• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • GINEKOMASTIÝA: SEBÄPLERI, ALAMATLARY, BEJERGI ÇÄRELERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GINEKOMASTIÝA: SEBÄPLERI, ALAMATLARY, BEJERGI ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.70 (10 Ses)

ginekomastiyaGinekomastiýa – erkek göwüsleriniň mäzli ýa-da ýag dokumalarynyň köpelmeginiň hasabyna bir taraplaýyn ýa-da iki taraplaýyn göwrüminiň ulalma ýagdaýydyr. Göwüsde gatylyk, göwüs mäzleriniň ulalmagy, ellenilip barlananda agyry, oňaýsyzlyk ýagdaýlary ýüze çykarylýar. Ginekomastiýada göwüs mäzleri 2-den 10 sm diametre çenli ulalyp bilýär. Ginekomastiýa sagdyn 13-14 ýaşly ýetginjekleriň arasynda 50-70% çenli, 40% töweregi – orta ýaşlylarda, 60-70% – gartaşan adamlarda ýüze çykýar. Ginekomastiýa erkek adamlarda fiziki oňaýsyzlyk we psihologiki kynçylyk döredýändir.

Ginekomastiýanyň görnüşleri

Ginekomastiýanyň hakyky we ýalan görnüşleri tapawutlandyrylýar.

Hakyky ginekomastiýa – göwüsleriň mäzli dokumanyň we onuň birleşdiriji dokumasynyň hasabyna ulalmasydyr.

Ýalan ginekomastiýa – köp mukdarda ýag dokumasynyň toplanmagynyň hasabyna döräp, köplenç semiz adamlarda ýüze çykýar. Hakyky ginekomastiýa bir tarapdan fiziologiki kadaly ýagdaýda, kesgitli ýaşda ýüze çykyp bilse, başga tarapdan haýsy hem bolsa bir keseliň täsirinden peýda bolýandyr.

Hakyky ginekomastiýanyň (kadaly) üç sany görnüşi bardyr:

↪ Täze doglan bäbeklik döwrüniň ginekomastiýasy – täze doglan bäbekleriň 60-90%-de göwüs mäzleriniň ululygy hasaba alynýar. Bu ýagdaý çaga enesinden geçen gormonlaryň täsiri netijesinde ýüze çykýar. Bejergi talap etmezden ol çişler 2-4 hepdeden aýrylyp gidýär.

↪ Ýetginjeklik döwrüniň ginekomastiýasy – 13-14 ýaşly ýetginjekleriň 30-60% -de ýüze çykarylýar. Köplenç ýagdaýlarda iki taraplaýyn çişme bolup geçýär. Ýetginjeklik döwründe erkeklik jyns ulgamynyň ösüp, aýal gormonlarynyň wagtlaýyn erkeklik gormonlaryndan agdyklyk etmegi netijesinde döreýär. Bu ýagdaý adatça 1-2 ýyldan aýrylyp, öňki kaddyna gelýändir.

↪ Garrylyk döwrüniň ginekomastiýasy – 50-80 ýaşly erkek adamlarda testosteronyň peselip, estrogenleriň ýokarlanmagynyň hasabyna ýüze çykýandygy bilen düşündirilýär.

Ginekomastiýanyň sebäpleri

Kadaly (fiziologiki) ýagdaýda ýüze çykýan ginekomastiýadan başga, birnäçe täsirler patologiki ginekomastiýanyň ýüze çykmagyna itergi berýärler:

↺ Erkek adamynyň bedeninde testosteron bilen estrogeniň gatnaşygynyň bozulmagy. Şeýle ýagdaýlar gipofiziň, ýumurtgajyklaryň, böwreküsti mäzleriň işjeň gormon bölüp çykarýan täze döremelerinde, ýumurtgajyklaryň işjeňliginiň peselmeginde, erkeklik jyns mäziniň adenomasynda, Addisonyň keselinde, ýumurtgajyklaryň alawlama kesellerinde döreýändir.

↺ Prolaktin gormonynyň ýokarlanmagy – gipotireozda, gipofiziň täze döremelerinde ýüze çykýar.

↺ Alyş-çalyş hadysalaryň bozulmagy bilen geçýän keseller – diffuz toksiki zob, süýjili diabet, semizlik, öýken inçekeseli.

↺ Endokrin kesellere degişli bolmadyk keseller – zäherlenmeler, bagryň sirrozy, AIW ýokançlygy, böwrek ýa-da ýürek ýetmezçiliginde, döş kapasasynyň şikeslenmelerinde.

