Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

OGUL ÇAGANYŇ BOLMASY NÄMÄ BAGLY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (5 Ses)

ogul ya da gyz"Ogul bolmasy üçin nädip hasaplamaly?", "Ogul çaga isleýäris?", "Oglan çaganyň galmasy üçin nämeler etmeli?" ýaly soraglar redaksiýamyza iň köp gelýän soraglaryň hataryna girýär. Aýallar we erkekler dürli sebäplere görä edinjek çagalarynyň jynsyny saýlamak isläp bilerler:

Lukmançylyk sebäpli: Käbir keseller (meselem, gemofiliýa ýa-da gowşak X sindromy) bir jynsa beýleki jynsdan has agyr täsir edýär. Şeýle keselli çaganyň dogulmasynyň öňüni almak islegi jübütleri beýleki jynsly çagany arzuw etmäge iterip biler.

Maşgalany deňlemek: Käwagt jübütler deň sanly ogullarynyň we deň sanly gyzlarynyň bolmagyny isläp bilerler. Ýa-da yzly-yzyna gyzy bolanlar indikide ogul hantama bolup bilýärler. Hatda diňe bir çaga edinmek isleýän jübütler hem belli bir jynsly çaga ýykgyn edip biler.

Şahsy we medeni sebäpler: Köp halatlarda adamyň ogul ýa-da gyz islemegi şahsy ýa-da medeni sebäplerden gözbaş alýar. Meselem, ejeler gyz, kakalar ogul islegen bolup bilýärler. Käbir medeniýetlerde ogul çaganyň mirasdüşer ýa-da maşgalanyň adyny göteriji hökmünde görülmesi hem jübütleri ogul islemäge mejbur edip bilýär.

Çaganyň jynsyny näme kesgitleýär?

Erkek XY hromosomalaryny göterýär, aýal bolsa XX. Şonuň üçin aýalyň bölüp çykarýan ýumurtga öýjüklerinde X hromosomasy bolýar. Erkegiň bölüp çykarýan spermalarynyň hem ýarysynda adatça X hromosomalary beýleki ýarysynda-da Y hromosomalary saklanýar. Tohumlanma bolup geçen mahaly, eger X hromosomaly sperma aýallyk ýumurtgany tohumlandyrsa, çaga gyz (XX) bolýar. Eger aýallyk ýumurtga öýjügi bilen erkegiň Y hromosomasyny göterýän spermasy birleşse, çaga oglan (XY) bolýar.

Şonuň üçin hem, çaganyň nähili jynsly boljagy ene-atanyň hiç birine bagly däldir.

Her adamyň diýen ýaly 50% oglunyň bolma we 50% gyzynyň bolma ähtimallygy bar. Diňe atanyň spermasy çaganyň ogul ýa-da gyz boljakdygyny kesgitleýär. Çünki adatça onuň spermalarynyň ýarysy gyz (X) hromosomasyny ýarysy bolsa oglan (Y) hromosomalaryny göterýär. Şeýlelikde, aýalyň ýumurtga öýjügine haýsy sperma ilkinji baryp ýetse, çaganyň jynsyny hem şol kesgitleýär.

Eger ähli jübütleriň ähli şertleri birkemsiz we birmeňzeş bolsady, onda olaryň ählisiniň hem oglunyň ýa gyzynyň bolma ähtimallygy deň bolardy. Emma, bilşimiz ýaly biz birkemsiz we birmeňzeş dünýäde ýaşamaýarys. Çaganyň nähili jynsly boljagyna käbir faktorlaryň täsir edip bilýän bolmagynyň mümkindigini ylmy barlaglar görkezýär.

↪ Meselem, BSGG-nyň maglumatlaryna görä, dünýäde her ýyl dogulýan çagalaryň 51%-i oglandyr. Ýagny, dogulýan her 100 gyz çaga üçin 105 sany oglan çaga dogulýar. Şundan ugur alsak, jübütleriň umuman oglan bäbeginiň bolma ähtimallygy biraz ýokary bolýar.

↪ 740 sany britan zenanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen barlagyň netijelerine görä, däneli önümleri köp kabul eden eneleriň 59%-iniň ogul bäbegi bolupdyr, däneleri seýrek iýen eneleriň welin 43%-iniň ogly bolupdyr. Emma, bu iýmitlenişiňi üýtgetmek bilen isleýän jynsly çagaňy edinip bolýandygyny aňlatmaýar. Megerem, däneli önümleri köp iýen eneleriň başga-da birmeňzeş endikleri bardyr we bu hem olaryň bäbekleriniň jynsyna täsir edýändir – emma, görnüşi ýaly, bu täsir ujypsyzdyr.

↪ Ylmy barlagçylar erkek adamda oglan (Y) we gyz (X) hromosomaly spermalaryň mukdarynyň deňeçer bolmazlyk ähtimallygyna düşünmäge çalyşýarlar. Meselem, eger erkegiň oglan jynsly spermalary has köp bolsa, onda onuň has köp ogullarynyň bolma ähtimallygy ýokary bolar. Emma muňa heniz subutnama tapylmady. Şeýle-de bolsa, Angliýada 900-den köp maşgala daragtlary derňelende, doguljak çaganyň jynsynyň köplenç onuň kakasy tarapa baglydygy, ýagny erkek dogany köp bolan erkekleriň esasan ogul çagasynyň, gyz dogany köp erkekleriň bolsa esasan gyzynyň bolýandygy ýüze çykaryldy.

