• Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn çaga
  • TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY: ÇAGALARYŇ HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETJEK DÜZGÜNLER

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY: ÇAGALARYŇ HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETJEK DÜZGÜNLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (16 Ses)

Täze ýyl baýramçylygy, gyşky dynç alyş günleri – bu çagalar üçin diňe bir köp garaşylan günleriň biri bolman, eýsem bu döwür dürli howply ýagdaýlaryň döreme wagty hem bolup biler. Şadyýan we ýakymly duýdansyzlyklara baý bu baýramçylygy ýatdan çykmajak we howpsuz ýagdaýda geçirmek üçin birnäçe peýdaly maglumatlary bilmek hökmandyr.

Täze ýyl arçasy

Kürteli gelin ýaly başyny aşak sallap, owadanlygy bilen her täze ýylyň öňsyrasy peýda bolýan, bezelen arçanyň diňe bir täze ýyl şatlygyny bermän, öýde alnan şikesleri hem döredip biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir. Arçaňyzyň hakykydygyna ýa-da emelidigine garamazdan, onuň ýerleşdirilşine, düzüliş howpsuzlygyna üns bermek hökmandyr:

► Çagaňyz arçany özüne çekip ýykmaz ýaly, ol onuň aşagyna goýlan direge gowy berkidilmelidir.

► Döwüljek, aýnaly we beýleki gyçakly jäjekleri çagaňyzyň eli ýetmez derejede ýokardan asyň.

► Eger arçaňyzda çyralar bar bolsa, onda çagaňyza bu çyrany ulularyň ýok wagty açmaly däldigi dogrusynda düşündiriň.

► Ýanýan şemleri we çyralary hiç hili halatda arçaňyzyň ýanynda goýmaly dälsiňiz.

Süýji sowgatlary

Täze ýyldan öň we täze ýyl güni çagalar süýjüleri iýmegiň ýyllyk öwezini dolýarlar. Siziň çagaňyzyň süýjä allergiki täsirliligi bolmasa hem, beýle mukdarda süýjileri iýdirmeklik zyýanlydyr. Süýjüli nygmatlaryň bolçulyk edýän ýagdaýynda nähili hereket etmeli?

► Ilki bilen ene-atalar sowgatlaryň möhletine seretmelidir. Täze ýylyň öňsyrasy käbir nebsine eýermeýän satyjylar, wagty geçen önümlerini beýleki harytlary bilen garyp satlyga çykarýarlar ýa-da paýlanýan baýramçylyk sowgatlarynyň içine salýarlar. Elbet-de, belli-belli süýjilerde öndürilen möhleti görkezilmeýär, ýöne gaplanan sokoladlarda, kökelerde bu görkezilýändir.

► Sowgat haltajygynyň düzümindäki zatlara ünsli garaň. Ýemşeren, döwülen şokoladlar, gülgüne nabatlar, gaby bolmadyk, nirde ýasalany belli däl noguldyr çeýnelýän süýjileri zyňmakdan gowy çäre ýokdur. Hiç hili şübhe döretmeýän, daşky gaby, reňki gowy bolan belli öndürijileriň süýjülerini alyp galsaňyz hem ýeterlikdir.

► Çagalaryňyza getirlen süýjileriň hemmesini birlikde iýmeli däldigini düşündiriň we oňa "baýramçylygyň şanyna" adatdakylardan azajyk köp berjekdigiňiz dogrusynda gepleşiň.

Ýakylýan serişdeler

Täze ýyly salýutsyz, dürli hili partlap ýanýan ýakylýan serişdelersiz göz öňüne getirmek kyn. Täze ýylda bu pirotehnikalaryň çagalaryňyzda gowy ýatlamalary galdyrar ýaly, howpsuzlyk düzgünlerini berjaý ediň!

► Hat-da howpsyz hasaplanýan bengal otjagazyndan hem ýanyklary almak mümkindir. Has kiçi çagalara bu otjagazy siziň gözegçiligiňiz bolmazdan ellerine bermäň.

