• Baş Sahypa
  • Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • ERKEK ADAMLARYŇ ÝUMURTGAJYGYNDA WE TOHUMLYK TANAPJYGYNDA SUWUŇ ÝYGNANMA KESELI

ERKEK ADAMLARYŇ ÝUMURTGAJYGYNDA WE TOHUMLYK TANAPJYGYNDA SUWUŇ ÝYGNANMA KESELI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.30 (20 Ses)

Çagalaryň ýumurtgajygynda suwuň ýygnanmagy – gidrosele – ýumurtgajyklaryň daşky bardasynyň gatlaklarynyň arasynda suwuklygyň ýygnanmagy bilen ýüze çykýan keseldir. Ýygnanýan suwuklygyň mukdary adatça 30-300 ml. deň bolup, seýrek ýagdaýlarda 1 litra ýetip bilýändir.

Tohumlyk tanapjygynyň gatlaklarynyň arasynda suwuň ýygnanmagy – funikulosele diýip, tohumlyk tanapjygynyň kistalaryna aýdylýar. Şeýle täze döremäniň diwarlary birleşdiriji dokumadan, içi bolsa tekiz epiteliý gatlagynyň birnäçe gatyndan ybaratdyr. Adatça funikulosele 20-45 ýaş aralygyndaky ýaş erkek adamlaryň arasynda ýygy duş gelýär.

Sebäpleri

Gidrosele esasan ýumurtgajyklaryň bardasynyň bölüp çykarýan we sorup alýan suwuklygynyň arasynda deňagramlylygyň bozulan ýagdaýynda döreýändir. Köplenç gidrosele ýumurtga haltajygynyň agzalarynyň alawlama ýa-da şikeslenme ýagdaýlaryndan soň ýüze çykýar.

Funikulosele bolsa döreýşi boýunça dogabitdi ýa-da gazanylan görnüşli bolup biler. Birinji görnüş garnyň ýylmanak bardasynyň jynshana gatlagynyň ýapylmasynyň doly bolmadyk halatynda ýüze çykyp, tohumlyk tanapjygynyň kistasyny emele getirýär. Eger garnyň ýylmanak bardasy suwuklyk toplanandan soň ýapylyp, kista galsa, onda çäklendirilen funikulosele emele gelýär.

Gazanylan funikulosele ýumurtga haltajygynyň agzalarynyň alawlama hadysalary ýa-da şikesleri sebäpli ýaýbaňlanyp biler. Bu täze döreme oglanjygyň jynsy kämilligi döwründe ýa-da çanaklyk agzalarynda durgunlylyk ýagdaýlary ýüze çykanda ulalyp bilýändir.

Alamatlary

Gidrosele bir ýa-da iki taraplaýyn ýüze çykyp, görnüşine görä ýumurtga haltajygynyň ulalmagy, onda agyrlygyň döremegi, kähalatlarda biraz agyrylaryň we ýörelende oňaýsyzlygyň döremegi bilen ýüze çykyp biler.

Funikulosele köplenç ýagdaýlarda alamatsyz ýüze çykyp, lukmançylyk barlaglary netijesinde ilkinji gezek anyklanyp biler. Seýrek halatlarda bu täze döreme hereketlenme we fiziki işjeňlik netijesinde döreýän agyrylar bilen ýüze çykyp bilýändir.

Anyklanylşy

Gidroselede barlag wagty ýumurtga haltajygynyň bir tarapynyň ulalandygy syn edilýär. Funikuloselede ýumurtga haltajygynyň ýokarky böleginde kista görnüşli döreme kesgitlenip, ýumurtgajyk aşak çekilende ol hem aşak çüýşýändir. Keselleriň ikisini hem anyklamakda doly maglumaty almak üçin ultrases barlagy netijeli bolup biler.

Tohum tanapjygynyň ýokarky böleginde ýerleşýän funikuloseleni köplenç gasyk ingisinden tapawutlandyrmaly bolýar. Ingi haltajygynyň içindäkiler basyp düzedilen ýagdaýynda mahsus jugurdylar eşidilýär. Ingi düzedilenden soňra gasykdaky çiş ýitýär. Funikuloseleni şeýle ýol bilen düzetme synanşygy başa barmaýar.

Bejergisi

Gidrosele keseli hirurgiki usul bilen bejerilýär. Punksiýa (deşme) edip suwy alma wagtlaýyn netijeliligi berýändir. Häzirki wagtda dörän kliniki ýagdaýlara görä operasiýa usullarynyň birnäçe görnüşini ulanýarlar:

► Rossynyň operasiýasy – garyn boşluk bilen arabaglanşygy aýryp, suwuklyk üçin akym döretmekden ybaratdyr. Bu operasiýa örän ýönekeý bolup, ýumurtgany az şikeslendirýändir we gowy netije berýändir.

Winkelmanyň operasiýasy – suw haltajygyny açyp suwy boşatmakdan we ýumurtgajygyň bardalaryny dilip, onuň yz tarapynda tikip goýmadan ybaratdyr.

Bergmanyň operasiýasy – uly göwrümli gidroselede ulanylýar. Bu operasiýa netijesinde ýumurtgajygyň daşky bardasynyň artyk bölegi dilinip aýrylýandyr.

