• Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn çaga
  • ÇAGA HAÇAN GEPLÄP BAŞLAMALY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGA HAÇAN GEPLÄP BAŞLAMALY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (10 Ses)

Häzirki döwrüň çagalary 10-20 ýyl mundan ozalky çagalar bilen deňeşdirlende giç dil açýarlar. Öň çaga 1,5 ýaşynda gepläp başlaýan bolsa, indi ol  2-2,5 ýaşynda, oglanjyklar bolsa käte 3 ýaşynda gepläp başlaýar. Munuň esasy sebäbi maglumatlaryň agdyklygynda, ekologiýanyň ýaramazlygynda, geljekgi eneleriň saglygynyň gowşaklygynda  bolmagy mümkin.

Çaganyň ösüşi bilen bagly meseleleriň içinde onuň sözleýişi ene-atany iň biynjalyk edýän meseleleriň  biridir. Wagtynda gepläp başlamadyk çaga kadaly ösmeýän ýaly görünýär. Körpe geplemese ýa-da öz deň-duşlaryndan az geplese, ene-ata howsala düşýär. Bu esasan hem maşgalada ilkinji çaga degişli bolýar. Mümkin, bu mesele ilkinji çaganyň ösüşi babatda ene-atanyň tejribesiniň heniz ýeterlik bolmaýanlygy bilen baglydyr.

Çaga köplenç ulularyň aýdýan zatlaryna düşünýär, olaryň ýönekeýje haýyşlaryny ýerine ýetirýär. Şeýle hem çaga öz aýtmak isleýän zatlaryny üm (ýüz-gözüň hereketi) bilen ýa-da el hereketleri bilen düşündirip bilýär. Emma olarda baglanyşykly sözleýiş  yza galýar. Hünärmenler bu ýagdaýy sözleýşiň wagtlaýyn gijikmesi diýip hasaplaýarlar. Şeýle çagalar gepläp başlanlarynda sözleýişde öz deň-duşlarynyň yzyndan örän çalt ýetýärler. Çaga  deňize ýa-da başga  bir täsirli, gözel ýerlerde bolanda, bedeni berkäp, ony täze duýgular gurşap alanda,onuň sözleýişi birden ösüp başlaýar.

 

Çaga gepläp başlanda ýüze çykýan meseleler

Çaga gepläp başlanda käte onuň sözleýişinde dürli bozulmalar ýüze çykýar. Bu ýagdaý ene-atany uly alada goýýar.

Körpeleriň köpüsiniň "öz dili" bolýar. Olar zatlary özüçe atlandyrýar, harplaryň we bogunlaryň ýerini üýtgedip aýdaýar. Ýöne käbir çagalaryň gepleýän zadyna düşünmek örän kyn bolýar. Ulular körpäniň aýdanlaryna düşünmeseler,ol gaharlanyp, aglap başlaýar. Bu meseläniň esasynda  çylşyrymly sözleýiş bozulmasy bar. Ony aradan aýyrmak üçin hünärmenlere ýüz tutmak zerurdyr.

 

Sakawlyk

Ene-ata çagasynyň ýaňy gepläp başlandygyna, emma muňa garamazdan onuň eýýäm sakawlaýandygyna arz edýän ýagdaýlarydy bolýar.

Çaga gepläp başlanda, oňa uly agram düşýär. Bu ýagdaýyň üstesine-de körpe bir dartgynly (stress) ýagdaýa sezewar bolsa, sözleýişde düýpli bozulmalar ýüze çykyp bilýär. Birnäçe aýyň dowamynda bozulma özbaşdak ýüze çykýar. Soňra oňa nerw ulgamynyň täsirleri goşulýar. Sakawlan wagty çaga gyzarýar, derleýär, geplemäge gorkýar. Onuň hereketleri gowuşgynsyz bolýar. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda, uzaklaşdyrman bejergi alyp başlamaly. Bejergi geçirilende, çagany rahatlyk, asudalyk gurşap almaly. Telewizora seretmekden, kompýuter oýnamakdan gaça durmaly. Körpe ukusyny almaly. Onuň bilen ýuwaşrak  gepleşmeli. Çaga birden sakawlaýsa-da, oňa käýinip, bu ýagdaýa artykmaç üns bermegiň asla geregi ýok!

 

Çaganyň düşnüksiz geplemegi

Ýaňy-ýaňy gepläp başlan çaganyň aýdýan zatlaryna käte düşünmek  kynrak bolýar. Ol käbir sesleri özüçe aýdýar. Bu sözleýşiň ösüşindäki  fiziologiki aýratynlykdyr. Çagaňyza her bir sözi dogry we dürs aýtdyrjak bolmagyň hajaty ýok, sebäbi ol 4-5 ýaşanda has düşnükli gepläp başlaýar.

