• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • SEN RAK BARADA NÄMELER BILMELI? ESASY FAKTLAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SEN RAK BARADA NÄMELER BILMELI? ESASY FAKTLAR

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (9 Ses)

rak barada name bilmeli

Ölümiň esasy sebäpleriniň hatarynda dünýä boýunça rak ikinji orny eýeleýär. 2015-nji ýylda bu keselden 8,8 mln adam ýogaldy. Dünýäde her bir altynjy ölümniň sebäbi rakdyr.

↪ Rakdan ölýänleriň 70%-e golaýy pes we orta derejeli girdeýjisi bolan döwletlerde ýaşaýarlar.

↪ Rakdan dörän ölümçiligiň takmynan 1/3 bölegi özüňi alyp barmagyň düzgünine we iymit tertibine bagly bolan esasy bäş sany töwekgelçilik bilen şertlenendir: beden agramynyň ýokary indeksi, miweleriň we gök önümleriň az iýilmegi, fiziki işjeňligiň ýoklugy, temmäkiniň we alkogol içginiň ulanylmagydyr.

↪ Ragyň ýüze çykmagynda esasy faktoryň biri temmäkiniň ulanylmagy bolup, şu keselden ölenler umumy görkezijiniň 22 %-ni tutýar.

↪ Girdeýjisi pes we orta derejeli döwletlerde ragy döredýän esasy faktorlar gepatitiň wirusy we adamyň papilloma wirusydyr.

↪ Ýaýbaň meselelere lukmançylyk kömegine keseliň giçki tapgyrynda ýüz tutulmagyny we keseliň irki döwründe anyklaýşyň elýetersizligini degişli edip bolar.

↪ Ragyň ykdysady täsiri düýpli we gün-günden artyp barýar. 2010-njy ýylda ragyň umumy ýyllyk ykdysady zyýany takmynan ABŞ-nyň 1,16 trln dollaryna barabar boldy.

↪ Onkologiýa keseller ulgamynda zerur syýasaty işläp düzmek üçin gerekli maglumatlar (statistika), girdeýjisi pes we orta bolan ýurtlaryň diňe bäşden birinde bar.

Rak näme?

Rak bu howply döremeleriň uly toparynyň umumy atlandyrmasydyr, yagny ol bedeniň islendik böleginde döräp, zeper ýetirip biler. Rak üçin mahsus bolan alamatlar: kadaly däl öýjükleriň tiz emele gelmegi, öz sepgidinden daşyna çykmagy, bedeniň golaýyndaky agzalara ýaýramagy – oňa metastazlaryň döremegi diýilýär. Rakdan ölmegiň esasy sebäbiniň biri hem döreýän metastazlardyr.

↣ Öýkeniň ragy (1.69 mln ölüm);

↣ Bagryň ragy (788 000 ölüm);

↣ Ýogyn we göni içegäniň ragy (774 000 ölüm);

↣ Aşgazanyň ragy (754 000 ölüm);

↣ Süýt mäziniň ragy (571 000 ölüm).

Rak näme sebäpden döreýär?

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ragy öwrenmek boýunça Halkara agentligi kanserogen (raga getirip biljek täsirli) alamatlary toparlara bölýär:

⇒ Fiziki kanserogenler – ultramelewşe we ionizirleýji şöhlelenme;

⇒ Himiki kanserogenler – asbest, temmaki tüssesi, aflatoksinler (iýmit önümlerini hapalaýanlar) we myşýak (agyz suwuny hapalaýanlar);

⇒ Biologiki kanserogenler – käbir mugthorlar, bakteriýalar, wiruslar.

Ragyň emele gelmeginiň ýene-de bir esasy faktory – ýaşyň ulalmagydyr. Garramak bilen rak keseline duçar bolma ýagdaýlary köp derejede ýokarlanýar, onuň hem sebäbini bedende töwekgelçiligi artdyrýan dowamly keselleriň köpelmegi we beden öýjükleriniň kadaly köpelme häsiýetiniň bozulmagydyr.

Ragyň emele gelmeginiň sebäplerine ýaramaz endikler we ýalňyş gurnalan durmuş şertleri hem degişli edilýär: temmäkiniň, alkogolyň ulanylmagy, sagdyn däl iýmit we fiziki işjeňligiň ýoklugy. Olar bolsa öz gezeginde ýokardaky kanserogenleriň täsirliligini döredip, ýokanç däl keselleri hem ýüze çykarýar.

Ragyň döreme sebäplerine käbir dowamly keseller degişli edilip, olar esasan hem girdeýjisi pes we orta derejeli ýurtlarda ýüze çykýar. Kanserogen ýokançlyklar bolan Helicobacter pylori, adamyň papilloma wirusy (APW), gepatit B we C wiruslary, Epşteýna-Barra wirusy 2012-nji ýylda dörän rak keselleriň sebäpleriniň 15%-ni düzdiler.

