Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GÖWRELILIGIŇ IRKI TOKSIKOZY: SEBÄPLERI, ALAMATLARY WE BEJERGI ÇÄRELERI

• Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.94 (16 Ses)

Bu ýagdaýa göwreliligiň başynda hökmany döremeli alamat ýaly seredilýär. Köp zenanlar dörän irki toksikozyň alamatlarynyň geçerine garaşsa, başgalar bu alamatlaryň başlananyna garaşyp, göwrelilik barada arzuw edýärler. Arzuwlar hasyl bolýar, muňa diňe ynanmak gerek, emma toksikoz göwreliligiň ýakymly alamaty bolup galanok.

Köplenç aýbaşynyň saklanmagy we göwreliligiň barlygy geljekki enä toksikozyň alamatlary bilen aýan bolýar.

Akuşerçilikde irki toksikoz diýip, göwreli aýalyň bedeniniň çaga düwünçeginiň ösmegine bildirýän duýgurlylyk ýagdaýyna aýdylýar.

Irki toksikoz haçan başlanýar?

Toksikoz takmynan göwreliligiň 3-nji-4-nji hepdesinden başlanyp, 12-nji-16-njy hepdesine çenli döwam edip biler. Emma göwreliligiň ahyryna çenli toksikozyň ýekeje alamaty bolmadyk ýagdaýlary hem seýrek duş gelmeýär.

Toksikozyň sebäpleri

Geçirilen köpsanly barlaglar netijesinde toksikozyň takyk sebäbini anyklamak başartmady. Immun ulgamynyň üýtgemegi, allergiki, gormonal üýtgemeler jähtden çaklamalar öňe sürülse hem, häzirki wagtda newrogen, ýagny beýniniň we göwreli ýatgynyň arasyndaky arabaglanşygynyň üýtgemegi netijesinde döreýän sebäp has ýörgünli düşündirişe eýedir. Beýni merkezleriniň üýtgemegi netijesinde refleks hadysalary, şol sanda iýmitleniş hadysasy hem üýtgäp, ýürek bulanma, gaýtarma ýaly alamatlar ýüze çykyp biler.

Toksikozyň alamatlary

Toksikozyň has ýygy duş gelýän görnüşi aşakdaky alamatlar bilen ýüze çykýar:

► Ýürek bulanma – esasy alamat bolup, ol irden, gije ýa-da bütin günüň dowamynda hem bolup bilýär;

► Gaýtarma – göwrelileriň 50-60%-de ýüze çyksa hem, olaryň diňe 8-10%-i bejergä mätäç bolup durýarlar. Gaýtarma näçe ir ýüze çyksa, şonça hem toksikoz agyr derejeli geçýär;

► Tüýkülik akma – agyr ýagdaýda bir gije-gündiziň döwamynda 1-1,5 litre çenli tüýkülik çykýp, bedenden belogyň we mineral duzlaryň ýitirilmeginiň sebäbi bolup biler;

► Umumy ýagdaýyň erbetleşmegi (ysgynsyzlyk, ukyçyllyk);

► Beden agramynyň peselmegi.

Käwagt irki toksikoz dermatoz (deriniň zaýalanmagy, gijilewük), demgysma (bronhlaryň gysylmagy – seýrek duş gelýär, emma agyr geçýär), osteomalýasiýa (süňkleriň ýumşamagy – kalsiý we fosfor elementleriň alyş-çalşygynyň bozulmagy sebäpli) görnüşde geçip bilýär. Gijilewük gaharlylyk, ukynyň bozulmagyna getirýär. Emma gijilewügiň sebäbi – süýji keseli, kömelekli ýokançlyk (kandidoz) ýa-da allergiki täsirlilik bolmagy hem mümkin.

Irki toksikozyň alamatlaryny gaýtarma bilen häsiýetlenýän başga kesellerden (iýmit zäherlenmesi, gastrit, pankreatit, nerw dokumasyny zaýalaýan ýokançlyklar we ş. m.) tapawutlandyrmak möhümdir.

