• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • GAN BASYŞYNYŇ ÝOKARLANMA KESELI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GAN BASYŞYNYŇ ÝOKARLANMA KESELI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.59 (17 Ses)

Gan basyşynyň ýokarlanma keseli (arterial gipertoniýa) – ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň içinde iň giňden ýaýran görnüşidir. Bu kesel arterial gan basyşynyň kadaly ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýär. Gan basyşynyň ýokarlanmagynyň esasynda  arteriýa damarlarynyň we olaryň has ownuk şahalary bolan arteriollaryň gysylmagy  ýa-da olaryň diwarlarynyň galňamagy we içiniň daralmagy netijesinde gan akymynyň kynlyk bilen geçme ýagdaýy ýatandyr. Gan akymyny gysylan we daralan damarlardan geçirmek üçin ýüregiň işi has hem çaltlaşyp, damar ulgamyna gan akymynyň has uly bölegi zyňylýandyr. Bu ýagdaýlaryň döremeginde süýri beýnide ýerleşýän gan basyşy kadalaşdyryjy merkeziň işiniň bozulmalary hem esasy orny eýeleýändir.

Biziň ýurdumyzda uly ýaşly ilatyň takmynan 40%-i ýokarlanan arterial gan basyşy bilen ýaşaýandyr. Şolardan, erkek adamlaryň diňe 37%-iň we aýallaryň 58%-iň öz damar ulgamynda näsazlyklaryň barlygyndan habarly bolsa-da, olardan diňe erkekleriň 22%-i we aýallaryň 46%-i kadaly bejergi çärelerini geçirýändirler. Diňe erkek adamlaryň 5,7%-i we aýallaryň 17,5%-i öz gan basyşlaryna kada laýyk gözegçilik edýändirler.

Gan basyşyň ýokarlanma keseli dowamly häsiýete eýe bolup, ol arterial gan basyşyň kadaly çäginden ýokarlanmagy bilen ýüze çykýandyr. (Sistoliki basyş 139 mm. simap sütüninden, diastoliki basyş 89 mm. simap sütüninden ýokary görkezijiler).

On näsagdan birinde gan basyşynyň ýokarlanmagy bedeniň haýsy hem bolsa bir  agzasynyň işiniň bozulmalary bilen ýüze çykýandyr. Şeýle ýagdaýlarda ikilenç (simptomatiki) gan basyşynyň ýokarlanmagy barada gürrüň edýärler. Näsaglaryň 90%-i başlangyç (essensial) ýokary gan basyşdan ejir çekýändirler. Ýöne gan basyşyň ujypsyz derejede galmagy keseliň ýüze çykýanlygyndan habar berýän däldir. Eger bu ýagdaýda degişli töwekgelçilik faktorlary anyklanylmasa hem-de beden agzalary tarapyndan zeperlenmeler ýüze çykarylmasa, keseliň bu tapgyrda öňüni almak mümkindir.

Ýöne adamyň islegi we kadaly gözegçiligi bolmasa, gan basyşy peseldip bolmaz.

Öz-özünden sorag ýüze çykýar: "Men özümi kanagatlanarly duýýan hem bolsam bu kesele çynlakaý çemeleşmelimikä?"

Wagtynda bejerilmedik keseliň yzydider, duýdansyz ýokarlanma (gipertoniki kriz) ýagdaýlaryna, ýüregiň infarktyna, beýnä gan inmelere (insult), ýürek we böwrek ýetmezçiliklerine, uly gan damary bolan aortanyň giňelip gatlaklara bölünme ýaly agyr gaýraüzülmelere getirýänligini ýatlasak, bu soraga: "Elbetde, çynlakaý çemeleşmeli" diýip jogap bersek, ýalňyş bolmaz.

Arterial gan basyşy näme?

Uly adamynyň damar ulgamynda takmynan 4,5-6 litr göwrümde gan hereket edýändir.

Ýürek gysylanda gan damarlardan hereket edip, onuň diwarlaryna basyş edýär we şol basyş "arterial basyşy" diýip atlandyrylýar.

Arterial gan basyşynyň iki görkezijisini kesgitleýärler:

  • Sistoloki gan basyşy, "ýokarky" diýip hem atlandyrýarlar-ýürek gysylyp, damar ulgamynyň arterial bölegine zyňylan ganyň döredýän basyşyny görkezýär.
  • Diastoliki gan basyşy, "aşaky" hem diýýärler-ýüregiň gowşan ýagdaýynda arteriýalaryň basyşyny görkezýär. Bu döwürde ýene gysylyp gany zyňmak üçin ýürek gan bilen dolýar.

