Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ÇAGALARDA BEDEN GYZGYNYNYŇ ÝOKARLANMAGY: ILKINJI KÖMEK
Çagalarda beden gyzgynynyň ýokarlanmagy dürli ýagdaýlaryň we keselleriň täsiri bilen ýüze çykyp biler. Bu ýagdaýda gyzgynyň aşak düşürilmegi keseliň sebäplerini ýok etmän, çaganyň ýagdaýyny wagtlaýynça gowulandyryp bilýändir.
Bellemeli zat, gyzgynyň ýokarlanmagy – ýokanç kesellerden, haýsyda bolsa bir bedendäki näsazlykdan bedeniň goranyş usuly, ukyby bolup, ol immuniteti bakteriýalar we wiruslar bilen göreşmäge tijendirýändir. Gyzgyn ýokarlananda bedende biohimiki hadysalaryň tizligi artýar, goranyş antitelalar basym emele gelýärler, kesel ýokançlyklaryna garşy göreş ýokarlanýar. Şeýle hem gyzgyn galanda (380 C ýokary gyzgynlykda) bedende Interferon maddasy işläp çykýp, ol bedende bakteriýalaryň we wiruslaryň heläk bolmaklary üçin amatly şertleri döredýär. Immunitet ulgamynyň öýjükleri – makrofaglar, kesel döredijileri ýok etmek üçin göreşýärler.
Sagdyn bedeniň gyzgynlylygy kadada näçe bolmaly?
Köpümiz 36,60 C görkezijini bellemegimiz mümkin. Kadada bedeniň gyzgynlylygy 360-370 C aralygy hasaplanyp, günüň dowamynda üýtgäp, agşama biraz ýokarlanyp biler. Bir ýaşa çenli sagdyn çagalarda bedendäki alyş-çalyş hadysasynyň üýtgemegi bilen 37,40 C gyzgynlyk hem kada hasaplanyp, bu ýagdaý bir ýaşda durnukly tertibe girýändir.
Bedeniň gyzgynyny nähili ölçemeli?
Emýän çaganyň gyzgynyny goltuk asty çukurjykdan, göni içegeden, agyz boşlugyndan, gasyk epinjiginden, tirsek epininden, gulakdan ölçäp bolar. Ýöne çagalarda her ölçenýän ýeriň gyzgynlygynyň deň däldigini ýatdan çykarmaly däldir. Çaganyň gyzgynyny rahat ýagdaýynda ölçemeli, ýagny ol aglan, iýýän, içýän wagty beden gyzgynyny ölçeme maslahat berilmeýär. Çaganyň iň ýönekeýje fiziki dartgynlylygy hem termometriň görkezijisine täsir edip biler.
Bedeniň aşa gyzdyrylmagy sebäpli, ýagny tomsuň yssysynda, kapas otagda, çaga howa görä geýdirilmedik ýagdaýlarynda, birahatlykda gyzgynyň 370-37,80 C çenli ýokarlanmagy mümkindir. Başga bir keseliň alamatlarynyň bolmadyk ýagdaýynda bu gyzgyny kadaly diýip hasaplap bolar. Bu ýagdaýda gyzgynyň ýokarlanmagynyň sebäplerini aradan aýryp, 20-30 minut garaşmalydyr we täzeden gyzgyny ölçemelidir. Eger-de gyzgyn kada gelip çaganyň özüni duýşy gowlanan bolsa, onda lukmanyň barlagynyň zerurlygy ýokdyr.