Toksikozyň geçiş derejeleri

1. Ýeňil dereje – göwreliniň umumy ýagdaýy kanagatlanarly, köplenç nahardan soň, käwagtlar ajöze gaýtarma bir gije-gündizde 5 gezege çenli bolýar. Göwreliniň beden agramy 3 kg. artyk ýitirilmeýär.

2. Orta dereje – gaýtarma bir gije-gündiziň döwamynda 6-10 gezege çenli gaýtalanýar we naharyň kabul edilmegine bagly bolmaýar. Beden agramy 2 hepdede 2-3 kg. aralygy ýitirilýär.

3. Agyr dereje – göwreliniň umumy ýagdaýy agyrlaşýar. Gaýtarma bir gije-gündiziň dowamynda 20 gezek we ondan hem köp ýüze çykýar. Göwreliniň ukysy bozulýar. Bedeniň agramy 8-10 kg. aralygy ýitirilýär. Göwreliniň ýygy gaýtarmagy netijesinde bedeniň suwsuzlanmagy ýüze çykyp, alyş-çalyş hadysalary bozulýar. Ganyň we peşewiň kadaly görkezijileri üýtgeýär.

Irki toksikozyň bejergisi we ony ýeňilleşdirmegiň usullary

Irki toksikozyň ýeňil we orta derejeli görnüşleri lukmanyň gözegçiligi bilen Saglyk öýlerinde geçirilse, agyr görnüşi keselhana şertlerindäki bejergini talap edýändir.

Bu ýagdaýy başdan geçirýän göwreliniň iýmiti dürli önümleri saklaýan, aňsat özleşýän we witaminlere baý bolmalydyr. Nahary sowadylan görnüşde, uly bolmadyk mukdarda her 2-3 sagatdan, ýatan ýerinden kabul etmek maslahat berilýär.

Derman bilen bejergi lukmanyň gözegçiliginde alnyp barylyp, iýmit siňdiriş ulgamyň işini kadalaşdyryjy (serukal, torekan), ösümlik derman otlaryndan taýynlanan serişdeleri (hofitol, kokkulin), witamin toplumlaryny, gistaminlere garşy (pipolfen, dimedrol) we rahatlandyryjy (droperidol) serişdeleri ulanmadan ybaratdyr.

Irki toksikozyň bildirýän oňaýsyz ýagdaýlaryny ýeňilleşdirmek üçin birnäçe umumy maslahatlara eýerme hem peýdaly bolup biler:

→ Ýygy-ýygydan arassa howada gezelenç etmäge çalşyň.

→ Köplenç toksikoz irden, haçanda ganda glukozanyň derejesi peselende başlanýar. Irden turanyňyzda açlyk duýgusyny basyp ýatyrmak üçin agşamdan guradylan çörek bölejiklerini ýa-da duzly kökäni taýynlap goýuň we ýeriňizden turmazdan garbanyň.

→ Aşgazanyň kadaly işlemegi üçin günüň döwamynda ýygy-ýygydan garbanmak maslahat berilýär. Emma aşa doýmagyň hem zyýanlydygyny unutmaly dädir. Alma, guradylan miweleri, hozy hemişe ýan torbaňyzda saklamak maslahat berilýär.

→ Köpräk suwuklyk içmeli – suw, çay, miwe şirelerini we gaýnatmalaryny az-azdan, owurtlap içmek maslahat berilýär. Has hem limonly gök çaý, itburun şiresi, klýukwa morsy, ýaňy sykyp alynan miwe suwy, gazsyz mineral suwlary ýagdaýy gowulandyryp bilerler. Özünde köp şireli suwuklyk saklaýan miweleri (üzüm, pyrtykal, garpyz, gawun) hem iýmek peýdalydyr.

