• Makalalar
  • Göwrelilik
  • Sagdyn çaga
  • ÇAGANYŇ BIRINJI ÝYLYNDA DUŞ GELÝÄN KYNÇYLYKLAR

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÇAGANYŇ BIRINJI ÝYLYNDA DUŞ GELÝÄN KYNÇYLYKLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.75 (4 Ses)

Çaganyň birinji yyly onuň fiziki ösüşiniň çalt depginler bilen öňe gidýän wagtydyr. Körpejik doglandan bäri agramyny üç esse artdyrdy, boýy 25sm.-e çenli ösdi. Onuň birinji dişleri çykdy. Ol diňe ene süýdi bilen iýmitlenmän, başga önümleri hem iýmäge  başlaýar. Çaganyň beden agzalary ösüp, olaryň işi daşky gurşawyň üýtgeýän şertlerine uýgunlaşmalydyr. Şol uýgunlaşmalar dowam edýänçä, körpejikde dürli kynçylyklar ýňze çykyp biler.

Bedeniň gyzgynynyň galmagy.

Çagalarda beden temperaturasynyň üýtgäp durmagy adaty ýagdaýdyr. Beden temperaturasy ir sagatlarda aşak bolsa, tersine, agşam galyp bilýändir. Kadaly diýip hasaplanýan, 36,6 gradusa ýetmeýän temperaturanyň hem, çaga bedeninde bir keseliň başlangyjy bolup durýanlygyny ýatdan çykarmaly däldir.

Çaga sowuklap, burny dykylyp, üsgürip, bedeniniň gyzgyny galyp biler. Gyzgynlyk 38 gradusa ýetýänçä, ony aşak düşürmegiň zerurlygy ýokdyr. Bedeniň ýokançlyga garşy göreşmegine ýol bermelidir.

Körpejigiň özüni alyp barşyna, onuň deri örtüginiň ýagdaýyna, işdäsine, keýpine, dem alşyna, üsgürşine, bedeniň temperaturasyna üns beriň.

Çaga içmäge köp suw beriň. Ony gaty dolamagyň hem geregi ýokdyr. Çaganyň aşgazanyna täsir etjek aspirin dermanyny bermekden gaça duryň.

Öl süpürgiç bilen derisini süpüriň.

Lukmanyň maslahatyny almazdan, antibiotik dermanlary ulanmaň.

Çaga sowuklama keselleri adatça düýpli kynçylyklara getirýän däldir we birnäçe wagtdan soň (1 hepdeden uzak däl) geçýändir. Seýrek duş gelýän ýagdaýlarda, sowuklama keselleri dem alyş ulgamynyň kesellerine we gulagyň sowuklamasyna (otit) getirip biler.

Eger körpejigiň gyzgyny 38 gradusdan geçip, 3 günden köp saklanýan bolsa, onda gaýtarma we garynda agyry ýa-da dem alyş kynçylyklary ýüze çyksa, tizden-tiz lukmana ýüz tutuň.

 

Çaganyň hynçgylawygynyň tutmagy.

Köp çagalarda emdirlende kadaly ýagdaýda hem ýňze çykyp biler. Düýpli bir kynçylyklaryň barlygyny aňlatmaýar we ony seýrek ýagdaýlarda duruzmak başardýar. Çagany gägirdip howasyny çykarmaga kömek ediň we oňa suw beriň.

 

Emdirlenden soň süýdüň gaýtmagy we gaýtarma.

Bu ýagdaýlar körpejikler üçin adatydyr. Emdirlenden soň, aşgazandan süýdiň köp bolmadyk böleginiň yzyna gaýtmagy hem gaýtarmagyň bir görnüşi bolup durýandyr. Köp çagalarda bu ýagdaý ömrüniň birinji aýlarynda köp duş gelýär. Käbir çagalar her emdirlenden soň gaýtarsa, kä çagalarda bu ýagdaý seýrek duş gelýär.

Emdirlenden soň, çagany dik tutup, gägirdiň.

Köp gaýtalanýan gaýtarma bedende suwsuzlanmanyň ýüze çykmagyna getirip biler. Çaganyň dodagynyň guramagy ýa-da aglanda gözüniň gury bolmagy çaga bedeniniň suwsuzlanmagynyň alamaty bolup durýandyr.