Beden gyzgynlylygynyň ýokarlanmagynyň sebäpleri
Emýän çaganyň beden gyzgynlygy 380 C çenli ýokarlanan bolsa, çaga lukmanynyň barlagyny geçme zerurdyr. Emýän çagalarda köplenç dem alyş ýollarynyň ýiti wirusly ýokançlyklary, dümew, diş çykarma, bedeni artyk gyzdyrmak ýaly ýagdaýlar bedeniniň gyzgynynyň ýokarlanmagynyň sebäpleri bolup biler. Ondan başga-da, dürli ýokançlykly kesellerde, öýkeniň gaýnaglama keseli – pnewmoniýada, böwrek kesellerinde (meselem piýelonefritde), içege ýokançlyklarynda, agyz boşlugynyň nemli bardasynyň gaýnaglamasy – stomatitde gyzgynyň ýokarlanmagy ýüze çykyp bier. Şeýle hem, bedeniň temperaturasy bedeniň sanjyma (köplenç AKDC-gökbogma, täjihoraza, bürmä garşy sanjym serişdesine) bildirýän täsirliligi netijesinde ýokarlanyp biler. Çaga diş çykaranda hem gyzdyrma bolup bilýär. Ýöne duş gelýän ýagdaýlaryň 90%-de gyzgynyň galmagy diş çykarma bagly bolman, çaganyň immunitetiniň pese düşendiginiň alamaty bolup, başga keseller (dem alyş ýollarynyň ýiti wirusly ýokançlyklary, agyz boşlugynyň nemli bardasynyň gaýnaglamasy, içege ýokançlyklary) bilen hem utgaşyp bilýändir. Şonuň üçin diş çykarýan çaganyň gyzgyny ýokarlananda, başga sebäpleri aradan aýyrmak üçin lukmanyň barlagyny geçmek zerurdyr. Beden gyzgyny ýokary galanda çaga uzak aglaýar, birahat bolup, iýmit islemeýär, çaganyň ýürek urmasy, dem almasy çaltlaşýar. Gyzgynynyň ýokary (380 C we ýokary) ýagdaýynda çaganyň gaýtarmagy hem mümkin. Köp halatlarda çaganyň derisi gyzgylt reňkde, elläňde çyg hem ýyly bolýar. Ýöne başga ýagdaýlarda, gyzgynyň ýokary galmagy netijesinde gan aýlanşygynyň bozulmagy sebäpli, çaganyň dabany, aýasy sowap, derisi solgun reňke eýe bolup biler. Bu ýagdaýda bedende ýylylyk çalşygynyň arasazlygy bozulyp, şol esasynda degna ulgamynyň, gan aýlanşygynyň, dem almanyň we maddalaryň alyş-çalşygynyň bozulmalary ýüze çykyp biler. Käbir çagalarda gyzgynyň galmagy üşütme bilen utgaşýar. Kähalatlarda bolsa, gyzdyrma çagalarda degna ulgamynyň bozulmasyna, içegeleriň işiniň üýtgemegine getirip, iç bozulma, täretiň suwuklanmasy ýaly alamatlaryň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup biler. Eger-de täret suwuklanyp, nem gatyşykly ýaşyl reňkde bolsa, ol içege keseliniň alamatydyr.
5 ýaşa çenli çagalaryň degna ulgamynyň oňat taplanmandygy sebäpli, gyzgyny aşa galanda (390 C we ýokary) damarynyň çekmegi (aýaklaryň we elleriň damar çekmesi), kähalatlarda huşuň ýitirilmegi hem mümkindir.
Berilmeli ilkinji kömegiň aýratynlyklary
Çaganyň bedeniniň gyzgyny ýokarlananda, birinji kömegiň beriliş tertibi aşakdakylardan ybaratdyr:
Gyzgynlyk 380 C pes bolanda:
1. Çagany ýalaňaçlamaly;
2. Öl mata bilen süpürmeli (öý temperaturasyndan biraz ýokary ýylylykda);
3. Gyzgyny peseldýän derman serişdeleri ulanmaly däl;
4. Käbir düzgünden çykma ýagdaýlar bolup biler. Eger çaga degna ulgamynyň keselleri bilen keselläp, lukmanyň gözegçiliginde duran bolsa ýa-da ýokary gyzgynlygy agyr geçirýän bolsa, onda 37,50 C-da hem gyzgyn peseldiji dermanlary bermek zerurlygy döreýändir.
Gyzgynlyk 380 C ýokary bolanda:
1. Rahatlygy berjaý edip, düşekde ýatyrmaly;
2. Ýaşyna görä, adatdakydan köp suwuklyk (gaýnan suw, süýjüli gyzgyn çaý, mors...) içirmeli;
3. Üşütme wagtynda çagany ýylatmaly (ýyly ýapynja, gyzgyn çaý);
4. Gyzgyny peseldiji dermanlary bermeli;
5. 39,50-400 C gyzgynly çagany dolamak, basyrmak bolmaýar;
6. 40,40 C-dan ýokary gyzgynlykda, gyzgyny peseldiji dermanlary berip, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini çagyrmaly.
Ýokarda belleýşimiz ýaly, çagalara gyzgyny peseldiji dermanlary gyzgynlyk 380 C-dan ýokary bolanda bermek maslahat berilýär. Ýöne çaga ýokary gyzgynlygy erbet geçirýän bolsa, aglasa, ynjalyksyz ýagdaýda bolsa ýa-da öň ýokary gyzgynlykda damar çekme alamatlary ýüze çykan bolsa, onda gyzgyn peseldiji dermanlary 37,50 C-da hem bermek bolýar.
