• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • ATEROSKLEROZ: SEBÄPLERI, ALAMATLARY WE BEJERGISI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ATEROSKLEROZ: SEBÄPLERI, ALAMATLARY WE BEJERGISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (12 Ses)

Ateroskleroz dowamly kesellere degişli bolup, "athere" – şüle hem-de "skleroz" – gysylma, dykylma diýmegi aňladýan grek sözlerinden gelip çykýar.

Uzak wagtyň dowamynda gan damarlarynyň içki gatyna holesteriniň we beýleki ýaglaryň, kalsiý duzunyň çöküp durmagy kem-kemden damaryň içini daraldyp, diwarlaryny galňadýar, damarlar çeýelegini ýitýär. Netijede esasy uly (magistral) gan damarlary zeperlenip, bedende kadaly ganaýlanyş bozulýar. Aterosklerozyň ýüze çykmagy adamzady maýyplyga sezewar edýän, onuň ömrüni gysgaldýan birnäçe beýleki keselleriň döremeginiň, ýagny ýüregiň işemiýa keseliniň, miokardyň infarktynyň, kardiosklerozyň, damar anewrizmasynyň, insultyň (beýnä gan inmegiň) esasy sebäbi bolýar. Ateroskleroz kelle beýnisiniň, ýüregiň, böwregiň, aýaklaryň, garyn boşlugynyň agzalarynyň esasy arteriýalaryny zaýalaýar. Netijede bu agzalaryň ganaýlanyşygy peselip, uzagyndan näsagy biwagt ölüme eltýär.

Bu keseliň pidasy esasan-da orta ýaşan we gartaşan adamlardyr, emma käbir ýagdaýlarda ol ýaşlarda hem gabat gelip biler. 40-45 ýaşdan soň erkek adamlar aýallara garanyňda ateroskleroza 3-4 esse ýygy sezewar bolýar. Süýjikesel, semizlik, bogunagyry, öt haltanyň daş keseli we birnäçe başga keseller aterosklerozyň ýüze çykmagyna getirip biler. Iýmitde aşa köp mal ýagyny ulanmak bu keseliň ýüze çykmagyna meýil döredýän faktorlaryň biridir, ýöne onuň esasy sebäbi däldir. Fiziki işjeňligiň pesligi, nerw ulgamyna şikes ýetirýän güýçli ruhy dartgynlyk, käbir özboluşly iş şertleri keseliň döremegine uly täsir edip biler. Şeýle-de aterosklerozyň nesil yzarlamak häsiýeti hem bellidir.

Ateroskleroz keseliniň geçiş häsiýeti

Sagdyn adamyň gany damar ulgamynyň içinde erkin aýlanyp, bedeniň ähli agzalaryna barmak bilen, olary kislorod we başga-da köp ýokumly maddalar bilen üpjün edýär. Eger ganyň düzüminde holesteriniň mukdary artyk bolsa, ol gan damarlarynyň iç ýüzüne ýelmeşip galýar we aterosklerotiki ýasmajyklary (ýag bilen kalsiýdan ybarat garyndyny) döredýär. Wagtyň geçmegi bilen ýasmajyklar gowşap, onuň ýüzünde şikes peýda bolýar. Şikes emele gelen damaryň içki gatlagynda tromb (lagtalanan gan) emele gelip başlaýar. Bir tarapdan tromb damaryň içini öňküden hem beter daraldsa, beýleki tarapdan, onuň gopan bölejiginiň gan akymynyň ugruna hereket edip başlama howpy döreýändir. Onuň hereketi gan damarynyň inçelýän ýerine çenli dowam edip, ol ýerde damaryň içine dykylyp galyp bilýändir. Netijede beden agzasynyň belli bir ýerine ýa-da dokumasyna gan barmagy bes edýär. Bu bolsa nekroza – gan barmaýan beden agzasynyň ýa-da dokumanyň ýuwaş-ýuwaşdan ölmegine getirýär. Haýsy gan damarynyň dykylandygyna görä-de, dürli keseller emele gelýär. Meselem, ýüregiň täç arteriýalarynyň aterosklerozynda – ýüregiň işemiýa keseli ýa-da infarkty, boýundaky uky ýa-da oňurga arteriýalarynyň aterosklerozynda – beýni insulty (beýnä gan inme keseli), böwrek arteriýalarynyň aterosklerozynda – böwrek gipertoniýasy we ş. m. döreýär.

