• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • ÖÝKEN EMFIZEMASY: SEBÄPLERI, ALAMATLARY WE BEJERGISI

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÖÝKEN EMFIZEMASY: SEBÄPLERI, ALAMATLARY WE BEJERGISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (6 Ses)

oyken emfizemasy

Öýken emfizemasy – öýken dokumasynyň üýtgemegi netijesinde onuň çişip ulalmagy bilen häsiýetlendirilýän keseldir. Bu dowamly öýken keseliniň ady grek sözi bolan "emphysao" – çişirmek sözünden gelip çykýandyr.

Dürli sebäpler (öýken keselleri, himiki maddalar, şikesler) netijesinde öýkendäki alweolalaryň araçäkleri dargap, bronhlaryň şahalanýan uçlary giňeýändir. Öýkenler ýel berlen ýaly çişip, olaryň göwrümi ulalýandyr, öýken dokumasynda bolsa howa boşluklary (bully) döreýändir. Bu bolsa döş kapasasynyň çelek görnüşli giňelmegine getirýär. Çişip ulalan öýkeniň bölekleri onuň sag böleklerini basyp, tutuş howa alyşma hadysasynda bozulma döredýär. Şonuň bilen birlikde öýkeniçre basyş hem ýokarlanyp, öýken arteriýasynyň basylmagyna itergi berýändir. Şol bir wagtyň özünde dörän basyşy ýeňip geçmek üçin ýüregiň sag bölümleri hem uly agramlylyk bilen işleýärler. Bu bolsa ýürek myşsasynyň üýtgäp, onuň sag bölümleriniň giňelmegine we "öýken ýüreginiň" döremegine getirýändir.

Öýken emfizemasynyň döremeginiň sebäpleri

Öýken emfizemasyna getirýän sebäpler köpdürlidir:

↪ dem alyş ýollarynyň ösüşindäki dürli ýetmezçilikler;

↪ dürli sebäplere görä döş kapasasynyň deformasiýasy;

↪ dürli keseller sebäpli gan aýlanşygyň bozulmasy;

↪ limfanyň yzyna akmasynyň bozulmasy;

↪ howanyň düzümindäki zäherli maddalaryň täsiri (çykarylýan gazlar);

↪ çilimiň tüssesiniň düzümindäki zäherli maddalaryň täsiri;

↪ döş kapasasynyň agzalarynyň şikesleri we operasiýalary;

↪ dem alyş agzalaryň keselleri (bronhlaryň we öýkenleriň dowamly keselleri, demgysma, bronhit, pnewmoskleroz);

↪ öýkendäki fermentler ulgamynyň dogabitdi ýetmezçiligi;

↪ öýkenlere asbest, kremniý, marganes ýaly himiki maddalaryň tozan bölekleriniň düşmegi.

Öýken emfizemasynyň alamatlary

Öýken emfizemasynyň ilkinji döreýiş döwründe onuň kliniki alamatlary esasy keseliň alamatlarynyň aňyrsynda gizlenýär.

Emfizemanyň döreýän döwründe şu alamatlary syn etmek bolýar:

↣ Demgysma: fiziki iş esasynda güýçlenýär. Ilkibada ol depginli fiziki işjeňlikde döräp, soňra adaty işjeňlikde hem biynjalyklyk döredýär. Keseliň has güýjän döwründe bolsa dynç wagtynda hem ýüze çykýar.

↣ Deri örtüginiň gögermegi (sianoz) – ýerli (burun-dodak üçburçlygy, barmaklaryň uçlary) we umumy döräp bilýär. Ol esasan demgysma alamaty bilen deň döräp, fiziki işjeňlige we emosional ýagdaýa baglydyr.

