Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

DOGABITDI MEREZÝEL NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

dogabitdi merezyelDogabitdi merezýel (sifilis) – bu keselli enäniň göwrelilik döwründe ýokançlygy çagasyna geçirende döreýän keseliň görnüşidir.

Dogabitdi merezýel çaga nähili täsir edýär?

Dogabitdi merezýeliň çaganyň saglygyna çynlakaý, ýaramaz täsiri bar. Keseliň bäbejikleriň saglygyna ýetirýän täsiri enede sifilisiň dörän möhletine we ýokançlyga garşy bejerginiň alnyşyna ýa-da keseliň bejerlen wagtyna baglydyr.

Dogabitdi merezýeli aşakdaky ýagdaýlaryň sebäbi bolup biler:

↪ Göwreliligiň düşmegi;

↪ Çaganyň öli dogulmagy;

↪ Çaganyň wagtyndan öň dogulmagy;

↪ Bäbegiň az agramly dogulmagy;

↪ Çaga doglandan soň gysga wagtyň içinde ölmegi.

Bejerilmedik sifilisli aýallaryň bäbekleri öli doglup ýa-da doglan badyna aýrylyp biler.

Dogabitdi merezýel bilen doglan çagalarda aşakdaky alamatlar ýüze çykyp biler:

↪ Süňkleriň deformasiýasy (adaty görnüşden üýtgemegi) esasan hem uzyn süňkler we gapyrgalar üýtgeýär;

↪ Ýiti anemiýa (ganazlyk);

↪ Bagryň we dalagyň ulalmagy;

↪ Sary getirme (deriniň ýa-da gözüň sarylygy);

↪ Beýni we nerw ulgamynyň näsazlyklary (meselem, körlük ýa-da kerlik, tutgaýlar, akyl taýdan yza galmak, meningit);

↪ Deriniň örgünleri. Esasan hem eliň aýalarynda, dabanlarda hem-de burnuň we agzyň töwereginde döreýän gabarçak we tegmil görnüşli örgünler häsiýetlidir.

Dogabitdi sifilisli doglan bäbekleriň hemmesinde alamatlar ýüze çykýarmy?

Ýok. Sifilisli doglan bäbeklerde hiç hili alamatlaryň bolmazlygy hem mümkin. Emma kesel bejerilmese çagada çynlakaý näsazlyklaryň döremegi ähtimal. Adatça, beýle saglyk meseleleri bäbek doglandan soň ilkinji hepdelerde ýüze çykýar, ýöne näsazlyklar birnäçe ýyldan soň hem döräp biler.

Lukmanlar alamatlaryň häsiýetine we ýüze çykyş wagtyna baglylykda irki we giçki sifilisi tapawutlandyrýarlar. Irki sifilis doglandan 2 ýaşa çenli wagtda döreýär. Ol deri örgünleri, limfa düwünleriň ulalmagy, bagryň we dalagyň ulalmagy, ösüşiň peselmegi, meningit, tutgaýlaryň döremegi bilen häsiýetlendirilýär. Giçki sifilisiň alamatlary 2 ýaşdan soň ýüze çykýar. Onuň üçin burunda, kentlewükde, süňklerde başlaryň (gummalar) emele gelmegi, görüş nerwiniň zeperlenmegi netijesinde körlügiň döremegi häsiýetlidir.

Şeýle-de, nerw ulgamyň şikeslenmesi yzmaz ýagdaýa, kerlige getirip bilýändir. Giçki sifilis üçin has hem dişleriň üýtgemegi, agzyň töwerginde jaýryklaryň döremegi we ýokarky äňiň özmezligi häsiýetli bolsa-da, häzirki wagtda bular hemişe döreýän gaýraüzülme däldir.

Göwreli aýallar merezýel keseline barlagy geçmelimi?

Hawa. Hemme göwreli aýallar göwrelilik döwründe ilkinji gezek lukmana barlanmaga baranlarynda sifilisi anyklaýyş testini hökman tabşyrmalydyr. Göwrelilere bu kesele gaýtadan testi göwreliligiň üçünji ýarymynda geçirýärler. Eger aýal göwrelilikden öň bu keseli geçirip bejergi alan bolsa, göwrelilikde testler birnäçe gezek geçirilip, lukman tarapyndan baha berilmelidir.

Merezýel ýokuşsada ony duýman biljekdigiňizi ýatda saklamalydyr. Çünki sifilisi alamatsyz geçirýänler hem köpdür. Şeýle-de, merezýeliň alamatlary gaty ýeňil ýüze çykyp biler ýa-da beýleki keselleriň alamatlaryna meňzeş bolup hem biler. Merezýeliň bardygyny takyk bilmegiň ýeke-täk ýoly – test tabşyrmakdyr.

Merezýeliň bejergisi barmy?

Hawa. Merezýeli antibiotikler bilen bejerip bolýar. Göwrelilik döwründe merezýeli anyklaýan testiňiz pozitiw çyksa tizden-tiz bejergi başlanylmalydyr. Bejergi ginekolog we wenerolog lukmanlaryň gözegçiliginde alynýar.

Dogabitdi merezýeli bilen doglan çagany bejermegiň usuly barmy?

Hawa, dogabitdi merezýeliň bejergisi bar. Bu keselli bäbeklerde saglyk bilen bagly kynçylyklar ýüze çykmaz ýaly bejergini haýal etmän başlamalydyr. Dogabitdi merezýeli bejermek üçin çaganyň lukmançylyk barlagynyň netijelerine baglylykda, hassahanada 10 gün antibiotik bilen bejergi berilýär. Şeýle bejergi eneleri bejergi almadyk ýa-da bejergi dogumdan 4 hepde öň alnan halatlarynda, bejergi ýeterlik alynmadyk, ýa-da enede keseliň gaýtalanan ýagdaýlarynda hem bäbeklere geçirilýändir. Eneleri ýeterlik bejergi alan, ýöne merezýeli güman ediýän bäbeklere antibiotik dermanynyň bellenen mukdary bir gezekde hem göýberilýär. Şeýle çagalar neonatolog lukmanynyň dowamly gözegçiliginde saklanmalydyr

Merezýel ýokuşma töwekgelçiligini nädip peseldip bolar?

Aýallarda we olaryň jynsy gatnaşyk saklaýan ýoldaşlarynda sifilisiň öňüni almak – dogabitdi merezýeliň döremegine böwet bolmagyň iň oňat usulydyr.

Seksual taýdan işjeň bolsaňyz, aşakdaky faktorlar merezýeliň ýokuşmagyny peseldip biler:

↪ Sifilis keseline testi tabşyran we sifilis ýok ýoldaş bilen uzak möhletli jynsy gatnaşykda bolmaly. Tertipsiz jynsy gatnaşyklardan saklanmaly;

↪ Lateks prezerwatiwlerini her gezek jynsy gatnaşykda bolanyňyzda dogry ulanmaly. Prezerwatiwler ýara degilmeginiň öňüni alyp, sifilisiň ýokuşmagyna böwet bolup bilýär. Emma, prezerwatiw bilen örtülmedik ýerlerde bar bolan sifilis ýaralaryna teniň degilmegi sifilisiň ýokuşmagyna getirip bilýär.

Çeşme: СDC

  • 84 gezek okalan