Çagalarda gyzgyny peseldiji serişde höküminde parasetamol dermany (dürli at bilen-panadol, kalpol, taýlinol, efferalgan we baş.) ulanylýar. Onuň gapdal täsirliligi beýleki dermanlardan az bolup, gaýnaglama garşy hem agyrsyzlandyryjy täsiri bolanlygy sebäpli, ýaramaz duýgulary aýyrýar. Parasetamolyň kabul etmeli möçberi 10-15 mg/kg agram hasapda kesgitlenip, günde 2-4 gezek (gije-gündüziň dowamynda 40 mg/kg hasapdan artyk bolmaly däldir) berilýändir. Täsirliligi 20-30 minutdan duýulýandyr. Parasetamolyň göni içegä goýmak üçin niýetlenen şem görnüşleriniň (efferalgan, panadol, sefekon D) täsiri 30-60 minutdan duýlup, täsirliligiň 5-6 sagat dowam edýän görnüşleri hem ulanylyp bilner. Parasetamolyň hem bellenen möçberden artyk ýa-da ýygy berlen ýagdaýlarynda bedeni zäherläp biljekdigini ýatda saklamalydyr.
Eger şire (sirop) görnüşdäki parasetamol gyzgyny düşürmese, onda ibuprofeniň esasynda ýasalan serişdeler (nurofeniň şemi we şiresi, ibufeniň şiresi we başgalar) ulanylyp bilner. Şire 6 aýlyk, şemi 3 aýlyk çaga ulanmaga niýetlenilip, täsiri 30 minutdan bildirip, 8 sagat dowamlylykda saklanýandyr. Bir gezekde 5-10 mg/kg agrama, günde 3-4 gezek, her 6-8 sagatdan bermeklik maslahat berilýär. Berilmeli möçberi gije-gündüziň dowamynda 30 mg/kg artyk bolmaly däldir.
Kiçi ýaşly çagalara ýörite çagalar üçin niýetlenen derman görnüşlerini ulanmak amatlydyr hem peýdalydyr. Kiçi ýaşly mekdep okuwçylary üçin 0,2 mg, ulular üçin 0,5 mg. möçberli parasetamol ulanylýar.
Ýokary gyzgyny düşüriji dermanlary yzygiderli, wagtly-wagtynda kabul etmek nädogrydyr. Ol serişdeler diňe beden gyzgyny ýokary galanda berilmelidir.
Hiç bir ýagdaýda 12 ýaşa çenli çagalara aspirin (asetilsalisil turşulygy) ýa-da aspiin gatyşykly dermanlar berilmeýär. Ol çaganyň bagryny we beýnisini zeperlendirip, garaşylmadyk howply ýagdaýlara getirip biler.
Ýokardaky aýdylanlary jemläp, ene-atalar gyzdyrýan çagasynyň ýaşyna we ýagdaýyna baglylykda umumy düzgünleri ýatda saklap hereket etmelidigini ýene bir gezek belläsimiz gelýär. Haçan 0-3 aýlyk bäbegiň gyzgyny 380-dan ýokary, 3 aýlykdan uly çaganyň gyzgyny bolsa 390 we ondan hem ýokary bolup, dermansyz täsir (ugruny bilip sowatma) etmeleriňiz netije bermedik halatynda, parasetamolyň esasyndaky dermanlary içirmelidir. Dermanyň täsiri 30 minutdan bildirmelidir. Eger gyzgynlyk düşmän, gaýtam ol ýokarlanýan bolsa, ibuprofeniň esasyndaky dermanlary ulanmaga başlamalydyr.
Eger derman içirilenden soň 30-45 minudyň dowamynda bedeniň ýokary gyzgynlylygy peselmese, onda ýokary gyzgyna garşy dermanlaryň garyndysynynyň sanjymyny etmek üçin gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi çagyrylýar. Çaganyň ýagdaýyny görenden soň, nähili garyndyly dermanyň ulanylmalydygyny diňe lukman kesgitleýär.
Çaganyň gyzgynyny peseldip arkaýynlaşman, beden gyzgynynyň galmagynyň sebäbini anyklap, goşmaça bejergi çärelerini geçirmelidir. Anyklaýyş we bejeriş çäreleri dogry geçirmek üçin wagty ýitirmän lukmana ýüz tutma zerurdyr.
- 10039 gezek okalan