Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

DEMIR ÝETMEZÇILIKLI GANAZLYLYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.83 (12 Ses)

Bütindünýa Saglygy goraýyş guramasynyň hasabatyna görä, dünýädäki adamlaryň 2 milliarddan gowragy ganazlykdan ejir çekýär. Ganazlygyň birnäçe görnüşleri bellidir. Bedende demriň gorlarynyň azalmagynyňnetijesinde döreýän ganazlyga demir ýetmezçilikli ganazlygy diýilýär. Bu ganazlygyň iň giň ýaýran görnüşidir.

Demir ýetmezçilikli ganazlygy barada giňişleýin gürrüňimiziň başynda demir mineralynyň adam bedeni üçin örän ähmiýetidigini bellemek gerek. Beden ulgamlarynyň köpüsiniň öýjükleriniň işlemeginde demir mineralynyň ornuny tutup biljek element ýokdur. Demriň okislenme we dikelme ukyby onuň biologik taýdan ähmiýetini artdyrýar. Demriň şeýle ukyby onuň beden dokumalarynyň dem alyş prosessine gatnaşmagyny üpjün edýär. Bedeniň agramynyň diňe 0, 0065%-ni demir tutýar. Agramy 70 kg deň bolan erkek adamyň bedeninde 3,5 g demir bolýar.  Agramy 60 kg barabar aýal maşgalanyň bedeninde bolsa 2,1 g demir bardyr. Demir birleşmeleri dürli gurluşly bolýar. Olar özboluşly funksional işjeňlige eýe bolup, wajyp biologik orny eýeleýär. Düzüminde demir bar bolan birleşmeleriň iň esasylaryna gemoproteinler (demir bilen bagly beloklar), käbir  fermentler, ferritin, gemosiderin, transferrin degişlidir. Demir birleşmeleriň düzümine girip, bedende şeýle ýerleşdirilendir:

  • Gem (gandaky) demir-70%;
  • demir deposy-18% ( öýjükleriň içindäki ferritin we gemosiderin görnüşindäki toplanmalar);
  • sarp edilýän demir-12% (myşsalardaky belogyň demir bilen birleşmesi we düzümi demirli fermentler);
  • transportirlenilýän demir (transferrin bilen bagly demir).

Demir ýetmezçilikli ganazlygyň sebäpleri

Demir ýetmezçilikli ganazlygy demriň dürli keseller we fiziologik ýagdaýlar zerarly artykmaç sarp edilmegi sebäpli döreýär. Uly adamlarda demir ýetmezçilikli ganazlygy dürli sebäplerden dörän gan akmalaryň (ýatgydan gan akmasy, iýmit siňdiriş ulgamyndaky gan akma, käte burun gan akmasy, öýken, böwrek gan akmalary) netijesinde ýüze çykýar. Donorlarda (gan tabşyrýan  adamlar) ýygy-ýygydan gan tabşyranlarynda, aýallarda aýbaşy döwründe köp gan giden ýagdaýynda, dürli operasiýalary geçiren näsaglarda gan akma zerarly demir ýetmezçilikli ganazlygy ýygy duş gelýär. Bulardan başga-da, demir ýetmezçilikli ganazlygy dowamly enterit, içege amiloidozy ýaly keseller, gurçuklama keseli, göwrelilik, çaga emdirme, wegitariançylyk (et iýmezlik) zerarly ýüze çykyp bilýär.

Demir ýetmezçilikli ganazlygyň haýsy sebäpden dörändigine garamazdan, ganda demriň kadaly mukdarynyň dikeldilmegi örän haýal amala aşýar. Bu ýagdaý immunitetiň peselmegine, umumy gowşaklyga eltýär. Netijede adam bedeni birgiden kesellere garşy göreşmäge ukybyny ýitirýär.