Aterosklerozyň döremegine täsir edýän faktorlar

Keseliň döremegine täsir edýän faktorlary üç topara bölmek bolýar: öňüni alyp bolmaýan, öňüni alyp bolýan, öňüni almak mümkünçiligi bar bolan faktorlar.

Öňüni alyp bolmaýan faktorlara erkiňe daýanyp ýa-da lukmançylygyň täsirini ulanyp aradan aýryp bolmaýan ýagdaýlar degişlidir. Olaryň içinde:

  • Ýaş aýratynlygy. Adamyň ýaşy ulaldygyça aterosklerozyň döremek howpy ösýär. Aterosklerotiki üýtgeşmeler belli-bir derejede 40-50 ýaşdan soň adamlaryň ählisinde ýüze çykyp biler.
  • Jynsy. Erkek adamlarda bu keseliň döremegi aýal adamlar bilen deňeşdireniňde 10 ýyl öň we 3-4 esse köp duş gelýär. 50-55 ýaşdan soň jyns tapawutlygyna garamazdan, deň derejede kesele duçar bolmak howpy döreýär.
  • Nesil yzarlamak. Maşgalasynda ateroskleroz bilen syrkawlan bar bolan ýagdaýynda, bu keseliň çagalykda ýa-da ýaş wagty ýüze çykyp bilýändigi subut edilen. Kesel 50 ýaşdan soň ýüze çyksa oňa genetiki faktoryň täsiri ýokdur.

Öňüni alyp bolýan faktorlara adam durmuş ýagdaýyny, endiklerini üýtgedende kesellemek howpuny aradan aýryp bolýan ýagdaýlar degişlidir. Olar:

  • Çilimkeşlik. Nikotin damarlara ýaramaz täsir edýär. Uzak ýyllaryň dowamynda çilim çekmeklik giperlipidemiýanyň, arterial gipertenziýanyň, ýöregiň işemiýa (gan aýlanşygynyň ýetmezçiligi) keseliniň döremek howpuny ýokarlandyrýar.
  • Nädogry iýmit düzümi. Iýmitde mal ýagyny aşa köp ulanmak, damarlarda aterosklerotiki üýtgeşmeleriň döremek howpuny ýokarlandyrýar.
  • Gipodinamiýa (azhereketlilik). Adam durmuş şertlerine görä az hereket etse onuň bedeninde ýag çalşygy bozulýar we semizlik, süýjikesel, damar aterosklerozy ýaly keseller ösüp başlaýar.

Öňüni almak mümkinçiligi bar bolan faktorlara lukmanlaryň kömegi bilen bejergi belläp, aradan doly aýryp ýa-da bölekleýin aýryp, geçişini ýeňledip bolýan faktorlar degişli bolýar. Olar:

  • Arterial gipertoniýasy. Gan basyşy ýokary bolan ýagdaýynda damaryň diwarlaryna ýaglar gowy siňýär, bu bolsa aterosklerotiki ýasmajyklaryň döremegi üçin oňaýly şert döredýär. Başga bir tarapdan bolsa aterosklerozda ýüze çykýan, arteriýalaryň çeýeliginiň peselmegi gan basyşynyň ýokarlanmagyna getirýär.
  • Dislipidemiýa. Bedende holesteriniň, trigliseridleriň we lipoproteidleriň ýokarlanmagy bilen  häsiýetlendirilýän ýag çalşygynyň bozulmagy aterosklerozyň döremeginde uly täsir edýär.
  • Semizlik we süýjikesel. Bu keseller aterosklerozyň döremek howpuny 5-7 esse ýokarlandyrýar.
  • Ýokançlyklar we zäherlenme. Ýokançlyklar we zäherleýji agentleri damaryň diwarlaryny zeperlendirýärler we aterosklerotiki üýtgeşme döredýärler.

Keseliň döremegine sebäp bolýan faktorlary bilmek, wagtynda onuň öňüni almak üçin örän wajypdyr.

Aterosklerozyň alamatlary

Bedeniň alyş-çalyş ýagdaýynyň bozulmalary we damarlaryň içki gatlagynyň üýtgemeleri birnäçe ýyllap dowam edip biler. Keseliň geçişinde alamatsyz geçýän döwri we kliniki döwri belleýärler. Alamatsyz geçýän döwründe näsagy hiç bir zat biynjalyk etmeýär, ýöne ganyň düzüminde β-lipoproteidleriň ýa-da holesteriniň mukdary köpelýär. Kliniki ateroskleroz arteriýanyň içi 50% daralandan soň başlaýar we üç tapgyrda geçýär: işemiýa, trombonekrotiki we fibrioz.

