Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
PODAGRA KESELI NÄHILI DÖREÝÄR?
Podagra (aýagyň bogunagyry keseli) – agyr ulgamlaýyn kesel bolup, bedende alyş-çalyş hadysalaryň bozulmagy netijesinde bogunlarda peşew turşylygyň kristallarynyň toplanmagy bilen häsiýetlenýär. Bu keselde bedeniň hemme bogunlary (dyz, tirsek, baldyr-daban, barmaklar) zeperlenýän bolsa hem, esasy şikeslenmä aýaklaryň barmaklary sezewar bolýar. Alamatlaryň meňzeşligi sebäpli onuň bogunlaryň başga keselleri bilen çalşylmagy netijeli bejerginiň gijikdirilmeginiň sebäbi bolýar. Bedende peşew turşylygynyň toplanmagy beden agzalarynyň işiniň bozulmagyna we howply gaýraüzülmeleriň ýüze çykmagyna getirýär.
Keseliň nähili sebäpleri bar?
Adam bedeninde purin esaslarynyň peşew turşylygyna çenli dargap, soňundan böwrekler tarapyndan bölünip çykarylýandygy bellidir. Bedende peşew turşylygynyň mukdarynyň ýokarlanmagy bilen onuň bogunlarda, böwreklerde we ýumşak dokumalarda toplanmagy bolup geçýär.
Bedende peşew turşylygynyň alyş-çalyş hadysasynyň bozulmagyna getirýän her bir sebäp podagrany dörediji faktor höküminde bellenip biler:
↪ Derman serişdeleriniň kabul edilmegi – tiazidli buşukdyryjy serişdeler, siklosporin toparyndan bolan antibiotikler, aspirin (bir gije-gündizde mukdary 2gr. deň bolsa).
↪ Podagranyň alamatlaryny döredýän dowamly beden keselleri – ýüregiň işemiýa keseli, gan basyşynyň ýokarlanma keseli, metaboliki sindrom, dowamly böwrek ýetmezçiligi, psoriaz, gan ulgamynyň käbir keselleri. Şeýle-de, podagranyň döremegine agzalaryň transplantasiýasy (bir bedenden agzanyň başga bedene oturdylmagy) we rentgen barlagynda kontrastirleýji maddalaryň ulanylmagy itergi berip biler.
↪ Purin esaslaryny saklaýan önümleriň aşa kabul edilmegi – etiň we balygyň ýagly görnüşleri, alkogol we gazlandyrylan içgiler, ýumurtga, kömelekler, noýba önümleri, şokolad.
Keseliň döremegi babatda howp toparlary barmy?
↪ 40-60 ýaş aralygyndaky erkek adamlar we aýbaşydan galan aýallar;
↪ Nädogry iýmitlenýän (köp mukdarda ýagly eti, konserwalary kabul edýän) adamlar;
↪ Genetiki töwekgelçiligi bolan adamlar. Eger ýakyn garyndaşlaryň biri podagra bilen kesellän bolsa, keseliň döremegi babatda hökman ünsli bolmak zerurdyr;
↪ Semizlikden kösenýän adamlar;
↪ Alkogolly içgileri aşa kabul edýänler.
Podagra belli bir anyklanylan sebäpsiz hem döräp bilýärmi?
Ýüze çykyşy boýunça ilkinji we ikilenç döreýän podagra keseli tapawutlandyrylýandyr. 99% ýagdaýlarda ilkinji döreýän podagranyň sebäbini anyklap bolmaýar, ýagny ol genetiki, gormonal we iýmitlenme faktorlaryň toplanmasyndan döreýändir. Ikilenç döreýän podagra bolsa derman serişdeleriň ýa-da bedende alyş-çalyş ýagdaýlaryň bozulmagyna getirýän keselleriň täsirinden ýüze çykýandyr.
Podagra keselini haýsy alamatlardan anyklap bolýar?