Çagada gaýtarma ýüze çyksa, bir sagadyň dowamynda oňa suw bermäň. Bir sagat geçenden soň, oňa ýygy-ýygydan suw ýa-da regidron içgisini beriň. Şunuň ýaly çäräni 8 sagadyň dowamynda geçirip bilersiňiz. Eger şol wagtyň dowamynda gaýtarma gaýtalanmasa, çagany biraz emdirip ýa-da emeli süýt berip bilersiňiz.

Eger körpejik başga iýmit bilen, meselem goýy şüleler bilen iýmitlenýän bolsa, belle bir wagtdan soň, oňa tanyş bolan şol naharyň 2-3 çemçesini hödürläp bilersiňiz.

Reňki üýtgän, ýygy-ýygydan gaýtalanýan gaýtarma ýüze çyksa ýa-da körpejigiň ýaşy 3 aýa ýetmedik bolsa, lukmana maslahat üçin ýüz tutmalydyr.

Eger çagada öň gaýtarma häsiýeti bolman, ol täzeden ýüze çykan bolsa, hökman onuň gyzgynyny ölçäň. Köp çaga keselleri gaýtarma alamatyndan başlanýar.

 

Çaganyň içiniň geçmegi.

Çaganyň içiniň geçmegi dürli sebäplere görä, esasan hem ýokançlyklaryň täsiri netijisinde ýüze çykyp biler. Içegäniň işiniň bozulmagy, olarda bolýan sowuklama keselleri hem sebäp bolup biler.

Eger çaganyň kadaly täreti üýtgäp, ol suwuk, ýygy-ýygydan bolup başlasa ýa-da onuň reňki we ysy üýtgese, bu içege ýokançlygynyň alamatydyr.

Bu ýagdaý ýüze çykanda hem çaganyň bedeninde suwsuzlanmanyň ýüze çykmagy ähtimal. Biz ene süýdi bilen iýmitlenýän çagalaryň, emeli süýt kabul edýän çagalara garanyňda, seýrek täret edýändigini ýatda saklamalydyrys. Emeli iýmitlenýän çagalarda, täret etmek gije-gündiziň dowamynda 8-9  gezege çenli bolup biler.

Eger körpejigiň içi geçýän bolsa, oňa ýygy-ýygydan gaýnan suw içiriň. Uly bolmadyk mukdarda ene süýdini ýa-da emeli süýt beriň. Çaga şüleleri iýýän bolsa, oňa suwda gaýnan tüwüni beriň. Ol hem içiň geçmegini kesip biler. Başga goşmaça iýmitlenmeden wagtlaýyn saklanyň. Ene süýdi iç geçmede gowy kömek edýär.

Eger iç geçme bir gije-gündizden köp dowam edýän bolsa, çagada ýürek bulanma ýa-da bedeniň gyzgyny 38,5 gradusdan ýokary galan bolsa, täretde gan görünse ,hökman lukmana ýüz tutmalydyr.

 

Içegäniň ýellenmegi.

Körpejigiň ömrüniň birinji üç aýynda, içegede köp mukdarda howanyň ýygnanmagy netijesinde, olaryň içinde agyry döräp biler. Bu ýagdaý çagalaryň 70%-de duş gelýär. Çaga emýän wagty, aýajyklaryny garnyna çekip, gyzarýar, ynjalyksyzlanyp, gaty aglap başlaýar.

Çagalarda içege ýellenmeleriniň kanunalaýyklygy bardyr: olar çaga doglandan  3 hepde soň ýüze çykyp başlaýar, günde 3 sagada golaý dowam edýär we esasan ömrüniň 3 aýyna çenli duş gelýär.

Içege ýellenmesi ýüze çykmaz ýaly, çaganyň emende emzikleri dogry almagy wajypdyr. Çaga emenden soň, ony arkan ýatyryp, garnyň ýüzüni sagadyň diliniň ugry boýunça, emaý bilen sypalamaly. Ol içegäniň kadaly işlemegine ýardam eder. Çaganyň garnyna ütüklenen gyzgyn hasa, arlyk ýapmak hem agyrylary azaldyp biler.

Agyrylar güýçlenen ýagdaýynda lukmana ýüz tutuň. Ol kynçylyklary ýeňip geçer ýaly, bejeriş çäreleri bellär.

 

Allergiki täsirler.

Çagalarda dürli iýmit önümlerine, öý haýwanlaryna, ösümlik tozanlaryna, öý tozanyna, allergiki täsirler ýüze çykyp biler.

