Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ÇAGALARDA UKYNYŇ BOZULMAGY
Siz iň ünjüli we birahat adamlaryň hataryna kimiň girýändigini bilýärsiňizmi? Elbetde, ähli ata-eneler. Bu maglumat hiç birimiz üçin geň däldir, sebäbi perzendi bar bolan adamlarda günüň-gününe howsala düşmek üçin täze-täze sebäpler döräp durýar. Şolaryň biri-de çagalarda ukynyň bozulmagydyr. Hemmetaraplaýyn mähir-muhabbet, alada bilen gurşalan körpejelerde bu ýagdaý ýüze çykmajak ýaly. Eýsem, – "edil bäbek ýaly uka gidipdir", – diýip ýöne ýere aýdylan däldir ahyry. Sebäbi adatça, belli bir kada laýyklykda çagalar:
► ýaňy dünýä inenden 6 aýlyk bolýança – 16 sagat
► 6 aýdan – 14,5 sagat
► 1 ýaşdan – 13,5 sagat
► 2 ýaşdan – 13 sagat
► 4 ýaşdan – 11 sagat
► 6 ýaşdan – 9,5 sagat
► 12 ýaşdan – 8,5 çagat ukyda bolmalydyr.
Statistiki maglumatlara görä, ähli çagalaryň 20%-de uky bozulma bilen bagly kynçylyklar ýüze çykýar. Bu ýagdaýlar çaganyň psihikasynda we umumy saglygynda ýüze çykan howply meseleler bilen bagly bolup biler. Şol sebäpli körpejäniň ukusynda ýüze çykan bozulmany, hiç bir ýagdaýda ünssüz goýmaly däldir.
KADALY UKYNYŇ BOZULMAGYNYŇ SEBÄPLERI
Lukmanlaryň çaklamagyna görä, çagalarda kadaly ukynyň bozulmagynyň esasy sebäpleri aşakdakylardan ybaratdyr:
♦ Genetiki meýillilik. Eger körpejäniň hossarlarynyň arasynda uky bozulmasy bilen bagly çynlakaý mesele bar bolsa, onuň ukusynda näsazlyk çykmagy gaty ahmal. Ýöne muňa garrylyk bilen bagly uky bozulmalary degişli däldir.
♦ Emosional agramlyk. Çaga psihikasy gaty durnuksyzdyr. Her bir ýönekeýje ruhy dartgynlyk onuň gowşamagyna getirip biler. Munuň özüne diňe bir ýaramaz ýagdaýlar däl, göräýmäge ýakymly ýagdaýlar hem täsir edip biler. Mysal üçin körpejäniň çagalar bagyna gitmegi, maşgalanyň täze ýere göçüp barmagy, onda täze agzanyň peýda bolmagy, ejesiniň işe çykmagy – bularyň ählisi ukynyň bozulmagyna getirip biler.
♦ Bedende bozulmalaryň peýda bolmagy. Ukusyzlygyň ýüze çykmagyna, käbir ýagdaýlarda, çaganyň içki agzalarynda ýüze çykan näsazlyk sebäp bolup biler. Şonuň üçin ilkinji howply alamatlar ýüze çykandan, haýal etmän çaga lukmanyna ýüz tutmalydyr.
♦ Merkezi nerw ulgamynyň işiniň bozulmalary. Doly gymmatly uky merkezi nerw ulgamynyň kadaly işlemegi bilen gönüden-göni baglydyr.
♦ Çaganyň iýmit tertibiniň bozulmagy. Körpejäni wagtynda ýokumly iýmitlendirmek örän wajyp meseledir. Eger ony agşamky uka golaý, giç iýmitlendirilse ýa-da çagany ene süýdünden aýrylýan döwri bolsa - uky bozulmasy ýüze çykjagy hiç hili şübhäni döredip bilmez. Şol sebäpli bu meselä örän çynlakaý çemeleşmeli.
♦ Fiziki oňaýsyzlyk. Haýsy hem bolsa bir zat çagany ynjalykdan düşürýän bolsa, ol rahat uklap bilmez. Mysal üçin içege sanjysy (içi ýellenme), diş çykmagy, arlygynyň öllenmegi, otagyň aşa ýokary ýa-da aşa pes temperaturasy. Umuman kiçijik adamy ynjalykdan gaçyrjak ýagdaý gyt däl. Şol sebäpli çaganyň ukusy bozulan ýagdaýynda, ata-eneleriň ilki bilen etmeli zady – hemme taraplaýyn çagany rahatlykdan gaçyrjak ýagdaýlary barlap çykmakdyr.