↣ Mejbury ýagdaý – öňe eglip, elleriňe daýanyp oturmak öýken emfizemaly näsaglar üçin halyny ýeňilleşdirýän amatly ýagdaýdyr. Bu ýagdaý dem alyşda döş myşsalarynyň işlemegine mümkinçilik döredýär. Keseliň ötüşen döwrinde näsaglar oturan ýagdaýda uklaýarlar. Keseliň başlangyç döwründe käbir näsaglar ýagdaýyny ýeňilleşdirmek maksady bilen garnynyň üstüne ýatýar ýa-da kellesini we egnini pese göýberýär.

↣ Mahsus bolan dem alyş – bu kesel üçin gysgajyk "tutuk", "balyk ýaly" dem almak we has uzalan, kynlaşan hažžyldyly dem göýbermek mahsusdyr.

↣ Çelek (boçka) görnüşli döş kapasasy – bu ýagdaý öýkenleriň göwrüminiň ulalmagy esasynda bolýar. Şonuň üçin döş kapasasynyň umumy hereketi dem alnanda hem, göýberlende hem çäkli bolýar.

↣ Gapyrgara boşluklaryň we ýaýjyküsti bölekleriň giňelmegi – hemişe ýokarlanýan içki basyş esasynda maýyşgak ýerler hasaplanýan gapyrgara boşluklar we ýaýjyk üsti boşluklar çişip daşyna çykyp başlaýar.

Anyklanylşy

Keseli anyklamakda lukmanyň kesel taryhyny ýygnamagy, barmaklar bilen urup barlamak, diňlemek usullary ilkinji maglumatlary bermäge kömek edýär. Öýkenleriň zeperlenen bölekleri, keseliň geçiş tapgyry barada has anyk maglumaty ýygnamaga döş kapasasynyň rentgen barlagy, magnit-rezonans tomografiýa, kompýuter tomografiýa barlaglary kömek edýändir.

Öýken emfizemasynyň gaýraüzülmeleri

Wagtynda bejerilmedik emfizema keseli saglyk üçin howply bolan birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler:

⇒ Öýken dokumasynyň iriňli keselleri – bu esasan bulýoz emfizema (1-10 sm. ululykda döreýän howa boşluklaryň emele gelmegi) görnüşine mahsusdyr, sebäbi uly göwrümli boşluklar esasynda öýkende howanyň täzelenmesi we yzyna göýberilmegi kynlaşýar, şol sebäpli hem bakterial ýokançlykly sowuklama hadysasynyň döremegi ýeňilleşýär. Bedeniň özi üçin "ýakyn" bolan şertli-patogen bakteriýalaryň çykýanlygy sebäpli öýken emfizemasynyň gaýraüzülmesi höküminde ýüze çykýan öýken dokumasynyň iriňli kesellerini antibiotikler bilen bejermek kynlyk bilen başardýar.

⇒ Pnewmotoraks – esasan ýerli we bulýoz görnüşlerinde gabat gelip, ol öýkenleriň belli bölekleriniň çenden aşa giňelip, käbir ýaramaz şertler esasynda ýyrtylmagyna hem getirip bilýär. Netije-de howa döş kapasasyna çykyp, agyr bozulmalara getirýär.

⇒ Ýürek ýetmezçiligi – "öýken ýüregi" atly alamatlar toplumy öýken emfizemasynyň has howply agyrlaşmasy hasaplanyp, ol näsagyň rahatlygynyň peselmegine we ýaşaýyş dowamlylygynyň azalmagyna getirýär.

⇒ Dem alyş ýetmezçiligi – bu agyrlaşma çalt ýüze çykyp, näsagyň saglygy we ömri üçin howpludur. Uly bolmadyk fiziki işjeňlik ýa-da keseliň ötüşen ýagdaýynda rahatlyk hem dem alyş agzalarynyň işiniň bozulmalaryna eltip, dem ýetmezçilik alamatyny ýüze çykarýandyr.

Öýken emfizemasynyň bejergisi

Öýken emfizemasynyň bejergisi dowamly bolup, köp bejergi çärelerini öz içine alýandyr. Sebäbi bu kesel onuň döremegine sebäp bolan beýleki dowamly keseller bilen baglanyşyklydyr.

