• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • ÝÜREK NÄME ÜÇIN GYSYLÝAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝÜREK NÄME ÜÇIN GYSYLÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (16 Ses)

Stenokardiýa (tutgaýly ýüregagyry keseli) – ýürek myşsasynyň (miokardyň) gan aýlanyşygynyň ýiti ýetmezçiligi netijesinde, döşde duýdansyz döreýän agyryly tutgaýlardyr.

"Ýüregiň infarkty" diýen düşünje kesgitlenýänçä, 140 ýyldan hem köp wagtlap stenokardiýa ýüregiň işemiýa (ýerli gan ýetmezçiligi) keseliniň ýeke-täk häsiýetlendirijisi hökmünde kesgitlenipdir.

Stenokardiýanyň alamatlary Gippokrata we Galena hem belli bolupdyr. Birinji gezek "stenokardiýa" ýa-da "döş gurbagasy" (onuň başga sinonimy) diýen düşünjäni 1768-nji ýylda B. Gaberden ulanýar. 1772-nji ýylda bolsa onuň alamatlaryny doly we düşnükli beýan edýär.

Stenokardiýanyň ýüze çykmagy köp sebäplere bagly bolup, köplenç olaryň utgaşmasy duş gelip biler:

  1. Köp ýagdaýlarda stenokardiýa ýüregiň gan damarlarynyň ateroskleroz zeperlenmesi netijesinde ýüze çykýar. Bu keselde gan damarlarynyň içini aterosklerotiki ýaşmajyklar tutup, fiziki we emosianal dartgynlylyk bilen utgaşanda gan aýlanşygynyň ýiti ýetmezçiligine getirýär. Aterosklerotiki zeperlenmeler bilen gan damarlarynyň içiniň 75%-niň tutulmagy, beýle ýetmezçiligi orta derejeli dartgynlylykda hem ýüze çykaryp bilýär.
  2. Stenokardiýany ýüregiň gan damarlaryna ganyň az mukdarda gelmegi hem döredip bilýär. Onuň ýaly ýagdaýlar gan basyşy peselende, ýürek urmalariň kadasyz bolma ýagdaýynda(aritmiýada) ýüze çykyp biler.
  3. Gyzylödegiň, öt çykaryş ýollarynyň, oňurganyň boýun we döş bölüminiň kesellerinde, ýürege şol agzalar tarapyndan reflektor täsirleriň ýokarlanmagy netijesinde hem ýüregagyry döräp biler.
  4. Ýüregagyry tutgaýlarynyň başlanmagynda ýürek damarlarynyň içiniň birden daralmagy ýaly ýagdaýlar hem möhüm orny oýnaýar (gan lagtalarynyň emele gelmegi, aterosklerotiki ýaşmajyklaryň çişmegi).
  5. Ýürek myşsasynyň kisloroda bolan talaplary ýeterlik gan aýlanma bilen amala aşyrylmasa hem, ýüregagyry ýüze çykyp biler.
  6. Tutgaýlary fiziki we emosianal dartgynlylyk, bedeniň çendenaşa gyzmagy ýa-da sowama ýagdaýlary, agyr iýmitlenme, alkogol içgileri kabul etmek ýaly ýagdaýlar döredip biler.

Stenokardiýanyň ýüze çykmagynyň esasy alamaty – agyrylar bolup, ol birnäçe aýratynlyklary bilen tapawutlanýar:

  1. Tutgaý häsiýetli bolup, belli bir başlanýan we gutarýan wagty bardyr. Olar adatça gysga wagt dowam edip, ortaça 5-10 minut, seýrek ýagdaýda 15-20 minuda çenli dowam edip bilýär.
  2. Belli bir şertlerde, ýagdaýlarda döräp bilýär. Meselem, dartgynlylyk stenokardiýasy ýöremelerde (çalt ýöreme, daga çykylanda, öňden öwüsýän güýçli şemal, agyr ýük bilen ýöreme), başga fiziki işlerden ýa-da nerw dartgynlylyk ýagdaýyndan soň döreýändir. Fiziki agram salmalaryň dowamlylygy we köpelmegi agyrylaryň ýüze çykyş derejesini güýçlendirip, tersine, asuda ýagdaýda agyrylar azalyp, birnäçe wagtdan aýrylyp gidýändir.
  3. Nitrogliseriniň  täsiri bilen agyrylar gowşap ýa-da aýrylyp gidýärler (diliň aşagyna goýlandan 1-3 minutdan soň).

Agyrylaryň sanalyp geçilen şu häsiýetnamasy ýüregiň ýanynda we döşde ýüze çykýan agyrylary aýyl-saýyl edip, stenokardiýany anyklamaga kömek berýändir. Näsagy ünsli we içgin sorag etmeler netijesinde, lukman keseli öz wagtynda we dogry anyklamaga mümkinçilik tapýar.

Käwagtlar näsaglar stenokardiýa mahsus alamatlary duýsalar hem, ony ýürege degişli däl ýaly manyda lukmana ýetirýärler. Ýöne oňa derek kesele mahsus bolmadyk alamaty ýürege degişli ýaly beýan edip bilýärler.

