• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • DERINIŇ RAK KESELI BARADA NÄMELERI BILMELI?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DERINIŇ RAK KESELI BARADA NÄMELERI BILMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

derinin rak keseliBütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) 2020-nji ýylda çap eden maglumatyna görä, Türkmenistanda deriniň rak keselinden ölümçilik umumy ölümçiligiň 0.16%-ne barabar boldy. Ýaşa baglylykda ölümçilik 100 müň ilat üçin 1.38 görkezijä deň bolup, dünýäde Türkmenistan 125-nji orny eýeledi.

Sebäpleri

Deriniň ragynyň ýeke-täk sebäbini kesgitlemek mümkin bolmasa hem, ultramelewşe şöhleleriň dowamly täsiri giňden ýaýran faktor hökmünde bellenýändir. Ondan başga-da, akýagyz adamlarda bu keseliň döreme töwekgelçiligi has ýokarydyr. Başga töwekgelçilik faktorlara aşakdakylar degişli edilýär:

↪ Immun ulgamynyň ýetmezçiligi (AIW ýokanjy, immun ulgamyny togtadyjy serişdeleri kabul etmek we baş.);

↪ Radioaktiw şöhleleriň we himiki serişdeleriň täsiri;

↪ Deriniň tyglary, dowamly, bitmeýän ýaralar, deride doga hallaryň (meňler) üýtgemegi;

↪ Deride döreýän raga getirip biljek keseller we ýagdaýlar - keratoz, trofiki başlar, keratoakantomalar, eritroplaziýa.

Alamatlary

Deriniň rak keseline degişli edilip bilinjek aşakdaky alamatlary anyklanan ýagdaýynda haýal etmän dermatologa ýa-da onkologa ýüz tutmak zerurdyr:

↪ Deride bar bolan hal hiç sebäpsiz ulalyp başlaýar, gijileýär, reňkini, görnüşini üýtgedýär, gyl örtügi azalýar;

↪ Deridäki hal şikeslenýär we üýtgeýär;

↪ Deride ýa-da agzyň nemli gatlagynda dowamly, bitmeýän ýaralar döreýär.

Keseliň görnüşleri

Melanoma – deride melanin pigmentini çykarýan öýjükleriň üýtgemegi netijesinde döräp, deri ragynyň iň howply görnüşi hasaplanýar. Melanoma deride täze döreme ýa-da doga bar bolan, soň dörän hallarda döräp biler. Deriden başga-da, seýrek halatlarda nemli gatlakda, gözüň torly bardasynda döräp bilýändir.

Melanoma üçin mahsus alamatlar: deriniň "aýnanyň ýüzi” ýaly ýylmanmagy, halyň ulalmagy, ýüzüniň gury bolup soýulmagy, ganjarmagy, halda gijeme, ötme duýgularyň döremegi.

Bazalioma – deri ragynyň ýaýran görnüşi bolup, köplenç ýüzde ýa-da kellede döreýär. Onuň üçin indiki alamatlar mahsusdyr: deri böleginiň galyňlaşmagy we ýüzüniň soýulmagy, gyralary tekiz bolmadyk ýaranyň, başyň döremegi.

Tekizöýjükli rak – keratin öýjüklerinden döräp, köplenç raga töwekgelçiligi ýokarlandyrýan keselleriň esasynda döräp bilýändir. Täze döreme baş, düwün ýa-da ýasmajyk görnüşinde döräp, alawlama hadysasy goşulanda agyry ýüze çykyp biler. Başyň galdyrylan gyralary oňa "çukurjyk” görnüşini berýär. Baş gurap, ganjaryp, rak düwnüniň dargamasy sebäpli ýakymsyz ysy döredip bilýändir.

Bejergisi

Rak keseliniň bejergisi ragyň görnüşine, ýaýraýyş derejesine, näsagyň ýaşyna, bedeniniň ýagdaýyna görä bellenýändir. Bejergi çäreleri hirurgiki bejergini, rentgen şöhleleriniň, sowuk howa akymynyň (kriobejergi) kömegi bilen, fotodinamik, lazer, derman serişdeleri bilen bejergi usullaryny öz içine alýandyr.

Soňky ýyllarda immun ulgamyna täsir etmek netijesinde ragyň ýaýraýşyny togtatmaga kömek edýän onkoimmunologiki derman serişdeleri döredilip, olar ýaýrama häsiýeti ýokary bolan melanomany bejermekde giňden we üstünlikli ulanylýandyr.

Öňüni alyş çäreleri

Öňüni alyş çäreleriniň esasy maksady deriniň açyk ýerlerine günüň göni şöhleleriniň täsirini azaltmakdyr. Günüň ultramelewşe şöhleleriniň işjeňligini kesgitlemek, günüň aşagynda ýapyk eşikli gezmek, goraýjy kremleri ulanmak gün şöhleleriniň täsirini azaltmaga kömek edip biler. Lukmanlar gün "wannalaryny” irden 11.00-12.00 çenli, agşam 15.00-16.00 soň almagy maslahat berýärler.

Şeýle hem, deride bar bolan tyg yzlaryny, ýaralary şikeslenmeden goramak, wagtynda bejermek, kanserogen himiki serişdeler bilen işlenende şahsy howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek deri ragynyň öňüni almakda netijeli çäreler bolup bilýändir.

  • 320 gezek okalan