1 aý)

  • jyns agzalarynyň sowuklamalary – ýatgynyň, ýumurtgalyklaryň sowuklamagy, ýatgynyň turbalarynda iriňiň ýygnanmagy we başgalar.

3. Uzaklaşan (1 aýdan soň)

  • aýbaşy halkasynyň bozulmagy;
  • plasentar polip;
  • endometrioz;
  • ýatgynyň turbalarynyň geçirijiliginiň bozulmagy;
  • Aşermanyň sindromy (ýatgynyň içinde sepleşmeleriň döremegi);
  • önelgesizlik;
  • aýalyň ganynda rezus gapma-garşylygyň döremegi. Bu gaýraüzülme otrisatel rezus- faktorly aýallara degişlidir. Rezus položitel ganly çaga bilen göwrelilikde, onuň 4-5-nji hepdesinden enäniň bedeninde antitelalar (göreşiji öýjükler) döreýändir. Olar düwünçegiň resus položitel eritrosit gan öýjüklerine garşy täsir höküminde ýüze çykýar. Abortdan soň antitelalar aýalyň bedeninde galyp, indiki resus položitel çagany agyr kesele ýolukdyryp bilýändir.

Düwünçegiň gemolitiki keseli ýüze çykyp,çaganyň eritrositlerini enäniň antitela öýjükleri dargadýandyrlar. Bu kesel dürli görnüşde geçip, ýörite bejeriş çärelerini talap edýändir. Abortdan soňky rezus gapma-garşylyklarynyň öňüni almak üçin, operasiýadan soňky 72 sagadyň içinde antirezus immunoglobulin dermanyny ulanmak peýdaly netijeleri berip biler.

Görşümiz ýaly, çaga düşürmek meselesi we onuň töweregindäki çekeleşmeler edil adamzat taryhy ýaly gadymydyr. XXl asyryň başynda, jemgyýetiň sosial-ykdysady ösüşine, lukmançylyk ulgamynyň kämilleşiş derejesine garamazdan, islenilmedik göwrelilik babatda lukmana ýüz tutýan aýallaryň sany azalmaýar. Meniň pikirimçe, bu ýagdaý esasan adam faktoryna, maşgalanyň içki gurşawyna, onuň guramaçylygyna, är-aýal gatnaşyklarynyň ruhy jebisligine baglymyka diýýärin.

Aýalyň geleňsizligi, maşgalany meýilleşdirme düzgünleri we serişdeleri babatda sowatsyzlygy abortlaryň sanynyň ösmeginiň belli bir uly sebäbi bolup bilýändir.

Maşgalany meýilleşdirmekde, göwreliligiň öňüni almak meselesi köplenç (örän köp ýagdaýlarda) diňe aýalyň gatnaşmagynda çözülýär. Bu meselede erkek adamlaryň hem ýeterlik gatnaşygy, jogapkärçiligi duýulsa, belki-de abort edilýän otaglara şeýle uzyn nobata durmalar bolmazdy.

P. S. Abort bilen bagly ahlak soraglary, onuň öňüni alyş çäreler toplumy, köpeliş sebäpleri babatda her adamynyň öz pikiri bolup biler. Bu meseleler barada Siziň pikirleriňizi bilmek biz üçin gyzykly bolar.

  • 19963 gezek okalan