Demir ýetmezçilikli ganazlygyň kliniki alamatlary

Ganazlylygyň derejesiniň birnäçe tapgyrlary bellenilýär:

  1. Kliniki alamatlary bolmadyk ganazlyk.
  2. Alamatlary aram ýüze çykýan ganazlyk (umumy gowşaklyk, aram-aram döreýän başaýlanma).
  3. Aýdyň alamatlary bolan ganazlyk (ýüregiň çalt urmagy, demgysma, başaýlanma, deriniň we saçlaryň guraklygy, öçügsiligi, dyrnaklaryň döwülmegi, ünsüň dagynyklygy).

Demir ýetmezçilikli ganazlykdan ejir çekýän näsaglary myşsa gowşaklygy biynjalyk edýär. Bu kliniki alamat demir ýetmezçilikli ganazlyga mahsusdyr. Mundan başga-da, demir ýetmezçilikli ganazlykda iýmit siňdiriş kanalynyň nemli bardasynyň şikeslenmesi, işdäsizlik, turşy, ajy, duzly iýmite isleg döreýär. Demir ýetmezçilikli ganazlygyň ýiti döwründe hek, däneliler ýaly önümleri iýmek islegi biynjalyk edýär, näsagyň buz iýesi gelýär, adaty bolmadyk tagamlary iýmek islegi döreýär.

Demir ýetmezçilikli ganazlygynyň anyklanylyşy

Demir ýetmezçilikli ganazlygy we onuň döremeginiň sebäplerini anyklamak üçin, näsagy doly kliniki barlaglardan (ganyň umumy we biohimiki barlaglary) geçirmeli. Ganyň umumy barlagynda gemoglobiniyň , eritrositleriň, trombositleriň, retikulositleriň mukdary kesgitlenilýär, eritrositleriň gurluşy öwrenilýär. Kadada aýallarda gemoglobiniň mukdary 120g/l, erkek adamlarda bolsa 130g/l deňdir. Kiçi çagalarda we göwreli aýallarda ol 110g/l barabardyr. Ganyň biohimiki barlagynda bolsa demriň, blirubiniň derejesi anyklanylýar.

Aýallarda demir ýetmezçilikli ganazlygy anyklamazdan öň, ýatgynyň we onuň ösüntgileriniň keselleriniň, aýbaşy bozulmalarynyň ýoklugyny kesgitlemek maksady bilen hökman ginekolog lukmana ýüz tutmalydyr. Erkek adamlar proktologa we urologa ýüz tutmaly we ganjaryp durian babasyl keseliniň, erkeklik jyns agzalarynyň keselleriniň ýokdugyna göz ýetirmeli.

Ýokarda agzalan barlag usullary bilen bir hatarda demir ýetmezçilkli ganazlygyny anyklamakda rentgenologik we endoskopik barlaglary ulanylýar. Bu usullar, esasan, aşgazanda we içegelerde başlaryň we çişleriň, polipleriň, Kronyň keseliniň, baş keselleriniň ýoklugyny ýa-da barlygyny kesgitlemek üçin ulanylýar. Öýkenden gan gelmäni anyklamak üçin rentgenografiýa we tomografiýa edilýär, gakylyk barlanylýar. Böwregiň kesellerini anyklamak üçin peşewiň barlagy geçirilýär.

