• Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn çaga
  • ALLERGIKI DIATEZ: ALAMATLARY WE BEJERGISI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ALLERGIKI DIATEZ: ALAMATLARY WE BEJERGISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (9 Ses)

Belli bolşy ýaly, çaganyň derisi onuň sagdynlygynyň esasy görkezijileriniň biridir. Körpejäniň ýaňaklarynyň misli al alma ýaly gyzaryp durmagy, gynansak-da, onuň diateza ýolugandygynyň alamaty bolup, bizi ynjalyksyzlanmaga mejbur edýär.

Diatez gadymy grek sözünden (diatezus) gelip çykýar we meýilli, ýykgyn etmek diýmegi aňladýar. Halk arasynda diatez diýip çaganyň derisinde peýda bolýan allergiki örgüne aýdylýar. Diatez lukmançylykda keselleriň hataryna girmän, diňe bedeniň haýsydyr bir derde ýolukmaga ýykgyn etme ukybyny häsiýetlendirilýär.

Gynansak-da, bu doly öwrenilmedik mesele. Häzirki wagta çenli onuň döremegine sebäp bolýan diňe käbir faktorlar belli. Olara şu aşakdakylar degişli:

  • Nesil yzarlamak;
  • Daşky gurşawyň täsiri;
  • Enäniň göwrelilik döwründe geçiren toksikozy;
  • Geljekki enäniň derman serişdelerini ulanmagy;
  • Göwrelilik we çaga emdirilýän döwürde enäniň nädogry iýmitlenmegi;
  • Allergen önümleri iýmitde ulanmak. (bal, ýumurtga, marinadlar, işbil, süýt we ş.m.) 

Gün tertibiniň ýerliksiz bolmagy, iýmitinde goýberilen kemçilik, nädogry ideg, ýokanç keseller bilen ýygy-ýygydan syrkawlamagy ýaly ýagdaýlaryň biri-biri bilen gabat gelmegi hem diateziň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.

Göwrelilik döwründe ene iýmitine örän ünsli bolmalydyr. Sebäbi düzüminde allergenlere baý bolan – sitruslary, şokolady, balygy, reňkli gök önümleri we ir-iýmişleri aşa köp mukdarda ulanmak geljekki çaga üçin ejire öwrülmegi ahmal. Şeýle-de çaganyň geçiren keselleri diateziň döremegine sebäp bolup biler. Onuň ilkinji alamatlary ýüze çykandan öňüni almaga we bejermäge örän jogapkärli çemeleşmeli, sebäbi ol atopiki dermatidiň (deriniň allergiki çişme keseliniň) başlangyjy bolup, öte geçirilen ýagdaýynda keseliň täze agyr görnüşine geçmegi ahmal.

Alamatlary

Diateziň birnäçe görnüşleri bar. Olaryň içinde iň ýygy gabat gelýäni: ekssudatiw-kataral (EKD) ýa-da allergiki diatezdir. Ol kiçi ýaşly çagalara mahsus. Adatça onuň ilkinji alamatlary çaga 2-3 aýlyk bolanda peýda bolýar we 1-2 ýaşaýança dowam edip biler. Bu ýagdaýda körpejäniň derisi gurap, budunyň ýüzünde gyzyl örgünler emele gelýär, onuň bedeniniň agramy kadasyz ösýär we köplenç artykmaç agramlyga (semizlige) getirýär, ýöne ötüşen kesel dörän badyna olar birden agramyny ýitirip başlaýar. EKD-niň esasy alamatlary çaganyň derisinde, ol örän gowy idedilen ýagdaýynda-da, dürli häsiýetli çişmeleriň peýda bolmagy, olaryň ýaýramagy we gaýryüzülmelere eltmegi, ýokary nerw duýgurlygyň ýüze çykmagy bilen şertlenýär. Şeýle-de çaganyň kellesinde gneýs (deri ýagy bilen deri bölejikleriniň garylmagy), süýt kesmegi (başda ýaňagynyň gyzarmagy, soňlugy bilen ak teňňejikleriň peýda bolmagy, käbir ýagdaýlarda pakgarmalaryň emele gelmegi), bogunlarynda ýara, el-aýagynda, göwresinde dürli häsiýetli örgünleriň emele gelmegi – onuň adaty alamatlarydyr. Düzgün bolşy ýaly, ekssudatiw üýtgeşmeler ilki bilen çaganyň ýüzünde, soňra bolsa teniniň başga böleklerine ýaýraýar. Örgün örmezden öň çaganyň aşaky gabaklarynyň töwereginde ýygyrda meňzeş gasynlar emele gelýär. Öýjük-öýjük deriniň ýüzünde gijeýän, dury suwuklyk bilen dolup duran pakgarmalar döräp, soňlugy bilen ýarylýar, onuň içindäki suwuklyk deriň ýüzüne ýaýraýar, suwjaryp durýar we kesmekleýär. Güýçli gijilewük çaganyň ukusynyň bozulmagyna, biynjalyklyga, işdäsiniň kesilmegine eltýär. Bu zatlaryň ählisi çagany ejire goýup, onuň idegini kynlaşdyrýar.

