• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • TOMUS PASLY HAÝSY KESELLERDEN GORANMALY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TOMUS PASLY HAÝSY KESELLERDEN GORANMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.11 (19 Ses)

Gyş pasly biz dümew keseli bilen ýygy keselleýän bolsak, ýazyň gelmegi bilen allergiki täsirlilik artýar, ýaz we güýz pasyllary köp dowamly geçýän keseller (meselem, aşgazanyň baş keseli) beterläp, bejergini talap edýär.

Tomus pasly haýsy keseller duş gelýärkä?

IÇGEÇME

Içgeçmäniň esasy sebäpleri bolan bakteriýalardyr wiruslar iýmit önümlerine düşüp we özboluşly zäherleri bölüp çykaryp, içiň geçmegi we ýürek bulanma, gaýtarma ýaly alamatlary döredýärler.

Näme etmeli?

► Gaýtarma we içgeçme netijesinde bedenden suwuklygyň we duzlaryň artyk bölünip çykmazlygyny gazanmaly. Köp suwuklyk, esasan hem duzlary saklaýan mineral suwlary içiň. Şonuň ýaly-da, berhiz tutma wajypdyr.

► Keseliň ýeňil geçýän ýagdaýlarynda (içgeçme günde 2-3 gezek bolanda) içegäniň işjeňligini peseldýän dermanlary (loperamid, imodium) kabul etmek maslahat berilýär. Şonuň ýaly hem, içegäniň nemli gatlagyny goraýan we zäherleri çykarýan serişdeleri (kömür gerdejikleri, smekta, neosmektin, diosmektin, filtrum, polifan, enterodez) ulanmak peýdaly bolup biler.

► Berhiz we geçirilýän bejergi netijesiz bolan ýagdaýynda ýa-da alamatlar has agyr geçende lukmana ýüz tutmak wajypdyr. Köpler bakteriýalara garşy ulanylýan serişdeleri (furazolidon, nifuroksazid) özbaşdak kabul etmäge ymtylýarlar. Ýöne köplenç lukmana ýüz tutmazdan bejergini ýalňyş we ýerliksiz geçirýärler.

► Içege ýokançlyklarynyň içinde beden üçin howply bolan keselleri hem wagtynda anyklamak wajypdyr: ganly içgeçmede (dizenteriýa) täretde gan görnüp, täret etmeler agyryly bolýar. Mergi (holera) keselinde bolsa köp suwuklyk ýitirilip, täret tüwüli gaýnatma meňzeş bolýar.

GÜNDE ÝANMAK

Lukmanlaryň anyklamagyna görä, çagalykda derisi günde 6 gezek ýanan adamda melanoma keseliniň döreme ähtimallygy iki esse ýokarlanýandyr!

Özüňi nähili goramaly?

► Mümkin boldugyndan hemişe kölegede boljak boluň. Esasan hem 11.00 sagatdan 15.00 sagat aralygynda güne çykmajak boluň.

► Çagalary, esasan hem 6 aýlyk ýaşa çenli bolan kiçi çagalary güne çykarmaň. Olaryň derisi näzik bolup, güň şöhleleriniň aşagynda has çalt ýanyp biler. Şeýle-de, olaryň bedeniň ýylylygy sazlama ukyby pesdir.

► Günüň aşagynda bedeni ýapýan egin-eşigi, kelläňize gyralary giň şlýapalary geýmäge we gün şöhlelerinden goraýan äýnekleri dakmaga çalşyň.

► Güne çykanyňyzda goraýjy faktory (SPF) 30-dan pes bolmadyk günden goraýan kremleri ulanyň.

► Günüň aşagynda bolanyňyzdan soň, üns bilen deriňize serediň.

Näme etmeli?

Geçirilen goraýjy çärelere garamazdan, siziň deriňiz ýanyp, onda suwuklykly düwmejikler emele gelen bolsa, onda haýal etmän lukmana ýüz tutmak zerurdyr. Eger deriniň ýanmagy ýeňil derejede bolup, diňe gyzarma we çişginlilik alamatlary dörän bolsa, öý şertlerinde despantenolyň serişdelerini (bepanten, pantenol, pantoderm, pantelospreý, d-pantenol) ulanmak maslahat berilýär. Olar ýag, gel we pürkülip çykarylýan görnüşde öndürilýär. Agyryny aýyrmak üçin parasetamol ýa-da ibuprofen kabul ediň.

ARYNYŇ ÇAKMAGY

Sag adam 5-10 arynyň birden çakmagyny ýeňil geçirse hem, 200-300 çakmalar howply ýagdaýlara, 400-500 ary çakmalary bolsa ölüme hem getirip biler. Ary zäheri dem alyş merkeziniň işini togtadyp, böwrekleriň, ýürek-damar we nerw ulgamynyň ýagdaýyna ýaramaz täsir edýändir. Eger adamda arynyň zäherine ýokary täsirlilik bar bolsa, onda onuň ýekeje gezek çakmagy hem anafilaksiýa şoguny döredip, ölümçilige sezewar edip biler. Şeýle ýokary täsirlilikli adamlar meýdana çykanda, adrenalin dermanynyň ýanynda bolmagy hökmandyr.

Arynyň çakmalaryny esasan hem göwreli aýallar, çagalar we gartaşan adamlar agyr geçirýärler. Aýratyn hem arynyň agyz boşlugynyň nemli gatlagyna çakmagy has howply bolup durýar, sebäbi bu ýerde dörän çişginlilik bogulma ýagdaýyna getirip biler.

Näme etmeli?

