• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • TEŇŇELI DEMREWIŇ ALAMATLARY WE BEJERGI USULLARY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TEŇŇELI DEMREWIŇ ALAMATLARY WE BEJERGI USULLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.70 (10 Ses)

"Käwagtlar men özümi, öz derimi ýigrenýärin..."

"Ýene bejergi almagyň nämä geregi bar? Köp serişdeler ulanylyp görüldi, emma kesel ýene gaýdyp gelýär. Men ýadadym."

"Men gysga ýeňli köýnekleri hem geýip bilemok..."

"Häzirki zaman lukmançylygy peýdaly bejergini tapyp bilmeýärmikä?"

Şeýle jümleleri lukman teňňeli demrew (psoriaz) keselinden ejir çekýän näsaglardan köp gezek eşidýär.

Bedeniň hemme ýerine ýaýraýan teňňeli demrew tümmejikleri, keseliň ýygy-ýygydan gaýtalanyp durmagy näsaglaryň umumy ýagdaýyny ýaramazlaşdyryp, onuň sosial işjeňligini pese gaçyrýar.

Teňňeli demrew – dowamly deri keseli bolup, deriniň, dyrnaklaryň, bogunlaryň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýändir. Bu kesel üçin deriniň üstünden galyp duran gury, gyzyl menekleriň emele gelmegi mahsusdyr. Bu menekleri psoriaz tümmekleri diýip hem atlandyrýarlar.

Tümmekler deriniň buýnuzlaşdyryjy öýjükleriniň (keratinositler) aşa köpelmegi we deride limfositleriň, makrofaglaryň (immun ulgamynyň goraýjy öýjükleri) ýygnanmagy netijesinde emele gelip, onuň galňamagyna, onda gatan parafine meňzeş solgun çalymtyk ýa-da kümüşsow menekleriň emele gelmegine sebäp bolýar. Bu menekler birleşip "parafin köljagazlaryny" emele getirip bilýärler. Teňňeli demrewiň tümmekleri birinji gezek köplenç köp sürtülmä we basyşa sezewar bolýan ýerlerde-tirsek we dyz epinlerinde, ýanbaşda peýda bolýar. Şeýle-de olar deriniň islendik ýerinde, şol sanda kelläniň saçly böleginde, elleriň aýasynda, dabanyň aşagynda, daşky jyns agzalarynda döräp biler. Tirsek we dyz bogunlarynyň içki ýüzüni zeperlendirýän ekzema keselindäki örgünlerden tapawutlylykda, teňňeli demrewiň tümmejikleri bogunlaryň daş tarapynda ýerleşýärler.

Teňňeli demrew bejergi çäreleri netijesinde gowşap, käbir ýaramaz daşky täsirleriň (alkogol içgileri, nerw dartgynlylygy, ýokanç keselleriň birleşmesi) netijesinde ýene beterleşip biler.

Keseliň geçiş görnüşi uly bolmadyk deri zeperlenmelerinden, bütin bedene ýaýraýan teňňeli demrewiň örgünleri bilen tapawutlanyp biler. Köp ýagdaýlarda (kadaly bejergi geçirilmese) keseliň geçişiniň agyrlaşmagy, beterleme döwürleriniň ýygylaşmagy, deride zeperlenme meýdanynyň köpelmegi bolup biler. Köplenç aýaklaryň ýa-da elleriň (ýa-da bile) dyrnaklarynyň şikeslenmegi ýüze çykyp, kä halatlarda ol deridäki üýtgeşmelersiz hem döräp biler. Teňňeli demrew bogunlaryň sowuklamagyna (psoriaz artriti) hem getirip, bu kesele ýolugan näsaglaryň 10-15%-i bogun şikeslenmelerinden ejir çekýändir.

Teňňeli demrew agyrlyk derejesi boýunça ýeňil (deriniň 3%-den az meýdanynyň zeperlenmegi), orta (deriniň 3-10% böleginiň zeperlenmegi) we agyr (10%-den köp zeperlenme meýdany) görnüşlere bölünýändir.

Bogunlaryň teňňeli demrewli şikeslenmesi agyr derejeli geçişe degişli edilýändir. Ondan başga-da, keseliň agyrlyk derejesi kesgitlenende diňe zeperlenen meýdanyň göwrümi göz öňüne tutulman, eýsem teňňeli demrewiň tümmekleriň çişginlilik ýagdaýyna, deri gijilewügine, deriniň galňama derejesine, onuň soýulma ýagdaýyna, bogunlaryň çişginliligine we agyrysyna, ganyň derňewine hem baha berilýändir.

Teňňeli demrew köp görnüşlerde ýüze çykyp bilýär. Onuň aýry görnüşleriniň üstünde gysgaça durup geçeliň.

