• Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn çaga
  • ÇAGANYŇ IŞDÄSINI NÄDIP ÝOKARLANDYRMALY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGANYŇ IŞDÄSINI NÄDIP ÝOKARLANDYRMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.36 (14 Ses)

"Iýesim gelenok, bu kaşany meniň ýanymdan aýyr, men diňe köke iýjek!" Şuňa meňzeş boýun gaçyrmalary her gün ejeler, kakalar, eneler we atalar eşidýärler we alaçsyzlyk bilen eginlerini gysýarlar. Çaga işdäsiniň ynjyklygyndan baş alyp çykmak üçin onuň peselmeginiň esasy sebäplerini bilip, çagalaryň işdäsini açmak üçin kömek etjek kiçijek ugur tapyjylyklara üns berme peýdaly bolardy.

Çaganyň işdäsiniň peselmeginiň sebäpleri

1. Dem alyş ulgamynyň wirusly ýiti ýokanç keseli, allergiki täsirlilik, dişleriň çykmagy – çagada bolup geçýän islendik nähoşlygyň netijesinde işdäniň peselmegi ýüze çykýar. Özüňizi ýadyňyza salyň: haçanda syrkawlanyňyzda, düýbünden hiç zat iýmek islemeýärsiňiz. Şonuň üçin çaga zor salynmazlyk maslahat berilýär – çaganyň bedeni ähli güýjüni kesele garşy sarp edýär, onuň kotleti siňdirmäge ýagdaýy galmaýar. Çagajyga ýeňil naharlar beriň, eger ol iýmekden boýun gaçyrsa ýa-da adatdakysyndan kiçi bölek iýse, oňa zor salmaň.

2. Eger çagada stomatit, gingiwit ýaly agyz boşlugynyň keselleri bar bolsa ýa-da dişi agyrýan bolsa, ol ýakymsyz agyry duýgularyny güýçlendirmezlik üçin nahardan boýun gaçyrar.

3. Gastrit, disbakterioz, kolit – iýmit siňdiriş agzalary bilen baglanşykly kemçilikler çaganyň işdäsine juda ýaramaz täsir edip biler. Şeýle keseller garynda agyry döredip bilýär we tärediň bozulmagyna getirýär.

4. Işdä bedende soguljan bar bolsa hem peselip bilýär. Bu kesel deriniň reňkiniň solgunlygy, garynda döreýän agyrylar, allergiki täsirliligiň döremegi ýaly alamatlar blen ýüze çykýandyr. Soguljanyň bedene aralaşandygyna güman edilen halatynda hökmany suratda tärediň we ganyň derňewini geçirip, gelmintolog lukmanynyň maslahatyny almalydyr.

5. Çagalarda işdäniň peselmeginiň başga bir sebäbi hem ýadawlyk, aşa ýadamaklyk, uky ýetmezçiligi bolup biler. Bu ýagdaýda gün tertibini düzetmek juda zerurdyr.

6. Stresler we nerw taýdan göçgünli tolgunşyk işdäniň peselmegine sebäp bolup biler. Eger çagany nahar iýýän wagty gyssasaň, zor salsaň we käýýeseň, bu mesele güýçlenýär.

7. Eger çaga arassa howada az wagt bolýan bolsa, onda onuň işdäsiniň peselýändigini görmek mümkindir.

Çaganyň işdäsi bolmasa...

Ilkinji nobatda lukmana ýüz tutmaly, oňa ähli zatlar barada jikme-jik gürrüň bermeli we çagany görkezmeli. Tejribeli lukman meseläniň haýsy ugur bilen baglanşyklydygyny alamatlandyrýar we stomatologa, gastroenterologa ýa-da newrologa ugradýar. Çaganyň işdäsiniň peselmeginiň sebäbini ýüze çykarmak üçin käbir barlaglardan geçmeli bolmagy ähtimal.

Ene-atalara maslahatlar

1. Esasy maslahatlaryň biri – arassa howada uzak gezelenç etmekdir. "Gezelenç arkaly işdäňi açmak" diýen düşünjäniň döremegi ýöne ýerden däldir. Şol sebäpli hem bu gezelençleriň has hem hereketli bolmagyny gazanmaly: ylgamaly, badminton oýnamaly, samokat ýa-da welosiped sürmeli, topjagaz kowalamaly.

2. Arassa howa diňe bir daşarda däl, eýsem öýde hem bolmaly. Şol sebäpli hem öýüň içini şemallatmaly, ýylyň ýyly möwsüminde bolsa penjiräni gije-gündiziň dowamynda biraz açyp goýmaly.

