ÇAGANY NÄHİLİ ÝATYRMALY? - Bedeniňi bilmek - saglygyňy berkitmek.

  • Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn çaga
  • ÇAGANY NÄHİLİ ÝATYRMALY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGANY NÄHİLİ ÝATYRMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

nadip yatyrmalyMegerem, çagaňyzyň dem alşyny diňlemek üçin gijelerine siz hem ýörite turýan bolsaňyz gerek. Köp ene-ata çaga ýatyrka dem almasyny goýar öýdüp gorkýar. Lukmançylykda şeýle ýagdaý, ýagny "Çaganyň duýdansyz ölmek sindromy" hakykatdan-da bar. Ol sallançakdaky ýa-da gundagdaky ölüm diýlip hem atlandyrylýar.

Ýatyrka çagaňyzyň dogry dem alyp bilmegi üçin çaga lukmanlary şulary maslahat berýärler:

1. Çagaňyzy diňe arkan ýatyryň!

Eger çagany ýüzin ýa-da gapdallaýyn ýatyrsaňyz, onuň dem alyş ýollary ýapylyp biler. Ýaş çaganyň özi wagtynda arkan öwrülip bilmeýär.

2. Çaga siziň bilen bir otagda, ýöne aýratyn düşekde ýatyp biler.

Çagaňyzy ýoldaşly ýa-da öz ýanyňyzda ýatyrmaň. Onuň ýorgana çolaşanyny ýa-da iki ýassygyň arasynda galanyny aňşyrman bilersiňiz we ol şeýdip demigip biler.

3. Sallançagyň içini boşadyň.

Sallançagyň içindäki oýnawaçlary, ýorgançalary we ýassyklary hökman aýryň. Çaga ýatyrka bu zatlar onuň dem almagyna päsgel berip biler.

4. Çaganyň üstüni goltugyna çenli ýapyň, ýorgançanyň gyralaryny düşegiň aşagyna salyň.

Şeýle etseňiz, çagaňyz ýatyrka ýorgança onuň kellesini ýa-da ýüzüni ýapmaz.

Çeşme: ÝUNISEF – Çaga gijelerine gözegçilik etmek

  • 1747 gezek okalan