• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • ARTERIAL GAN BASYŞYNYŇ PESELME KESELI: SEBÄPLERI WE BEJERGI ÇÄRELERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ARTERIAL GAN BASYŞYNYŇ PESELME KESELI: SEBÄPLERI WE BEJERGI ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.94 (16 Ses)

Arterial  gan basyşynyň peselme keseli damarlaryň tonusynyň peselmegi netijesinde döreýän keseldir. Gipotoniýada arterial gan basyşy 20% peselip, sistoliki gan basyş 90 mm simap  sütüninden, diastoliki gan basyş bolsa 60 mm simap sütüninden pese düşýändir.

Arterial gan basyşynyň peselmegini özbaşdak bir kesel däl-de, bedeniň fiziologik aýratynlygy hasaplamak nädogrudyr. Kellagyry, ysgynsyzlyk, başaýlanma ýaly aýdyň alamatlar yzygider biynjalyk edende, arterial gan basyşyň peselmegi  düýpli barlagy we bejergini talap edýär. Gipotoniýada damarlaryň tonusynyň peselmegi sebäpli gan üpjünçiligi bozulýar we kelle beýnisine, bedeniň içki agzalaryna kislorod ýetmezçilik edip başlaýar. Netijede, adamyň fiziki we akyl taýdan işjeňligi peselýär.

Gipotoniýa aýallarda has ýygy duş gelýär. Gipotoniýa zerarly olarda aýbaşy döwri üýtgeýär, göwrelilik agyr geçýär. Erkek adamlarda arterial gan basyşynyň peselme keseli jynsy ukybynyň hem gowşamagyna  eltýär.

Arterial gan basyşy pes näsaglaryň (gipotonikleriň) wagtyň geçmegi bilen gan basyşy ýokary näsaglaryň (gipertonikleriň) hataryna geçmekleri ähtimaldyr. Arterial  gan basyşynyň sähelçe ýokarlanmagy hem  gipotonikler üçin   gipertoniki krize (gan basyşynyň birden ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýän howply ýagdaý) barabardyr.

Arterial gan basyşynyň peselmegi keseliniň görnüşleri

Ýiti arterial gipotoniýa gan basyşyň birden pese düşmegi netijesinde döreýär (miokardyň ýiti infarktynda, öýken arteriýasynyň tromboemboliýasynda, ýürek urmalaryň kadasyz ýagdaýlarynda, allergiki täsirlerde, gan akmalarda we ş.m.). Gipotoniýanyň bu görnüşinde gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi zerurdyr.

Fiziologiki arterial gipotoniýa türgenlerde we käbir adamlarda nesil yzarlaýjy alamat hökmünde ýüze çykýar.

Ilkinji arterial gipotoniýa özbaşdak keseldir. Gipotoniýanyň bu görnüşi köplenç oňuň ýüze çykmagynda töwekgelçiligi  ýokary bolan nerw ulgamynyň işjeňliginiň durnuksyzlygy bilen tapawutlanýan adamlarda duş gelýär.

Ikilenç ýüze çykýan arterial gipotoniýa oňurganyň boýun bölüminiň osteohondrozy, aşgazanyň baş keseli, ganazlyk, sary  getirme, pankreatit (aşgazan asty mäziniň sowuklamasy), inçekesel, guragyry ýaly keselleriň esasynda döreýär.

Gipotoniýa kem iýmitlenmegiň we E, C, B, B5 witaminleriniň ýetmezçiligi esasynda hem döräp bilýär.

Arterial gan basyşynyň peselmeginiň sebäpleri:

  • Bedende aýlanýan ganyň umumy mukdarynyň azalmagy(gan akmalar, ýanyklar we ş.m.);
  • Ýürek-damar keselleri;
  • Gan damarlarynyň tonusynyň peselmegi (güýçli allergiki täsirlilik sebäpli döreýän anafilaktiki şok ýa-da septiki şok ýagdaýy);
  • Kelle beýnisiniň we oňurga ýiliginiň şikeslenmegi;
  • Newrozlar, psihiki şikesler, ukusyzlyk, iş wagtynyň we dynç almagyň arasyndaky deňagramlylygyň bozulmagy zerarly ýüze çykýan ýadawlyk, ruhy çökgünlik ýagdaýlary;
  • Uzak wagt çommalyp oturan ýa-da ýatan adam birden ýerinden turanda, arterial gan basyşynyň duýdansyz peselmegi (artostatiki gipotoniýa).