3. Irdenlerine şadyýanlyk bilen aýdym-saz açyp, mümkin bolsa tutuş maşgala bolup maşk etmek düzgünini girizmeli. Bu bedene oýanmaga ýardam berýär we iýmite bolan islegi döredýär. Çagany ýüzülýän howdana, tanslara ýa-da ýeňil atletika ýazdyrmaly, näçe işjeň ýaşaýyş düzgüni alnyp barylsa, işdä hem şonça-da açyk bolýar.

4. Psihologlaryň aýtmagyna görä, çagalar reňkli gaplardan, owadan bezelen saçakda uly höwes bilen naharlanýarlar. Çaganyň söýgüli multfilm gahrymanlarynyň suraty bolan tarelkalary ýa-da çaşkalary saýlamak mümkin, ondan başga hem onuň özüniň saýlap almagy üçin özüňiz bilen bilelikde dükana alyp gidip bilersiňiz.

5. Taýýarlan naharlaryňyzy bezäň! Hatda ujypsyz wagt we harajatlar sarp edip hem çaganyň günortanlyk ýa-da agşam naharyny hakyky ertekä öwrüp bilersiňiz. Çagalaryň köpüsi bu şertlerde owurtlaryny dolduryp işdämenlik bilen iýmäge başlaýarlar.

6. Eger çaga nähilidir bir tagamy halamaýan bolsa, oňa zor salmaly däl. Süle şülesini halanokmy? Onda oňa halaýan maňzyny ýa-da banan bölejiklerini atyp berip görüň. Dorogy halamaýarmy? Onda dorogly "çörejikleri" bişirip berip görseňiz?!

7. Naharlaryň arasynda tiz garbanmakdan bütinleý saklanmaly! Bu işdä üçin juda ýaramazdyr. Köke, miwe suwlary, guradylan ýer almasy (çipsy), patrak – bularyň hemmesi çaga dokluk duýgusyny berýär. Onsoň süýjüler we beýleki süýjülikler barada başga näme aýtjak?! Eger çaga saçagyň başynda çorbadan ýüz öwürýän bolsa, muňa geň galmaly däldir. Eger çaga günortanlyk naharyny gowy iýmedik bolsa, tutanýerlilik bilen her niçik hem bolsa, oňa arasynda tiz tagamlaryň hiç birini iýdirmezden öýlänlik naharyna garaşyň. Işdäni ýapmaly däl-de, açmak gerek!

8. Iýmitleniş tertibine gözegçilik ediň, ýagny ertirligi, günortanlygy we agşamlygy her gün şol bir wagtda edinmäge synanşyň. Şeýlelikde, bedenimiz naharlanylýan sagatlary "ýadynda saklar" we birnäçe wagtdan soňra "nahar wagty" aşgazan şiresini bölüp çykaryp başlar.

9. Käbir ejeler işdäsi peselen çagany ýönekeý usul bilen –  telewizor ýa-da planşet arkaly iýmitlendirmek usulyny tapýarlar. Şuny etmek düýbünden maslahat berilmeýär. Bu iýmit siňdiriş hadysasyny bozýar we çagalykdan telewizoryň öňünde naharlanmak ýaramaz endigini emele getirýär. Belli bolşy ýaly, bu aşa semizlige we aşgazan-içege ýoly bilen baglanşykly beýleki kemçiliklere getirýär. Mundan başga hem, çaga her bir içen bir çemçe çorbasy üçin nämedir bir zat baýrak bermeli däl, ýogsam, bu söwda endige öwrüler we çaga şuňa naharlanmanyň bir bölegi diýip düşüner.

10. Saçagyň başynda ýaramaz duýgulara ýer ýok, şonuň üçin çagany nahar wagty kowalamak, gorkuzmak, gygyrmak, güýç ulanmak we zor salmak düýbünden maslahat berilmeýär. Bu ýagdaýda ters täsiri, ýagny stresi ýüze çykaryp bileris, ol bolsa çaganyň işdäsini peseldýär.

Halk lukmançylygynyň kömegi

Gadymdan bäri işdä açmak maksady bilen naharlanmaga ýarym sagat galanynda, kelemiň täze sykylan suwuny içmek ýa-da turşuja alma iýmek usullaryndan peýdalanylyp gelinýär. Düzmünde koriandr, anis almasy ýa-da tozganyň köki bar bolan nahar taýýarlanyş hem peýdalydyr. Emma çaganyň işdäsini ýokarlandyrmak üçin bu serişdeleriň islendik birini ulanmak barada çaga gastroenterology bilen maslahatlaşmagyň zerurdygyny ýatlatmak gerek.

  • 6007 gezek okalan