→ Iýmit iýlenden soň derrew ýatmak maslahat berilmeýär.

→ Çilim çekýän adamlardan uzagrakda durjak boluň. Mümkin bolsa dürli ysly ýerlerden gaça duruň: azyk dükanlary, himikatlary, parfumeriýa önümlerini satýan dükanlar we başgalar.

→ Ýene bir peýdaly maslahat: nahar taýarlan wagtyňyz agzyňyzy sowgurak suwdan dolduryp, agzyň içinde gyzýança saklaň. Gyzandan soň ýene-de sowuk suwa çalşyň.

→ Başga bir maslahat– ýürek bulanma başlanan wagty 1 çaý çemçe baly agzyňa alyp, assa-assadan soruň.

→ Mandariniň, apelsiniň ýa-da limonyň bölejigini sormak hem peýdalydyr. Narpyzly çaý, duzly pomidory, hyýary iýme hem peýda berip bilýär.

→ Göwreli aýallar üçin niýetlenen witamin toplumlaryny kabul ediň.

→ Egerde göwreli aýalyň ejesi hem ýaş wagtynda toksikozdan ejir çeken bolsa, mümkin onuň maslahatlary gyzyna kömek eder.

→ Egerde ýürek bulanma günüň ikinji ýarymynda ýüze çykýan bolsa, mümkin ol ýadawlygyň ýa-da hysyrdyly işiň netijesidir. Bu ýagdaýda derman otlaryň rahatlandyryjy ýygyndysyny, pustyrnik ýa-da pişik dyrnaçak otlaryň demlemesini kabul etme peýda edip biler.

Eger bejergi netije bermese...

Egerde geçirilen bejergi göwreli aýalyň ýagdaýyna täsir etmese, onda göwreliligi üzmekligiň meselesini çözmelidir.

Göwreliligi üzmek üçin görkezmeler:

⇒ Yzly-yzyna, üznüksiz gaýtarma;

⇒ Bedeniň suwsuzlanmagynyň güýçlenmegi;

⇒ Agramyň has peselmegi;

⇒ Nerw ulgamyň bozulmalary (parhsyzlyk, hereketsizlik, samrama);

⇒ Deriniň we gözleriň agynyň saralmagy.

Ýokarda bellenip geçilen çäreler toksikozyň geçişini ýeňilleşdirmäge kömek edip bilerler, sebäbi bu alamatlardan çürt-kesik dynmaga kömek edýän usul ýokdur. Esasy bilmeli zat – öz biynjalyklaryňyza ol diýen üns bermäň, çünki ýürek bulanma hem çalt geçip gidýän, wagtlaýyn ýagdaýdyr.

• 7040 gezek okalan

Teswirler (15)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
1. merdan

As saylama nace wagytdan baslap biler

1. Betje

[quote name="menli"]tebibe baryp yalnysypdyrynmy[/quote]

Ony dine görüp, barlap lukman aýdyp biler. Soraýanymyn sebäbi nadip tebibe ynanyp bbaryp bildingiz? Onung bilim derejesi nähili? Umuman bizde gaty kan adam tebibe baryarlar. Bu...

[quote name="menli"]tebibe baryp yalnysypdyrynmy[/quote]

Ony dine görüp, barlap lukman aýdyp biler. Soraýanymyn sebäbi nadip tebibe ynanyp bbaryp bildingiz? Onung bilim derejesi nähili? Umuman bizde gaty kan adam tebibe baryarlar. Bu bir howply yagdavlary doredip biler.

Dowamy

1. menli

[quote name="Betje"]
Näme üçin tebibiň ýanyna bardyňyz?[/quote]
tebibe baryp yalnysypdyrynmy

1. menli

lukman aga oragmy jogapyz goyman hais jogap berayinda

1. Betje

[quote name="menli"]lukman aga salam lukman aga size bir soragym bar detski matgada gowreli bolmak munkinmi ginekolg lukmanlardan bejergi alym aybasym 23 yasyma cenli gelmedi prkgesteron ukolny alalamdan son bir ay geli sonky ay yene gelmedi...