Kesel aşakdaky alamatlar bilen ýüze çykyp biler:

  • Umumy gowşaklyk, ukuçyllyk;
  • Gaharjaňlyk;
  • Howanyň üýtgemegine duýgurlylyk;
  • Emosional durnuksyzlyk, daş- töwerekdäki ahwalatlara parhsyzlyk;
  • Ýatkeşligiň peselmegi;
  • Aşa köp derlemek;
  • Demgysma, fiziki işjeňlikde ýüregiň çalt urmagy;
  • Ýüzüň reňkiniň, deriniň solgunlygy;
  • Kellagyry (esasan, maňlaý-çekge ýa-da maňlaý-depe töwereginde toplanýan gürsüldili agyry);
  • Başaýlanma;
  • Ýürekbulanma.

Gipotoniýanyň bu alamatlary umumy häsiýete eýe bolup, olaryň biziň her birimizde duş gelmegi mümkin. Emma arterial gan basyşy ölçelende, gan basyşynyň pes görkezijileri görkezmegi, eliň aýasynyň, dabanyň derlemegi, ertirine bedeniň gyzgynynyň 35,8-36 С° çenli peselmegi, iýmit siňdiriş ulgamynyň işiniň bozulmagy (sary gaýnama, ýürek bulanma, işdäsizlik, içiň ýellenmegi, gägirme) ýaly  alamatlar aýdyň ýüze çykýp, bu ýagdaý güman etmäge esas döredip biler.

Şulardan başga-da, gipotoniýadan ejir çekýän adamyň dymyk, dar ýerde özünden gitmegi mümkin. Başy aýlanyp, özüni ýaramaz duýan badyna, arterial gan basyşy pes adam oturyp, kellesini dyzynyň üstünde goýmaly, mümkinçilik bar bolsa, aýagyny uzadyp ýatmaly.

Gipotoniýaly näsagyň gijeki ukusy bozulýar, gündizlerine bolsa ol başyny galdyrasy gelmeýär. Şol sebäpli hem oňa 8-12 sagat ýatmaga mümkinçilik bermelidir.

Gipotoniýanyň bejergisi

Arterial gan basyşynyň peselmeginiň kadalaşdyrma çärelerini, degişli barlaglardan soň kardiolog we newrolog lukmanlary geçirýär. Häzirki zaman lukmançylygynda gan basyşyň ýokarlanmagyna gözegçilik etmek we ony pese düşürmek ýokarlandyrmakdan aňsat bolýar, çünki  gipertoniýany bejermek üçin ulanylýan derman serişdeleri köpdürliligi bilen tapawutlanýarlar. Gipotoniýany bejermek üçin kofeiniň esasynda taýýarlanan derman serişdeler (sitramon, piramein), tonusy ýokarlandyrýan derman ösümlikler (eleuterokokkyň, ženşeniň, araliýa otunyň, hytaý limonniginiň demlemesi) giňden ulanylýar.

Gipotoniklere ertirine kofe içmek maslahat berilýär. Emma kofeini aşa köp ulanmak hem zyýanlydyr. Artykmaç kofein soňundan damarlary giňeldip, arterial gan basyşy öňküsinden hem peseldip biler. Şeýle  ýagdaý döremez ýaly, ertirlik kofeňiziň ýany bilen ýüzüne mesge çalnan çörege bir bölek peýnir (syr) goýup iýmeli. Peýniriň düzüminde gipotoniýaly näsaga gerekli mukdarda ýag we duz bardyr.

Gipotoniýany bejermek üçin ýaşaýyş-durmuş endikleriniň üýtgedilmegi örän ähmiýetlidir. Ýaramaz endiklerden ýüz öwürmeli. Arterial gan basyşy ýokarlandyrmak üçin, arassa howada gezelenç etmeli, suwda ýüzmeli, ertirlerine maşklary ýerine ýetirmeli, sowuk we gyzgyn suwy gezekleşdirip, duşuň aşagynda durmaly. Näçe köp hereket edilse, ýaşaýyş tonusy şonça-da ýokarlanýar. Gipotoniýaly näsag üçin bolsa bu örän wajypdyr.