UKY BOZULMASYNYŇ GÖRNÜŞLERI
Çagalarda uky bozulmasynyň dürli görnüşleri duş gelýär. Şolaryň esasylarynyň üstünde gysgaça durup geçeliň.
Tisginmek
Bu ýagdaý her bir adama tanyşdyr, ýagny, ýaňy uka giden badyňa birden güýçli tisginmeden oýanmak. Esasan tisginmek fiziologiki ýagdaý bolup, hiç bir kemçiligi aňlatmaýar. Ýöne örän ýygy gaýtalanýan bolsa, haýal etmän newropotolog-lukmana ýüz tutmak zerurdyr, sebäbi bu ýagdaýyň garaguş keseliniň başlangyjy bolmagy ahmal.
Bruksizm
Çaga näme üçin ukuda dişini gyjaýar? – diýen soraga, köp adamlarda ýeke-täk jogap bar – onda gurçuk keseli bolanlygy üçin. Ýöne lukmanlaryň bellemegine görä, diş gyjama uky bozulmasynyň bir görnüşidir. Ol takmynan ähli çagalaryň 20% duş gelýär, esasan hem 12-13 ýaşlarynda. Brukizm göräýmäge zyýansyz ýagdaý hem bolsa, adatça ol çagalarda goşmaça - gan basyşynyň derejesiniň, ýürek urşunyň, dem alşynyň üýtgemegine getirip bilýär. Şeýle hem bruksizmden çaganyň dişleri ejir çekip başlaýar. Sebäbi ol diş syrçasynyň sürtülmegine getirýär. Bu ýagdaý ýüze çykanda size newropotolog lukmany we diş lukmany kömek edip biler.
Gijeki gorkular
Gijesine, duýdansyz çaganyň aglap turmagy, her birimize tanyş ýgdaýdyr. Ýöne onuň çynlakaý bozulmanyň alamaty bolmagynyň ähtimaldygy bolsa, hemmämize tanyş däl. Aslyýetinde, ol nerw ulgamynyň güýçli we duýdansyz psihomotor oýanmasynyň alamatydyr. Bu ýagdaýda çaga güýçli gorkyny başdan geçirip, uly howsala düşýär. Şeýle hem ony bu pursatda ukydan oýaryp bolmaýar. Ir bilen oýananda bolsa, gije bolan zatlar düýbünden ýadyna düşmeýär.
Gijeki gorkudan, ýaşyna garamazdan, bir çagada ätiýaçlandyrlyp bilmez. Ýöne bu ýagdaýa esasan aglaklyga ýykgyn edýän, artykmaç emosional, duýgur çagalar duçar bolýandygyny synlap bolýar. Esasan hem ol 2-6 ýaşlaryndaky oglanjyklarda ýüze çykýar.
Lukmanlaryň bellemegine görä gijeki gorkular örän kiçi çagalarda hem ýüze çykyp bilýär. Süýji ukuda ýatan çaga, duýdansyz gygyryp, aglap başlaýar we birnäçe minudyň dowamynda ony köşeşdirip bolmaýar. Soňra ol rahatlanyp ýene-de uka gidýär. Bular ýaly ýagdaý aýyň dowamynda birnäçe gezek ýa-da gijäň dowamynda birnäçe gezek ýüze çykyp bilýär.
Gynansak-da, gijeki gorkulary bejermek örän kyn, şol sebäpli ata-eneler bu ýagdaý bilen ylalaşyp, öwrenişmeli bolýar. Bu ýagdaý adatça, 10-12 ýaşa ýenli öz-özünden geçip gidýär.
Ýokarda agzalan uky bozulmalary beýle bir howplularyň hataryna girmeýär. Mundan başga-da birnäçe düýpli barlaglary we hünärmen lukmanlaryň maslahatyny talap edýän görnüşleri bar. Bular ýaly ýagdaýa aşakdakylar degişlidir:
Lunatizm (ukuly halda gezmeklik, her hili hereket etmeklik bilen häsiýetlendirilýän nerw ulgamyň keseli)
Ukuda ýöremek ýaly täsin hadysa, häzirki güne çenli az öwrenilen ýagdaý. Ol çaganyň ukuda, daşyndan göräýmäge, belli bir maksatly we düşünjeli hereket etmegi bilen häsiýetlendirilýär. Ýöne hakykatda bu beýle däldir – ir bilen ukudan oýanandan soň, gijeki herekedi onuň düýbünden ýadyna düşmeýär. Lunatizmi başdan geçirýän pursadynda çaga üns berip seretseň, onuň gözleriniň giňden açykdygyny, hereketiniň ynamsyzdygyny bellemek bolar.