Işemiýa tapgyrynda belli bir beden agzasyna gan ýeterlikli barmaýar (Mysal üçin, täç arteriýasynyň aterosklerozynda miokardyň işemiýasy stenokardiýa (tutgaýly ýüregagyry) görnüşinde ýüze çykýar). Trombonekrotiki tapgyrynda üýtgän arteriýalarda tromb emele gelýär. Fibroz tapgyry bolsa gan aýlanyşygy doly üpjün edilmeýän agzada baglaýjy dokumanyň ösüp başlamagy bilen häsiýetlendirilýär.

Aterosklerozyň kliniki alamatlary zeperlenen arteriýanyň görnüşine baglydyr.

Täç arteriýasynyň aterosklerozynda işemiýa – gan aýlanyşygyň ýerli ýetmezçiligi ýüze çykýar. Kelle beýnisiniň aterosklerozynda adamyň işjeňlik ukyby peselýär, ýatkeşligi, ünsi kütelişýär, tiz ýadaýar. Wagtyň geçmegi bilen başaýlanma, ukusyzlyk ýüze çykýar. Syrkawlar alňasagan, irizegen, igenjeň bolup başlaýarlar. Olaryň akyl ýetiriş ukyby peselýär. Kelle beýniniň aterosklerozynyň gaýraüzülmesne gan aýlanyşyň bozulmagy, beýnä gan inmek, trombozyň ýüze çykma ýagdaýlary degişlidir.

Çöz arteriýanyň, ýagny içegäni iýmitlendirýän arteriýanyň aterosklerozy:

  • içegäniň we çözüň diwarynyň nekrozyna eltýän, arterial şahalarynyň trombozyny emele getirýär;
  • garyn sanjylamalary – nahardan soň, köplenç ýürek bulanyp, gaýtarma we garyn çişmä getirýän, garyn boşlugynda sanja meňzeş agyryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Bular ýaly sanjyny açlyk çekmek bilen aýyrýarlar.

Böwrek arteriýasynyň aterosklerozy böwregiň gan bilen üpjün edilmegini bozýar. Bu bolsa durnukly, bejergisi kyn bolan arterial gipertoniýanyň ýüze çykmagyna eltýär. Netijede dowamly böwrek  ýetmezçiligi ýüze çykýar.

Aýak arteriýalarynyň aterosklerozynda aýaklar sowaýar we üşeýär, injikde hereket wagtynda dowamly agyry ýüze çykýar, dynç wagty bolsa ol azar bermeýär. Bu ýagdaýa arakesmeli agsaklyk hem diýýärler.

Aterosklerozyň bejergisi

Aterosklerozy bejermekde we öňüni alyş çärelerini geçirmekde birnäçe esasy ugurlara eýermek bolýar: derman serişdelerini ulanmazdan, medikamentoz bejerdi (derman bilen), ugurdaş keselleri bejermek bilen we hirurgiki bejergi.

Derman serişdelerini ulanman geçirilýän bejergi esasy töwekgellik faktoryny aradan aýryp, durmuş şertlerini kada getirmek bilen geçirilýär:

  • Dogry iýmitlenmek. Iýmitde holestiriniň mukdary ýokary bolan önümleri azaltmak. Mal ýagyny çeni bilen ulanyp, ýerine ýag turşulygyna baý önümleri ulanmaly, aşa doýmakdan saklanmaly;
  • Semizlige garşy göreşmek. Göwräniň agramyny hakyky bolmalysyna golaý saklap bilmek, süýjikesel, gipertoniýa, ýüregiň işemiýasy ýaly keselleriň döremek howpuny azaldýar.
  • Çilimden, spirtli içgilerden saklanyp bilmeklik aterosklerozyň öňüni almagyň ýörelgeleriniň biridir. Olary ulanmak ýürek damarlaryna we ýüregiň kadaly işine ýaramaz täsir edýär.
  • Fiziki işjeňligi ýokarlandyrmak: ýüregiň işjeňligini sazlaýar, onuň myşsasyny kislorod bilen üpjün edýär, artykmaç agramdan halas bolmaga ýardam edýär, gan basyşynyň ýokarlanmagynyň we süýjikeseliň öňüni alýar.
  • Ruhy dartgynlykdan we aşa ýadamakdan saklanmak: nerw we endokrin ulgamlarynyň işini sazlamaga we bedende maddalaryň çalyşmagynyň kadaly geçmegine kömek edýär.

Umuman, aterosklerozyň öňüni almak we bejermek üçin sagdyn durmuş ýagdaýyny alyp barmak ýeterlikdir.