Arterial gan basyşy pes bolan adamlaryň ukusyny almagy hem zerurdyr. Sagdyn adama ukusyny almak üçin 8 sagat ýeterlik bolsa, gipotoniklere azyndan 9-12 sagat gerek bolýar (olar käte şeýle uzak ýatsalar-da, mejalsyz bolýar). Arterial gan basyşy pes adam birden  ýerinden turman, ýatan ýerinden el-aýagyny ýuwaş-ýuwaşdan herekete getirýän maşklary ýerine ýetirmeli. Soňra biraz oturyp, haýalja dikelmeli. Näsag birden dik dursa, onuň özünden gitmegi ähtimaldyr. Biraz dik durup, soňra ýöräp başlamaly.

Kofeiniň esasynda ýasalan derman serişdelerinden, kofeden we ukudan başga-da, gipotoniýany bejermekde owkalama, şol sanda nokatlaýyn owkalama giňden ulanylýar. Owkalama hem gan damarlarynyň tonusynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Arterial gan basyşynyň peselmegini bejermekde dogry iýmitlenmegiň orny uludyr. Gipotoniýaly näsag günüň dowamynda azyndan 4 gezek naharlanmalydyr. Kişde, kişmiş, hoz, maňyz, ary baly ýaly önümleriň  gipotoniýaly adamyň gündeki iýmitiniň düzüminde bolmagyny üpjün etmeli. Umuman , iýmit ýokumly we witaminlere, esasan, E, C, B, B5 witaminlere baý bolmaly.

Gipotoniýanyň öňüni almak

Arterial gan basyşynyň kadaly bolmagy üçin, adam öýde, işde, köpçülik ýerlerinde emosional dartgynlygy döredip biljek ýagdaýlardan gaça durmaly. Belli bolşy ýaly, şeýle ýagdaýlar gan basyşy mese-mälim peseldip ýa-da ýokarlandyryp bilýär we gipertoniki ýa-da gipotoniki kriziň töwekgelligini artdyrýar.

Arterial gan basyşyny wagtly-wagtynda ölçäp durmak hem zerurdyr. Gipotoniýanyň alamatlary ýüze çykan badyna  lukmana ýüz tutmak hökmandyr.

Halk tebipçiliginde gipotoniýanyň bejerilişi

Barlaglaryň netijeleri Siziň gan basyşyňyzyň biraz peselendigini, emma howatyrlanar ýaly kadadan çykýan ýagdaýyň  ýokdugyny görkezse, onda halk tebipçiliginde ulanmaga maslahat berilýän serişdelerinden peýdalanyp bilersiňiz.  

Garamandalak (çertopoloh). Owradylan garamandalak ýapraklarynyň 2 nahar çemçesiniň üstüne 2 bulgur gaýnag suw guýup, 20 minutdan süzmeli we günde  4 gezek nahardan öň ýarym bulgurdan içmeli.

Saryja gülüň (zweroboý) owradylan otunyň 1 nahar çemçesiniň üstüne 1,5 bulgur gaýnan suw guýup, sowaýança goýmaly. Soňra ony süzüp, günde 3 gezek nahardan öň ýarym bulgurdan içmeli.

Gipotoniýanyň öňüni almak üçin ýazda we tomusda ysmanak, şibit, petruşka ýaly gök otlary, ir-iýmişleri, güýzüne we gyşyna bolsa kelem, kädi, käşir, şugundyr ýaly önümleri  iýmek maslahat berilýär.

Arterial gan basyşyňyz peselende, ýeriňizden galman ýatmak ýagdaýyňyzy  wagtlaýyn ganymatlaşdyrar. Ýöne Siz hakykatdan-da gan basyşyňyzyň kadalaşmagyny isleýän bolsaňyz, lukmanyň maslahatlaryny ýerine ýetiriň we ýaşaýyş tonusyny ýokarlandyrmak üçin hereket ediň.

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2 / 3

  • 9100 gezek okalan