► Atylýan partlawuklary adamlara tarap zyňmaly däldigini, diňe boşluga tarap atmalydygyny çagalaryňyza düşündiriň.

► Kiçijik çagalar köplenç atylýan salýutlaryň, partlawaçlaryň sesinden gorkýarlar, şonuň üçin hem olary gohlardan daşda saklaň ýa-da beýleki otaga geçiriň. Olaryň gorkularyny ýeňmek üçin salýutlary synlamaklaryny mejbur etmäň.

Köp mukdarda adaty bolmadyk iýmitler

Täze ýyla ýakyn we ondan soňky birnäçe günlerde iýmit menýulary bollygy we köpdürliligi bilen tapawutlydyr. Uly adamalar üçin has tagamly bolup biljek iýmitler, çagalar üçin tagamsyz we zyýanly bolup biler. Eýsem bu günlerde dogry iýmitlenmäni nädip ýola goýmaly?

► Eger saçak başynda çagalar bar bolsa, onda saçakda olar üçin süýji we işdäsini açýan iýmitler hem bolmalydyr. Has köp mukardaky maýonezli işdäaçarlar, kakadylan, marinada ýatyrlan kömelekdir gök önümler, has ýagly we duzly, allergiýa döretjek iýmit önümleri mekdebe çenli çagalara iýdirmeklik bolmaýar. Çagalar üçin süýji we peýdaly baýramçylyk saçagyny taýýarlamaklyga wagtyňyzy sarp etmäne ýaýdanmaň.

► Hat-da myhmançylykda wagtyňyz hem çagaňyzyň näme iýýändigine gözegçilik edip duruň.

► Iýmit siňdiriş ulgamynyň bozulmalarynda kömek berjek derman serişdelerini (meselem, iýmit siňdiriş fermentler) el ýüzde saklaň, eger ýok bolsa öňünden alyp goýuň.

► Däp bolşy ýaly täze ýylyň ertesi, 1-nji ýanwarda galan iýmit önümlerini çagalaryňyza bermekden saklanyp, olar üçin çorbadyr, aşlary bişirip berseňiz oňaýly bolar. Uly adamlar üçin hiç hili zyýansyz bolan iýmitler, kiçi çagalar üçin ýakymsyz we tagamsyz bolup biler.

Baýramçylyk çäreleri

Çagalar bagynda, mekdepde we şäher etrap merkezlerindäki arçalar, baýramçylyk çäreleri – bular çagalar üçin hemişe peýdalymy?

► Çagalaryň köp ýerinde hemişe dürli wirusly we bakteriýaly keselleriň ýaýramak töwekgelligi ýokarydyr. Çagalar bilen köpüçlik ýerlerine, çärelere barlanda gurplandyryjy serişdeleri berip, öýden çykanlarynda oksolin ýagyny burunlaryna çalmaklyk gowy peýda berip biljekdir.

► Köpçülik ýerlerinde çagalar diňe bir ýokançlyklary almak bilen çäklenmän, ýitip hem bilýändirler. Hemişe çagalaryňyza esewan edip, gözden salmaň. Birden ýitäýende-de belli bir ýeri belleşip, salgyňyzy, adyňyzy, ýatda saklap bilse telefon belgiňizi ýatladyň we bu ýagdaýlar dogrusynda çagaňyz bilen öňünden gürleşiň.

► Eger çagaňyz uly bolup, özüniň pully gapjygy we el telefony bar halatynda, onda köpçülikde olara esewan etmelidigi we ünsli bolmalydygy barada düşündiriň.

Şanalyp geçilen we başga-da birnäçe garaşylmadyk ýagdaýlaryň islendik baýramçylyklarda bolup biljekdigi ähtimaldyr. Hut şu jähtden ugur alyp, çagalara aýratyn üns berilmelidigini unutmaň!

  • 3387 gezek okalan