 

Iki dilde gepleşýän maşgaladaky çaganyň sözleýişiniň ösüşindäki aýratynlyklar

Häzirki döwürde iki dilde gepleşýän maşgalalar az däl. Ulular çaganyň iki dili hem deň derejede gowy özleşdirmegini isleýärler. Elbetde, bu islegi kanagatlandyryp bolýar. Ýöne hut şeýle maşgaladaky çagalar öz deň-duşlaryndan gijräk gepläp başlaýarlar. Olar ilki iki dili garyşdyryp ulanýarlar. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, çaganyň sözleýşinde hiç hili bozulmalar bolmasa,ol iki dili-de çalt hem aňsatlyk bilen öwrenýär. Emma çaganyň sözleýişinde dürli bozulmalar bar bolsa,ol kynlyk bilen geplese, onda oňa bir dili öwredip başlamak maslahat berilýär. Iki dili öwrenmek çaga kyn düşer we onuň nerw ulgamyna agram salnar.

 

Çaga geplemeýän bolsa...

Çaga dogrum wagtynda kelle beýnisiniň şikeslenmelerine sezewar bolan bolsa,ol özbaşdak  gepläp başlamaga ukypsyz bolýar. Hünärmenlere wagtynda ýüz tutulmasa, çaganyň diňe sözleýişi däl-de, eýsem akyl taýdan ösüşi hem yza galýar.

Bu kesel ylmy taýdan  alaliýa diýlip atlandyrylýar.

Alaliýanyň  görnüşleri:

  1. Kelle beýnisiniň hereketlendiriji merkezi bilen bagly (motoriki) bozulyş. Alaliýanyň bu görnüşinde körpe özüne aýdylýan zatlara örän gowy düşünýär, emma özi jogap berip, gepläp bilmeýär. Munuň sebäbi kelle beýnisiniň hereketlere  jogap berýän bölüminiň şikeslenmegindedir.
  2. Sensoriki. Alaliýanyň bu görnüşinde kelle beýnisiniň sözleýşe düşünmäge jogap berýän bölüminiň şikeslenmegi netijesinde, çaga aýdylýan zatlara düşünmeýär we özi hem gepläp bilmeýär.
  3. Sensomotoriki. Alaliýanyň bu garyşyk görnüşi ýygy duş gelýär. Sensomotoriki alaliýada sözleýşe düşünmek we sözleýiş ukyby bozulýar.

Daunyň sindromy, çaganyň beýni zeperlenmesi sebäpli ysmaz keseli ýaly agyr kesellere sezewar bolan çagalar köplenç sözleýşe ukypsyz hasaplanylýar. Şeýle çagalary "öz gününe goýýarlar". Olar ulalanlarynda hem, iň ýönekeýje zatlary-da aýtmagy başarmaýarlar. Häzirki döwürde lukmanlar kelle beýnisiniň agyr şikeslerinden ejir çekýän çagalara gepläp başlamagy, okamagy, hat ýazmagy öwretjek  usullaryň üstünde işleýärler.

 

Çaganyň gepläp başlama aýratynlyklary babatda otolaringolog lukmanyň pikiri

Çaga bir ýaşynda gepläp başlamaly diýen pikir könelşendir. Körpe ilkinji sözlerini 9 aýda-da, 1,5 ýaşynda-da aýdyp biler. Iki ýaşynda çaga iň bolmanda eje, kaka, ene, mama, baba, ata ýaly aýtmasy ýönekeý sözleri aýdyp bilmeli. Goý, ol bu şeýle sözleri "öz dilinde" aýtsyn, zyýany ýok. 3 ýaşynda çaga eýýäm baglanyşykly sözlemleri aýdyp bilmeli. Şeýle bolmaýan bolsa, onda biynjalyk bolara sebäp döreýär.

 

Çagasy geplemeýän ene-atalaryň berjaý etmeli düzgünleri:

  1. Çaga geplemeýän bolsa, onuň eşidişini barladyň. Ýörite eşidiş barlagyny lukman geçirýär.
  2. Newropatolog lukmana ýüz tutuň. Lukman çaganyň nerw ulgamyndaky  şikesleri ýüze çykaryp, degişli bejergini bellär.
  3. Çaga bilen gepleşeniňizde, dürli sesleriň toplumyny ulanyň. Çaga bilen "ulularyň dilinde" gürleşmeli diýen pikir hem bar. Ýöne hünärmenler  has ýönekeýje "söhbetdeşligiň" tarapdarydyr. Çaga sadaja sözleri we bogunlary has ýeňil özleşdirýär. Ýaňy gepläp başlan körpä ulularyň aýdýan sözlerini dogry gaýtalamak hem kyn düşýär.
  4. Çaganyň töwerekdäkiler bilen gepleşmegini gazanyň. Onuň oňat gepleýän ýaşytdaşlary çagaňyzyň sözleýişiniň ösmegine ýardam berer.
  5. Çagaňyza geplemäge maý beriň. Käte biz çaga bilen gürleşmegiň deregine, diňe özümiz gepleýäris, öz soraglarymyza özümiz jogap berýäris. Çaga sorag berip, onuň jogabyna sabyrly garaşmaly, kömek etmäge howlukmaly däl. Söhbetdeşlik göwnaçyklyk bilen gurnalanda, çaganyň geplemäge bolan islegi artýar. Ol siziň aýdýan sözleriňizi hem gaýtalamaga höwesli bolýar.

Diňe gepleşikleri gurnamak bilen çäklenmän, körpe bilen sözleýişi ösdürjek dürli oýunlary oýnamak, sanawaçlary, goşgulary gaýtalamak hem oňat netijeleri berýär.

  • 5565 gezek okalan