• Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn çaga
  • ÇAGANYŇ AWTOULAG OTURGYJY NÄME?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGANYŇ AWTOULAG OTURGYJY NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

awtoulag oturgyjyAwtoulag köpümiziň gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegini tutýar. Hatda doglanyna diňe birnäçe gün bolan çagalary-da awtoulaglarda görmek bolýar. Çagalaryň ulagdaky howpsuzlygyny gazanmak üçin, awtoulag oturgyçlary we goşmaça ýassyklar ýaly ýörite enjamlar zerurdyr.

Çaganyň awtoulag oturgyjy – bu çaganyň anatomiki ösüş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp ýasalan, ýörite maksatly oturgyçdyr. Bu oturgyç awtoulag hereketde wagty çaganyň howpsuz syýahat etmegi üçin işlenilip düzülýär.

Ýol heläkçiligi dörände bu oturgyçlar bir ýaşa ýetmedik çagalaryň ölüm howpuny 70%, 1-4 ýaşly çagalaryň ölüm howpuny 54% azaldýar. Türkmenistanda çaganyň awtoulag oturgyçlary entek örän seýrek ulanylýar we muňa kanun tarapyndan gözegçilik edilmeýär.

Çagalar näme üçin adaty howpsuzlyk kemerini ulanmaly däl?

↪ Ýol heläkçiligine uçran awtoulag garaşylmadyk ýagdaýda duranda ýolagçylar öňe zyňylýarlar. Eger şol wagt ýetginjegiň ýa-da uly adamyň kemeri dakylan bolsa, ol güýçli basyş döredýär we bedeni ýerinde saklaýar. Içki agzalara ýetip biljek zyýanyň öňüni almak üçin, kemeriň gaýşy adamyň eginleri we çanaklygy ýaly kuwwatly ýerlerine gabat getirilýär. Çagalaryň welin boýy kiçi bolansoň, kemer olaryň bedenine laýyk gelmeýär. Netijede, awtoulag birden saklanan halatynda çaganyň bedenine şikes ýetip bilýär.

↪ Galyberse-de, çagalaryň süňkleri we myşsalary doly kämilleşmedik bolýar. Howpsuzlyk kemeriniň basyşy olaryň döwülmegine sebäp bolup bilýär.

↪ Çagalaryň kellesi beden ölçegine görä uly bolup, oňurgasy ýeterlik derejede güýçli bolmaýar. Awtoulagda howpsuzlyk kemeri dakylan çagany göz öňüne getirip görüň: eger awtoulag birden saklansa, çaganyň bedenini kemer gorasa-da, kellesi batly öňe gider. Çagalaryň bekemedik oňurgasy we gowşak boýun myşsalary üçin bu ýagdaý diňe agyr däl, eýsem ölüm howpludyr.

Çeşme: BSGG – çaga şikes ýetmeginiň öňüni almak barada

  • 1160 gezek okalan