Demir ýetmezçilikli ganazlygyň bejergisi

Demir ýetmezçilikli ganazlygyna sezewar bolan näsaglar maşgala lukmanyna, terapewte, gematologa ýüz tutmalydyr. Demir ýetmezçilikli ganazlyk anyklanylandan soň, onuň döremeginiň sebäbini aradan aýyrmak zerurdyr. Bejergi esaslandyrylan, hemmetaraplaýyn, ganazlygy alamat hökmünde ýok etmek bilen çäklendirilmän, eýsem, demir ýetmezçiligini aradan aýyrmaga we bedende onuň gorlarynyň öwezini doldurmaga gönükdirilen bolmalydyr. Demir  ýetmezçilikli ganazlygy bar bolan adamlara dürli iýmiti öz içine alýan berhiz maslahat berilýär. Şeýle berhiziň düzüminde göle eti, bagyr ýaly et önümleri, kösükliler, nohut, ysmanak, nar, kişmiş, greçka ýaly önümler girýär. Mundan başga-da, kişde, şugundyr, çowdary çöregini, pisse iýmek maslahat berilýär. Elbetde, düzümi demre baý bolan önümleri iýmek ganazlyga garşy göreşmekde uly ähmiýete eýedir, emma diňe berhiz bilen ganazlygy bejerip bolmaýar. Näsag kuwwatlylygy ýokary bolan önümleri näçe köp iýse-de, içegede bir gije-gündiziň dowamynda demriň diňe 3-5 mg özleşdirilýär. Şoňa görä-de, demir derman serişdelerini kabul etmeli bolýar. Häzirki wagtda bejergi üçin düzümi dürli mukdardaky demirli, goşmaça komponentli, dürli bejeriş häsiýetli, dürli görnüşli derman serişdeler ulanylýar.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bejergi üçin düzüminde iki walentli, ýeňil özleşýän demir bar bolan derman serişdelerini ulanmagy maslahat berýär. Bir gije-gündiziň dowamynda uly adamyň bedeninde demriň mukdary 2 mg/kg deň bolmaly. Umumy bejerginiň dowamlylygy 3 aýdan az bolmaly däl (käte 4-6 aý dowam etmeli). Bejergi üçin ulanylýan demir derman serişdesiniň zyýanly täsirleri näçe az bolsa, şonça-da peýdalydyr. Şeýle derman serişdesiniň kabul ediliş tertibi hem çylşyrymly bolmaly däldir.

Häzirki döwürde demir ýetmezçilikli ganazlygyny bejermekde Žektofer, Konferon, Maltofer, Sorbifer durules, Tardiferon, Feramid, Ferro-gradumet, Ferropleks, Ferroseron, Ferrumlek, Totema ýaly derman serişdeleri giňden ulanylýar.

Demir ýetmezçilik ganazlygyň bejergisini lukman bilen maslahatlaşman, degişli barlaglardan geçmän özbaşdak geçirmekden gaça duruň.

Demir ýetmezçilikli ganazlygyň öňüni almak

Ýokarda belleýşimiz ýaly, diňe berhiz bilen ganazlygy bejermek mümkin däl. Emma demir ýetmezçilikli ganazlygy döremez ýaly berhiz tutmagyň ähmiýeti örän uludyr. Ganazlygyň öňüni almak maksady bilen gündeki iýmitiňize üns bermeli. Onuň düzüminde hökman demir bolmalydyr. Iýmitiňizdäki demir oňat özleşdiriler ýaly, onuň düzüminde askorbin turşulygynyň bolmagyna üns beriň. Askorbin turşulygy ýaly maddalar demriň içege diwarjyklaryna siňmegine ýardam  berýär (itburun, ýer  tudanasy, ýemşen (boýaryşnik), gara we gyzyl smorodina, zirk we ş. m.). Demir ýetmezçilikli ganazlygyň öňüni almak üçin çaý, kofe, kola ýaly düzümi taninli, kofeinli içgileri içmekden gaça durmalydyr, sebäbi olar demriň bedende özleşdirilmeginde kynçylyk döredýär.

Sizi gowşaklyk, ukuçyllyk, gözüňiziň öňünde döreýän "ýalpyldylar", başaýlanma, gaharjaňlyk, işdäsizlik ýaly alamatlar biynjalyk edip başlasa, haýal etmän lukmana ýüz tutuň we laborator barlaglardan geçiň. Barlag üçin gany, peşewi ajöze tabşyrmalydygyny unutmaň. Iýmitlenişiňize üns berip, gündeki iýmitiňiziň düzüminde demir bar bolan önümleri goşmagy endik ediniň.

  • 4248 gezek okalan

Teswirler (1)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Sapar

Saýtyňyz ajaýp-söz ýok!Bu ýerden kämil adamlar peýdalanyp biljek.Lukmanyň kesgitnamasy,siziň maslahatyňyz utgaşdyrylanda bejerip bolmajak kesel bolmaz.Makala ýerlikli,oňat teswirlenipdir.

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location