• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • IGLILIK KESELI, ONY BEJERMEK WE ÖŇÜNI ALMAK

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

IGLILIK KESELI, ONY BEJERMEK WE ÖŇÜNI ALMAK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.59 (27 Ses)

Iglilik (rahit) – bedende D witaminiň ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykýan kesel. D witamini deride ultramelewşe şöhleleriniň täsir etmegi bilen emele gelip, ol balyk ýagy, ýumurtganyň sarysy, süýt önümleri ýaly iýmitleriň düzüminde hem duş gelýändir. Bu witamin süňk dokumasynyň ösmegi, merkezi nerw ulgamynyň işjeňligi we beýleki beden agzalary üçin zerur bolup, içegeden kalsiniň işjeň özleşmegine we bedende dogry ulanylmagyna ýardam berýär.

D witaminiň ýetmezçiligi sowuk pasyllarda, ultramelewşe şöhle bilen şöhlelenmek ýetmezçilik edýän döwri, şeýle-de D witamininiň içegede doly özleşmeýänligi zerarly ýüze çykýar (du ýagdaý içege disbakteriozynda we dürli ferment işjeňliginiň bozulmalarynda duş gelýär).

Iglilik keseli ähli ýurtlarda bar, ýöne esasan gün ýetmezçilik edýän demirgazyk döwletlerinde has ýygy duş gelýär. Biziň güneşli ýurdumyzda güýz, gyş pasyllary doglan çagalaryň içinde-de iglilikden ejir çekýänler az däl. Esasan bu kesel 1-3 ýaşly çagalarda duş gelýär (uly ýaşly çagalarda iglilik – seýrek hadysadyr).

Iglilik döwri birnäçe tapgyrdan ybaratdyr.

D witamininiň ýetmezçiliginiň birinji tapgyrynda bir ýaşamadyk çagalaryň işdäsiniň kesilmegi, eliniň aýajygynyň, dabanynyň aşagynyň, saçlarynyň düýbüniň derlemegi, ynjalyksyzlyk, çensiz duýgurlylyk, ukusynyň peselmegi, ýeňse saçynyň dökülmegi ýüze çykýar. Bu alamatlary ata-eneler aňyp biler, lukman bolsa, çagany gözegçilikden geçirende, bekemedik beýniniň adaty ýagdaýdan ýumşakdygyna, beden myssalarynyň çeýeliginiň peselendigine üns berer.

Eger ilkinji alamatlaryň ýüze çykan wagty keseliň öňüni almagyň we bejermegiň aladasy edilmese, birnäçe hepdeden ikinji tapgyr – ýiti döwri başlar. Keseliň bu döwründe süňk deformasiýasy (adaty görnüşini üýtgetmegi) ýüze çykýar: kelle süňküniň durky üýtgäp (ýeňsäniň ýasalmagy, kelle süňküniň ýokaryk süýnmegi, maňlaýynyň tüňňermegi); gursak deformirlenýär (döş süňküniň içine gitmegi – "ädikçiniň döşi", ýa-da öňe çykmagy – "towuk döşi"); aýak süňkleri gyşarýar, esasan ýöreýän çagalarda – X ýa-da O görnüşli gyşarmalar emele gelýär; çanaklygyň daralmasy, süňk ösüntgileriniň peýda bolmagy ýüze çykýar we bu üýtgemeler rentgen barlagy geçirlende aýdyň görünýär.

Süňk deformasiýalaryndan başga-da çagalaryň dişiniň ösmegi haýallaşyp, bedeniň dürli agzalarynyň işlemeginde düýpli bozulmalar bolup geçýär: ýürek we öýken kadaly işlemeýär , iýmit siňdirýän agzalara zyýan ýetýär, wegetatiw nerw ulgamynda hem üýtgeşmeler bolýar (çensiz derlemeklik, deriniň mermer ýaly ak öwüsmegi). Iglilikden ejir çekýän çagalar, onuň ýitileşen döwründe, ösüşden yza galyp başlaýarlar.

Biraz wagtdan igliligiň ýitileşen döwriniň alamatlary geçip, çaga özüni oňat duýup başlaýar. Emma onuň bedenine ýeten zyýan: gyşyk aýaklar, kelle süňküniň betgelşik we çanaklygyň nädogry görnüşi ömürlik galyp bilýär. Igliligiň yitileşen döwrüni başdan geçiren çagalarda dowamly keselleriň köpelmegi we ýygy-ýygydan syrkawlamak howpy döreýär. Şol sebäpli, keseli öte geçirmän, öňüni almak boýunça çäreleri wagtynda ýerlikli geçirmeli.

Igliligiň öňüni almak we bejermek esasy görkezilen ugurlar bilen alynyp barylýar:

  1. Dogry iýmitlenmegi ýola goýmak we çaganyň iýmitine düzüminde D witamini bar bolan önümleri goşmak.
  2. D witamininiň ýetmezçiliginiň öwezini dolýan derman serişdelerini bellemek.
  3. Bedene gelýän D witamininiň doly özleşmegi üçin şert döretmek.