Gepatit B we C wirusy hem-de adamyň papilloma wirusynyň käbir görnüşleri bagyrda hem-de yatgynyň boýunjygynda ragyň emele gelmegine sebäp bolup biler. Adamyň immunýetmezçilik wirusy (AIW) hem ragyň emele gelmegine, mysal üçin, bagryň, öýkeniň, ýatgynyň boýunjygynyň rak keseliniň sebäbi bolup biler.

Rak keseliniň öňüni nädip alyp bolýar? Ýaýramagyny nähili gysgaldyp bolar?

Häzirki wagtda rak keselleriniň 30-50% emele gelmeginiň öňüni alyp bolar. Bu ýagdaýa howply sebäplerden gaça durup we degişli öňüni alyş çäreleriň geçirilmegi bilen ýetip bolar. Mundan başga-da, ragyň çalt ýaýramagynyň öňüni alynmagy, onkologiýa keseli döräp biljek syrkawy ir wagtda anyklamagyň üsti bilen amala aşyryp bolar. Irki wagtda anyklanylan we dogry bejergi geçirilen ýagdaýynda ragyň dürli görnüşinden bejerilmek mümkinçiligi has ýokarlanýar.

HOWPLY SEBÄPLERIŇ ÖŇÜNI ALMAK WE ÜÝTGETMEK

Aşakdaky howply töwekgelçilik sebäplerini üýtgedip ya-da öňüni alamak bilen rakdan daşlaşyp bolar:

↺ Temmäki çekmek, şol sanda çilim we tüssesiz çilim ulanmak;

↺ Beden agramynyň artyklygy we semizlik;

↺ Sagdyn däl iýmit, miwe we gök önümlerini az iýmek;

↺ Fiziki işjeňligiň ýoklugy;

↺ Alkogolyň ulanylmagy;

↺ Gepatite, papilloma wirusa ýa-da dürli kanserogen ýokançlyklara sezewar bolmak;

↺ Ultramelewşe ýa-da ionizirleýji şöhlelenme;

↺ Şäherlerde howanyň hapalanmagy;

↺ Öýlerde ýangyjyň gaty görnüşini ulanmak bilen tüsselenmegi.

Temmäki çekmeklik, rak keseliniň ösmeginde düýpli sebäpleriň biri bolmak bilen şolar ýaly ýagdaýlar rak sebäpli ölümiň 22%-i tutýar.

ÖŇÜNI ALMAGYŇ STRATEGIÝALARY

Ragyň öňüni almakda geçirilýän çäreler:

↪ Ýokarda agzalan howply sebäplerden gaça durmak;

↪ Gepatit B we adamyň papilloma wirusyna garşy edilýän sanjymlary geçirmek;

↪ Iş ýerinde howply şertleri aýyrmak;

↪ Ultramelewşe şöhleleriň täsirini azaltmak;

↪ Ionizirleýji şöhlelenmäniň täsirini azaltmak (iş ýerinde ýa-da lukmançylyk anyklaýyş işi geçirlende)

APW we gepatit B wirusyny emele getirýän ýokançlyklaryň garşysyna edilýän sanjymlar her ýylda 1 mln golaý döräp biljek rak keselinin öňüni alýar.

IRKI ANYKLAÝYŞ ÇÄRELERI

Onkologiýa keselinden ölýänleriň sanyny irki wagtda ýüze çykarmak we bejermek arkaly azaldyp bolar. Ragy ir döwürde ýüze çykarmagyň iki ýoly bar:

Irki anyklaýyş

Ragy ir wagtda anyklamak netijeli bejerginiň täsirini ýokarlandyrýar, ýaşaýyş mümkinçiligini uzaldýar, keselçiligiň we bejerginiň bahasyny peseldýär.

Irki anyklaýyş üç tapgyrdan ybarat bolup, öz wagtynda we toplumlaýyn amala aşyrylýar:

↣ Lukmançylyk-sanitar kömeginiň elýeterliligi we wagyz-nesihat işiniň geçirilmegi;

↣ Kliniki baha bermek, kesel kesgidini goýmak we keseliň döwrüni anyklamak;

↣ Elýeterli bejergi.

Häzirki wagtda irki anyklaýyş dürli ýagdaýlarda we ragyň dürli görnüşinde wajypdyr. Anyklaýşyň gijikdirilmegi keseliň giçki döwründe anyklanylmagyna we bejerginiň netijesizligine getirýär.

Skrining

Skriningiň maksady adamlarda bozulmalary ýüze çykarmak, ragyň öň ýany ýa-da rak keseline getirýän keselleri güman etmek, tiz wagtda şol adamlary anyklaýşa we bejergä gönükdirmekdir.

