Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖWRELILIK DÖWRÜNIŇ KYNÇYLYKLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.32 (44 Ses)

Göwreli aýal özgerýär, ol täsin duýgulary başdan geçirýär. Dogrudan hem, öz bedeninde ösüp, hereket edýän çagany duýma geň dälmi näme?...

Göwrelilik diňe bir aýalyň ruhy dünýäsini üýtgetmän, eýsem, bedeniň hemme agzalarynyň işini hem üýtgedýär.

Göwrelilik döwrüne mahsus kynçylyklar hem ýüze çykyp biler. Olary wagtynda bilip, degişli çäreleri geçirme göwreli aýalyň ýagdaýyny ýeňilleşdirip biler.

 

ÇALT – ÇALTDAN    BUŞUKMA.

Bu kynçylyk göwrelilikde bedende bolup geçýän gormon üýtgeşmeleri bilen düşündirilýär. Aýal gormonlarynyň uly mukdary çanaklyk agzalarynyň gan aýlanşyny ýokarlandyrýar. Gan damarlarynyň dolmagy böwregiň, peşew haltasynyň işini wagtlaýyn üýtgedýär. Bu alamat göwreliligiň ikinji üç aýlygynda azalýar. Ýatgynyň ulalyp, peşew haltany basmagy netijesinde bolsa, göwreliligiň üçünji üç aýlygynda bu kynçylyk ýene-de gaýtalanýar.

Bu kynçylyklary azaltmak üçin çanaklyk düýbüniň myşsalaryny türgenleşdirmeli. Adaty ýagdaýda olar elastik bolyp, kynçylyksyz gysylyp, öňki ýagdaýyna gelmelidir.

Türgenleşme üçin, peýdalylygyny we ýönekeýligini göz öňünde tutup, Kegeliň maşklary maslahat berilýär. Bu maşky awtobusda, dik duran ýa-da oturan ýeriňizde hem ýerine ýetirseňiz bolýar. Çanaklyk düýbüniň myşsalaryny ýygyryň. Mümkin boldugyndan, şol ýagdaýda 10 sek, soň  20 sek. saklanjak boluň. Ondan soň gowşaň, dynç alyň we täzeden 3-4 ýygyrma maşkyny dowam ediň.

Ýöne sizde buşukma wagty agyry, sançma ýaly alamatlar ýüze çykýan bolsa, lukmana ýüz tutuň.

 

JYNS       ÝOLLARYNDAN      BÖLÜNIP     ÇYKMALAR.

Onuň esasy sebäbi göwrelilik döwründe bolup geçýän gormonal üýtgeşmeleridir. Dury, açyk reňkli, yssyz bölünip çykmalar hiç hili oňaýsyzlyga getirmeli däldir. Dogrumdan soň olar aýrylyp gidýär.

Häzirlikçe,bir gezeklik gigiýeniki serişdeleri ulanyň. Bir gezek ulanylan dykylary goýmaň, olar jyns ýollaryna ýokançlyklaryň düşme howpyny ýokarlandyrýar.

Günde bir käse, düzüminde diri laktobasillalary saklaýan ýogart içiň. Olar jynshanany dürli ýokançlyklardan gorap saklar.

 

SÜÝT     MÄZLERINDE    AGYRYNYŇ       DÖREMEGI.

Dokuz aýyň dowamynda süýt mäzleri uly üýtgeşmeleri başdan geçirýär. Aýal gormonlary, has hem göwreliligiň gormony (horion gonadotropiny) süýt mäzlerini çagany iýmitlendirmek üçin taýynlaýar. Olar ulalýar, duýgurlylygy artýar, olarda gan aýlanşygy ýokarlanýar.

Ulalan süýt mäzleri üçin, amatly, olary galdyryp saklaýan, ýöne gysmaýan býusgalterleri saýlap alyň.

