Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

OKYJYNYŇ GALYŇ BARADA PIKIR ÝÖRETMESI: GALYŇ WE SAGLYK

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.70 (37 Ses)

Hormatly Jahan! Siz hiç ýerde ýazylmaýan, düzgünleşdirilmedik, ýöne köp halklaryň, şol sanda türkmen halkynyň hem asyrlardan asyrlara geçen adat höküminde garalýan däp-dessurynyň biri bolan galyňly meseläni galdyrdyňyz. Biz, türkmenlerde galyň tölemek durmuşyň "basgançagyndan" ädip başlan, göwün guşy süýji arzuwlar bilen asmanda pelpelläp, hyýalynda oňat niýetler bilen ýaşaýan öýlenjek oglan üçin hem, onuň maşgalasy üçin hem çözmesi çylşyrymly kynçylyklaryň biri bolup durýar. Taryha ser salsak, türkmenlerde öýlenýän ýigidiň öýlenjek gyzynyň hosssarlaryna galyň tölemegi asyrlardan asyrlara geçip, adat höküminde halkyň aňyna köki-damary bilen ornaşan. Häzirki durmuş gurýan we gurjak ýaş oglan-gyzlar, olaryň hossarlary durmuş gurmany galyňsyz göz öňüne getirip hem bilenoklar, bilerler hem öýdemok. Sebäbi gyz durmuşa galyň tölenip çykmaly, oglan galyň töläp öýlenmeli diýen düşünje ýaşlarymyzyň aňyna çagalykdan guýlan, ol aň astynda oňat öz ornuny tapan. Aslynda galyň töleme meselesi türkmen jemgyýetinde halkyň arasynda ymykly ornaşan we häzirki döwürde gülleýär, pajarlap ösýär, galyňyň mukdary, görnüşi döwrebap üýtgedilýär.

Bu ýagdaýa gözegçilik edýän, munyňyz bolanok diýýän adam ýa-da kanun ýok. Hezillik! Häzir gyz çykarmak ýagny, gyzlaryň durmuş gurmasy, olaryň durmuş toýuna çykýan çykdaýjylarynyň mukdary bäsdeşlige öwrüldi diýseň hem boljak. Gyzlar: "Galyňym pylan gyzyňkydan az bolmasyn, toýumy pylan toý mekanynda etjek, pylança adam çagyryň, ol bagşy gelsin, bu bagşy gelmesin..." diýip öz aralarynda bäsdeşlik gurýan ýaly düşünje bilen ýaşaýarlar. Galyňa-galyň, onuň daşyndan çykjak çykdaýjylar barada pikir hem etmeýärler. Okuwsyzy şeýlemikä diýseň, okuwly gyzlar hem şol pikirde.

Oglanlar okanlarynda gyz bilen tanşyp, halaşyp durmuş gursalar hem şol hiç ýerde ýazylmadyk "kanuna" boýun bolup öýlenýärler. Oglanlaryň arasynda hem "ýorganyna görä aýagyny uzatmaýany" köp. Öýlenjek oglanyň gurply hossarlary bolsa ne ýagşy, bolmasa-da ýaşlar ene-atalaryna karz-kowal aldyryp, uly bergä batyp, öz diýenlerini etdirýärler. Olar durmuş guranlaryndan soň hakyky maşgala durmuşynyň başlanýandygyny, galyň, toý üçin alnan karz pullary üzmäge öz goşantlaryny goşmalydygyna, öňlerinde çözmeli durmuşy meseleleriň köpdügine düşünmeýän ýaly. Olarda döreýän kynçylyklary çözmek ýene ene-atanyň paýyna düşýär.

Ýagdaýlara syn etdigiňçe ençeme soraglar ýüze çykyp ugraýar: türkmenler ogullaryny ýaş öýerip, gyzlaryny ýaş durmuşa çykarýarlarmyka? Ýa-da durmuşa akyl ýetirip bilenoklarmyka? Dogrudan hem ýaşlaryň köpüsi muňa düşünenoklar. Bir öýlerine görme-görşe gelen, durmuşa çykan gyzyň ýagdaýy soralanda, "menä toý bolsa hemme zat güläle-güllükmikä diýip pikir edýärdim welin, asyl hemme durmuşy hysyrdylar toýdan soň başlanýar ekeni" diýip, janygyp gürrüň bereni ýadyma düşýär.

