• Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn çaga
  • ÇAGALARDA KELLE ÇANAGYNYŇ IÇKI BASYŞYNYŇ ÝOKARLANMAGY: ESASY SORAGLAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGALARDA KELLE ÇANAGYNYŇ IÇKI BASYŞYNYŇ ÝOKARLANMAGY: ESASY SORAGLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (8 Ses)

KCIBYKöplenç doglan wagtyndan başlap kiçijik çagada nerw ulgamynyň keselleri, has ýygy hem kelle çanagynyň içki basyşynyň ýokarlanmagy (KÇIBÝ) ýüze çykýar. Il arasynda bu ýagdaýy "çerepnoý dawleniýe" ýa-da "çerepnoýy galdy" diýip belleýärler. Bu kesel kesgidi häzir çagalaryň 80%-de kesgitlenip, ene-atalary uly alada goýýar.

Basyş nähili peýda bolýar?

Beýniniň daşy aýratyn bolan, kerep görnüşli, ýumşak we gaty bardalar bilen örtülendir. Bu bardalaryň üsti bolsa kelle çanagynyň gaty süňkleri bilen ýapylýandyr. Kerep görnüşli giňişligiň aşagynda oňurga beýnisiniň suwuklygy (likwor) hereketde bolup, ol beýnini her tarapdan ýuwup durýandyr. Beýniniň öz içinde, öz aralarynda birleşýän beýni garynjyklary bolup, olar hem likwor bilen doldurylandyrlar. Oňurga beýnisiniň suwuklygynyň beýniniň içinde aýlanmagy ony iýmitlendirmäge we ýaramaz täsirlerden goramaga kömek berýär. Kelle çanagy, beýniniň bardalary we likwor beýnini belli bir çäge çenli şikeslerden we urgulardan goraýandyr. Bu goraglylyk bolmasa hatda ýeňil urgular hem beýniniň şikeslenmegine getirip bilerdi. Likwor beýniniň ýanynda we garynjyklarda hemişe belli bir basyş bilen hereket edip, bu basyş ýokarlanma ýa-da peselmä tarap üýtgäp bilýändir.

Haçan basyşyň ýokarlanmagy kada hasaplanýar?

Adaty ýagdaýlarda basyşyň görkezijileri birmeňzeş bolman, ol çaganyň hereketjeňligine baglylykda belli bir çäge çenli üýtgäp bilýändir. Bu basyşy çygynma we täret etmek, gygyrma we aglama, emmek, stress ýagdaýlary, üsgürmek ýokarlandyryp, bu üýtgemeler beýni üçin howply däldir.

Ýöne kelle çanagynyň içki basyşyň ýokarlanmagy ýokarky çäklerde we dowamly bolsa, beýniniň işine ýaramaz täsir edip, bejergi çäreleriniň başlanmagyny talap edip biler.

Kelle çanagynyň içki basyşynyň ýokarlanmagy – bu aýratyn kesel kesgidi bolman, belli bir bozulmalaryň alamatydyr. Hiç sebäpsiz basyş ýokarlanmaýar, şonuň üçin hem degişli sebäbi gözlemek wajypdyr.

Basyşyň ýokarlanmagyna nämeler sebäp bolup biler?

Basyşyň ýokarlanmagynyň birnäçe sebäpleri bardyr:

↪ Oňurga beýnisiniň suwuklygynyň köp mukdarda emele gelmegi (esasan ýokançly kesellerde, gidrosefaliýa);

↪ Likworyň hereketiniň bozulmagy (oňurga beýniniň ýokançly keselleri, gan ýygnanmalar);

↪ Beýniniň bölümleriniň özara gatnaşygynyň bozulmagy;

↪ Kelle çanagynyň ululygynyň beýni üçin deň gelmezligi (meselem, kelle çanagynyň doga kemislikleri, howply täze döremeler, meningitde we ensefalitde beýniniň çişmegi we baş.).

KÇIBÝ-na nähili alamatlar mahsus?

Esasy alamatlara güýçli ýüze çykýan kellagyrylar degişli edilip, agyrylar güýjände ýürek bulanma we gaýtarma bolup bilýändir. Gaýtarmadan soň çaganyň ýagdaýy ýeňilleşýär.