Çaganyň iýmitini dogry, oýlanyşykly ýola goýmak, saglygyny goramakda örän möhüm orun eýeleýär. Iýmit üsti bilen onuň bedeni beloklar, ýaglar, uglewodlar, mineral duzlar we witaminler bilen doly üpjün edilip durmaly. Çaganyň ösüşiniň ilkinji ýyllarynda iň ýokumly iýmit ene süýdüdir. Ene süýdi bilen iýmitlenýän çagalarda iglilik keseli seýrek duş gelýär, bolaýan ýagdaýynda-da ýeňil geçip, bedeninde az şikes galdyrýar. Ene süýdünde D witamininiň mukdarynyň ujypsyzlygyna garamazdan, onuň hili, düzüm bölegi doly bedene siňmäge we dogry ýaýramaga mümkinçilik döredýär. Ene süýdüniň hil taýdan ýokumly bolmagy üçin enäniň dogry iýmitlenmegi möhümdir.

Emeli iýmitlenmede ulalýan çaganyň iýmit düzgüni bolsa lukmanyň gözegçiligi bilen düzülmelidir. Her çaga üçin saýlanan emeli süýtden başga-da, olara 4-5 aýlykdan ir-iýmiş we gök önüm (meselem, alma, käşir) şirelerini bermek maslahat berilýär.

Gök önümler mineral maddalaryň we witaminleriň baý çeşmesidir. Olardan taýynlanan pýureleri çagalaryň iýmitine 6-7 aýdan başlap goşmak maslahat berilýär. Pýure taýýarlamak üçin dürli gök önümleri: ýer almasyny, käşiri, kädini ulanmak bolar. Pýurelere gaýnadylan ýumurtganyň sarysynyň ýaryny goşmak (çagada allergiki täsir bolmadyk ýagdaýynda) ýa-da ösümlik ýagy bilen garmak rugsat berilýär.
Emeli iýmitlenmedäki çagalara dürli şüleleriň we owradylan et önümleriniň berlişi, onuň umumy ýagdaýyna, ösüşine, iýmit siňdiriş ulgamynyň aýratynlyklaryna baglylykda lukman tarapyndan gözegçilikde saklanylmalydyr.

Edil şonuň ýaly-da, iglilige duçar bolan çagalara iýmit berhizini keseliň ýüze çykyş derejesine, çaganyň umumy ýagdaýyna görä lukman bellemelidir.

Iglilik keselini bejermekde we öňüni almakda ulanylmaly derman serişdelerini hem lukman maslahat bermelidir. Keseliň öňüni almak maksady bilen güýz aýlary D witaminini çaga berip başlamak bolýar. Öňüni alyş çäräni ähli 3 ýaşamadyk, esasan wagtyndan öň doglan , güýz, gyş aýlary doglan gowşak çagalara maslahat berilýär. Derman serişdeleriniň içinde witamin D2 (ergokalsiferol) we witamin D3-i (holekalsiferol) aýratyn agzap geçmek bolar. Hünärmenler D3 witamininiň D2 garanda bedene has işjeň ornaşyp, 2 esse çalt netije berýändigini belleýärler. Bu witaminler ýag we suw ergini görnüşinde bolýar. Çaga serişdäni köp mukdarda bermeli bolan ýagdaýynda suw ergini maslahat berilýär, sebäbi ol bedene ýeňil ornaşýar.

Tomus aýlary , gün şöhlesiniň, ýylylygyň ýetik döwri D witamini bar bolan serişdeleri ulanmak maslahat berilmeýär. Ultramelewşe şöhleleriniň täsir etmegi bilen ol deride özbaşdak işläp çykýar. Çaganyň edil gün şöhleleriniň aşagynda bolmagy zerur däl, ony mümkin boldugyça ýeňil geýindirip (gysga ýeňli köýnek, gysga jalbar we hökman kellejiginde papajygy bolmaly), tämiz howada gezdireniň ýeterliklidir.

Çaganyň sagdyn ösmegi üçin, iglilik bilen göreşmekde, agzalan usullaryň ählisini öz wagtynda ýerlikli ulanmak zerurdyr. Şoňa garamazdan çaga keselläýen ýagdaýynda , bejergini doly alyp, beden keselden saplanýança ähli çäreleri berjaý etmeli. Olaryň fiziki ösüşine we bedeniniň taplanyşyna aýratyn üns bermeli.

Ata-ene üçin çagany dünýä indirip, ony berk bedenli, kalby päk, edepli, bilimli edip kemala getirmek uly bagtdyr. Emma ählisiniň sakasynda çaganyň saglygynyň durýanlygyny ýatdan çykarmaly däl.

  • 8934 gezek okalan