Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ÝATGYDAN DAŞARKY GÖWRELILIK
Ýatgydan daşarky döreýän göwrelilik çaga düwünçeginiň ýatgydan daşary, başga ýerlerde berkemegi netijesinde döräp, garyn boşlugynda ýüze çykýan gan akmalaryň esasy sebäbi bolup durýandyr. Göwreliligiň diňe bir ýatgydan daşarky ýerlerde döremän, ýatgynyň adaty bolmadyk ýerlerinde döräp bilýänligi sebäpli ony başgaça "ektopiki (ýeriniň üýtgemegi) göwrelilik" diýip hem atlandyrýarlar.
Ektopiki göwreliligiň sebäpleri we oňa getirýän töwekgellik faktorlary dürli-dürli bolup biler:
- Jyns agzalaryň adaty işjeňliginiň bozulmagyna getirýän ýagdaýlar – bejergi bermek maksady ýa-da göwreliligiň öňüni almak üçin gormonal serişdeleriniň ulanylmagy, jynsy ösüşiň yza galmagy, önelgesizlik ýagdaýy, dürli endokrin keseller;
- Jyns agzalarynda anatomiki üýtgemeleriň döremegine sebäp bolýan ýagdaýlar - jyns agzalarynda dürli sebäplere görä ýüze çykýan sowuklama keselleri, jyns agzalaryň täze döremeleri, dogabitdi kemçilikler, abortlar, ýatgynyň içinde geçirilen bejeriş çäreleri;
- Ektopiki göwreliligiň ýüze çykmagyna getirýän täsirler – kiçi çanaklyk agzalarynda geçirilen operasiýalar, ýatgynyň içine göwreliligiň öňüni almak üçin salynýan serişdeler, endometrioz.
Ektopiki göwreliligiň ýüze çykyş ýygylygy ýylsaýyn artyp, soňky 15-20 ýylda köp ýurtlarda 4-6 gezege çenli ýokarlandy. Ýatgydan daşarky göwreliligiň ýygylygynyň sowuklama keselleriniň, bejergide gormon serişdeleriniň ulanylmagynyň ýygylygyna baglydygyny barlaglar görkezýär.
Ýokarda aýdylanlardan belli bolşy ýaly, ektopiki göwrelilik ýatgydan daşky we adaty bolmadyk ýatgydaky göwrelilik görnüşlerine bölünýändir.
Öz gezeginde ýatgydan daşarky göwrelilik hem döreýän ýerine baglylykda aşakdaky görnüşlere bölünýär:
1. Ýatgynyň turbalarynda döreýän göwrelilik – ektopiki göwrelilik ýagdaýynyň ýygy duş gelýän (90-98%) görnüşidir. Ýüze çykýan kliniki alamatlar turbadaky göwreliligiň ösýän ýerine bagly bolýar.
Ýatgynyň turbasynyň ýyrtylmagy hemişe garyn boşlugyna gan akmanyň alamatlary bilen utgaşyp, ol dürli derejede ýüze çykyp biler. Içki gan akmalar gemorrogiki şok ýagdaýynyň döremegine hem getirip biler. Şonuň bilen birlikde hem garnyň ýylmanak perdesiniň gyjyndyrylmagy netijesinde içiň ýellenmegi, agyrylar, garnyň öňki diwarynyň myşsalarynyň dartylmagy ýaly alamatlar ýüze çykyp biler.
Turbadaky göwrelilikde çaga düwünçeginiň ýerleşýän ýeriniň ýyrtylmagy netijesinde, garynda ýiti agyrylar döräp, ol turbanyň ýyrtylmagy we garnyň ýylmanak perdesiniň gan bilen gyjyndyrylmagy sebäpli ýüze çykýandyr. Käwagtlar güýçli agyrylar netijesinde aýalyň huşunyň ýitmegi hem bolup biler.
Ektopiki göwreliligiň hemme görnüşlerine mahsus bolşy ýaly, bozulan turbadaky göwrelilik ýagdaýynda, aýallarda aýbaşynyň saklanmagy we göwrelilik ýagdaýynyň başga alamatlary duş gelýändir.
2. Ýumurtgalykda döreýän göwrelilik – soňky ýyllarda gormonal serişdeleriniň ulanylmagy netijesinde, onuň ýygylygynyň artýanlygy bellenilýär. Çaga düwünçegi ýumurtgalygyň üstünde, ýuka we ýeňil şikeslenýän bardaly çaga ýerinde ýerleşip biler. Ondan başga-da, çaga düwünçegi aýal öýjüginiň garyn boşlugyna çykmadyk ýagdaýynda, follikulda (içinde aýal öýjügi ýetişýän düwmejik) hem ýerleşip biler.
Ýumurtgalykdaky göwreliligiň ösüş dowamlylygy, follikulyň ýumurtgalykda ýerleşýän ýerine bagly bolýandyr.
