• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • SPINA BIFIDA: SEBÄBI, ALAMATLARY, BEJERGI AÝRATYNLYKLARY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SPINA BIFIDA: SEBÄBI, ALAMATLARY, BEJERGI AÝRATYNLYKLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

spina bifidaOňurganyň bölünmegi (spina bifida) – oňurga sütüniniň ýapylmagynyň doga defektidir. Käbir çagalarda az alamatly geçse-de, beýlekilerde zeperlenen ýeriň aşagyndan agyr newrologiki alamatlar döreýändir. Bu doga zeperlenme esasan oňurganyň döş bölüminiň aşaky böleginde, bil we türre böleginde döräp, adatça 3-6 oňurga segmentini öz içine alýandyr.

Sebäpleri

Bu doga zeperlenmäniň anyk sebäpleri belli bolmasada, göwrelilik döwründe foliý turşylygynyň ýetmezçiligi onuň döremegini ýokarlandyryp bilýän sebäpdir. Ondan başga-da, genetiki töwekgelçiligi hem göz öňüne tutmalydyr. Göwrelilik döwründe enäniň käbir derman serişdelerini kabul etmegi (meselem, tutgaý keselinde ulanylýan walproat) we süýji keseliniň bolmagy hem töwekgelçiligi ýokarlandyryp bilýändir. Geljekki eneler göwrelilik galmazdan öň foliý turşulygyny gerekli mukdarda kabul edende, oňurganyň bölünmeginiň döreme howpuny 70% peseldip bolýandyr. Foliý turşulygynyň çeşmeleri höküminde däne önümlerini, bugdaý we mekgejöwen uny, gury noýbalar, ýaprakly gök önümleri hem-de ir-iýmişler ýaly witaminleşdirilen esasy azyk önümleri ýa-da foliý turşysyny saklaýan goşundylary belläp bolar.

Görnüşleri

Spina bifida doga kemçiliginiň esasan iki görnüşi tapawutlandyrylýar:

↪ Ýapyk arka dizrafizm – oňurganyň bil-turre bölüminiň üstüniň derisiniň bitewiligi bolman, düýpleri görünmeýän fistulalar (swişş) syn edilýär, deri aşa pigmentirlenen, ýanbaş gasynlary deň bolmaýar, defektli ýerde saç topbaklary görünýär.

↪ Oňurganyň kistoz bölünmesi – çykyp duran "haltajyk" özünde beýni bardalary (meningosele), oňurga ýiligini (miýelosele) ýa-da ikisini hem (miýelomeningosele) saklap bilýändir. Miýelomeningosele görnüşde "haltajyk" adatça beýni bardalaryndan we merkezi nerw ýasmajygyndan ybaratdyr. Deri bilen gowy örtülmedik ýagdaýda haltajyk ýyrtylyp, meningitiň emele gelmegini ýokarlandyryp bilýär.

Alamatlary

Doga defektler az bilinýän çagalaryň köpüsinde keseliň geçişi alamatsyz bolup biler. Spina bifida ýüze çykyşy boýunça ulgamlaýyn alamatlar bilen tapawutlanýar:

↪ Newrologiki alamatlar: haçanda oňurganyň bil-türre bölüminiň oňurga ýiligi ýa-da nerw sütünleri zeperlenende dürli derejede ysmaz ýagdaýy ýa-da duýujylygyň peselmegi ýüze çykyp bilýändir. Artbujagyň sfinkteriniň çeýeligi hem peselip, täret saklamazlyk döräp biler.

Gidrosefaliýa kelle çanagynyň içki basyşynyň ýokarlanma alamatlaryny ýüze çykaryp bilýändir. Beýni sütüniniň zeperlenmegi bolsa ýuwdunma kynçylygyna ýa-da kadasyz dem alma getirip bilýär.