Bejerginiň esasy maksady:

↪ Keseliň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almak;

↪ Agyr gaýraüzülmeleriň döremeginiň öňüni almak;

↪ Näsaglaryň ömrüniň hilini gowulandyrmak.

Esasy geçirilmeli bejergi çäreleri:

↪ Öýkenleriň ýeňillikli işlemegi we dem alşyň gowlaşmagy üçin derman serişdeleri bilen bejergi geçirmek;

↪ Çilim çekmegi bes etmek;

↪ Öýkenleriň howa alşygyny gowlandyrmak üçin bejeriji maşklary ýerine ýetirmek;

↪ Emfizema getiren esasy keseli bejermek.

Emfizemanyň bejergisinde antitripsin fermentini dargadyjy serişdeler (prolastin), bronhlary arassalaýjylar (asetilsistein, lazolwan), dokumalarda alyş-çalşy gowlandyryjy E witamini, bronhlary giňediji dermanlar (teopek), öýkenlerde basyşy peseldiji derman serişdeleri (teofillin), glýukokortikoidler giňden ulanylýar.

Bejergide deriniň üstünden gapyrgara myşsalaryň we diafragmanyň elektrogyjyndyrmasy ulanylýar. Bu usul dem göýbermäni ýeňilleşdirmäge, limfany we gan aýlanşygy gowlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem ol çäre dem alyş myşsalaryň ýadamagynyň we dem alyş ýetmezçiliginiň öňüni almaga ýardam berýär.

Esasy bejergä kislorod bilen dem almak hem goşulýar we bedeniň alyş-çalyş hadysalaryny gowlandyrmaga itergi berýändir.

Emfizemanyň bejergisinde ýörite saýlanan bejeriş maşklary hem ulanylyp, olar dem alyş myşsalary taplandyrmaga kömek edýär. Günde 4 gezek 15 min. dowamlylykda geçirilýändir. Maşklar kokteýl içilýän çybyjak arkaly suwa demiňi göýberme, diafragma arkaly dem alyp, garnyňy çekme we çişirme, garyn myşsalaryny türgenleşdirme ýaly görnüşleri öz içine alýandyr.

Keseli hirurgiki usul bilen bejermek seýrek halatlarda bellenilýändir. Hirurgiki bejergi üçin aşakdakylar görkezme bolup biler:

↺ Köpsanly bullalar (öýkeniň 2/3 böleginiň zeperlenmegi);

↺ Agyr demgysma;

↺ Keseliň agyrlaşmagy we derman serişdeleriň netijesizligi;

↺ Gaýraüzülmeleriň döremegi: pnewmotoraks, ýokançlyklaryň birleşmegi, howply döremeler, ganly gakylygyň gelmegi.

Näsagyň tapsyzlygy, garrylyk, döş kapasasynyň deformasiýasy, öýken sowuklamasy, agyr görnüşde geçýän bronhit hirurgiki bejergini geçirmäge garşy görkezmeler bolup durýandyr.

Öýken emfizemasynda operasiýalaryň birnäçe görnüşleri geçirilýär:

↺ Öýkeni (ýa-da onuň bir bölegini) oturtmak – öýkeniň köp böleginiň zeperlenmelerinde geçirilýär;

↺ Döş kapasasyny açmak arkaly öýkeniň zeperlenen böleklerini aýyrmak;

↺ Torakoskopiýa – ýörite abzalyň kömegi bilen döş kapasasyny üç ýerden deşmek arkaly öýkeniň zeperlenen bölegini aýyrmak;

↺ Bronhoskopiýa – öýkeniň zeperlenen bölekleriniň uly bronhlaryň ýakynynda ýerleşende agyz boşlugyndan girip bronhoskop enjamy bilen aýyrmak.

  • 2451 gezek okalan