Göwreliligiň 10-12-nji hepdesinde süýt mäzleriniň agyrmasy geçer. Göwreliligiň ikinji ýarymynda göwüsleri “türgenleşdirmek“ zerurdyr. Howa wannalaryny almak, gezekleşdirip sowuk we gyzgyn suwa öllenen süpürgiçler bilen süýt mäzlerini süpürmek zerurdyr.

Bu çäreler, çaga emdirilýän döwründe, göwüsleriň sowuklamasynyň (mastitiň) öňüni almaga kömek eder.

Çaga dogrup, emdiren aýalda süýt mäziniň täze howply döremeleri az duş gelýär. Bu bolsa süýt mäzlerinde göwrelilik wagty goşmaça bölekleriň döremegi bilen düşündirilýär.

 

GARNYŇ       ÝELLENMEGI,    IÇIŇ    GATAMAGY.

Bu kynçylyklar göwreli aýalyň içegesiniň işiniň haýallanmagy bilen düşündirilýär. Bedende ýüze çykýan şol gormon üýtgeşmeleri, garyn agzalarynyň gan aýlanşygyny ýokarlandyrýar.

Şonuň netijesinde, bir az içegäniň diwarlarynyň çişmegi bolup geçýär, onuň hereketi haýallaýar.

Bu kynçylyklary aýyrmak üçin, ilki bilen kadaly, dürli-dürli iýmitleniň. Günde 1,5 l-den az bolmadyk suwuklyk içiň. Siziň gündelik iýmitiňizde ir-iýmişler,olaryň şiresi, ter we gaýnadylan gök önümler bolmalydyr.Gaýnadylan şugundyry, injiri, guradylan erigi we garalyny gowy görýän adamlar iç gatamanyň nämedigini bilmeýärler. Bu önümler içegäniň işini tizleşdirip, onuň çalt boşamagyna kömek edýärler. Göwreliligiň birinji ýarymynda kösükli önümleri, üzümi, turpy, kelemi iýmekden gaça duruň, süýt içmäň. Olar içegede howanyň aşa ýygnanmagyna getirýär.

Içegäniň gowy işlemegi üçin, nahardan 30 min. öň 1 çaý ýa-da 1 nahar çemçesi ösümlik ýagyny içmek hem peýdalydyr. Ir bilen ajöze, bir çemçe bal garylan 1 stakan gaýnadylan sowuk suwy içmek hem gowy kömek eder.

Içegäniň işjeňliginiň ir bilen ýokarlanýanlygyny göz öňüne tutup, ony ertirlikden soň boşatmagy endik ediniň.

Iç sürýän dermanlary kabul etmekden saklanyň. Eger bu kynçylyk sizi gaty bimaza edýän bolsa, lukmana ýüz tutuň.

 

SARY    GAÝNAMA.

Bu kynçylyk, ýatgynyň gysmagy zerarly aşgazandan aşgazan turşysynyň gyzylödege zyňylmagy bilen düşündirilýär.

Bu kynçylygyň döremezligi üçin, iýmiti az-azdan, ýöne ýygy-ýygydan iýiň. Ýagly, süýji önümleri az iýiň.

Kofe, şokolad, gara çaý, sitrus şirelerinden gaça dursaňyz gowy bolar.

Nahar iýeniňizden soň derrew ýatmaň.

Çilim çekmäň, dar eşikleri geýmäň.

Muňa seretmezden, sary gaýnamadan ejir çekýän bolsaňyz, mineral suwuny içiň, arassalanan günebakar çigidini ýa-da halwa iýiň. Olar hem siziň ýagdaýyňyzy ýeňilleşdirmese, “Renni“, “Melante“, “Maaloks“ ýaly dermanlary içmek maslahat berilýär.

                                   

ÝÜREK    BULANMA.