↺ Süýt mäzleriniň dokumasyna täsir edýän, estrogenleriň ýa-da prolaktiniň derejesini ýokarlandyrýan derman serişdeleriniň kabul edilmegi. (kortikosteroidler, anaboliki steroidler, simetidin, metronidazol, kaptopril, enalapril, metildofa, izoniazid, nifedipin, werapamil, digitoksin, diazepam, teofillin, estrogenleri saklaýan kremler we başgalar)

↺ Alkogol we neşe serişdelerini kabul etmek.

Ginekomastiýanyň alamatlary

Täze doglan bäbeklik döwrüniň ginekomastiýasynda uly bolmadyk tekizsizlik we süýt mäziniň çişmegi, kähalatlarda owuz süýdine meňzeş bölünip çykmalara gözegçilik edilýär. Ginekomastiýanyň beýleki görnüşlerinde süýt mäzleriniň ulalyp 2-15 sm diametre we 160 gr çenli agrama ýetmegi mümkindir. Emzikler ulalyp, areola (emzigiň daşyny gurşap alýan tegelek) has hem gara reňke eýe bolýar. Adatça agyry bolmazdan, basyş duýulyp, eşik geýlende oňaýsyzlyk döredýär. Bir taraplaýyn ginekomastiýada howply çiş keseliniň döreme ähtimallygy ýokarlanýar.

Emziklerden gan gatyşykly bölünip çykmalar, göwüsde gatylygyň döremegi we onuň derisiniň üýtgemekligi, ýaralaryň peýda bolmagy, goltukasty limfa düwünleriniň çişmekligi ýaly alamatlar göwüs mäziniň howply çiş kesellerini güman etdirýändir.

Ginekomastiýanyň anyklanylşy

Anyklaýyş çäreleri birnäçe usullary öz içine alýandyr:

Fiziki barlaglar: Göwüs mäzleriniň, ýumurtgajyklaryň ellenilip barlanmagy, ikilenç jyns alamatlarynyň ösüşine baha bermek we ulgamlaýyn keselleriň alamatlaryny ýüze çykarmak. Şeýle hem näsagyň kabul edýän dermanlaryna, iýmitine, alkogol we neşe serişdelerini ulanýandygyna üns berilmelidir.

Laborator barlaglar: testosteron, estradiol, LG, FSG, prolaktin, globulin, tireotropin, bagyr transaminazlary anyklanylyp, endokrinolog lukmanyň maslahaty geçirilmelidir.

⇒ Göwüs mäzleriniň USB hakyky we ýalan ginekomastiýany tapawutlandyrmakda, çişleri ýüze çykarmakda gowy usul bolup hyzmat edýär. Ýumurtgajyklaryň USB çiş kesellerini anyklamak maksady bilen hökmany geçirilmelidir. Şeýle hem, bu maksat üçin öýkeniň rentgen barlagyny, böwreküsti mäziň we beýniniň kompýuter tomografiýasyny geçirmek hökmandyr.

⇒ Howply çiş keseli güman edilende göwüs mäzinde biopsiýa (mäzden dokuma almak) barlagy geçirilýär.

Bejergisi

⇨ Bäbeklik we ýetginjeklik döwrüniň ginekomastiýasynyň öz-özünden aýrylyp gidýändigi üçin hiç hili bejergi çärelerini talap etmeýär.

⇨ Kesel sebäpli döreýän ginekomastiýa haýsy täsirleriň netijesinde dörändigi baglylykda sebäpleriň aradan aýrylmagy bilen bejerlip bilner. (derman serişdeleri bes etmeklik, keseliň gowşamagy we ş. m.)

⇨ Bedende gormon näsazlygy sebäpli döreýän ginekomastiýany estrogene garşy dermanlary (klomifen, tamoksifen, danazol we başgalar) ýa-da testosterony kabul etmeklik bilen aradan aýryp bolar.

⇨ Dermanly bejergileriň täsir etmedik ýagdaýynda hirurgiki bejergi ulanylýar.

Hirurgiki operasiýalaryň esasy maksady göwüslerdäki artykmaç dokumalary aýryp, onuň kadaly fiziologiki görnüşini dikeltmekdir. Bu maksat üçin operatiw bejerginiň indiki görnüşlerini ulanýarlar:

↪ Emzigiň daşyndaky tegelegiň ýanyndan göwüsleri derasty aýyrmak;

↪ Emzigiň daşyndaky tegelegiň ýanyndan göwüsleri ýag gatlagy bilen aýyrmak;

↪ Göwüsleriň uly bolmadyk ulalmasynda endoskopiki usul bilen göwüsleri aýyrmak.

Işlenilip düzülen hirurgiki bejergi usullary näsaglar tarapyndan ýeňil geçirilýär, dowamly keselhana bejergini we dikeldiş döwrüni talap etmeýär. Myşsalaryň dogry görnüşini emele getirmek maksady bilen operatiw bejergiden soňky 2-3 hepde gysýan elastiki içki geýim geýmek maslahat berilýär.

  • 5656 gezek okalan