• Baş Sahypa
  • Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • GIGROMA KESELI ÇAGALARDA WE ULY ADAMLARDA: SEBÄBI, ALAMATLARY, BEJERGISI

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GIGROMA KESELI ÇAGALARDA WE ULY ADAMLARDA: SEBÄBI, ALAMATLARY, BEJERGISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.72 (18 Ses)

Gigroma – bogny gurşaýan bogun torbasynda, şikeslenmäniň täsiri bilen goýy suwuklygyň ýygnanmagy netijesinde dörän, howply bolmadyk kista şekilli emele gelmedir. Çiş görnüşli bu emele gelme ýumşak ýa-da gaty düzüme eýe bolup, bognuň dürli ýerlerinden peýda bolup bilýändir. Bu keselde ýaş tapawudy bolmaýar, şonuň üçin hem ulularda, hem çagalarda ýygy duş gelýändir.

Aýratynlygy

Gigroma köplenç ýagdaýlarda goşar bognuň, dyz, daban bogunlarynyň töwereginde, örän seýrek halatlarda kelle beýnisinde döräp bilýändir. Kelläniň ýeňse böleginde ýerleşmegi has howply bolup, bu ýagdaý ölüme getirip bilýändir.

Şeýlelikde, gigroma bogun kesellerine degişli bolup, üstünden basylanda çişdäki suwuklygyň bogun boşlugyna guýulmagy sebäpli, çişiň wagtlaýynça ýitip gitmegi mümkindir. Beýle ýagdaý çişiň aýrylyp gidendigini aňlatmaýar, ýene gysga wagtdan ol täzeden döreýär.

Gigromanyň sebäpleri

Gigromanyň döremeginiň anyk sebäbi belli bolmasa hem, lukmanlar birnäçe sebäpleri we ony döredip biljek şertleri belläp geçýärler. Meselem, çagalarda gigroma heniz enesiniň göwresindekä, şeýle hem dogulandan soňra ýüze çykyp biler.

Gigromanyň ösmegi üçin esasy sebäpler:

► süňk bognunyň birleşdiriji dokumasynyň näsazlyklary;

► göwredäki düwünçegiň hereketiniň ýokarlanmagy ýa-da peselmegi;

► el-aýaklaryň şikesleri;

► bogun baglaýjylaryň süýnmegi;

► aşa fiziki agramlylyk;

► nesilyzarlaýjylyk;

► bogunlaryň sowuklama kesellerini geçirmeklik (artit, periartrit, bursit).

Gigromanyň çagalardaky alamatlary

Gigromanyň alamatlary onuň ýerleşýän ýerine we göwrümine gönüden-göni baglydyr.

Uly bolmadyk gigromalar hiç hili ynjalyksyzlygy döretmezden, uzak ýyllaryň dowamynda saklanyp bilýändir. Ýöne wagtyň geçmegi bilen ulalyp, fiziki işjeňlikde agyry alamatlarynyň döremegine getirýändir.

Ýitileşme ýagdaýlarda gigromanyň emele gelen ýerinde deriniň gyzarmagy bolup, el bilen barlanylanda gaty, dykyz, hereketsiz çişi duýmak mümkindir. El bilen barlananda agyry alamaty hem ýüze çykyp biler.

Haçanda ýitileşme döwri geçip, gowşama döwrüne geçen ýagdaýynda bu kesel dowamly geçiş görnüşine öwrülip bilýändir. Aşakdaky alamatlar çagalarda ýüze çykan halatynda, ene-atalar wagty gidirmezden öz çagalaryny barlagdan geçirmelidirler:

→ bedende ululygy 5 sm. çenli bolan togalak görnüşli, ýumşak ýa-da gaty ýagdaýa eýe bolan emele gelmeler;

→ ellenilende ýa-da hereket edilende bogunlarda dürli yzygiderlikde agyry alamatlaryň bolmagy we bogunlarda hereketiň çäklenmegi;

→ gigromanyň töweregindäki deri galňan we teňňe şekilli bolan halatynda;

→ kiçi bolmadyk gigromanyň ýakynynda ýerleşen nerw süýümleriniň basylmagy netijesinde, duýujylygyň bozulmagy.