Gan basyşynyň iki görkezijisi hem simap sütüniniň mm görkezijisinde ölçelýär.

Gan basyşyny nädip dögry ölçemeli?

Gan basyşyny ýörite "tonometr“ abzalynyň kömegi bilen özbaşdak ölçäp bolýandyr.

Gan basyşyny öý şertlerinde ölçemek, kadaly gözegçiligi amala aşyrmaga we edilýän bejerginiň netijeliligini bilmäge ýardam berýändir.

Barlag wagty dogry görkezijileri alyp, netijeleriň ýoýulmazlygy üçin birnäçe düzgünleri berjaý etmek peýdaly bolar:

  • Gan basyşy ölçemek adam üçin amatly, asuda ýagdaýda, otagyň kadaly temperatura şertlerinde geçirilmelidir. Adam stoluň başynda oturgyçda göni oturmalydyr. Stol gola geýdirilen manžetanyň ortasynyň ýüregiň derejesinde bolar ýaly beýiklikde bolmalydyr.
  • Gan basyşy iýmit kabul etmeden 1-2 sagat soň kesgitlenmelidir. Barlagdan öň 1 sagadyň dowamynda çilim çekmek ýa-da kofe içmek maslahat berilmeýär. Gan basyşy kesgitlenjek goldan eşik çykarylyp, ol ýalaňaç bolmalydyr. Barlag geçýän adam bedenini gowşadyp, oturgyjyň arkasyna söýenip, aýaklaryny atanaklaýyn däl-de, dogry goýup oturmalydyr. Ölçeme wagty geplemek, gülmek bolmaýar, çünki bu gan basyşyň derejesine täsirini ýetirip biler. Gan basyşyny adam oturyp azyndan 5 minut dynç alandan soň ölçäp başlamalydyr.
  • Adamyň egniniň ortasyndan geçýän damar urmalaryny kesgitläň. Manžetanyň ortasy barlanylýan damaryň ýokarsynda ýerleşip, manžetanyň aşaky bölegi tirsek çukurjygyndan 2,5 sm. ýokarda bolmalydyr. Gol bilen oňa geýdirilen manžetanyň arasyndan bir barmak geçer ýaly ýer galmalydyr.
  • Tirsek çukurjygynda ýerleşýän egin arteriýasynyň urmalarynyň aýdyň kesgitlenýän nokadyny tapyň we ol ýere stetoskopy goýuň. Stetoskopy gaty basmadan, şeýle-de ony manžeta ýa-da rezin turbajyklara degirmeden gaça duruň.
  • Manžeta howany salma ýokary derejä çenli çalt amala aşyrylmalydyr. Bu hereket bilen damar urmalaryň "ýitirilmegi" gazanylýar. Soň ilkinji ýürek urmalar eşidilýänçä, manžetadan howa goýberilip, ol sesler doly ýitip gidýänçä dowam etdirilýär. Birinji damar urmalar sistoliki gan basyşa, soňky sesler bolsa diastoliki basyşa gabat gelýändir.
  • Bir gezekde ölçelinip alnan görkezijiler hakyky hasaplanylmaýar. Gan basyşyny arasy 3 min. arakesme bilen, azyndan 2 gezek ölçäp, ortaky görkezijileri almak dogrydyr.

Gan basyşy iki elde hem ölçemelidir.

Ýokary gan basyşy haýsy sebäplere görä döreýär?

Näsaglaryň 90-95%-de gan basyşynyň ýokarlanma keseli näbelli sebäplere görä ýüze çykyp, diňe 5-10% ýagdaýlarda ol belli bir beden bozulmalarynyň netijesinde döräp biler.

Ikilenç ýüze çykýan gan basyşyň ýokarlanma keseli glomerulonefrit (böwrek zeperlenmesi), böwrek arteriýalarynyň daralmasynda, aortanyň dogabitdi daralmasynda, böwreküsti mäziň täze döremelerinde, galkan şekilli mäziň işiniň ýokarlanmalarynda (tireotoksikoz) keseliň alamaty hökmünde döräp biler.