Funikulosele keseliniň bejergisi näsagyň ýagdaýyna görä saýlanylýar. Diňe näsagy ýygy ýüze çykýan agyrylar, ýumurtga haltajygynyň duýulýan ulalmasy oňaýsyzlyk bildirýän halatynda hirurgiki bejergi ulanylýandyr.

Köplenç funikuloseleni bejermek üçin punksiýa ulanylyp, döremäniň içindäki suwuklyk boşadylýandyr. Ýöne şeýle bejergi bardalaryň arasynda sepleşme ýagdaýynyň döremeginiň sebäbi bolup biler. Eger 2-3 gezek geçirilen punksiýa bejergisinden soň kesel ýene ýaýbaňlansa, näsaga operasiýa bellenilýär.

Uzaga çekmeýän operasiýa netijesinde tohum tanapjygynyň kistasy "oturan ýerinden" çykarylyp, kesip aýrylýandyr.

Keselleriň öňüni alyş çäreleri

Öňüni alyş çäreleri esasan ýumurtga haltajygynyň agzalarynyň şikeslenmesinden we alawlama, şol sanda jyns gatnaşygy arkaly geçýän ýokançlyklar netijesinde döreýän alawlama hadysalaryndan hem goranmagy öz içine alýandyr. Jyns haltajygynda dörän islendik täze döreme özbaşdak bejermelerden gaça durup, lukmana özwagtynda ýüzlenmek üçin çynlakaý esas bolup durýandyr. Dogry başlanan bejergi umumy saglyk ýagdaýyny, şeýle-de önelgelilik saglygyny gorap saklamaga ýardam berer.

  • 2868 gezek okalan

Teswirler (8)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. mekan

salam hormatly lukman. men 22 yashymda ozum warikosele operasiyasyny gecirdim sonra cep yumurtgda gidrosele bolup operasiyasy boldum. shondan sonam yumurtgamyn damarlary hemde yumurtgada goshulan et bolegi bar. shul agyrydan ejir cekyarin. bir...

salam hormatly lukman. men 22 yashymda ozum warikosele operasiyasyny gecirdim sonra cep yumurtgda gidrosele bolup operasiyasy boldum. shondan sonam yumurtgamyn damarlary hemde yumurtgada goshulan et bolegi bar. shul agyrydan ejir cekyarin. bir gezek gidrosele ayrylandan son tazeden gaytalanyl bilermi. maslahatynyza matach

Dowamy
 
  1. keymir

Hormatly lukman gidrosele keselin nama zyyany bar we onelgesizligede getirip bilyarmi

 
  1. Gandym.

Ýaş çagalarda we oglanlarda köplenç operasiýa bilen bejerilýän-kiçi oglanlarda gidrosele, uly oglanlarda tohumlyk tanapjygynyň töwereginde gan ygnanmagy waricosele kän bir ýygy bomasada, ýüze çykyp durýar. Eger wagtynda bilinmän bejerilmese, ýaş...

Ýaş çagalarda we oglanlarda köplenç operasiýa bilen bejerilýän-kiçi oglanlarda gidrosele, uly oglanlarda tohumlyk tanapjygynyň töwereginde gan ygnanmagy waricosele kän bir ýygy bomasada, ýüze çykyp durýar. Eger wagtynda bilinmän bejerilmese, ýaş ýigidiň harby gulluga gitmegine hem öz zelelini ýetirýär.

Dowamy
 
  1. Babaly.

Lukmançylyk ylmynyň we hyzmatlarynyň ösmegi bilen erkek adamlaryň ýumurtgalygynda we tohumlyk tanapjygynda suwuň, ganyň ýygnanmagy bilen ýüze çykýan keselleriň bejermesi degerli ýagdaýda geçirilýär. Öňki döwürlerde biziň ata-babalarymyz bu...

Lukmançylyk ylmynyň we hyzmatlarynyň ösmegi bilen erkek adamlaryň ýumurtgalygynda we tohumlyk tanapjygynda suwuň, ganyň ýygnanmagy bilen ýüze çykýan keselleriň bejermesi degerli ýagdaýda geçirilýär. Öňki döwürlerde biziň ata-babalarymyz bu keseller bilen köp kösenipdirler.

Dowamy
 
  1. Beşir.

Çaga ulaldýan ene-atalar üçin örän derwaýys makala. Sebäbi ýaş oglanjyklar ýumurtgalykda ýygnanan suwa bilmezlikden üns bermeýärler. Şonuň üçinem ösüp barýan oglanyň ol agzasyny ata-eneleriň gözegçilikde saklamaklaryny makala aýdyňlygy bilen...

Çaga ulaldýan ene-atalar üçin örän derwaýys makala. Sebäbi ýaş oglanjyklar ýumurtgalykda ýygnanan suwa bilmezlikden üns bermeýärler. Şonuň üçinem ösüp barýan oglanyň ol agzasyny ata-eneleriň gözegçilikde saklamaklaryny makala aýdyňlygy bilen görkezýär.

Dowamy
 
  1. mergen

Hormatly lukman gidrosele keselin nama zyyany bar we ona jyns gatnashyklar tasir edyarmi

 
  1. mergen

Maraheh.ru

 
  1. Ýigit.

Käbir erkekler öýleneninden soň önelgesizlikden kösenýärler weli, çakym çak bolsa olaryň köpüsi şu makalada görkezilen keselleri başdan geçirenlermikä diýip oýlanýaryn.

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location