Gigromanyň häsiýetleri:

⇒ togalak ýa-da süýri şekilli 3-5 sm. çenli ululykda;

⇒ üst gatlagy tekiz;

⇒ adatça gigromanyň üstündäki deri üýtgemedik;

⇒ az hereketlilik, ýagny gigroma bogun gatlagyna berkidilen ýagdaýdadyr;

⇒ köplenç eliň, aýagyň bogunlarynyň öňki üst ýüzünde ýa-da dyzyň arkasyndaky çukurjykda ýerleşýär;

⇒ gigromanyň üstündäki deri hereketjeň, süýşmäne ukyply;

⇒ bedende umumy gowşaklyk alamatlary ýok.

Dyzyň arkasyndaky çukurjykda dörän gigroma ýygy ýüze çykýan görnüşidir. Hereket edilende ynjalyksyzlygy we agyry duýgularyny döredip bilýändir we hereketliligi çäklendirýändir.

Adatça kiçi gigroma üçin agyry alamatlary häsiýetli däldir, ýöne oňa agram berlende agyryp bilýändir.

Gigromanyň birnäçe ýyllaryň dowamynda haýal ösmegi hem, şeýle hem duýdansyz emele gelmegi mümikindir. Çiş öz-özünden ýarylmaýar we ýitip ýok bolup gitmeýär. Hiç haçan howply çiş kesellerine geçip bilmeýär, şonuň üçin hem bejergi netijelidir.

Anyklaýyş çäreleri

Anyklamak üçin lukman inçe iňňe bilen sordurma usulyny belleýär. Bu usul gigromanyň düzümindäki suwuklygy almaklyga we onuň düzümini barlamaga gönükdirilendir. Inçe iňňe bilen sordurmak usulyndan başga-da, onuň düzümini, dykyzlygyny anyklamak üçin ultrases barlagy, rentgenografiýa (çagalarda seýrek geçirilýär) barlagy ulanylýar. Gigroma döremesi barada has anyk maglumaty magnit-rezonansly tomografiýa usuly berýändir.

Gigromany lipomadan, ateromadan, deriniň başga çiş kesellerinden tapawutlandyrmak lukman üçin zerurdyr.

Gigromanyň bejergisi

Gigromanyň bejergisi onuň ýerleşýän ýerine we ululygyna gönüden-göni baglydyr. Onuň bejergisinde birnäçe usullar ulanylýan bolsa-da, köp lukmanlar hirurgiki usuly has netijeli hasaplaýarlar.

Fizioterapiýa emleri

Kiçi ululykly gigromada fiziki faktorlar bilen bejerginiň birnäçe usuly ulanylýar: elektroforez, palçykly bejergi, ultramelewşe şöhle, ýylylyk bilen we parafin ýapgysy.

Deşmeklik (punksiýa)

Uly görnüşlerde gigromany deşip içindäki suwuklygy çykarmak çäresi geçirilýär. Bu ýerde punskiýa anyklaýyş çäresi däl-de, bejergi höküminde geçirilip, gigromanyň içindäki hemme suwuklyk çykarylýandyr we antibiotik derman serişdeleri içine göýberilýändir. Çagalaryň 70%-de gigromany aýyrma gazanylýan bolsa hem, galan böleginde onuň täzeden döreme ähtimallygy ýüze çykyp biler.

Hirurgiýa çäreleri

Çagalarda hirurgiýa usuly bilen bejermeklik, ululara garaňda örän seýrek geçirilýär. Olarda bu usuly ulanmak üçin güýçli agyry we punksiýanyň netijesizligi esasy görkezme bolup biler.

Operasiýany ýerli agyrsyzlandyrma bilen geçirip, onuň tapgyrlary gigromanyň esasyny tapyp, gaýtalanmazlygy üçin daşyndaky bardasy (kapsula) bilen doly kesip aýyrmakdan we tikin göýmakdan ybaratdyr. Uly we anatomiki çylşyrymly ýerlerde ýerleşen gigromalarda umumy agyrsyzlandyrma usuly ulanylýandyr. Gigroma aýrylandan soňky döwürde ellere ýa-da aýaklara bellenen wagt hereket etmek maslahat berilmeýär.