Adatça, göwreliligiň birinji ýarymynda has köp biynjalyk edip biler. Ýagdaýyňyzy ýeňilleşdirmek üçin, iýmiti az-azdan, ýöne ýygy-ýygydan iýiň. Nahary ýatan ýeriňizden iýseňiz, ýürek bulanma kän bir bilinmez. Ýüregiňizi bulaýan iýmitlerden, yslardan gaça duruň. Mümkin boldugyndan, suwuklygy naharlanmanyň aralygynda kabul ediň. Ýürek bulanmasyny guradylan çörek, kreker kökeleri, ter gök önümlerden edilen işdäaçarlar hem azaldýar.

Otlardan ýasalan çaý hem gowy kömek eder - narpyzyň  2 çaý çemçesini, pişik dyrnagyň

1 çaý çemçesini, çopantelpegiň 1 çaý çemçesini alyp, üstüne gaýnan suw guýup, 30 min. goýmaly. Günde 5-6 gezek 50 ml-den kabul etmeli.

Eger ýürek bulanma güýjäp, gaýtarma getirýän bolsa, hökman lukmana ýüz tutuň.

 

BABASIL  (GEMORROÝ)    KESELINIŇ     DÖREMEGI.

Babasil keseli – bu artbujagyň wena damarlarynyň (gemorroidal düwünleriniň) çişmegidir. Onuň göwreli aýallarda döremegi, çanaklyk agzalaryň damarlarynda gan aýlanşygyň

güýjemegi we ýatgynyň göni içegäni basmagy bilen düşündirilýär. Iç gatama hem onuň döremegine getirip biler. Aýalda artbujakda agyry, gijilewik, gan akma bolup biler.

Her sapar hajat işleri edilenden soň, ýyly suw bilen ýuwunyň.  “Anestezol“,  “Anuzol“,

“Prokto gliwenol“, “Ginkor-prokto“ şemlerini, “Kortos“ melhemini ulanmak maslahat berilýär.

 Bu kynçylyk sizi gaty bimaza edýän bolsa, hökman lukmanyň maslahatyny alyň.

 

GAN     BASYŞYNYŇ    PESELMEGI.

Aýalyň öňden hem gan basyşy aşak bolan ýagdaýynda, göwrelilik döwri onuň gan basyşy peselip biler. (90/60 ondan hem aşak). Bu kynçylyk progesteron gormonynyň gan damarlaryna giňeldiji täsiri bilen düşündirilýär.

Göwrelini kelle agyry, baş aýlanma, ysgynsyzlyk, ukyçyllyk biynjalyk edýär.

Şunuň ýaly ýagdaýlarda göwreli öz gün tertibine üns bermelidir. Ol gije 9-10 sagatdan, gündiz bolsa 1-2 sagatdan az uklamaly däldir. Irden we agşam çaý içmelidir.

Irdenki maşklary etmek, suwa düşmek, aýaklary gezekleşdirip sowuk we ýyly suwa sokmak ýagdaýy ýeňilleşdirip biler.

Tebigi tijendiriji otlar (hytaý limonnigi, Žen-şen oty, araliýa, eleuterokokk)  peýdalydyr. Olary 20-30 damjadan günde 3 gezek nahardan öň, 10-14 gün kabul etmelidir (göwrelilik döwri 2-3 tapgyr).

 

KÖMELEKLI      ÝOKANÇLYKLAR.  (KANDIDOZ)

Göwrelilik döwründe gormonal üýtgeşmeler kömelekli ýokançlyklaryň jynshanada döremegine getirip biler. Aýaly jynshanadan peýniriň bölejiklerine meňzeş bölünip çykmalar, gijilewük, agyry biynjalyk edip biler.

Jynshana gatyk goýmak peýdalydyr. Lukmanyňyza ýüz tutuň. Ol size degişli derman bilen bejergi berer.