Çaga ýeriniň bozulmagy bu görnüşde hem garyn boşlugyna gan akmalar bilen häsiýetlendirilip, ýüze çykyş derejesi çaga düwünçegiň ýumurtgalykda ýerleşiş çuňlugyna bagly bolup durýandyr. Käwagtlar çaga ýeri ýatgynyň ýasy baglaýjylary bilen bitişip, onuň içinde baglaýjynyň içindäki göwrelilik görnüşini emele getirip bilýändir.
3. Baglaýjara göwrelilik – bu görnüşe göwreliligiň uly möhlete çenli ulalýanlygy sebäpli aýratyn üns bermelidir.
Bu görnüşde ýatgy turbasyna beklenen çaga düwünçegi ýasy baglaýjynyň gatlaklarynyň arasyna tarap ösýändir.
Ýasy baglaýjynyň içinde, gan toplanmalara getirip, ýatgyny bir tarapa süýşürýän gan akmalar hem ýüze çykyp biler.
Uly möhlete ýetýänçä (3-5 aý), baglaýjara göwreliligi adaty ýatgydaky göwrelilikden kän bir seljerip hem bolmaýar.
Ýasy baglaýjynyň ýyrtylmagy netijesinde güýçli gan akmalar sebäpli geçirilýän hirurgiki bejergi wagtynda, ektopiki göwreliligiň bu görnüşini anyklamaga mümkinçilik döreýär.
4. Garyn boşlugyndaky ektopiki göwrelilik – bolup biläýjek ýagdaý hasaplanylýar. Ýatgydan daşary göwreliligiň bu görnüşi, çaga düwünçegiň garnyň ýylmanak bardasyna ýelmeşmegi ýa-da turbada galan göwrelilik wagty ondan garna düşmegi netijesinde döräp biler. Çaga düwünçegi köplenç içegeleriň ýygrylmagynyň az ýerinde (ýatgynyň yz tarapynda, hatda bagyr we dalak ýaly agzalarda) beklenýär. Ol ulalma netijesinde, başga beden agzalaryna – içegelere, içýaga tarap ösüp biler. Bu görnüşi ir möhletde anyklamak juda kyn bolup, zeperlenýän agzalar babatda geçirilýän operatiw bejergi wagtynda ýüze çykarylýandyr.
Adaty bolmadyk ýatgydaky göwrelilik hem birnäçe görnüşlerden ybaratdyr:
1. Ýatgynyň rudument (köneden galyndy) şahynda döreýän göwrelilik – ektopiki göwreliligiň seýrek duş gelýän görnüşidir. Bu görnüşde göwrelilik turba bilen bagly, ýöne jynshana çykalgasy bolmadyk ýatgyda döreýär.
Ýatgynyň rudument şahynyň nemli gatlagy kadaly üýtgemelere sezewar bolmaýar we onuň myşsa diwary hem göwreliligi götermäge ukyply däldir.
Şeýlelikde, göwreliligiň 8-16-njy hepdesinde ýatgynyň galyndy böleginiň ýyrtylmasy bolup geçip biler.
Ýiti alamatlaryň döremezinden öň, göwrelilik edil ýatgydaky göwrelilik ýaly ösýändir. Hatda ýüze çykýan agyrylar netijesinde aýala göwreliligi saklamak üçin bejergini hem belläp bilýärler.
Çaga düwünçekli ýatgynyň rudumentar şahynyň ýyrtylmagy güýçli gan akmalara getirýändir.
2. Ýatgy turbasynyň interstisial bölüminde döreýän ektopiki göwrelilik – öz geçiş alamatlary boýunça ýatgynyň rudumentar şahynda ösýän göwreliligi ýada salýandyr. Uly göwrelilik möhletlerine (3-5 aý) çenli ulalyp, çaga düwünçegi ýeriniň ýyrtylmagy, uly gan ýitirmelere we gemorragiki şok ýagdaýynyň döremegine getirip biler.
3. Ýatgynyň boýunjygynda dörän göwrelilik – irki möhletlerde alamatsyz bolup, ýatgydaky göwrelilikden tapawutsyz geçýändir. Soňundan ganjymak bölünip çykmalar döräp, näsaglar "düşüp başlan göwrelilik" babatda bejergi alyp bilerler. Bu görnüşde aýalyň janyna howp salýan güýçli gan akmalaryň döremek howpy ýokarydyr.
Ýatgydan daşary göwrelilik ýagdaýyny anyklamak üçin, lukmançylykda ganda we peşewde horion gonadotropini we başga jyns gormonlary kesgitlemek, ultrases barlagy, ýatgynyň yzky gümmeziniň üsti bilen garyn boşlugy punktirlemek (deşmek), laparoskopiýa (bejergi üçin hem ulanylýar), ýatgynyň içini gyryp, gyryndyny barlamak usullary giňden ulanylýar.
Amaly lukmançylykda ektopiki göwreliligi, irki döwürde ýatgydaky göwreliligiň düşme howpy, doly däl abort, ýatgydan disfunksional gan akmalar, ýatgynyň goşundylarynyň sowuklamasy ýagdaýlary, ýiti holesistit, appendisit, böwrek sanjysy, peritonit ýaly ginekologiki we hirurgiki keseller bilen aýyl-saýyl etmek hökmany çäre bolup durýandyr.