↪ Ortopediki alamatlar: myşsalaryň nerw üpjünçiliginiň pesligi aýaklarda myşsalarynyň gowşamagyna getirýär. Myşsalaryň ysmaz ýagdaýynyň entek çaga enesiniň göwresindekä ýüze çykýandygy sebäpli ortopediki kynçylyklar hem çaga dogandan soň ýüze çykyp başlaýar. Meselem, uýlugyň çykmagy, gyşyk aýaklar. Kähalatlarda kifoz (oňurganyň yza gyşarmagy) doga defekti hirurgiki usul bilen ýapmaga mümkinçilik bermeýär, çaga hem arkan ýatyp bilmeýär. Skolioz (oňurganyň gapdala gyşarmagy) biraz giç ýüze çykyp, zeperlenme derejesi oňurganyň ýokarky bölümlerinde (L3 oňurgadan ýokary) ýerleşýän çagalarda syn edilýär.

↪ Urologiki alamatlar: oňurga ýiliginiň doga kemçiliklerini hem öz içine alýan oňurganyň doga defektleri peşew haltanyň hem işiniň bozulmalaryna getirýär. Bu bozulmalar peşew haltanyň merkezi nerw ulgamy bilen arabaglanşygynyň bozulmagy, şol esasynda hem peşewiň yzyna (böwreklere) gaýtmagy ýaly kynçylyklar bilen häsiýetlendirilip bilner. Bu ýagdaý bolsa soňundan gidronefroza, peşew çykaryş ýollaryň ýygy döreýän ýokançlyklaryna we böwrekleriň zeperlenmegine getirip bilýändir.

Anyklama çäreleri

Ultrases barlagy we MRT – oňurga ýiligini barlamak esasan ýapyk arka dizrafizmde hökmandyr: görünýän ol diýen şikessiz deri örtüginiň aşagynda düýpli anatomiki kemçilikler tapylyp bilýändir. Doga kemçilikleri aýdyň görünýän çagalarda anatomiki üýtgemeleriň belliligi sebäpli, barlaglary geçirmegiň zerurlygy bolmaýar. Kelle çanagyň USB-ny, kompýuter we magnit-rezonans tomografiýasyny geçirmek gidrosefaliýa ýa-da siringomiýeliýa ýaly keselleri anyklamaga kömek edýär.

Spina bifida keseli anyklanandan soň, peşew çykaryş ulgamynyň işine baha bermek üçin ultrases barlagy, peşewiň umumy baplagyny, bak. ekini geçirme, ganda moçewinany we kreatinini barlamak ýaly anyklaýyş çäreleri geçirilýär.

Göwrelilik döwründe anyklamak

Prenatal skrining çaganyň USB-ny geçirip, anatomiki ösüşini görmek we enäniň ganynda alfa-fetoprotein belogynyň derejesini anyklamakdan ybaratdyr. Bu belogyň diňe oňurganyň kistoz bölünmesinde ýokarlanyp, ýapyk arka dizrafizmde hemişe ýokarlanmaýandygyny ýatda saklamalydyr.

Bejergi çäreleri

Oňurganyň bölünmeginiň hemme görnüşleriniň bejergisinde ençeme ugur boýunça lukmanlaryň bile sazlaşykly işlemegi zerurdyr: neýrohirurglar, urologlar, ortoped lukmanlary, çaga lukmanlary, gerek bolan halatynda psiholog lukmanlaryň hem goşulmagy peýdalydyr. Çaganyň maşgalasy bilen bejerginiň peýdalylygy we ideg etmek aýratynlyklary barada söhbetdeş bolmak, maşgalanyň mümkinçiliklerini bilmäge we peýdaly maslahatlary bermäge ýardam edýär.

Keseliň bejergisi esasan birnäçe ugur boýunça alnyp barylýar:

↪ Oňurganyň doga şikeslenmelerini hirurgiki usul bilen bejermek;

↪ Gidrosefaliýa dörände, zerurlyk ýüze çykanda beýni garynjyklaryny şuntirleme;

↪ Ortopediki we urologiki kemçilikleri bejermek üçin çäreleri geçirmek.

  • 1708 gezek okalan