Şeýle hem, gan basyşynyň ýokarlanmasy etanolyň (çakyr spirtiniň) günde 60 ml-den köp içilmegi, käbir derman serişdeleriniň (gormon serişdeleri, ruhy gamgynlylyga garşy ulanylýan serişdeler, kokain we başgalar) kabul edilmegi netijesinde ýüze çykyp biler.

Bellik. Gartaşan adamlarda damarlaryň çeýeliginiň peselmegi netijesinde köplenç diňe sistoliki gan basyşyň ýokarlanma ýagdaýlary duş gelip biler. (Sistoliki gan basyşy 140 mm. sim. süt.  ýokary, diastoliki basyşy bolsa 90 mm. sim. süt. pes).

Keseli döredýän töwekgelçilik faktorlary

Töwekgelçilik faktorlary üýtgedip boljak hem-de üýtgedip bolmajak toparlara bölünýärler:

Üýtgedip bolmajak faktorlar:

  • Nesil yzarlama häsiýeti – ýakyn garyndaşlaryň arasynda bu keselden ejir çekýän adamlarda bu keseliň döreme töwekgelçiligi artýandyr.
  • Erkek jynsy- aýallara garanyňda, erkek adamlaryň arasynda keselçiligiň ýokarylygy bellidir. Onuň sebäbi zenanlary estrogen (aýallyk) gormonlaryň goraýanlygy bilen düşündirilip, aýbaşdan galma döwürde gan basyşyň ýokarlanmagy bilen keselçilikde olar erkekler bilen deňleşýändirler.

Üýtgedip boljak faktorlar:

  • Semizlik – artykmaç agramly adamlarda keseliň döreme howpy ýokarlanýandyr.
  • Hereketiň ýetmezçiligi – pes fiziki işjeňlik, oturymly ýaşaýyş düzgüni semizlige, ol bolsa öz gezeginde gan basyşyň ýokarlanmagyna getirip biler.
  • Alkogol içgilere ýykgyn etmek – bu içgileri aşa kabul etmek hem keseliň döremegine getirip biler. Şolarsyz hem etil spirtiň bedende ýeterlik derejesi emele gelýändir. Ýöne barlagçylaryň bellemegine görä, gyzyl çakyry kabul etmek dogrudan hem ýürek-damar ulgamynyň işine peýdaly täsir edip biler. Ýöne gyzyl çakyry hem aşa köp kabul etmek arakhorluk keseline getirip biler. Ýokary gan basyş keseline garanyňda bolsa, bu keselden saplanmak juda kyndyr.
  • Çilimkeşlik – temmäkidäki himiki elementler, şol sanda nikotin hem gan damarlarynda hemişe dowam edýän gysylma ýagdaýyny döredip, gan basyşyň ýokarlanmagyna getirip bilerler.
  • Iýmitde köp mukdarda duz kabul etmek gan basyşyň ýokarlanmagynyň bir sebäbidir. Bir gije-gündiziň dowamynda 4,5 gr ýa-da püre-pür guýulmadyk 1 çaý çemçe duzy kabul etmek kadaly hasaplanýar.
  • Gaýtalanýan we uzaga çekýän stress ýagdaýlary – nerw ulgamyny işjeňleşdirip, gan damarlary gysýan gormonlaryň zyňylmagyna getirýär.

Ateroskleroza getirip biljek ýaglary saklaýan iýmit kabul edip, nädogry iýmitlenmek hem damarlaryň üýtgemegine, şonuň ýaly hem semizligiň döremegine getirip biler. Şonuň ýaly ýaramsyz ýaglar mal ýaglarynda, etde, ylaýta-da doňuz we goýun etinde köp saklanýandyr.

Soňky ýyllarda hemme erkekleri we köp aýallary köseýän ukuda  hor çekmek ýagdaýynyň  hem  gan basyşyň ýokarlanma keseline getirip biljekdigi subut edildi. Kadaly ukuda hor çekmek ýagdaýy döşde we garyn boşlugynda basyşyň ýokarlanmagyna getirip, damarlaryň gysylmagynyň hem sebäbi bolýandyr. Bu bolsa ýokary arterial basyşyň döremegine getirip biler.

Keseliň alamatlary

Wagtal-wagtal baş aýlanmalar, kellagyrylar, ysgynsyzlyk ýagdaýy ýüze çyksa hem, näsaglar köp ýyllar kesele üns bermän ýokary ýaşaýyş işjeňligini saklap ýaşap bilerler.

