• Home
  • Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • GYZYLÖDEGIŇ EROZIÝASY: SEBÄPLERI, ALAMATLARY, ANYKLANYLŞY WE BEJERIŞ USULLARY

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GYZYLÖDEGIŇ EROZIÝASY: SEBÄPLERI, ALAMATLARY, ANYKLANYLŞY WE BEJERIŞ USULLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.90 (21 Ses)

Gyzylödegiň eroziýasy – aşgazan şiresiniň yzygiderli gyzylödege düşmegi netijesinde gyzylödegiň nemli gatlagynyň zeperlenme ýagdaýydyr.

Aşgazan şiresi duz turşylygyna baý bolup, ol nemli gatlagy bozujy, zeper ýetirji häsiýete eýedir. Aşgazan şiresi kadada gyzylödege düşmeli däl hem bolsa, köp sebäpleriň täsiri bilen, meselem, diafragma ingisi, sary gaýnamalar, ýanyklar, gyzylödegiň şikeslenmegi netijesinde onuň nemli gatlagyna öz ýaramaz täsirini ýetirip biler.

Eroziýanyň sebäpleri

Gyzylödegiň eroziýasy birnäçe sebäpleriň täsir etmegi netijesinde döreýändir:

► diafragma ingisiniň döremegi;

► nemli gatlakda döreýän täze döremeler;

► oňurganyň döş bölüminiň gyşarmagy;

► gyzylödegiň nesil yzarlaýan keselleri;

► gyzylödegiň nemli gatlagynda aşa gyzgyn iýmitleriň ýa-da himiki maddalaryň täsiri netijesinde ýanyklaryň ýüze çykmagy;

► içege ýollarynyň wirusly we bakteriýaly keselleri;

► disbakterioz;

► gyzylödegiň aşaky sfinktriniň işiniň bozulmagy;

► aşgazan-içege ýollarynyň operasiýasy netijesinde alynýan şikesler;

► käbir derman serişdelerini kabul etmeklik (dofamin, beta-blokatorlar, narkotik agyrsyzlandyryjylar we ş. m.);

► käbit ýaramaz maddalaryň dowamly täsiri (nikotin, etanol, agyr metallaryň duzlary);

► böwrek ýetmezçiligi, sirroz;

► güýçli we dowamly stress ýagdaýy.

Köplenç halatlarda gyzylödegiň eroziýasy gastrit (aşgazanyň nemli gatlagynyň alawlamagy), duodenit (oniki barmak içegäniň alawlamagy), öt haltanyň daş keselleri bilen birleşip ýüze çykýp bilýändir.

Keseliň alamatlary

Gyzylödegiň eroziýasynyň ýüze çykmagynyň özboluşly alamatlary ýokdur we bu alamatlar başga keseller üçin hem häsiýetli bolup biler. Gyzylödegiň eroziýasyny güman etdirjek ýagdaýlar:

♦ döşde döräp garyn boşlugyna we dürli ýerlere tarap ýaýraýan ýiti we kütek agyrylar;

♦ stenokardiýa häsiýetli agyrylar;

♦ iýmit kabul edilende we bedeniň ýagdaýy üýtgände agyry duýmaklyk we ynjalyksyzlyk;

♦ aşa doýlanda we garyn çişme alamatlary duýlanda agyrynyň döremegi bilen gabat gelmegi, näsag dik duranda agyrynyň gowşamagy;

♦ gägirmeklik, gaýtarmaklyk, hynçgylawygyň tutmagy;

♦ disfagiýa (ýuwdunmada agyrynyň bolmagy);

♦ agyz boşlugynda ýakymsyz ysyň döremegi we köp mukdarda tüýküligiň bölünip çykmagy.

Ýokarky agzalan ýagdaýlar köplenç aşa doýlanda ýa-da köçede taýýarlanylýan gurak iýmitler bilen iýmitlenilende, alkogol içgileri kabul edilenden soň ýüze çykyp biljek ýagdaýlardyr. Hut şonuň üçin hem näsag beýle alamatlara çynlakaý üns bermeýär.

Wagtyň geçmegi bilen gyzylödegiň eroziýasy gan akmalara, aşgazanyň baş keseliniň, peritonitiň, damarlarda gan lagtalarynyň döremegine, howply çiş keselleriniň ýüze çykmagyna, nemli gatlagyň görnüşini üýtgedip, onda tygly yzyň galmagyna hem-de gyzylödegiň geçirijiliginiň bozulmagyna getirip bilýändir.

Özüňçe netije çykaryp gyzylödegiň eroziýasyny anyklamak mümkin däldir. Bu ýagdaý ähli anyklaýyş çäreleri geçirlenden soň ýüze çykarylýar. Ýokarky sanalan alamatlaryň yzygiderli ýüze çykmagy lukmana hökmany suratda ýüz tutmaga esas bolup durýandyr.