[quote name="menli"]lukman aga salam lukman aga size bir soragym bar detski matgada gowreli bolmak munkinmi ginekolg lukmanlardan bejergi alym aybasym 23 yasyma cenli gelmedi prkgesteron ukolny alalamdan son bir ay geli sonky ay yene gelmedi matkany ulaltmak un masa£a gatnadym tebiplere 7 gun sondan on onmas gun gecenson icin eteklerinde agyry peyda bolup baslady tebibe yene baramda barlap caganyn galanlygny aytdy caga duvuncegi bar diydi yone entak 20gun uzi test barlagna barmazlygmy aytdy sugun 16 gun boly test edip gordim yone yok gorkezdi men name etsemkam uzi 20gunde gorkezip bilermika aybasam gelmanson hacan galany galmadygny bilip bilemok lukman aga hais etyan mana bir maslahat berin[/quote]

Näme üçin tebibiň ýanyna bardyňyz?

Dowamy

1. menli

lukman aga jogabnyza sabyrsyzlyk bn garasyan

1. menli

lukman aga salam lukman aga size bir soragym bar detski matgada gowreli bolmak munkinmi ginekolg lukmanlardan bejergi alym aybasym 23 yasyma cenli gelmedi prkgesteron ukolny alalamdan son bir ay geli sonky ay yene gelmedi matkany ulaltmak un...

lukman aga salam lukman aga size bir soragym bar detski matgada gowreli bolmak munkinmi ginekolg lukmanlardan bejergi alym aybasym 23 yasyma cenli gelmedi prkgesteron ukolny alalamdan son bir ay geli sonky ay yene gelmedi matkany ulaltmak un masa£a gatnadym tebiplere 7 gun sondan on onmas gun gecenson icin eteklerinde agyry peyda bolup baslady tebibe yene baramda barlap caganyn galanlygny aytdy caga duvuncegi bar diydi yone entak 20gun uzi test barlagna barmazlygmy aytdy sugun 16 gun boly test edip gordim yone yok gorkezdi men name etsemkam uzi 20gunde gorkezip bilermika aybasam gelmanson hacan galany galmadygny bilip bilemok lukman aga hais etyan mana bir maslahat berin

Dowamy

1. aysa

Komeginiz un minetdar isinizde ustunlik hemranyz bolsyn

1. Lukman

Aýşa!
Eger Siz emdirýän bolsaňyz aýbaşyňyz asla gelmän hem biler ýa-da kadasyz hem gelip biler.Ýöne bu ýagdaý göwreliligiň galma mümkinçiligini bütinleý aradan aýyrýan däldir.Göwreliligiň test barlagyny gaýtalaň ýa-da ganyňyzy adamyň...

Aýşa!
Eger Siz emdirýän bolsaňyz aýbaşyňyz asla gelmän hem biler ýa-da kadasyz hem gelip biler.Ýöne bu ýagdaý göwreliligiň galma mümkinçiligini bütinleý aradan aýyrýan däldir.Göwreliligiň test barlagyny gaýtalaň ýa-da ganyňyzy adamyň horiogonly gonadotropin gormonyna barlaň (bu gormon diňe göwrelilik wagty döreýär we kesgitlenýär), ýatgynyň USB-ny geçiň.Eger göwrelilik bolmasa, aýbaşa garaşmazdan lukmanyň barlagyndan soň, emdirýän enelere niýetlenen gormon serişdeleri ýa-da ýatgynyň içine spiral goýup göwrelilikden goranyp bilersiňiz.Ýürek bulanmalar bolsa dürli sebäplere görä döräp bilip, göwreliligi tassyklaýan anyk alamat däldir.

Dowamy

1. aysa

Jogabnyza sabyrsyzlyk bn garasyan

Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location