Ondan başga-da, basyşyň ýokarlanmagy bilen görüşiň peselmegi, çaşygözlüligiň ýüze çykmagy, gözüň öňünde ýylpyldylaryň, "sapajyklaryň" görünmegi syn edilip, ol görüş nerwinde çişginliligiň döreýändiginden habar berip biler.

Çagalaryň ýaşaýşynyň birinji ýylynda kelle çanagynyň içindäki basyşyň ýokarlanmagy kelle çanagyň tikinleriniň açylmagyna we kelläniň ulalmagyna getirýändir. Bekemedik beýnijik çişýändir we dartylýandyr, onda tyrpyldy duýulýandyr. Basyşyň ýokarlanmagy tutgaýlaryň döremegine, onuň dowamly ýokarlanmagy bolsa akyl taýdan yza galmaga, körlüge we ysmazlyga getirip biler.

KÇIBÝ-nyň alamatlaryna diňe bellenilip geçilen alamatlaryň utgaşmagy degişli edilip bilner, bu alamatlaryň hersi, aýry-aýrylykda başga kesellere hem degişli bolup bilerler.

KÇIBÝ nähili anyklanylýar?

Hakykatda, kelle çanagyň içindäki basyşyň dogry görkezijilerini diňe kelle çanagy açyp (trepanasiýa geçirip) ýa-da oňurga beýni punksiýasyny (deşmek) geçirip anyklap bolýandyr. Başga anyklaýyş usullary 100% oňa mahsus alamatlary anyklamaga mümkinçilik bermeýär we olary seljermek üçin lukmanyň tejribesine we bilimliligine bil baglamaly bolýar. Edil şol sebäpden hem basyşyň ýokarlanma ýagdaýyny “çendenaşa, ýerliksiz köp kesgitleme” we ätiýaçdan bejergi berme halatlary köpelýär.

Näsagyň arzlary bolanda, çynlakaý anyklaýyş usuly höküminde göz lukmany tarapyndan göz düýbüniň bahalandyrylmagyny belläp bolar.

Häzirki wagtda köp ulanylýan neýrosonografiýa barlagy basyşy kesgitlemäge ukyply däldir. Ýöne bu usul onuň ýokarlanmagynyň sebäbini (çişli döreme, gan ýygnanma, beýniniň alawlama ýagdaýy, kista) kesgitlemäge kömek edýär.

KÇIBÝ-ny nähili bejermeli?

Her kelle çanagynyň içki basyşynyň ýokarlanma ýagdaýynyň aňyrsynda bir sebäp bardyr we bejergi şol sebäbi aradan aýyrmaga gönükdirilen bolmalydyr. Bu ýagdaýy, beýniden suwuklygyň akymyna böwet bolýan sebäbi aýryp, tejribeli newrologlar we neýrohirurglar bejerýärler.

Buşukdyryjy serişdeleri (diakarb, triampur we baş.), otly dermanlary, owkalamany, iňňe bilen bejergini ulanma – bu ýok kynçylygy bejermekdir we hiç hili peýda getirip bilmeýär.

KÇIBÝ-gy damarlaryň işjeňligine täsir edýän serişdeler (kawinton, sinnarizin) we nootroplar (pantogam, pirasetam) bilen hem bejerip bolmaýar.

Basyş beýnidäki täze döreme sebäpli ýüze çykan bolsa onuň hirurgiki bejergisi geçirilýär. Gidrosefaliýada şunt goýlup, artykmaç suwuklyk kateterleriň kömegi bilen bedene çykarylýar.

KÇIBÝ-dan ejir çekýän çagalaryň ene-atalary nämäni bilmeli?

Eger çagaňyzda KÇIBÝ ýagdaýy bar bolsa, bu ýagdaý gaýraüzülmeleri bilen howply bolup, keselhana bejergisini talap edýändir. Bu ýagdaýyň “ýeňil” ýa-da “biraz ýokarlanan” görnüşleri bolmaýar. Ol bir sebäbiň täsiri bilen ýokary bolýar we çaga bejergä mätäç bolýar ýa-da ol ýokary bolmaýar.

  • 2432 gezek okalan