Ekssudatiw diatez ýüze çykanda nemli bardada çişme peýda bolmagy mümkin, ol häli-şindi ýokary dem alyş ýollarynyň sowuklama ýagdaýlarynyň ýüze çykmagyna, bronhitleriň, köplenç ýagdaýda demgysmaly bronhitleriň gaýtalanyp durmagyna getirýär. Köp çagalaryň gabaklarynda, gözüniň nemli bardasynda çişme peýda bolýar. Iýmit siňdiriş ulgamy tarapyndan, çaganyň berhizi bozulmadyk ýagdaýynda-da täretiniň bozulmagy – içi geçmegi ýüze çykýar.

Bejergisi

Diatez bilen göreşmek üçin hökman lukmana ýüz tutmaly. Hiç bir ýagdaýda bejergä özbaşdak başlamaly däl. Ekssudatiw-kataral diatezden ejir çekýän çaganyň bejergisi bölekleýin, az möhletleýin we aýry alamatlary aradan aýyrmaga gönükdirilen bolmaly däldir. Diňe yzygiderli we dogry geçirilýän, uzak wagt täsir etmek arkaly gowy netijeleri gazanyp, keseliň ýitileşmeginiň öňüni alyp bolar.

Bejergi döwründe çagany dogry iýmitlendirmek uly orun eýeleýär. Onuň iýmiti doly gymmatly bolup, ösüp gelýän bedeni zerur ýokumly maddalar bilen üpjün etmeli. Ekssudatiw diatezden ejir çekýän çagalaryň iýmiti edil şol ýaşdaky sagdyn çagalaryňky ýaly bolmaly. Hiç hili çäklendirme girizilmeli däl. Diňe çaganyň belli bir  iýmit önüminden soň diateziň alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, şol önümi wagtlaýyn onuň iýmitinden aýyrmaly. Eger çaga ene süýdüni emýän bolsa, ene berhiz saklap, allergiýa sebäp bolýan önümleri: ýumurtgany, ýertudanany, sitruslary, şokolady, ajy çaýy, kofäni, burçly peýniri, konserwalary, kakadylan önümleri, balyklary we ş.m. iýmitiniň düzüminden aýyrmaly. Çaga sygyr süýdi berilýän ýagdaýynda onuň mukdaryny, mümkin boldugyça kemeltmeli. Ýerine gatyk, biolakt we başga uýadylan süýt önümlerini ulanmak (7-8 aýlykdan) maslahat berilýär. Emeli iýmitlenmede bolan çagalara emeli süýt önümlerini ýaşyna, beden agramyna, saglyk aýratynlyklaryna baglylykda saýlap bermelidir. Çaganyň iýmitine şüleler we buglanan gök önümlerden taýynlanan naharlar girizilende, olary süýtde taýynlaman, körpejä ýaramly emeli süýt garyndysynda, gök önümiň gaýnan suwunda taýynlamak ýaramly bolar. Diatezli çagalaryň ýagdaýynyň uglewodlaryň köp kabul edilmeginden soň beterleşýändigi bellidir. Iýmitdäki gandy fruktoza bilen çalyşmak peýdalydyr. Eger zerurlyk ýüze çyksa lukman derman serişdelerini belleýär. Bejergide witaminleri ulanmaga oýlanşykly çemeleşmelidir. Diatezde witaminleri uzak wagtyň dowamynda ulanmakdan saklanmaly, sebäbi olaryň aşa ulanylmagy deride ýüze çykan allergiýa örgünini beter öjükdirmegi ahmal. Allergiýany döredýän madda köplenç iýmit arkaly geçensoň, lakto ýa-da bifidumbakterin, allahol, antigistamin serişdeleri arkaly bejergi oňaýly täsir berýär.