Sagdyn çagalarda ukudaky ýörişler örän seýrek duş gelýär. Köplenç muňa – garaguş, merkezi nerw ulgamyň zeperlenmegi, gijeki enurez (peşewi saklap bilmezlik), peşew-jyns ulgamynyň keselleri sebäp bolýar. Şonuň üçin çagaňyz gije ukudaka ýöräp başlasa, lukmana ýüz tutup, keselini wagtynda anyklamak, lunatizmden halas bolmaga ýardam berer.
Ukuda gürlemek
Lunatizmden tapawutlylykda, ukuda gürlemek örän ýygy duş gelýän ýagdaýdyr. Ol dürli görnüşde ýüze çykyp bilýär – düşnüksiz samramakdan başlap, doly we yzygiderli gürrüňlere çenli. Adatça, ukusyzlygyň bu görnüşi hiç bir bejergi talap etmeýär. Ýöne ol başga bozulmalara sebäp bolan ýagdaýynda, lukmanyň kömegi zerurdyr.
Garabasmaly ukular
Gijeki gorkulardan tapawutlykda, garabasmaly uka duçar bolan çagany oýaryp bolýar, ertesi gün hem ol düýşünde gören zadyny aýdyp bilýär. Adatça olarda çaganyň başdan geçirýän ýagdaýy, onuň oýundaky aladalary şekillenýär. Eger garabasma käwagt ýüze çykýan bolsa, alada galara sebäp ýok, ýöne ol hepde-de bir gezekden ýygy bolup geçse lukmana ýüz tutmak maslahat berilýär.
Görşüňiz ýaly, uky bozulmalarynyň görnüşleri köp. Käbir ýagdaýlarda özbaşdak çykalga gözlemek, çaganyň saglygy üçin howply bolmagy ähtimal. Eger:
⇒ Bir ýaşa ýetmedik çagalaryň ukusy kada gabat gelmese;
⇒ Dürli sebäplere görä ýüze çykyp, 3 hepdeden uzaga çekse;
⇒ Dürli sebäplere görä ýüze çykyp, çaganyň keýpiniň bozulmagy we hereketiniň üýtgemegine getirse;
⇒ Çaga ýatan wagtynda dem alşynda bozulma ýüze çyksa;
⇒ Gijeki enurez – peşewiň saklanmazlygy sebäpli uky bozulmasy bolup geçse, haýal etmän lukmana ýüz tutmaly we bejergä başlamaly.
UMUMY MASLAHATLAR
Lukmanyň bellän bejergisi bilen birlikde, ata-eneler birnäçe esasy düzgünleri berjaý etmelidirler.
Çaganyň ukusynyň tertibi
Ol hökman bellenen wagtynda ýatmalydyr. Käbir ata-eneler, çaga näçe giç ýatsa, ukusy şonça-da berk bolar diýip düşünýärler. Ýöne bu düýbünden nädogrudyr.
Ukyň öňýanyndaky wagta uly üns bermeli
Çaga ukudan öň näme bilen meşgullandy? Ýatmazdan iki sagat öň telewizor görmegi bes etmeli. Onuň ýerine körpejä, hossarlarynyň okap beren gyzykly ertekisi peýdalydyr. Şeýle hem, ukudan öň hereketli, şowhunly oýunlar nerw ulgamynyň göçgünli ýagdaýa düşmegine ýardam berýär, bu bolsa rahat uky bilen çapraz gelýär.
Ýatyljak jaýyň howasy
Berk gözegçilikde saklanmaly. Aşa sowuk ýa-da aşa yssy howa çagany ynjalykdan gaçyrýar. Maslahat berilýän temperatura 220C, çyglyk bolsa 70%-dir.
Ýorgan-düşek esbaplary
Olar arassa, mümkin boldugyça tebigy önümlerden taýýarlanan bolmaly. Çaga ýatanda geýýän eşikleri hem şonuň ýaly rahat we ýakymly bolmagy wajypdyr.
Çaganyň ýaşaýyş düzgüni
Günüň dowamynda körpeje azyndan 2 sagat arassa howada bolmalydyr. Onuň fiziki işjeňligine hem uly üns bermeli.
Sagdyn uky çaganyň umumy ösüşine, kämilleşmegine täsir edýär. Ony gorap saklamak bolsa, hormatly ata-eneler, siziň eliňizdedir!
- 6244 gezek okalan