Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
SOSIAL MEDIÝA ULANÝAN ÇAGALAR KOGNITIW SYNAGLARDAN PES BAL ALÝARLAR
Ýakynda JAMA žurnalynda çap edilen ylmy barlagyň netijelerine görä, sosial mediýa ulanmaýan ýetginjekler bilen deňeşdirilende, sosial mediýa ulanýan ýetginjekler okamak, sözleri öwrenmek we ýatkeşlik ýaly ukyplarda kemtärlik görkezýärler.
Barlagda 6000-den gowrak 9-10 ýaşly çagalaryň kognitiw ukyplary birnäçe ýyllap yzygiderli synagdan geçirildi we netijeler olaryň sosial mediýada geçirýän wagtlary bilen deňeşdirildi. Kognitiw synaglaryň üsti bilen olaryň okaýyş, düşüniş we sözleri tanaýyş ukyplaryny ölçenildi.
Gatnaşyjylaryň bir topary 13 ýaşa çenli her günde azyndan 3 sagadyny sosial mediýa sarp edýän ekenler we olaryň ballary sosial mediýa ulanmaýan toparyňkydan 4-5 bal pes çykdy. Barlagçylary geň galdyran ýagdaý bolsa, hatda sosial mediýany günde 1 sagat ýa-da ondan az ulanýan ýetginjekler hem ulanmaýanlardan pes netije görkezdiler.
Netije: Sosial mediýany gündelik birnäçe sagatlap ulanmak ýetginjekleriň kognitiw saglygy üçin zyýanlydyr, emma ony has az ulanýan ýetginjekler hem ondan zyýan çekýärler.
Barlagyň awtorlarynyň bellemegine görä, synag netijeleriniň arasyndaky tapawutlyk ägirt däl hem bolsa, çagalaryň ösüşiniň dowam edip durandygyny ýatdan çykarmazlyk möhümdir. Şeýle-de, ýetginjekleriň sosial mediýada geçirýän wagtynyň gitdigiçe azalman, tersine köpelýändigini beýleki ylmy barlaglar görkezýär. Bulardan ugur alsak, şu wagt kiçi bolup görünýän tapawut ýene 3 ýa 5 ýyldan has ulalyp, sosial mediýa ulanýan we ulanmaýan ýaşlaryň arasyndaky kognitiw tapawutlyklar dikeldip bolmajak derejelere ýetip biler.
Beýni ösüşiniň iň möhüm döwri
Ýetginjeklik beýni ösüşi üçin örän ähmiýetli döwürdir. Bu döwürde beýnide juda köp özgerişlikler we gurluşyklar bolup geçýär. Ýakynda çap edilen bir ylmy barlag sosial mediýany köp ulanýan ýetginjekleriň beýnileriniň sosial mediýanyň tiz we yzygiderli seslenme dörediji tebigatyna maýyllyk görkezýändigini aýan etdi. Ýagny, çagalar öz ýoldaşlaryndan alýan laýklaryna, teswirlerine we beýleki görnüşli serpaýlaryna aşa duýgurlyk görkezýärler.
Syýasy çözgütler
Elbetde, çagalarynyň elektron enjamlarda we sosial mediýada geçirýän wagtyna düzgünleri girizmek we gözegçilik etmek ilki bilen ene-atanyň jogapkärçiligine düşýär. Emma, hökümetler hem ýurtdaky ähli çagalary sosial mediýanyň zyýanlaryndan goramak üçin çäreleri durmuşa geçirip bilerler. Meselem, Daniýa 15 ýaşdan kiçilere sosial mediýa ulanmagy gadagan edýän kanuny kabul etmegi göz öňünde tutýar. Awstraliýa bolsa, sosial mediýa kompaniýalaryndan 16 ýaşdan kiçileri sosial mediýa hasaplaryny açmakdan we ýöretmekden saklamagy talap edýär.
Barlagyň awtorlary barlagyň netijeleriniň beýleki ýurtlara hem "ýetginjekler we sosial mediýa" babatynda anyk düzgünleri we kanunlary kabul etmäge çagyryş bolup hyzmat edýändigini aýdýarlar.
- 27 gezek okalan