Medikamentoz ýa-da derman serişdeleri bilen geçirilýän bejergi damarlary ateroskleroz keseli bilen zeperlenen syrkawlary bejermekde we olary gaýraüzülmeden saklamakda wajyp orun eýeleýär. Eger-de durmuş şertlerini kada getirip, berhiz saklamak bilen – derman serişdesiz geçirilen bejergi netije bermese, medikamentoz bejergä geçmek maksada laýykdyr. Bu usulyň esasy maksady ganyň düzüminde toplanan holesteriniň mukdaryny azaldyp, bedende ýaglaryň alyş-çalyşygyny kada getirmek. Häzirki döwürde, ateroskleroz keselini bejermek üçin:

  • Statinleri ulanýarlar – lowastatin, Simwastatin. Bu serişdeler beden öýjüklerinde holesteriniň toplanmagyny togtadýar we onuň ganda jemlenmegini peseldýär. Şeýle-de olar aterosklerotiki ýasmajyklarynyň köpelmegini togtadyp , olaryň dargamagy bilen bagly gaýra üzülmeleriň öňüni alýar.
  • Fibratlar – Gemfibrozil, Fenofibrat, Siprofibrat. Fibratlar ganyň ýaglaryny dargadýan fermentleriň işini tizleşdirýär we ganyň düzüminde ýaglaryň ( şol sanda holesteriniň hem) toplanmagyny peseldýär.
  • Öt turşulygynyň sekwestrleri – Kolestiramin, Kolestipol. Öt turşulygynyň sekwestrleri garyn-içege ulgamyndan öt turşulygynyň siňip geçmeginiň öňüni alýar. Bu bolsa ganyň düzüminde holestiriniň derejesini peseldýär. Şeýle-de olar iýmit önümlerinden holestiriniň siňmegine päsgel berýär. Bu topara degişli derman serişdeleriniň özi hem gana siňmeýär we syrkawlaryň köpüsi olary ýeňil kabul edýär.
  • Nikotin turşulygy we ondan gelip çykýan serişdeler. Nikotin turşulygy PP witamini hökmünde bellidir. Ol bedende ýaglaryň çalt işlenip, ganda onuň toplumynyň peselmegine getirýär.

Aterosklerozyň medikamentoz bejergisi lukmanyň gözegçiliginde geçýär. Ýokarda görkezilen derman serişdelerini özbaşdak ulanmak düýbünden gadagandyr.

Ugurdaş keselleri bejermek. Ateroskleroza duçar bolan adamlar, köplenç başga ugurdaş keselleri bilen hem syrkawlaýarlar. Olar aterosklerozyň gaýra üzülmeleriniň döremek howpuny döredýär. Ateroskeroz bolsa öz gezeginde ol keselleriň geçişini agyrlaşdyryar. Şol sebäpli, bejergi geçirilende esasy keseliň gapdalyndan süýjikeseli, arterial gipertoniýany, semizligi hem bejermelidir.

Aterosklerozyň hirurgiýa bejergisi arteriýa diwarynyň kesgitli ýerinde zeperlenme ýüze çykyp, bedeniň belli bir ýeriniň gan bilen üpjün edilmegi togtanda ulanylýar. Hirurgiýa bejergisi adatça gan geçiriji damaryň zeperlenen ýerini aýyrmagy, emele gelen tromby aýyrmagy ýa-da gan geçiriji damarlary protezirlemegi göz öňüne tutýar. Bu usullar aýak damarlarynyň aterosklerozynyň zeperlenmesini, ýüregiň täç arteriýalarynyň zeperlenmesini, içki beden agzalarynyň damarlarynyň zeperlenmesini bejermekde ulanylýar.

Ateroskleroz haýal döreýän kesel. Başlangyjy alamatsyz geçýänligi sebäpli, wagtynda ony duýmak kyn, gaýraüzülmeleri bolsa adamyň ömrüne howp salýar. Şol sebäpli yzygiderli lukmanyň barlagynda bolup, ganyň düzüminde lipidleriň we holestiriniň derejesini gözegçilikde saklamaly. Bu aýratyn hem keseliň döremegine eltýän faktorlaryň bar bolan ýagdaýlaryna degişlidir. Keseliň öňüni almak üçin sagdyn durmuş şertleri baradaky gürrüňlere üns beriň. Diňe üns bermek bilen çäklenmän, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerjek boluň. Keseli bejereniňden, onuň öňüni almagyň has aňsatdygyny unutmaň!

  • 6287 gezek okalan