Ragyň belli bir görnüşlerini ýüze çykarmakda skrining meýilnamalaryň netijeliligi maksadalaýyk synag-testleriň peýdalanylmagy, olaryň netijeli ulanylmagy, skrining prosessininň başga tapgyrlary bilen bagly edilmegi we hil gözegçiliginiň berjaý edilmegi bilen üpjün edilýär. Irki anyklaýyş bilen deňeşdirlende, skrining meýilnamasy has çylşyrymly lukmançylyk-sanitar çäresidir.

Skrining usulynyň ulanylşy:

⇒ Girdeýjisi pes bolan ýurtlarda ýatgy boýunjygynyň ragyny ýüze çykarmak maksady bilen barlagda sirke turşysy bilen işleme ulanylýar;

⇒ Ýatgy boýunjygynyň ragyny ýüze çykarmak üçin papilloma wirusa test geçirilýär;

⇒ Ýokary we orta derejeli girdeýjisi bolan ýurtlarda ýatgy boýunjygynyň ragyny anyklamak üçin PAP – test sitologiýa barlagy geçirilýär;

⇒ Saglygy goraýyş ulgamy ýokary ösen ya-da ozgelere garaňda ýokary ösen döwletlerde süýt mäziniň ragyny ýüze çykarmak üçin mammografiýa barlagy geçirilýär.

BEJERGI

Dogry goýlan kesel kesgitleme bejergini takyk we netijeli geçirmek üçin wajypdyr, ýagny her bir ragyň görnüşine görä aýratyn bejergi geçirilýär. Ol öz içine bir ýa-da birnäçe usuly jemleýär: hirurgiki operasiýa, şöhle hem-de himiýa serişdeleri. Bejerginiň maksatlaryny kesgitlemek ilkinji wäjyp ädim bolup, lukmançylyk-sanitar hyzmatlar toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydyr we adamlara gönükdirilmelidir.

Esasy maksat – ragy bejermek ýa-da mümkin boldugyçä näsagyň ömrüni uzaltmakdyr. Ýene bir wajyp maksadyň biri – näsagyň ýaşaýyş hilini ýokarlandyrmakdyr. Şuny direg terapiýasy ýa-da palliatiw komek we psihologiki kömegi arkaly amala aşyryp bolar.

IRKI DÖWÜRDE ÝÜZE ÇYKARYLAN RAK KESELLERINI BEJERMEK MÜMKINÇILIGI

Ragyň käbir ýaýran görnüşini, ýagny süýt maziniň ragy, ýatgy boýunjygynyň ragy, agyz boşlugynyň ragy we ýogyn içegäniň ragy irki döwürde anyklanan ýagdaýynda, amaly usul arkaly geçirlen bejerginiň netijesiniň görkezijisi ýokarlanýar.

BAŞGA DÜRLI RAK KESELLERINI BEJERMEK MÜMKINÇILIGI

Ragyň käbir görnüşinde, hatda rak öýjükleriniň bedeniň dürli böleklerine ýaýran halatynda-da, ýagny ýümurtganyň seminomasy, çagada leýkemiýa we limfomada gönükdirlen bejerginiň görkezijisi ýokary bolýar.

PALLIATIW KÖMEK

Palliatiw kömek – näsagyň we hossarlarynyň ýaşaýyş hilini ýokarlandyrmak dal-de, bu ragyň ýüze çykaran alamatlaryny ýeňletmäge gönükdirilen bejergidir. Palliatiw kömek näsag adamlara ýaşaýyşlarynyň has amatly, rahat bolmagyna kömek edip biler. Bu aýratyn hem keseliň has ötüşen derejelerinde bejermek mümkinçiligi pes bolanlara, rakdan ejir çekýän we başga-da ölüme sezewar edýän dowamly keselli dünýädäki ähli adamlaryň gaýragoýulmasyz ynsanperwer zerurlygydyr.

Palliatiw kömek ragyyň has ötüşen döwrüni başdan geçirýän näsaglaryň 90 %-de fiziki, psihososial we ruhy meselelerini ýeňledip biler.

PALLIATIW KÖMEGIŇ STRATEGIÝASY

Mümkinçilikler çäklendirilen şertlerde näsaglara hem-de olaryň maşgalalaryna palliatiw kömegini bermek we agyrlary ýeňletmek üçin öý şertlerinde, ýaşaýan ýerleri boýunça idegi öz içine alýan netijeli saglygy goraýyş çäreleri zerurdyr.

80% ýagdaýlarda onkologiýa keselinden ejir çekýän näsaga, keseliň terminal (soňky) döwründe orta we güýçli agyrlary bejermek üçin morfiniň içilýän görnüşi hökman elýeter edilmelidir.

Ulanylan WEB Salgy

Terjime eden: Güljan Annaýewa

  • 6764 gezek okalan