Gan basyşyň ýokarlanma keselinde aşakdaky alamatlar has aýdyň ýüze çykyp biler:

  • Kellagyrylar – keseliň esasy alamaty bolup, islendik wagt, köplenç gije ýa-da irden, ukudan turlandan soň döreýär. Ol ýeňsede agyrlyk görnüşde ýüze çykyp, kelläniň başga ýerlerine ýaýrap biler. Adatça, näsaglar kellagyryny "kelläni bir halka gysýan ýaly", "kelläm gysyja salnan ýaly" diýip suratlandyrýarlar. Kellagyry ýürek bulanma, baş aýlanma ýaly alamatlar bilen utgaşyp, güýçli üsgürmede, kelläni gapdala egeniňde has hem güýçlenip biler.
  • Ýürekde döreýän agyrylar ýürek turgaýlarynda (stenokardiýa) döreýän agyrylardan tapawutlanýandyr. Bu agyrylaryň döremegi fiziki işjeňlige bagly däldir we agyrylar biraz uzak dowam edýändir. Bu agyrylar nitrogliserin kabul  edilenden soň hem aýrylýan däldir.
  • Demiň gysmagy – gan basyşyň ýokarlanmagyndan ejir çekýän näsaglarda ilki fiziki işjeňlik, soň dynçlyk wagty hem demiň gysmagy ýürek myşsasynyň zeperlenip, ýürek ýetmezçiligiň ýüze çykýanlygyndan habar berýändir.
  • Aýaklaryň çişmegi – ýürek ýetmezçiligiň alamaty bolup biler. Şonuň ýaly hem böwregiň bölüp çykaryjylyk işiniň bozulmalarynyň ýa-da käbir derman serişdeleriň kabul edilmeginiň alamaty bolup bilýändir.
  • Görüşiň bozulmalary – bu kesel üçin mahsus bolup, gan basyşyň ýokarlanmagy gözüň öňüniň ümezlemegi, "bir zadyň uçup ýörmegi" ýaly alamatlaryň ýüze çykmagyna getirip biler. Kesel zerarly gözüň torly bardasynda döreýän düýpli bozulmalar (göz damarlarynda gan lagtalarynyň döremegi, gan öýmeler, torly bardanyň sypyrylmagy) gözüň öňünde zatlaryň ikilenmegi, görüşiň peselmegi ýa-da körlügiň döremegine getirip biler.

Keseliň bejergisi

Bejeriş çäreleri ýokarda bellenip geçilen, üýtgedip bolýan töwekgelçilik faktorlry aradan aýyrmak we lukmanyň gözegçiligi astynda derman serişdelerini kadaly kabul etmekden ybaratdyr.

Gan basyşyň ýokarlanma keseliniň bejergisinde esasy derman serişdeleriniň aşakdaky toparlary ulanylýar:

  1. Peşew bölüp çykaryjy serişdeler (furasemid, uregit, weroşperon).
  2. B-adrenoreseptorlary togtadyjylar (atenolol, konkor, egilok).
  3. Kalsiý garşydaş serişdeler  (werapamil, korinfar, amlodipin).
  4. Angiotenzine öwrüji fermenti togtadyjy serişdeler (kaptopril, enalapril, monopril).
  5. Alfa- adrenoreseptorlary togtadyjy serişdeler (prazozin).
  6. Imidazolin reseptorlaryň işjeňligini togtadyjy serişdeler (fiziotenz).

Lukmanyň geçiren barlaglaryndan soň bellenilen bejergi kadaly gözegçilik netijesinde alnyp barylmalydyr. Bejergini derman serişdeleriň pes mukdaryndan başlap, doly netijeliligi gazanmak maksady bilen mukdary ýokarlandyryp bolýandyr. Derman serişdeler görkezme boýunça saýlanyp, ol gije-gündüziň dowamynda netijeliligi bilen tapawutlanmalydyr  we näsag tarapdan gowy geçirilmelidir. Bir derman bilen bejergi netijesiz bolsa, gan basyşy peseldip, gaýraüzülmeleriň öňüni almak üçin dermanlaryň utgaşmasyny ulanmalydyr.

Gan basyşyň kadaly derejesini saklap, beden agzalaryň bozulmalarynyň öňüni almak üçin serişdeleri uzak wagt (köplenç bütin ömrüňe) kabul etmek maslahat berilýär.

  • 15258 gezek okalan