• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • DUODENIT: SEBÄPLERI, ALAMATLARY WE BEJERGISI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DUODENIT: SEBÄPLERI, ALAMATLARY WE BEJERGISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

duodenitDuodenit – bu oniki barmak içegäniň (latyn dilinden – duodenum) nemli örtüginiň alawlama ýagdaýydyr. Ol iýmit siňdiriş ulgamyna degişli möhüm agza bolup, aşgazandan soň ýerleşýändir we inçe içegäniň başlangyjy bolup durýandyr. Onikibarmak içegede iýmit aşgazanasty mäziň bölüp çykarýan şiresi bilen işlenilýändir we sorulma taýynlanylýandyr. Ondan başga hem, onikibarmak içege iýmit siňdiriş ulgamyň işini we alyş-çalyş hadysalary sazlamaga kömek edýän gormonlary işläp çykarmaga gatnaşýandyr.

Duodenitiň sebäpleri

Onikibarmak içegäniň nemli gatlagyny zeperlendirip, onuň alawlamasyny döredýän şertler şu aşakdakylardan ybaratdyr:

↪ Spirtli içgileri köp içmeklik, aşa köp çilim çekmeklik;

↪ Turşy, ýagly, kakadylan, gowurlan we ajy iýmitleri köp we ýygy iýmeklik;

↪ Dowamly gastritler (aşgazanyň nemli bardasynyň alawlamasy);

↪ Helikobakter Pylori bakteriýasynyň ýokuşmagy;

↪ Onikibarmak içegäniň nädogry ýerleşmegi, onuň yaraly keselleri we mugthorlaryň (parazitler) ýokuşmagy;

↪ Iýmit siňdiriş agzalaryň dowamly keselleriniň täsiri (kolit, gepatit, holesistit, pankreatit);

↪ Käbir derman serişdeleriniň (antibiotikler, aspirin, ibuprofen) gözegçiliksiz kabul edilmegi.

Duodenitiň alamatlary

Bu keseliň ýiti we dowamly görnüşleri bardyr. Dowamly görnüşinde agyrylar garnyň islendik ýerinde ýüze çykyp bilýär, ýöne köplenç göbekden sähelçe ýokarda ýüze çykýar. Ýiti görnüşinde bolsa agyry belli bir ýerde, ýagny göbegiň ýokarsynda ýüze çykýar. Görnüşlerine seretmezden duodenitiň alamatlary şulardan ybaratdyr:

↳ Gijelerine, aç ýagdaýda ýa-da nahar iýip bolup birnäçe wagt geçenden soň garnyň ýokarky böleginde agyrylar peýda bolýar;

↳ Garyn-içege ýollarynda iýmit siňdiriş bozulýar;

↳ Ajy gägirmeler, ýürek bulanma we gaýtarma;

↳ Içiň gatamagy;

↳ Işdäň peselmegi ýa-da bozulmagy we ysgynsyzlyk;

↳ Sary gaýnama we garnyň çişmegi (ýellenmegi);

↳ Uzak wagtlap sançgylawugyň dowam etmegi;

↳ Beden gyzgynynyň galmagy we yürek urgularyň çaltlaşmagy.

Gartaşan adamlarda duodenitiň alamatlary aýdyň ýüze çykmasa-da, gaýraüzülmeleri saglyga zyýan ýetirip bilýändir.

Duodenitiň gaýraüzülmeleri

Öte geçen, wagtynda bejerilmedik duodenit indiki gaýraüzülmelere getirip bilýändir:

⇛ Onikibarmak içegäniň diwarynyň deşilmegi;

⇛ Içegeden ganakmalar;

⇛ Ýiti pankreatit;

⇛ Deriniň we nemli gatlagynyň saralmagy;

⇛ Onikibarmak içegäniň nemli gatlagynyň üýtgemegi.

Duodenitiň anyklaýyş usullary

Anyklaýyş usullary indiki çäreleri öz içine alýandyr:

⇨ Ezofagogastroduodenoskopiýa;

⇨ Garyn boşlugynyň ultrases barlaglary;

⇨ Aşgazany we onikibarmak içegäni rentgene düşürmek;

⇨ Aşgazanyň bölüp çykarýan şiresini (onuň turşylygyny we düzümini) barlamak;

⇨ Täretiň derňewi (koprogramma);

⇨ Ganyň biohimiki barlaglary.

Duodenitiň bejergisi

Duodenit bilen kesellän näsag gastroenterolog we berhiz lukmany tarapyndan gözegçilige alynmalydyr. Bejergi çäreleri aşakdakylary öz içine alyp biler:

1. Berhiz saklama – bejerginiň möhüm bölegi bolup, iýmitlenmede indiki önümlere ýykgyn etmek peýdalydyr: suwuk kaşalar, ýagly bolmadyk çorbalar, etiň we balygyň ýagsyz görnüşleri, ýagly bolmadyk süýt önümleri (dorog, gaýmak, süýt, gatyk, mesge), gaýnadylan gök önümleri, kompot, kisel, ir-iýmiş şiresi, derman ösümlikler goşulan çaý.

Önümler gaýnadylan ýa-da bugda taýynlanan bolmalydyr we mylaýym ýagdaýda kabul edilmelidir. Nahar günde 5-6 gezek, uly bolmadyk mukdarda iýilmelidir.

Iýmitlenmede şu önümleri kabul etmeden saklanmalydyr: spirtli we gazlandyrylan içgileri, kofe, marinada ýatyrylan, ajy we duzly iymitleri, kakadylan we konserwirlenen iýmitleri, atgulak we ysmanak, ýagly etleri we balyklary, gowurlan ýa-da gaýnadylan yumurtgany, ýagly süýtl önümleri, maýonez, buzgaýmak.

2. Derman serişdeleri:

↪ Agyryny aýyryjy spazmolitikler – platifillin, drotawerin, no-şpa;

↪ Nemli bardany goraýjy serişdeler – de-nol, wis-nol, sukralfat;

↪ Nemli bardany dikeldiji serişdeler – enrrostil, biogastron, kawed-C;

↪ Helikobakter Pylori garşy antibiotikler – amoksisillin, klaritromisin, tetrasiklin;

↪ Mugthorlara (parazitler) garşy serişdeler – mebendazol, wormil, furazolidon, lewamizol;

↪ Antasidler – almagel, maaloks, fosfalýugel, keal. Bu serişdeler aşgazan şiresiniň turşulygyny neýtrallaşdyryp, onuň içegäniň nemli gatlagyna ýetirjek täsirini peseldýändirler;

↪ Proton pompasyny togtadyjylar – omez, rabelok, gastrosepin, neksium.

Eger duodenitiň döremegine iýmit-siňdiriş agzalarynyň başga keselleri sebäp bolan bolsa, lukmanyň gözegçiligi astynda olaryň bejergisini almak hökmanydyr.

Duodenitiň hirurgiki bejergisi derman serişdeleri netijeliligini bermedik ýagdaýynda, içegäniň gurluşynda üýtgemeler bolanda, onuň diwarlarynyň şikeslenip, ganakma dörän halatlarynda geçirilip bilner.

  • 3289 gezek okalan