Podagra keseli ýiti artritiň (bognuň sowuklamasy) tutgaýy ýaly ýüze çykýar. Köplenç aýagyň barmaklarynda, dyz we baldyr-daban bogunlarynda döreýär. Adatça artritiň agyryly tutgaýlary daňdan ýa-da gije birden başlap, bogunda güýçli basyjy agyrlaryň döremegi bilen tapawutlanýar. Şikeslenen bogun çişýär, derisi gyzaryp, özboluşly ýalpyldy döreýär, bognuň gyzmagy syn edilýär. Gündiz agyrlar peselip, gije ýene güýjeýär. Podagranyň agyryly tutgaýlary 2-3 günden bir hepdä çenli, käwagtlar ondan hem uzak dowam edýär. Tutgaýlar gaýtalanan halatlarynda alawlama hadysasy başga bogunlara hem ýaýrap bilýär.
Podagra tutgaýlary uzak wagt dowam edende bedende peşew turşysynyň mukdary ýokarlanýar we böwrekler olary çykaryp ýetişmeýär. Bogunlaryň üstünde peşew turşysynyň toplanmalary – tofuslar döräp, olaryň açylmagy hetijesinde peşew turşyly kristallar daşyna çykýar. Kristallaryň daşyna çykmasy örän güýçli agyrlary döredýär. Deride, gulak ýelkenlerinde we içki agzalarda ýasmajyklar döreýär. Bejergi wagtynda geçirilmedik ýagdaýlarynda fistulalar (swişş) emele gelýär.
Podagra näme bilen howply?
Wagtynda bejerilmedik podagra bogunlaryň alawlama hadysasyny döredip, peşew turşysynyň kristallarynyň olary zeperlenmesine, dargatmasyna getirýär. Netijede, bogun öz hereketlenme işjeňligini ýerine ýetirip bilmän adamda maýyplyk döredýär.
Böwreklerde döreýän kristallar böwrek ýetmezçiliginiň esasy sebäbi bolup, ölümçilige getirip bilýändir.
Podagranyň netijeli bejergisi barmy?
Bejerginiň esasy maksady näsagyň ganynda peşew turşysynyň mukdaryny peseltmäge, kristally ojaklaryň döremeginiň öňüni almaga we öňki döremeleriň eremegini gazanmaga gönükdirilen bolmalydyr.
Bejergi näsagyň ýaşyna, beden kesellerine, dörän gaýraüzülmeleriň häsiýetine baglylykda ýörite derman serişdelerini (meselem, allopurinol, probenesid, benzbromaron) lazeriň, ozonyň bejeriş täsiri bilen utgaşdyrmakdan ybaratdyr.
Podagranyň ýiti agyryly tutgaýlarynda steroid däl alawlama garşy serişdeler bilen kolhisin ulanylýar. Bogundan içindäki sinowial suwuklygy aýryp, içine steroid gormonyny dowamly göýbermek usuly hem netijeli hasaplanýar.
Podagra keselinde durmuş endikleri nähili alnyp barylmaly?
Podagraly näsaglara durmuş endiklerini üýtgetmek üçin lukman indiki maslahatlary berip biler:
↪ Zeperlenen bogna agram salmakdan saklanmaly. Agyryly bogny ýokary galdyryp, agyry aýrylýança günde 2-3 gezek, 15-30 min. dowamlylykda buz goýmak maslahat berilýär;
↪ Aspirin kabul etmäň. Ol ganda peşew turşylygynyň derejesini ýokarlandyryp, podagra tutgaýlaryny döredip biler;
↪ Kadaly ýagdaýda ganda peşew turşysynyň derejesini anyklap duruň;
↪ Lukman tarapyndan maslahat berlen fiziki maşklary her günde ýarym sagatdan gysga bolmadyk dowamlylykda ýerine ýetiriň;
↪ Günde 2 litrden az bolmadyk mukdarda arassa suw içiň;
↪ Esasy minerallaryň we witaminleriň gandaky mukdaryny anyklaň. Gerek bolanda ýokary hilli witamin-mineral toplumyny saýlap kabul ediň. Podagraly näsaglar üçin С witamini has hem zerurdyr;
↪ Gazlandyrylan içgileri we fruktoza saklaýan emeli ir-iýmiş şirelerini içmekden saklanyň;
↪ Alkogolly içgilerden gaça duruň;
↪ Mal belogyny 120 gr. köp bolmadyk mukdarda kabul etmäge çalşyň we ýagly şöhlatlary we konserwalary iýmekden saklanyň.
Çeşme: M. Елисеев "Подагра Руководство" ГЭОТАР-МЕДИА 2019 г.
- 1695 gezek okalan