  • Tümmek görnüşli ýa-da adaty, ýönekeý teňňeli demrew – iň ýygy duş gelýän görnüşi bolup, ol näsaglaryň 80-90%-de ýüze çykýandyr. Ýokarda suratlandyrylan teňňeli demrewiň tümmejikleriň emele gelmegi bilen häsiýetlendirilip, bu tümmekler özara birleşip, uly meýdanlary emele getirip bilýändir. Zeperlenen kümüşsow reňkli, guran, soýlan deri gatlagy aýrylyp, aşagyndaky gyzyl deri, kiçi gan damarlara baýlygy sebäpli aňsatlyk bilen ganap bilýändir.
  • Epilýän üstleriň teňňeli demrewi – deri epinlerinde ýerleşýän, tekiz, az derejede soýulýan, deriniň üstünden kän galmaýan gyzyl menekler görnüşde ýüze çykýar. Keseliň bu görnüşi köplenç gasygyň, daşky jyns agzalaryň epinlerinde, butlaryň iç ýüzünde, goltukda, aýallaryň süýt mäzleriniň aşagyndaky deri epinlerinde, semizlik netijesinde ulalan garnyň aşagyndaky deri epinlerinde döräp biler.  Teňňeli demrewiň bu görnüşi  sürtülme, derlemäniň täsiri netijesinde beterleşip, köplenç dürli ýokançlyklaryň (kömelekler, streptokokklar) birleşmesine sezewar bolup biler.
  • Damja görnüşli teňňeli demrew – öz görnüşi boýunça kiçijik nokatjyga, damja meňzeş gury, gyzyl ýa-da melewşe görnüşli deri zeperlenmeleridir. Deriniň uly maýdanlaryny zeperlendirip, butlarda, gollarda, arkada, boýunda, kelläniň saçly böleginde döräp biler. Teňňeli demrewiň bu görnüşi streptokokk ýokançlyklaryndan soň beterleşip biler.
  • Gabarçakly teňňeli demrew – deri demrewiniň agyr görnüşi bolup, içi dury suwuklykly, sag deriniň üstünden galyp duran gabarçaklar bilen häsiýetlendirilýär. Gabarçaklaryň töweregindäki deri çiş, galňan, gyzgyn bolup, ýeňillik bilen soýlup biler. Ýokançlyklaryň täsiri bilen, gabarçagyň içindäki suwuklyk üýtgäp, iriňlemäniň döremegine getirip biler. Gabarçakly teňňeli demrew özbaşdak çäklendirlen ýerde, meselem injikde ýa-da gollarda döräp biler. Agyrlaşan ýagdaýlarda bolsa, bütin bedene ýaýrap, birleşip, has uly gabarçaklary emele getirip biler.
  • Dyrnaklaryň teňňeli demrewi – aýaklardaky we ellerdäki dyrnaklaryň görnüşleriniň üýtgemegine getirýär. Bu üýtgemeler dyrnaklaryň reňkiniň üýtgemegine (agymtyl, sary, çalymtyl reňk), dyrnaklarda nokatjyklaryň, menekleriň, kese çyzyklaryň döremegini, dyrnaklaryň aşagyndaky we dyrnagyň ýerleşýän ýeriniň derisiniň galňamagy, dyrnagyň soýulmagy, döwülmegi ýa-da dyrnaklaryň bütinleý aýrylmagy ýaly alamatlary öz içine alýandyr.
  • Teňňeli demrewli artrit – bogunlaryň we olaryň birleşdiriji dokumasynyň sowuklamagy. Teňňeli demrew oňurga bogunlaryny, çüýjük, dyz, egin bogunlaryny zeperlendirip bilse-de, köplenç elleriň we aýaklaryň barmaklarynyň ownuk bogunjyklaryny şikeslendirýändir. Ol barmaklaryň büzmeçä meňzeş çişmegine getirip, olaryň görnüşini üýtgedýändir.Köp ýagdaýlarda bogun zeperlenmeleriniň agyr derejeleri, näsaglary hereketden mahrum edip, maýyplyga getirip bilýändir. Näsaglaryň hereketsiz, uzak wagt düşekde ýatmagy, deriniň düşege galtaşýan ýeriniň gan aýlanyşygynyň bozulmagyny we öýkende durgunlylyk ýagdaýlaryny döredip, näsaglaryň ölümçiliginiň sebäpleri bolup bilerler.
  • Teňňeli demrewli eritrodermiýa – deride ýaýran, köp meýdany tutýan zeperlenmeler bolup, deriniň güýçli gijemegi, çişginliligi, agyrmasy bilen ýüze çykyp biler. Teňňeli demrewli eritrodermiýa adaty teňňeli demrewiň beterleşmegi netijesinde ýa-da glukokortikoidler bilen bejergi kesilenden soň, alkogol içgileriň, nerw dartgynlylygyň, ýokançlyklaryň täsirinden soň ýüze çykyp biler. Deriniň uly böleginiň şikeslenip soýulmagy, bedeniň ýylylyk çalşygyny hem-de deriniň goraýjylyk häsiýetini üýtgedip, dürli gaýraüzülmelere, şol sanda sepsise (ganyň hapalanmagyna)  getirip biler.

Ýöne çäkli dörän teňňeli demrewli eritrodermiýa keseliň birinji alamaty bolup, soňundan adaty teňňeli demrew görnüşinde galyp biler.

