ÇAGA TELEWİZORY NÄÇERÄK GÖRMELİ? - Bedeniňi bilmek - saglygyňy berkitmek.

  • Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn çaga
  • ÇAGA TELEWİZORY NÄÇERÄK GÖRMELİ?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGA TELEWİZORY NÄÇERÄK GÖRMELİ?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

TV nace gormeliBelki sizem üns berýänsiňiz: häzirki wagtda çagalar haçan görseň nähilidir bir ekranyň öňündedir: ýa telefonyň, ýa planşetiň, ýa telewizoryň, ýa kompýuteriň ýa-da noutbugyň.

2019-njy ýylyň aprel aýynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy çaganyň ekranyň öňünde geçirýän wagtyny çäklendirmek boýunça täze maslahatlary hödürledi. Indi iki ýaşa çenli çagalary ekrandan düýbünden daşda saklamak maslahat berilýär. Şeýle hem, 2-5 ýaşly çagalaryň ekranyň öňünde geçirýän wagtyny gündelik iki sagada çenli azaltmak, onuň ýerine peýdaly işler bilen meşgullanmak (meselem, ýygy-ýygydan çagalar üçin niýetlenen kitaplary okamak) maslahat berilýär.

Bu çäklendirmeleriň sebäbi näme?

Ekranlar diňe bir çaganyň gözüne zyýan ýetirmeýär. Multfilm görmek ýa-da telefon oýnamak ýaly pişeleriň çagalaryň arassa howada gezelenç etmeginiň ýa-da daşarda dürli oýunlary oýnamagynyň ornuny eýeläp barýandygy zerarly olaryň fiziki işjeňliginiň peselmegi Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyny alada goýýar. Çaganyň telefona ýa-da kompýutere baglylygy onuň ukusyna hem täsir edip, geljekde semizlige, ýürek-damar kesellerine uçramagyna, şeýle hem adamlar bilen aragatnaşygynyň ýaramazlaşmagyna getirip bilýär.

Çaganyň ekrana sarp edýän wagtyny nädip azaldyp bolar?

↪ Nahar iýilýän wagty ähli enjamlary şol ýerden aýryň.

↪ Çagany fiziki işjeňlige endik etdiriň. Meselem, oňa öýüň işlerine kömek etdirip bilersiňiz.

↪ Çagaňyz öý işini edýärkä, sizem telefonyňyzy ulanmajak boluň.

↪ Hepdede bir gezek maşgala bolup kino görmek ýaly anyk düzgünleri giriziň.

↪ Çagaňyza elektron enjamlaryna öz ýatýan otagynda däl-de, başga ýerde zarýad bermegi öwrediň.

↪ Telewizoryň öňünde wagtyňyzy biderek geçirmäň we görülmeýän wagty telewizory açyk goýmaň.

Çeşme: BSGG – 5 ýaşdan kiçi çagalaryň fiziki işjeňligi, hereketsiz wagtynda özüni alyp barşy we ukusy

  • 1330 gezek okalan