Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GELJEKKI ENELERIŇ GORKULARY WE HOWSALALARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.28 (29 Ses)

Siz  öz durmuşyňyzda howsalaly ýagdaýlary ýygy başdan geçirýärsiňizmi? Siz hemişe onuň döreýiş sebäbini anyklamagy başarýarsyňyzmy? Howsala düşme düýgusy biziň gurşawymyzda ýa-da bedenimizde bolup geçýän duýdansyz üýtgemelere jogap hökmünde kabul edilip,  bize gönükdirilen howplulyga jogap bermäge kömek edýändir. Ýöne aşa ýüze çykýan howsalalyk düýgusy,  tersine,  biziň kadaly ýaşaýyş düzgünimize ýaramaz täsirini ýetirip biler.

Göwrelilik döwründe aýal bedeni düýpli üýtgemelere sezewar bolup,  bu ýagdaýyň özi gorkynyň,  howsalanyň ýüze çykmagyna itergi berip bilýändir. Bedende fiziologiki  üýtgemeleriň,  ýlaýtada endokrin we merkezi nerw ulgamynda döreýän üýtgemeler göwreli aýalyň fiziki taýdan gowşamagyna,  çalt ýadamagyna,  emosional taýdan durnuksyzlygyna getirip, howsalalyk düýgusyny has hem ýokarlandyryp biler.

"Men şeýle bir aglak bolupdyryn. Çala biri gaýra söz diýilse gözüm ýaşaryp ugraýar. Başga wagt olara men üns hem bermezdim. Hemme zady hem göwnüme alýaryn".

"Maňa hiç kim düşünenok. Misli meni hiç kim eşitmeýän ýaly. Men gaharlanyp başlaýaryn. Adamym (gaýynenem,  doganym) bilen hem köp tersleşýän. Onuň maňa düşünesi gelmeýän ýaly. Öň biziň gatnaşygymyz beýle däldi ahyryn".

"Men ukusyzlykdan ejir çekýärin. Gijelerine gözüme çiş kakylan ýaly. Şonuň üçin  hemişe ýadaw ýaly bolup görünýärin".

Geljekki eneleriň şeýle görnüşli arzlaryny diňläp,  olara kömek etmäge ymtylýarsyň. Howsalalygy ýeňip geçmekde netijeli kömegi bermek üçin bolsa,  ony döredýän sebäpleri anyklamagyň wajypdygyny lukmanlar belläp geçýärler.

Eýsem,  göwreliligiň fiziologiki hem-de ruhy aýratynlyklary   nukdaýnazaryndan gorkulara,  howsalalara haýsy sebäpler getirip bilerkä?

► Meýilleşdirilmedik,  duýdansyz ýüze çykan göwrelilik – bu ýagdaýda aýal öz saglyk ýagdaýy (eger ol bejergini talap edýän bolsa),  maşgalanyň durmuş meýillerinde bu hadysa bilen bagly bolup biljek oňaýsyz üýtgemeler babatda howsalanyp biler.

► Göwrelilik döwründe ýüze çykyp biljek gaýraüzülmeler – dogjak çaganyň saglygy ugrundaky alada bolup,  howsalalyga getirjek sebäpler köpdürlüdir (meselem,  dümew ýa-da gyzylja ýokançlygy bilen kesellemekden gorkmak, kesellere garşy geçirilen waksinasiýanyň  wagtynda alynmandygyny ýatlama, işlenýän kompýuterden çykýan şöhlelenmeden howatyr almak we başgalar).

► Çaga dogmadan gorkma – çaga dogrumy wagty öz bedeniňe erk edip bilmezlik ýagdaýy,  dogrumdaky agyrylar we başgalar.

► Genetiki sebäpler – gözegçilik etmesi kyn  tebigy sebäplere görä kemçilikli,  keselli çaganyň dogulmagy.

► Beden görki bilen bagly – göwrelilik döwründe deride, beden syratynda bolup biljek üýtgemelerden howsala düşmek. Aýaly "Men öňki ýagdaýyma gelip bilermikäm?" diýen sorag iňkise goýýar.

► Dogjak çaganyň saglygy babatda howatyrlanma döreýän howsalalaryň iň köp duş gelýän görnüşidir.

► Gowy ene bolup bilmezlikden gorkma – çagany dogry idetme ukybyna ynamlylygynyň bolmazlygy.

► Çaganyň durmuşy babatda  jogapkärçiligi duýmadan howsalalanmak-enäniň çagasyna jogapkärçiligi duýşy ýaly,  hiç kim başga adamynyň ömri hem-de saglygy üçin şeýle jogapkärçiligi duýýan däldir.

► Gelejekden gorkmak-çaganyň dogulmagy bilen bagly maşgalada bolup biljek üýtgeşmelerden (hünärde ösüşden  galma,  ýaşaýyş jaý hem-de maddy kynçylyklar, adamsy bilen aragatnaşygyň üýtgemegi we başgalar) gorkma.

Gorkulara,  howsalaly ýagdaýlara getirýän faktorlary anyk ýüze çykarma,  olary ýeňip geçmekde ädilýän ädimleriň esasy  bölegi bolup durýandyr. Indiki ädim bolsa bu sebäbi aradan aýyrmaga ýa-da onuň täsirini peseltmäge gönükdirilen bolmalydyr.