Biynjalyksyz, güýçli gijilewükden we ukusynyň bozulmagyndan kösenýän çagalara rahatlandyryjy serişdeleri – pişik dyrnagy, şirguýrugy, fenobarbitaly ulanmak bellenýär.

Deriniň zeperlenen ýerlerini bejermek, umumy bejerginiň aýrylmaz bölegidir. Örgüniň ýaýran görnüşe geçmezligi üçin, bejergini keseliň irki döwründe başlamak zerur. Deride emele gelen ýarany wagtynda oýlanşykly arassalap durmaly, derman otlaryndan taýýarlanan suwa düşürmeli. (Çereda ýa-da dubuň gabygy, kalina, çopantelpek, jerebaý, ýönekeý manžetka derman otlarynyň biriniň 50 gramyna 1 litr gaýnag suw guýup 1 sagatlyk demine goýmaly. Ony hasadan süzüp düşürjek suwuňa goşmaly.)

Suwjaryp duran ýara üçin talk, sinkiň okisini ulanýarlar, soňra düzüminde naftalin, Burowyň suwuklygy, Lassaryň pastasy bar bolan ýaglara geçmek bolýar. Çaganyň kellesinde, ýüzünde emele gelen kesmegi aýyrmak üçin balyk ýagyna ýa-da gaýnadylan çigit ýagyna batyrylan hasany ýapmaly. Gurap jaýrylan derini arassalamak üçin retinol ýa-da balyk ýagyny ulanmak maslahat berilýär. Deriniň ýokançlyklar bilen zeperlenmeginiň öňüni almak üçin göwherli ýaşylyň spirtdäki ergini, fukarsin, seýrek ýagdaýda - antibiotikleri belleýärler. Örän kiçi çagalar üçin allergiýa, çişmä garşy göreşme ukyby bolan – çereda, manžetka, jerebaý, krapiwa, duşisa otlaryndan, berýoza ýapragyndan taýýarlanan gaýnatmalary ulanmak maslahat berilýär. 1 nahar çemçe owradylan ösümligiň üstüne 1 bulgur suw guýup 1-2 minut gaýnatmaly, ony ýarym sagat basyryp goýmaly we 1nahar çemçeden günde 4 gezek naharlamadan 20-30 minut öň içirmeli.

Çaganyň bedenini daşky gurşawyň temperaturasynyň üýtgäp durmagyna kem-kemden uýgunlaşdyryp durmak wajypdyr. Kiçi ýaşdan körpejäniň bedenini taplap, howa wannalaryny almaly, maşklar etdirmeli, owkalamalar geçirmeli, yzygiderli günde üstünden suw akydyp, onuň temperaturasyny 2-3 günden 1ºС kemeldip durmaly (37-den 25ºС çenli). Körpejäni diňe arassa, gaýnadylan mylaýym suwda sürtgüçsiz (moçalkasyz) ýuwundyrmaly.

Diatezli çagalara öňüni alyş sanjymlary, diateziň soňky beterlemesinden 1 aý geçensoň, allergiki täsirliligi peseldýän serişdeleriň ulanylmagy bilen geçirmek ýerliklidir.

Çaga kem-kemden ulalyp siz bilen bir saçagyň başyna geçer. Şonda siz taýýarlan tagamlaryňyza goşýan duz, şeker, nahar goşundylaryny mümkin boldugyça azaltsaňyz gowy bolar. Ýokarda agzalanlardan dogry netije çykaryp, wagtynda lukmanyň maslahatyny alyp dursaňyz çagaňyzyň saglygy sizi alada goýmaz.

  • 5291 gezek okalan