Aşakdaky alamatlar bu keseliň kliniki häsiýetnamasynyň üstüni ýetirip biler, ýöne olaryň bolmazlygy stenokardiýany doly inkär edip bilýän däldir:

  1. Agyrylaryň köplenç döş süňküniň aňyrsynda duýulmagy, seýrek ýagdaýlarda agyrylaryň boýunda, aşaky äňde we dişlerde, ellerde, pilçede (köplenç çepde), ýüregiň ýanynda döremegi ýüze çykyp biler;
  2. Agyrylar basyjy, gysyjy, seýrek ýagdaýlarda ýakyjy häsiýetde bolup, käwagtlar  döşde del zadyň barlygy ýaly duýgyny döredip bilerler;
  3. Tutgaýly ýüregagyry bilen bilelikde gan basyşynyň ýokarlanmagy, derlemeler, deriniň solgun reňkde bolmagy, ýürek urmalaryň ýygylygynyň üýtgemegi, olaryň kadasyz bolmagy ýaly alamatlaryň döremegi mümkindir.

Asuda ýagdaýda ýüze çykýan stenokardiýanyň dartgynlylykdan ýüze çykýan görnüşinden, fiziki agram salmalara bagly bolmazdan döreýänligi bilen tapawutlanýandyr. Ol köplenç gije ýüze çykyp, howa ýetmezçiligi, bogulma ýaly duýgular bilen utgaşyp bilýändir.

Näsaglaryň köpüsinde stenokardiýa durnukly häsiýetde geçip bilýändir. Durnukly ýagdaýda dowam edýän stenokardiýada, tutgaýlaryň dörän wagtyndan bäri dowamlylygy we agyrylaryň güýji üýtgemeýär. Olar şol bir faktorlaryň täsirinden soň ýüze çykýar hem-de asuda ýagdaýda, nitrogliserin kabul edilenden soň geçip gidýändir.

Täze dörän stenokardiýa tutgaýlaryň ýygylaşmagy we agyrylaryň güýjemegi, fiziki dartgynlylyga bagly bolmazdan, hatda asuda ýagdaýda hem döremegi keseliň durnuksyz görnüşe geçendigiden habar berýändir. Bu ýagdaý lukman tarapdan goşmaça bejergi çärelerini we ünsi talap edýändir.

Stenokardiýa tutgaýlarynyň 20-30 minuda çenli dowam etmegi ýa-da onuň durnuksyz ýagdaýa geçmegi ýüregiň infarktynyň döremegine töwekgelçiligi ýokarlandyryp biler.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, lukman ýüze çykýan alamatlaryň döreýşini we geçiş häsiýetini kesgitläp, keseliň görnüşini anyklap biler.

Ugurdaş keselleri ýörite lukmançylyk synaglary, asuda we fiziki dartgynlylykda geçirilýän EKG barlagy, angiografiýa barlagy hem ýüze çykaryp biler.

Stenokardiýany netijeli bejermek üçin, ilki bilen oňa getirýän faktorlaryň aradan aýrylmagyna kömek edip, lukman degerli derman serişdeleri bilen bejergini belleýär.

Dogry iýmitlenme we peýdaly fiziki maşklary ulanmak soraglary hem ara alnyp maslahatlaşylmalydyr.

Derman serişdelerini ulanmak tutgaýlary ýatyrmak hem-de öňüni almak, ýürek myşsasynda kadaly gan aýlanşygy we alyş-çalyş ýagdaýlaryny kadalaşdyrmaga gönükdirilen bolmalydyr.

Derman serişdeleriniň dürli-dürli toparlary ulanylýar:

  1. Nitratlar (nitrogliserin, trinitrolong, izo-mak, nitrosorbid, erinit..);
  2. Beta-adrenoreseptorlary togtadyjylar – (atenolol, pindolol, sotabol, anaprilen, inderal);
  3. Kalsiý-garşydaş serişdeler- (werapamil, korinfar, nifedipin, papawerin,sinnarizin, finoptin).

Stenokardiýanyň agyr görnüşlerinde ýa-da derman serişdeleri ýeterlik kömek etmedik halatynda hirurgiki usullar ulanylýar:

  • Ýürek damarlarynyň şuntirowaniýasy - bu giňden ulanylýan hirurgiki operasiýasynyň netijesinde, gan damarlarynyň zeperlenen bölegi başga damar bilen çalşylyandyr. Netije-de, gan aýlanyşygy kynlaşan ýürek damarynda kadaly gan akymy dikeldilýär. Kesip oturtma üçin döş arteriýalary ýa-da aýagyň wenalary ulanylýar.
  • Angioplastika – bu operasiýada ujy kiçijik ballonjyk bilen gutarýan kateter goltukasty ýa-da but arteriýasyna salnyp, daralan ýürek damaryna çenli süýşürilýär. Damaryň daralan ýerine ýetende ballonjyk çalt çişirilýär we gysylma ýer giňeldilýär.

Seljermeleriň görkezişi ýaly, operatiw bejergisi geçirilen näsaglaryň 70%-de stenokardiýa tutgaýlarynyň öňi alynýandyr.

  • 13277 gezek okalan