Gyzylödegiň eroziýasynyň anyklanylşy

Gyzylödegiň eroziýasy köplenç halatlarda näsagyň başga bir kesele arz edip gelmegi netijesinde ýüze çykarylýar. Lukman bilen söhbetdeşlik näsagyň arzlaryny öwrenmeden başlap, keseliň alamatlaryny toplamak bilen dowam edýär. Gastroenterolog esasy ünsi wagtlaýyn we hemişelik döreýän agyrylara, agyrynyň ýaýraýan ýerlerine (oňurga, boýun, döş ýa-da garyn boşlugynda çäkli ýerleşýän ýerlerine) bermelidir.

Barlaglaryň dowamynda gyzylödegiň ýagdaýyna we garyn boşlugyna yzygiderli üns berilýär. Boýun töwereklerinden başlap döş kapasasynyň ýagdaýyna, deri örtüklerine gözegçilik edilýär. Boýnuň ýüzüni elläp barlap görmeklik bar bolan çişleri ýüze çykarmakda peýdaly usuldyr. Gyzylödegiň eroziýasy güman edilende goşmaça barlag usullary bellenilýär:

•  peşewiň umumy barlagy;

•  täretiň gizlin gana barlagy;

•  ganyň biohimiki we umumy barlagy;

•  reflýuks ýa-da gyzylödek ingisini anyklamak üçin rentgen barlagy;

•  ezofagotonokimografiýa;

•  kolonoskopiýa.

Geçirilen barlaglaryň esasynda gyzylödegiň eroziýasy we goşmaça keselleri dogrusynda gutarnykly netije çykarylýar.

Keseliň bejerilişi

Gyzylödegiň eroziýasy kesel kesgidi tassyklanylandan soň, bejergi özwagtynda berilmelidir. Bejerginiň netijeliligini gazanmak üçin berhiz tutmak düzgünine eýermek ýerliklidir. Bejerginiň dowamynda diýetolog lukmanlaryň maslahatlary göz öňüne tutulmalydyr:

→ iýmit wagtly-wagtynda gözegçilikli kabul edilmeli;

→ iýmit aşa gyzgyn we sowuk bolmaly däl;

→ rasionda esasan şüle we pýüre görnüşli naharlar bolmaly;

→ et we balyk önümleri bugda taýýarlanan bolmalydyr;

→ ýiti tagamly, ýagly iýmitleri, kakadylan we duzly, turşy iýmitleri aradan aýyrmaly;

→ kofe, gazly suwlar, şokolad we sitrus önümlerinden saklanmalydyr – bular nemli gatlagy gyjyndyryjydyr;

→ içi ýellendirýän gök önümleri iýmekden saklanmalydyr;

→ çilim çekmeklik we alkogol içgileri içmeklik garşy görkezilendir.

Gastroenterolog lukmanyň görkezmesi boýunça aýratyn dermanly bejergi bellenilýär. Esasan üç topara degişli bolan dermanlar: antasidler, alginatlar we prokinetikler ulanylýar. Olar indiki täsirleri bilen biri-birinden tapawutlanýarlar:

⇒ Antasidler – aşgazan şiresiniň düzümindäki duz turşylygynyň täsirini ýatyryp, gyzylödegiň eroziýasynyň alamatlaryny peseldýändir. Bu topara degişli bolan dermanlaryň biri Almageldir- bu derman serişdesi nahardan 30 min. öň we ýatmazdan öň kabul edilmelidir;

Alginatlar – aşgazanyň nemli gatlagynyň ýüzünde goýy köpürjigi emele getirip, aşgazan şiresiniň täsirini peseldýändir. Bu toparyň wekili bolan Gewiskon nahardan soň we ýatmazdan öň kabul edilmelidir;

Prokinetikler – gyzylödegiň geçirijiligini we aşgazanyň hereketini çaltlaşdyryp, duz turşylygynyň gyzylödege täsir edip biljek wagtyny azaldýandyr. Motilium bu topara degişli dermanlardan bolup, 1gerdejikden 3-4 wagtyna nahardan 30 min. öň içilmelidir.

Şeýle hem proton pompasyny böwetleýjilerden Pariet bellenilip, gije-gündizde 20 mg. 8-10 hepde dowamlylykda kabul etmek (lukmanyň maslahatyndan soň) maslahat berilýär.

Gyzylödegiň eroziýasy bilen birlikde beýleki keseller utgaşyp ýüze çykarlanda dermanly bejergiler üýtgäp biler. Meselem:

► Duodenit we aşgazanyň baş keselleri – antibakterial bejergisi, şol sanda Helikobakter pilory. garşy serişdeler bellenilýär;

► Öt haltanyň alawlama ýagdaýy – öt çykaryjy we fermentli serişdeler ulanylýar. Öt haltanyň daş keselinde hirurgiki bejergi üçin görkezmeler bellenilýär.

  • 1186 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location