Ary çakanyndan soň, onuň zäherli dilini ýiti iňňe bilen çykaryň we ýerini wodorodyň öteturşysy ýa-da odekolon, spirt, arak bilen süpüriň. Ary çakan ýere agyry we çişginlilik aýrylar ýaly, sowuk zat goýuň. Arynyň zäheriniň böwrekleriň üsti we der bilen çykarylýanyny göz öňünde tutup, köp mukdarda suwuklyk içiň. Allergiki täsirliligiň öňüni almak üçin allergiýa garşy serişdeleri (suprastin, zirtek, klaritin) kabul ediň.

TOMUSKY ALLERGIÝA

Ösümlik tozgalaryna bolan allergiki täsirlilik ýaz paslynda duş gelýän kesel ýaly kabul edilse-de, tomus pasly otlaryň ösmegi we tozgalamagy hem bu täsirliligi ýokarlandyrýar.

Bökdençlik döredýän goraýjy usullary uly kömek edip biler. Köçeden gelnenden soň gowy ýuwnup burunlary arassalama we agzyňy çaýkama hökmandyr. Penjireleriň öňüne çig hasalary asmalydyr. Burnuň nemli gatlagyny goraýan serişdeleri (meselem, Nazawal) ulanyp bolar. Ösümlikleriň güllemeginden 1-2 hepde öň kromoglikat derman serişdelerine degişli dermanlary (lukmanyň maslahaty wajyp) kabul etmek peýdaly bolar.

"ÝÜZÜJINIŇ GULAGY"

Suwda ýüzüjiniň gulagynyň daşky eşidiş kanalyna suw gidende, gulakda ýaramaz duýgular, gulagyň içinde suwuň bulkuldysynyň döremegi ýaly alamatlar ýüze çykýar. Gulagy we deprek perdesi sagdyn adamda suw daşky gulagyň kanalyndan aňyry geçip bilmeýär.

Näme etmeli?

Suw düşen gulagyňyz aşakda bolar ýaly, gapdala ýatyň we birnäçe gezek ýuwdunyň. Ondan soň gulaga düşen suw akyp çykyp biler. Ondan başga-da, pagtadan işilen uzyn inçe sapajygy gulaga sokup we onuň bir ujyny daşyna çykaryp, düşen suwy aýryp bolar. Pagta suwy sorup alar.

Lukmanlar gulaga düşen suwy gulak üçin niýetlenen pagta taýajyklary bilen aýyrmazlygy ündeýärler. Ol taýajyklar eşidiş kanalynyň we deprek bardasynyň şikeslenmelerini döretmäge ukyplydyr.

Eger suw aýrylandan soň hem gulakda sesiň bolmagy, gulagyň dykylmagy we eşidişiň peselmegi ýaly alamatlar galan bolsa ýa-da gulakdan bölünip çykmalar dörän bolsa, onda bu gulak gutusynyň (sernaýa probka) çişmeginden ýa-da daşky eşidiş kanalynyň sowuklamagyndan habar berýär. Şeýle ýagdaýda lukmana ýüz tutmak zerurdyr.

Suwuň aşagyna çümülende ýa-da burnuň bilen suw "ýuwdulanda", suw ortaky gulaga ýetip, onuň dykylmagyny hem-de sorkuldaýan agyrylary döredip biler. Şeýle ýagdaýlarda ýygy ýuwdunyň we gulaga bor spirtiniň ýyly ergini bilen öllenen pagta sapajyklaryny (turunda) goýuň. Gulaga damdyrylýan serişdeleri (Otipak, Otinum) ulanma hem maslahat berilýär. Bu serişdeleri gije damdyryp, ýüň ýaglyk bilen gyzdyryjy çäreleri geçirme hem peýdaly bolup bilýändir.

"ÝÜZÜJINIŇ GIJILEWÜGI"

Ylmy dilde ol "serkarioz" diýip atlandyrylsa, halk arasynda oňa "ördek keseli" diýilýär. Suw howdanlarynda ýüzýän ördekler şistosomatoz keseli bolan parazitar kesel bilen keselleýändirler. Ördekler suwa gurçuklaryň ýumurtgalaryny bölüp çykaryp, olar hem atgulaklary şikeslendirýärler. Olar bolsa keselden soň serkariý liçinkalaryny bölüp çykarýarlar. Suwda ýüzüp, olar ördekleri gözlese-de, köplenç adamlara hem ýokuşýarlar. Liçinkalar adamyň derisine girip, allergiki täsirlilige meňzeş gyzarma we gijileme alamatlaryny döredýärler. Kesele ördekler ýüzýän hemme suw howdanlarynda, ownuk köllerde duş gelip bolýar. Ýokuşma ýygylygy maý-oktýabr aralygy ýokarydyr.

Alamatlary

Suwa düşmeden birnäçe minut soň deride gyzma, sançma, gyzarma alamatlary döreýär. Käwagtlar bu alamatlar has gijigip, 12 sagatdan soň hem döräp bilýändir. Deriniň gyzaran ýerlerinde kiçijik düwmejikler peýda bolup bilýär. Alamatlar 3 günden 7 güne çenli saklanyp, derä giren liçinkalaryň sanyna görä, keseliň alamatlarynyň ýüze çykyş derejesi hem dürli bolup bilýär. Käwagtlar bedeniň gyzgynlylygy ýokarlanýar.

Näme etmeli?

Gijilemäni gowşatmak we gyzarmany aýyrmak üçin antigistamin serişdeleri (tawegil, zirtek, erius, klaritin) kabul ediň. Ýokançlyklar düşmez ýaly, deridäki örgünleriň ýerini gijemekden saklanyň. Bedeniň gyzgynlylygy ýokarlananda parasetamol içmek maslahat berilýär.

  • 5205 gezek okalan