Ektopiki göwrelilige bejergi diňe hirurgiki usul bilen geçirilýär. Hirurgiki bejerginiň netijeliligi ginekolog we reanimatolog lukmanlaryň guramaçylykly çärelerine bagly bolup, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek zerurdyr.
Umumy narkozyň täsiri bilen, garyn boşlugy açylyp (laparotomiýa), ýyrtylyp gan akýan ýer daňylýar (ýa-da klemmalar goýulýar). Şonuň bilen bir wagtda hem garyn boşlugynda dökülen gan täzeden näsaga guýlup, reanimasion çäreler geçirilýändir.
Geçirilýän hirurgiki bejerginiň göwrümi, näsagyň umumy ýagdaýyna, ektopiki göwreliligiň dörän ýerine, näsagyň ýaşyna, çaga dogmak meýline we bar bolan beden kesellerine baglylykda kesgitlenilýär.
Düzgin bolşy ýaly, ektopiki göwreliligiň ýaş aýallarda ýüze çykýanlygy sebäpli, olara beden agzasyny saklamaga kömek edýän hirurgiki bejergini geçirmek ýerliklidir.
Ýatgynyň turbasynda döreýän göwrelilikde mikrohirurgiýa usullary ulanmak bilen agzany saklaýan hirurgiki bejerginiň ençeme usullary ulanylýar.
Olara ýatgynyň ampulýar we istmiki bölümlerinde geçirilýän salpingotomiýa, çaga düwünçegi turbanyň ampulýar bölüminde ýerleşende ulanylýan fimbrioplastika usullary degişlidir.
Köp ýagdaýlarda önelgelik ýaşyndan geçen aýallara ýa-da turbany saklamak mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýlarda salpingoektomiýa (ýatgy turbasyny kesip aýyrmak) geçirilýär.
Ýumurtgalykda dörän göwrelilikde ýumurtgalygyň bir bölegi, mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda tutuş ýumurtgalyk aýrylýandyr.
Ýatgynyň baglaýjylarynyň içinde dörän göwrelilikde bolsa ilki bilen gan ýygnalan ýeriň üstünden ýasy baglaýjy kesilip, çaga düwünçegi bilen aýrylýandyr. Ondan soň bolsa ýatgynyň goşundylary aýrylýandyr.
Ýatgynyň rudumentar şahynda ýerleşýän göwreliligiň bejergisi bolsa, ol bölegiň ýatgynyň turbasy bilen aýrylmagyndan ybarat bolup, onda ýumurtgalyklary saklamak hökmandyr.
Garyn boşlugynda dörän göwrelilikde hirurgiki bejerginiň göwrümi operasiýa wagty kesgitlenilýär. Bu ýagdaýda çaga ýeri bilen bilelikde onuň ýanyndaky dokumalary (garnyň ýylmanak bardasynyň ýa-da içegäniň bir bölegini, içýagy) aýyrmak zerurlygy döräp biler. Şol sebäpli hem operasiýa ginekolog lukmandan başga hirurg lukmanyň gatnaşmagy hem zerurdyr.
Ýatgynyň boýunjygynda dörän göwrelilikde operatiw bejergi ýatgynyň goşundysyz ekstirpasiýasyny (ýatgyny boýunjygy bilen bile aýyrmak) geçirmekden ybaratdyr.
Bu görnüşde çaga düwünçegini aýryp, onuň ýerini gyrmak netjesiz bolup, ýene-de gan akmalara getirip bilýänligi sebäpli, bu hirurgiki bejergi usuly has netijeli hasaplanýar.
Çaga dogurmaga islegi bolan aýallara operatiw bejergi geçirilenden soň, dikeldiş çäreleri geçirmek möhümdir. Ol çärelere aşakdakylar degişlidir:
- Operasiýadan soňky döwürde sepleşme keseliniň öňüni almak üçin, garyn boşlugyna dekstran (poliglucin) goýbermek;
- Ýokançlyklara garşy serişdeleri ulanmak;
- Operasiýadan 4-5 gün soň, beýleki ýatgy turbasyna derman serişdelerini (gidrotubasiýa) goýberip, geçirijiligini gazanmak;
- Operasiýadan soň fizioemleri ulanmak;
- Görkezme boýunça aýbaşy halkasyny kadalaşdyrmak;
- Dikeldiş döwründe göwreliligiň öňüni almak.
Soňky ýyllarda, ektopiki göwreliligiň bejergisinde laparoskopiýa usuly has üstünlikli ulanylýar. Az derejede şikeslendirmä getirýänligi, näsaglaryň işe ukyplylyk ýagdaýyna çalt gaýdyp gelýänligi we önelgelilik ulgamyny çalt dikeltmäge mümkinçilik berýänligi sebäpli, laparoskopiýa usuly bejerginiň esasy usullarynyň biri hasaplanylýar.
- 15011 gezek okalan