Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Wajyp meseleler... Wajyp soraglar...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (10 Ses)

Biziň jemgyýetimizde jynsy gatnaşyklaryň ýaýbaňlanmasyna we maşgala gatnaşyklaryň häsiýetine galyňly sorag öz saldamly täsirini ýetirýär.

...Meniň goňşym Batyr, öz söýgüli kursdaş gyzy Aýlar bilen 4 ýyl duşuşýarlar. Ýaňy-ýakyn olar okuwyny gutardylar. Nobatdaky duşuşykdan soň eý görýän gyzyny ugradyp gelýän Batyrdan: "Batyr, indiki durmuşy meýilleriň nähili? Durmuş gurmaga hem wagt ýetdi öýdýän" diýip, soradym. Batyr bu soragyma ýylgyryp, utanjaňlyk bilen: "Öýlenmek üçin hem, galyň tölemek üçin hem harajat gerek. Men entek işläp pul ýygnamakçy. Galanynam soň görmeli bolarda" diýip jogap berdi.

Taryha göz aýlasak, galyňly mesele dünýäniň köp halklarynyň däp-dessurlarynda duş gelip we şu güne çenli saklanyp galyp, häzirki wagtda üýtgemelere eýe boldy. Ençeme jemgyýetlerde galyňa maşgaladan gidýän işçi güýjüniň (gyzyň) öwezini doldurýan maddy emläk höküminde garalsa, jemgyýetleriň köpüsinde ol gyzyň ene-atasyna gyzy ösdürip ýetişdireni üçin hak (süýthaky) höküminde garalypdyr. Taryhy ýazgylardan belli bolşy ýaly, yslam dininde gyz üçin belli bir pul ýa-da emläk möçberini alma, gyzyň zat höküminde satylmagyna deň edilip ýazgarylypdyr. Ýöne öýlenýän oglan tarapyndan, gyza sowgat höküminde belli bir gerek bolan zatlaryň sowgat edilmesi (arap dil. – mahr) dogry we zerur hasap edilipdir.

Bu gün galyň başga görnüşlere eýe bolup, biziň jemgyýetimizde hem oňa bolan garaýyşlar dürli-dürli häsiýete eýe boldy. Eýsem-de bolsa,

Galyňa gyzyň mertebesini kemsidýän we ony adamsyna bakna edýän ahwalat höküminde garamalymyka?

Tersine, "arzanyň arzysy bolmaz" diýilşi ýaly, ol täze maşgala gelin bolup gelen gyzyň maşgaladaky ornunyň pugtalanmagynyň we maşgala gatnaşyklarynyň bekemeginiň binýady bolup bilermi?

Ýaşlar, olaryň geljegi we maşgala gatnaşyklary üçin şeýle wajyp mesele babatda siziň pikir ýöretmeleriňizi we tesbirleriňizi bilmek islegi bilen

JAHAN.

___________________________________________________________________

Suratlaryň awtory - Merjen Gylyjewa.

  • 3912 gezek okalan