Göwreli aýaly we onuň çagasyny bu ýagdaýyň ýaramaz täsirinden goramak maksady bilen lukmanlar birnäçe peýdaly maslahatlary  berýärler:

♦ Sizde dörän göwrelilik ýagdaýyny özüňiziň täze ýagdaýyňyz,  durmuş ýörelgäňiz hökmünde kabul edip, özüňize göwreli bolmagy "rugsat beriň". Siziň durmuşyňyzda dörän çagany,  onuň isleglerini duýmagy, kabul etmegi öwreniň. Öz islegleriňizi hem durmuşa geçirmekden çekinmäň. Günüň ortasynda dynç  alma  bolsun,  özüňiziň halaýan eşigiňizi ýa-da tagamyňyzy  satyn alma bolsun, tapawudy ýok! Goý, göwrelilik döwri siziň durmuşyňyza gadagan etmegiň döwri däl-de,  täze mümkinçilikleriň wagty ýaly goşulsyn.

♦ Hemme ýüze çykan kynçylyklary birden çözjek bolup synanyşmaň. Mümkin, olaryň köpüsi sizsiz hem çözülip gider. Göwrelilige ýaşaýyş kynçylyklaryny terk etmegiň ajaýyp wagty ýaly serediň.

♦ Göwreliligi mümkin boldugyça meýilleşdirmäge synanyşyň. Meýilleşdirme saglyk ýagdaýyny gözegçilikden geçirmäge, maddy  we ýaşaýyş jaý bilen bagly meseleleri wagtynda çözmäge itergi berip biler.

♦  "Göwreli" durmuşyňyza  adamyňyzyň hem işjeň goşulmagyny gazanyň. Öz ýagdaýyňyz barada (aş saýlamagyň kynçylyklarymy,  ilkinji gezek duýlan çaganyň gymyldysymy, USB-niň netijesi,  lukman bilen eden maslahatyňyz) gürrüň berip, ony hem habardar ediň. Eger ol gyzyklanýan bolsa,  aýallar maslahathanasyna hem bile gidip,  lukman bilen gürrüňdeş bolmakdan çekinmäň.

♦ Bu jogapkärli döwürde ýadamadaň,  uzak tolgunmadan,  gaharlanmadan saklanyň. Halaýan kitaplaryňyzy okama,  sazlary diňleme, gowy görýän kinofilmleriňize tomaşa etme siziň emosional ýagdaýyňyza peýdaly täsir edip biler. Ösümlik otlary (narpyz) hem-de efir ýaglary goşulan ýyly wannalary (eger lukman tarapyndan gadagan etme bolmasa!) kabul etme hem nerw ulgamynyň kadalaşmagyna ýardam berip bilýändir.

♦ Özüňizde döreýän howsala babatda adamynyzy,  maşgalanyň başga agzalaryny habardar ediň. Geljekki atanyň,  beýleki maşgala agzalarynyň hem göwrelide ýüze çykyp biljek emosional durnuksyzlyk ýagdaýlary (öýkeleklik,  aglaklyk,  keýpiň,  islegleriň üýtgäp durmagy,  birden döreýän gaharjaňlyk) babatda habarly bolmagy wajypdyr. Göwrelilik döwründe her bir aýdylýan sözüň,  edilýän hereketleriň göwreli üçin aýratyn mana eýe bolup,  düýbünden başgaça kabul edilýänini unutmaň. Bu döwürde göwreli aýaly maşgalanyň  maddy hem-de  ownuk guramaçylykly aladalaryndan çetleşdirme peýdaly bolup biler.

♦ Doguljak çaganyň saglygynyň aladasy bilen ýaşaýan göwreli aýalda: "Meniň bu ýagdaýym çagamyň saglygyna zyýan etmezmi?" diýen sorag ýüze çykýar. Esasy düzgün-içki ýaramaz  emosional duýgulary daşyna çykaryp,  olary unutmakdyr. Göwreli aýal ýaramaz duýgulary içinde ýygnap saklamakdan gaça durmalydyr. Psihologlaryň bellemegine görä,  biraz derejede enede dörän stress ýagdaýynyň göwredäki çaga tarapyndan duýulmagy, çaganyň merkezi nerw ulgamyny,  oňuň  dogrumdan soňky sezewar bolup biljek gurşawyň ýaramaz şertlerine taplaýandygyny belleýärler. Dörän gaharlanmadan,  tolgunmadan soň,  göwredäki çagaňyza ýüzlenip düşündirme,  ötünç sorama, öz söýgiňizi bildirme peýdaly psihologiki täsirliligi üpjün edip biler. Ýogsa-da, beýle täsirliligi adamyňyz babatda hem ulansaňyz,  bu ýagdaý  siziň aragatnaşygyňyzyň has hem  berkleşmegine  goşandyny goşup biler.

♦ Göwreliligiň geçiş aýratynlyklary, dogrum pursady, dogrumdan soňky döwrüň aýratynlyklary,  täze doglan çaganyň fiziologiýasy barada habarly bolmak üçin Saglyk öýlerinde gurnalýan gürrüňdeşliklere gatnaşyň.

Galyberse-de,  özüňizde siziň dowamyňyz bolan kiçijiň ýaşaýşyň döräp, kemala gelýändigini unutmaň. Başga aladalara gümra bolup, bagtly eneligi duýmak üçin tebigatyň Size gymmatly baýlygy peşgeş berenini unutmaň.

  • 7200 gezek okalan