 

AÝAGYŇ    DAMARLARYNYŇ    ÇIŞMEGI.  (WARIKOZ   KESELI)

Göwrelilik ýatgynyň damarlara basyp, agram salmagy netijesinde bolýar.Agyr iş bilen meşgullanmaň, dynç alyň. 5 aýlyk möhletden soň,ýatgyny götermäge kömek edýän guşaklary

(bandaž) dakynyň.Aýaklary gysyp durar ýaly, elastik joraplary geýiň. Lukman bilen maslahatlaşyň. 

 

AÝAKLARYŇ    WE    ELIŇ    ÇIŞMEGI.

Göwrelilik döwründe gan damarlaryna agramyň düşmegi we suw-mineral çalşygynyň üýtgemegi bilen ýüze çykýar. Aýagyň we eliň biraz çişip, onuň soň aýrylyp gitmegi howply däldir.

Aýagyňyzy ýokary galdyryň. Eliňizi ýeňsäňize ýetiriň, soň sallaň. Olary ýumup, açyň.

Çişiň köpelmegi göwreliligiň giçki gestozynyň alamaty hem bolup biler. Arkaýynlyk üçin lukmanyň maslahatyny alyň.

                                     

DEMI    GYSMA.

Göwrelilik döwründe diafragmanyň ýokary galmagy we öýkeniň gysylmagy sebäpli ýüze çykýar.Agramyň artmagy hem şuňa sebäp bolup biler.

Öz gündelik etmeli işleriňizi meýilleşdiriň.Gaty ýadamaň.Dynç alyň. Gyzýan eşikleri geýmäň. Jaýyňyzy hemişe howaladyň.

 

AÝAKDA    DAMAR    ÇEKMELER.

Köplenç gijeler ýüze çykyp, injiklerde, dabanda damar çekmeler bilen häsiýetlendirilýär. Bu kynçylyk kalsiý mineralyň ýetmezçiligi bilen düşündirilýär.

Aýaklary owkalaň. Turup ýöräň. Lukmanyň maslahat bermegi bilen, kalsiý gerdejiklerini we D witamini kabul edip bilersiňiz.

 

DERIDE    EMELE     GELÝÄN    TYG    YZLARY.

Ýatgynyň ulalyp, garnyň derisiniň dartylmagy netijesinde emele gelýär. Olar ilki  goňrymtyl reňkde bolup, soňundan deride aksowult bolup yz galdyrýarlar. Olary bütinleý aýyrýan serişde ýok. Kosmetiki derini çyglandyryjy kremleri ulanyň.

 

DERLEMEK.

Göwrelilik döwründe bedeniň alyş-çalyş ýagdaýynyň ýokarlanmagy netijesinde bolýar. Oňa agramyň köpelmegi hem ýardam berýär.

Şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý ediň. Pagtadan tikilen, ykjam eşikleri geýiň. Jaýyňyzy hemişe ýelejirediň. 

 

UKYSYZLYK.

Çalt-çaltdan buşukma, garnyň ulalmagy, çaganyň gymyldap garnyňyza depmegi we ş.m. ýagdaýlar siziň wagtynda uka gitmegiňize bökdençlik döredip biler.

Galyberse-de, özi we çagasynyň ýagdaýy barada pikirler, öňdäki dogrum baradaky aladalar göwrelide nerw dartgynlylygyny döredip biler.

Uka gitmezden öň köşeşiň. Ýatýan otagyňyzy howaladyň. Gyzykly kitap okaň. Köşeşdiriji maşklary (meselem, ýoga) ýerine ýetiriň. Uka gitmegi çaltlandyrýan dermanary kabul etmek göwreli aýala maslahat berlenok. Döşekde kiçijik ýassyklaryň kömegi bilen özüňize oňaýly ýagdaýy tapyň.

Siziň maşgala agzalaryňyzyň size bolan mähirli, ünsli gatnaşygynyň, lukmanyňyzyň degerli maslahatynyň kömegi bilen siziň hemme wagtlaýyn kynçylyklary ýeňip geçjekdigiňize ynanýarys!!!

  • 32717 gezek okalan