Dogry, musulmançylykda gelinligiň hossarlaryna galyň tölemek adaty bar, ýöne onuň mukdary, görnüşi takyk, aýdyň kesgitlenmedik. Musulmançylyga ser salyp, galyň hakyndaky Pygamberlerimiziň hadyslaryny okasaň, Olar mahr – ýagny sowgat edilmelidigi, onuň hem azam däl, köpem bolmaly däldigini, ony öýlenjek oglanyň maddy ýagdaýlaryna laýyklykda iki tarapyň hem ylalaşyp kesgitlemegini ündeýär.

Musulmançylykda bellenilen galyň baradaky hadyslara ýüzleneliň:

"Aýallaryň birinji betbagtlylygy – ol hem galyňyň mukdaryny artdyrmakdyr".

"Eger aýal özi üçin uly galyň talap edýän bolsa, onda ol ýaramaz gylyklydyr, onuň ýalydan gowy zada garaşmaň".

"Aýallaryň hakyky mertebeleriniň biri hem az galyň talap etmek. Eger ol köp galyň talap edýän bolsa, ol ýaramaz alamat".

"Agzalalyk bolmaz ýaly, aýal üçin uly we gymmatbaha galyň talap etmäň".

Seredip otursaň Islam hem köp, uly galňyň-sowgadyň tarapdary däl. Ýöne häzir bizde ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň "süýthaky" diýip atlandyrylan, gyzyň ejesine nähili görnüşde-de bolsa berilýän sowgadyň mukdary, görnüşi ymykly üýtgedildi.

Galyň ýüwaş-ýuwaşdan galňap-galňap gyzyň satyn alynmagyny aňladýan hakyky galyň (wykup) derejesine ýetdi. Söz aýdyjy baranyňda eliňe bir okuwçy depderiň iki sahypasy doldurlan salgytlaryň sanawyny tutdyrýarlar: başda uzyny 10-15 müň dollar görnüşinde, brillýant, gyzyl şaý-sepler, türkmen haly, telewizor, saz merkezi, näçe-näçeden gymmatbaha matalar, gyňaçlar, ýaglyklar... öý goşlary... aý sanasaň sogaby bar diýýäýmeli.

Galyňyň mukdaryny, görnüşini gyzyň ýeňňeleri-ýagny gelnejeleri, aýal doganlary kesgitleýärler. Soň hem mal geçirmäge gelenlerinde edil "goststandart" kesgitlän ýaly ýekeme-ýeke sanap alýarlar.

Galyňyň sanawyny jemlejek bolsaň başga dert hem gerek däl. Köp ogullylaryň dat gününe! Şonuň üçin hem türkmen aýallary orta ýaşa ýetmänkä alada astynda köp keselleri özlerinde jemleýärler. Çagalaryny ulaldyp, berlen gysga ömri ýaşaýmaly mahaly özlerinde jemlenen dertlere şypa tapmagyň aladasy bilen ýaşap, durmuşyň lezzetinden mahrum bolýarlar.

Galyň meselesi köp maşgalalarda maşgala agzalarynyň agzybirliginede öz ýaramaz täsirini ýetirýär. Gaýynenäniň özi ýa-da oglunyň üsti bilen "ejeň pylan, pylan... zat etjekdigini boýun alypdy, ýöne etmändir, etsindä" ýa-da baldyzlary "maňa muny getiripsiň, pylan... sowgat getiräýmelidiňdä!" diýip öz nägileliklerini bildirýärler. Şeýlelikde gelin özüni ýazykly, günäkär ýaly duýup, ony tukatlyk derejesine ýetirýän maşgalalarada duş gelinýär. Süýji gatnaşmaly iki gudanyň arasynada tow düşýär. Maşgalada hemme bolup geçýän ýagdaýlar şol maşgalanyň öz içki syry. Nägileligi gepiň gerdişinde ikilän-ýekelän maşgala agzalarynyň agzyndan eşdäýmeseň, biljek zadyň ýok. "Ýuwaş uruş" maşgalanyň öz içinde dowam edýär...

Köp galyň töläp gyzyň mertebesini kemsidýän we özlerine bakna edýän maşgalalara hem duş gelinýär. Maşgalany nägilelik, dartgynlylyk ýagdaýy, tukatlyk, toý üçin alnan bergileri üzmegiň aladasy gurşap alýar. Onsoň şeýle durmuşda ýaşaýan gelniň ýagdaýy nähili bolarka?! Üstesinede köp maşgala gelinden gelin bolup gelen gününden başlap çaga hantama.