↪ Aýalyň göwrelilikden öň başyndan geçirýän stresiniň derejesiniň hem boljak çaganyň jynsyna täsir edýän bolmagynyň ahmaldygyny görkezýän barlaglar Olarda köp stres edýän aýallaryň gyzynyň bolma ähtimallygynyň biraz ýokarydygy aýdylýar.

↪ Daniýada geçirilen ýene bir gözleg işinde, örän ujypsyz bolsa-da, ýaşy ulurak kakalaryň gyzynyň, ýaşrak kakalaryň bolsa oglunyň bolma ähtimallygynyň ýokarydygy aýan edildi. 25 ýaşdan kiçi erkekleriň ogul çagasynyň bolma ähtimallygy 51.6%, 40 ýaşdan uly erkekleriňki welin 50% bolup çykdy.

Yrymlar we hasaplamalar netije berýärmi?

Göwrede ogul bäbegiň galmasy üçin iýmitlenişiňi, geýnişiňi, jynsy gatnaşyklaryň wagtyny ýa görnüşini üýtgetmegi ýa bolmasa ogul boldurýan derman-därileri içmegi maslahat berýän hem yrymlara we ynançlara duş gelmek bolýar. Emma, seniň hemişe diýen ýaly ogluň ýa-da gyzyň bolma ähtimallygyň 50%-dir. Başgaça bu hasaplamany teňňe zyňmak bilen deňeşdirip bolar. Teňňäniň 2 tarapy bardyr we her gezek teňňäni ýokary zyňanymyzda onuň islendik tarapyna düşme ähtimallygy 50% bolýar. Eger teňňäni on gezek zyňsak näme? Ony näçe gezek zyňsak hem, her gezekde onuň ýüzüniň ýokary düşmegi 50% mümkindir. Çünki teňňe geçen gezek haýsy ýüzüne düşendigini ýatlap bilmeýär. Edil şonuň ýaly, enäniň göwresi hem geçen gezek haýsy jynsly çagany göterendigini bilmeýär. Şeýlelik bilenem, aýal her gezek göwreli bolanda, onuň göwresindäki çaganyň jynsyna aýalyň öňki göwrelilikleri täsir edip bilmeýär. Görşümiz ýaly, doguljak çagany jynsyna laýyklykda meýilleşdirmäge synanyşýan jübütleriň ýaşyna, doglan günlerine, hatda gan toparyna baglylykda düzülen hasaplamalaryň hem ylmy taýdan düşündirişiniň ýokdugyny bellemelidir.

Onda ogul edinmegiň hiç hili subut edilen ýoly ýokmy?

Häzirki döwürde lukmançylyk tehnologiýasynyň ösmegi bilen, ogul ýa-da gyz çaga bilen göwreli boljakdygyňa 99% güwä geçip bilýän prosedura bar. Muňa ekstrakorporal tohumlandyrma (iňlisçe: in vitro fertilisation) diýilýär. Emeli tohumlandyrmanyň bu görnüşini amala aşyrmak üçin aýaldan alnan ýumurtga öýjükleri erkekden alnan spermalar bilen laboratoriýada tohumlandyrylýar. Soňra tohumlandyrylan ýumurtga öýjüginiň, ýagny embrionyň ösmesini dowam etmesi üçin ol aýalyň ýatgysynyň içine geçirilýär. Tohumlandyrylan embrionlar ýatgynyň içine geçirilmezden öňürti ýörite genetiki barlagyň kömegi bilen embrionlarda dürli keselleriň ýüze çykma ähtimallygyny, şeýle-de olaryň jynsyny bilip bolýar. Jübütleriň haýyşy bilen hem, enäniň ýatgysynda diňe olaryň isleýän jynsly embrionlary ýerleşdirilýär (elbetde, eger embrionlaryň içinde islenilýän jyns bar bolsa). Hiç bir lukmançylyk barlagynyň netijeleriniň takyklygyna 100% güwä geçip bolmaýar, emma ekstrakorporal tohumlandyrmanyň üsti bilen saýlanan çaganyň jynsy 99%-den hem köp halatlarda dogry çykýar.

Häzire çenli ekstrakorporal tohumlandyrma tebigy taýdan göwreli bolup bilmeýän ençeme adamyň çaga edinmegine mümkinçilik beren hem bolsa, onuň şowly boljagyna, ýagny tohumlandyrylan ýumurtga öýjüginiň ýatga salnandan soňra ösmegini dowam etdirjegine güwä geçip bolmaýar.

Ýeri gelende aýtsak, emeli tohumlandyrmalar arkaly çaganyň jynsyny saýlamak köp ýurtda bikanundyr.

  • 992 gezek okalan