Operasiýadan soňra gigromanyň täzeden döremegi 5-20% ýagdaýlarda duş gelip bilýändir. Operasiýadan soňky dikeldiş çäreleri 2 aý töweregi wagty öz içine alýar.

Häzirki wagtda gigromany endoskopiýa usuly bilen operasiýa etmeklik ýola goýulýar. Bu usul bilen bejergide şikes almaklyk azalýar, dikeldiş döwri gysgalýar we kosmetiki jähtden gowy netijeler gazanylýar.

Önüni alyş çäreleri

Eger kesel çagada nesilleýin häsiýete eýe bolsa ýa-da göwrelilik döwründe emele gelen bolsa, onda onuň öňüni almak mümkinçiligi ýokdur.

Ulular we ýetginjekler üçin birnäçe sada düzgünler, keseliň döremek mümkinçiligini peseldip biler:

► bogunlara düşýän fiziki agramlylygy çäklendirmek ýa-da arakesme bermeklik;

► fiziki hereketlerde, sport bilen meşgullanylanda bogunlary berkidiji sargylary ulanmaklyk örän uly peýda getiriýändir;

► bogunlaryň şikeslerinde özwagtynda lukmana ýüz tutmaklyk zerurdyr.

  • 1580 gezek okalan

Teswirler (6)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Pereň

Ol emele gelmäniň-gigromanyň köplenç gyzlara seredeniňde oglanlarda duş gelýänine gabat geldim. Belkäm, ol bedende bolup geçýän başga ýagdaýlardan garaşly bolup durýändyr.

 
  1. Bossan

Onuň bejermesi diňe operasiýa geçirip dynaýmalymyka diýýärin. Başga ýagdaýda wagtyň geçmegi bilen ol howply täze döremelere ýazmaýarmyka?

 
  1. Kemal.

Bedeni täze emele gelmelerden halas bolýan adam örän azmyka diýýärin. Olar her dürli bolup, bedeniň dürli ýerlerinde ýüze çykýarlar. Mümkin olary bedende bozulan madda çalyşmalary ýa-da daşky gurşawyň bozulmagy emele getirýändir. Ýöne gigroma...

Bedeni täze emele gelmelerden halas bolýan adam örän azmyka diýýärin. Olar her dürli bolup, bedeniň dürli ýerlerinde ýüze çykýarlar. Mümkin olary bedende bozulan madda çalyşmalary ýa-da daşky gurşawyň bozulmagy emele getirýändir. Ýöne gigroma olaryň arasynda az duşýany bolup duran ýaly.

Dowamy
 
  1. Ylýas.

Lukmana ýüz tutulmasa adamlar gigromany haýsam bolsa bir çiş ýa-da kiçijik bolsa siňňildirem hasap edýänler bar. Ýöne lukmana ýüz tutup bejerseň gorkuly zady ýok.

 
  1. Muhammet.

Hormatly Lukman! Haýyşymy ýerine ýetireniňiz üçin minnetdar. Ýedi ýaşly oglymyň dyz bognunyň yzky tarapynda hozuň ululygynda çişjagaz bar. Gigroma diýdiler. Diňe kesim bilen bejermeli diýip maslahat berdiler. Näme etjegimi bilmän ýaýdanyp durun....

Hormatly Lukman! Haýyşymy ýerine ýetireniňiz üçin minnetdar. Ýedi ýaşly oglymyň dyz bognunyň yzky tarapynda hozuň ululygynda çişjagaz bar. Gigroma diýdiler. Diňe kesim bilen bejermeli diýip maslahat berdiler. Näme etjegimi bilmän ýaýdanyp durun. Siz näme maslahat berýärsiňiz!

Dowamy
 
  1. Okujy

Šunuñ ÿaly çiś mende 15-16 ÿaślarymda bolupdy. Bedenterbiÿe mugallymym (Gennadiÿ Surenowiç) elmydama owkalap gezmegi maslahat beripdi. Soñ aÿrylyp gitdi. Aÿrylanyny duÿman galdym. Šondan soñ döremedi, Hudaÿa śükür.<br />Häzir 42 ÿaśymda. ;-)

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location