Köp gelinler şeýle ýagdaýda ýaşap, gan azlylyk keselini gazanýarlar. Şonuň üçin göwreli gelinleriň hemmesi diýen ýaly gan azlylykdan ejir çekip, özüni we dogjak bäbegini bolmalysy ýaly iýmitlendirmän, çaga üçin hem, özleri üçin hem her-hili garaşylmadyk ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolýarlar.

Ýa-da bolmasa, ýaş gelinleriň gan azlylykdan, wagtly-wagtynda kadaly iýmitlenmezliginden bedeni tapdan düşüp kesellere garşylygy peselýär we bejermesi kyn bolan her-hili kesellere sezewar bolýarlar.

Seredip otursaň, türmenlerde hany, öňki daýaw-daýaw oglanlar, ýigitler! Türkmen nesliniň müçesi kiçeldi. Kiçelmegine elbetde başga zatlar (ekologiýa, duş gelýän enşeme sosial meseleler, dogry iýmitlenmezlik we ş. m.) hem täsir edýändir. Ýöne meniň pikirimçe, türkmen maşgalasyna, esasan hem ýaş gelinlere belli bir derejede galyň meselesi ýaramaz täsirini ýetirýär diýip aýdyp biljek. Pikir edip görüň, biziň geljekki neslimiziň sagdynlygynyň, ýaş gyz-gelinleriň saglygyna baglydygyny hiç kim inkär edip bilmez.

Şonuň üçin hem, ýaşlaryň durmuş gurmakdaky galyňly meselesini jemgyýetiň hemme gatlagyna (ýaramaz ýaşaýana-da, gurply ýaşaýana-da deňlik) elýeterli bolar ýaly ýeňilleşdirip, sowgat berme derejesine ýetirmeli. Muňa galyňyň sanawyny düzýän gelinler hem, gyzyň ene-atalary hem düşünse gowy boljak. Galyberse-de, Döwlet derejesinde galyňyň möçberi kesgitlenip, kanunlaşdyryp, gözegçilikde saklansa, neslimiz belli bir derejede sagalardy, galyňly meselede köp duş gelýän nowsanlyklaryň öňi alnardy.

Bu meselede geçen asyryň 70-80-nji ýyllarynda ýaş ýigitler galyňsyz öýlenmek üçin her-hili ýollar bilen çalşyp, öz isleglerini gazanardylar. Häzirki döwrüň oglanlary arkaýyn ene-atasynyň "boýnunda" otyrlar diýseň boljak.

Ýokarda, foruma degişli suratda gaty aýdyň şekillendirilen. Galyňyň sanawyny görende oglanyň ejesi görgüliň gözi hanasyndan çykýar. Okasaň gözüň çykmaz ýaly hem däldir.

Ýokarda siziň belläp geçişiňiz ýaly, galyň sözüniň manysyny anyklasaň, satyn alma, arap dilinde bolsa "mahr" sözi gyza sowgat etme manysyny berýär. Sowgat etme manysy ýerlikli. Dogry, galyň alnyp sowgat edýäris diýilmegi hem mümkin. Durmuş gurýan ýaş çatynjalara biriniň hasabyna, edil şol wagt gerek ýa-da gerekmejek zatlary aldyryp, öý gurmak hökmanmy! Özleri işläp gazanyp alsalar gadyry hem başga bolardy. Baryp, ömürlik ýaşajak ýerini uly çykdaýja batyryp alnan gymmatbahaly sowgatlaryň, gyzyldyr-brillýantlaryň nämä derkarlygy barka! Ýa-da türkmen gaýynenesine, gaýynatasyna ömri ötýänçä bergi üzüp ýaşama Hudaý tarapyn berlen jezamyka?!
Ýaş oglan-gyzlar galyňly meselä nähili garaýarlarka? Näme üçin bu meselä oglanlar şeýle bolmaly ýaly arkaýyn garap, özlerini perwaýsyz alyp barýarlarka?

Köp çagaly Maral daýzanyň şahsy pikiri.

___________________________________________________________________

Suratyň awtory - Merjen Gylyjewa.

  • 11416 gezek okalan