Teňňeli demrew deri örtüklere, şol sanda daşky keşbe zeper ýetirip, adamda ruhy kynçylyklaryň döremegine sebäp bolup biler. Teňňeli demrewe uçran näsaglar öz daşky keşbine köp üns berip, göwniçökgün bolýarlar, jemgyýetde şahsyýet hökmünde kabul edilmezlikden, jynsy gatnaşyklarda ýüze çykjak kynçylyklardan howsala düşüp, ruhy gamgynlylyk ýagdaýlaryna sezewar bolup bilerler. Bu ýagdaý bolsa olary deri keseller lukmany bilen bilelikde psihoterapewt lukmanyň maslahatyna hem mätäç edip biler.

Häzirki wagtda teňňeli demrewiň döremegine getirýän sebäpler entek doly anyklanan däldir. Bu kesel köp sebäplere baglydyr. Barlagçylaryň köpüsi deri öýjükleriniň islendik şikeslenmesine jogap hökmünde immun ulgamanyň işjeňleginiň çenden aşa artmagy bilen baglydyr diýen immunologiki çaklamany öňe sürýärler. Käbir barlagçylar bolsa, bedeniň endokrin ulgamynyň üýtgemeleriniň hem (galkan şekilli mäziň işiniň peselmegi, ösmek gormonynyň, prolaktiniň  derejesiniň köpelmegi, jyns gormonlarynyň ýetmezçiligi) teňňeli demrewiň ýüze çykmagyna sebäp bolup bilýändigini nygtaýarlar.

Häzirki wagtda ylymda teňňeli demrewiň döremegine jogapkär gen toplumynyň hem bardygy bellidir. Ýöne ol gen toplumynyň keseli döretmekde özara arabaglanşygy doly öwrenilen däldir. Deriniň goramak häsiýetine zeper ýetirýän (deriniň şikeslenmeleri, sürtülmegi, himiki eredijileriň, spirt saklaýan erginleriň, sabynyň, ýuwujy serişdeleriň täsiri) faktorlar, deriniň ýokançlyklary, allergiki täsirliligi hem teňňeli demrewiň döremegine itergi berip biler. Geçirilen barlaglar we synlar şeýle  näsaglarda esasan dört sany üýtgemeleriň bardygyny belleýärler: bedeniň alyş-çalyş ýagdaýynyň bozulmagy, immun ulgamynyň ýetmezçiligi, endokrin bozulmalar we ýokançlyklaryň täsiri.

2008-nji ýylda teňňeli demrewyň bejergisinde täze üç sany usul tassyklanyldy:

  1. Takloneks- kelläniň saçly böleginiň teňňeli demrewi üçin ýerli bejergi serişdesi;
  2. Ýokary kuwwatly ultramelewşe şöhlelenmeleri goýberýän eksimer-lazer ulgamy. Orta agyrlykda we agyr derejeli teňňeli demrewiň bejergisinde ulanylýar;
  3. Biologiki derman bolan adalimumab antitela öýjükler toplumy. Orta agyrlykda we agyr derejede, şonuň ýaly-da teňňeli demrewli artritde ulanmaga maslahat berilýär.

Bejerginiň başynda näsaga zeperlenen ýerlere krem, melhem, ergin görnüşde derman çalmak maslahat berilýär. Eger ýerli bejergi netije bermese, derini ultramelewşe şöhleleriniň täsirine sezewar edýärler.

Häzirki wagtda lazer şöhleleri bilen bejergi, sowuk howa akymynyň täsirini (krioterapiýa) ulanmak ýaly usullar hem kämilleşdirilýär.

Lukmançylyk edebiýatynda teňňeli demrewiň bejergisinde naftalan nebitiniň peýdalylygy barada hem maglumatlar bar.

Teňňeli demrewiň bejergisinde adatça antibiotikler ulanylmaýar. Ýöne antibiotikler teňňeli demrew örgünleriniň ýokançlyklarynda ýa-da käbir ýokançlyklaryň bu keseli beterletme töwekgelligine getirýän halatlarynda ulanylyp bilner.

Deri gijilewügini aýyrmak üçin häzirki zaman allergiýa garşy serişdeler, meselem, setirizin  ulanylyp bilner.

Türkiýäniň we beýleki käbir ýurtlarda açyk suw çeşmeli kurortlarynda ihtioterapiýa (balyklaryň täsiri bilen bejergi) ulanylýar. Şol çeşmelerde ýaşaýan, Garra rufa maşgalasyndan bolan balyjaklar sag derä degmezden, deridäki teňňeli demrewiň tümmeklerini iýýärler. Şunuň ýaly "bejergiden" soň, näsagyň ýagdaýy uzak wagtlyk kadalaşýar.

Ýokarda belleýşimiz ýaly, teňňeli demrew dowamly kesel bolup, öz wagtynda we doly göwrümde alnan bejergi gaýraüzülmeleriň öňüni alyp, näsagyň ýaşaýşynyň hilini gowlandyryp biler, ýöne keseliň sebäbini doly aradan aýryp bilmeýär.

  • 7777 gezek okalan