Käwagtlarda çagada ýüze çykýan allergiki täsir ýörite bejergini talap etmeýär we çaga ulalanda öz-özünden ýitip gidýär.

Düzgün bolşy ýaly, bir ýaşa çenli çagalarda allergiki täsir ekzema, örgünler görnüşinde ýüze çykyp, näzik deriniň gyzarmagyna, guramagyna, soýulmagyna getirip biler. Gury üsgürme ýa-da dem almagyň kynlaşmagy hem ýüze çykyp biler. Şonyň bilen birlikde içege kynçylyklary, burnuň bitmegi, asgyrma, gözüň ýaşaryp, gijemegi bolup biler.

Allergiki täsiriň islendik görnüşi ýüze çykanda, lukmanyň maslahatyny almak hökmandyr. Ene-atalar çagany çilim tüssesinden goramalydyr. Öý haýwanlaryny, otagda ösýän ösümlikleri wagtlaýyn çagadan daşa aýyrmalydyr. Otagdan tozan ýygnaýan halylary, palaslary, ýelek ýassyklary, ýorganlary çykarmalydyr.

Çaganyň bolýan otagyny arassa saklap, ýygy-ýygydan ýelejiretmelidir. Parfumeriýa önümleri (atyrlary, laklary, reňkleri) ulanmaň we olary çaganyň ýanyndan aýyryň. Çaga degişli hemme şahsy gigiýena çärelerini geçiriň.

Çaga allergiki täsirlere sebäp bolup biljek önümleri (şokolad, ýumurtga, sitrus önümleri, ýer tudanasy we başgalary) bermäň.

Köp derlemez ýaly, çagany galyň geýdirmäň. Ol ýagdaý gijilemä getirip biler. Çaganyň eşigini ýörite şu maksat üçin ulanylýan serişdeler bilen ýuwuň.

 

Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmeden aýyrmak.

Çagany göwüsden aýyrmak, birinji ýylyň soňunda çaga üçin hem, ene üçin hem düýpli kynçylyk bolup durýar.

Çagany göwüsden aýyranyňdan soň, ony suwuk iýmit bilen, meselem, ýörite öndürilen çaga tüwi şülesi bilen iýmitlendirip başlaň.

Kiçijik çaga üçin, her bir täze iýmit öz aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Çaganyň iýmitini birden dürli-dürli edip bermek artykmaçlykdyr. Täze önümleri çaganyň iýmitine düzümine we agyrlygyna baglylykda, yzly-yzyna, belli tertipde goşmalydyr.

Belli bir tertipde, täze önümiň görnüşini iýmite goşup, ene-atalar bu önümi çaganyň näderejede özleşdirýänligine baha berip bilerler.

Eger täze kabul edilip başlanan iýmit çagada gaýtarma, içegede ýellenme, iç geçme ýaly kynçylyklary döretse, bu önümleri çaga bermegiň entek irligini görkezýär. Çaganyň iýmit siňdiriş agzalarynyň bu hilli önümleri özleşdirmäge taýyn däldigi barada pikir etmelidir we bu önümi wagtlaýyn bermekden saklanmalydyr. 1-4 hepde garaşyp, çaga ýene bu önümi hödür etmelidir.

Eger 5-7 günüň dowamynda ýokardaky alamatlar ýüze çykmasa, bu önümleri arkaýyn iýmite goşup bolar. Düzgün bolşy ýaly, suwuk naharlardan soň, çaganyň iýmitine gaýnadylan gök önümleri goşup başlamalydyr. Meselem, gaýnadylan käşir, kartoşkadan taýynlanan pýure we başgalar. Iýmite aňsat özleşdirilýän gök önümler goşulýar.

Beloklara baý önümler ýa-da hamyrdan taýynlanan iýmitleri biraz gijiräk iýmite goşmalydyr. Siňdirmesi kyn bolan önümler (et, kömelek, gaýnadylan mekge we ş.m.) iýmite has soň goşulýar.

Çagalaryň saglygynyň, ene-atalaryň bilimine, üns berşine, başarnygyna baglylygyny ýatdan çykamaly däldir.

Ene-atalar, öz çagalarynyň, ylaýtada ömrüniň birinji ýylynda, saglygy, iýmitlenmegi babatda jogapkärdirler.

  • 4238 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam lukman, taze doglan caganyn tisginmegi adaty yagdaymy? Ukudaky wagty ses bolsa tisginip turya

Maks
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location