Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
IÇEGÄNIŇ ADATY DÄL BAŞLY KESELI: ALAMATLARY WE BEJERGISI
Içegäniň adaty däl başly keseli – ýogyn içegäniň nemli gatlagynyň dowamly sowuklama keseli bolup, onuň nemli gatlagynyň agyr zeperlenmeleri bilen häsiýetlendirilýär. Bu kesel genetiki we daşky gurşawyň faktorlarynyň özara täsiriniň netijesinde döräp, wagtal-wagtal ýitileşýär. Içegäniň adaty däl başly keseli adatça "başly kolit" diýip atlandyrylyp, ýer ilatynyň her 100 000-sinden 35-100 adamda duş gelýär. Bu kesele esasan hem 20-40 ýaş aralygyndaky adamlar ýolugýandyr. Erkekler bu kesele aýallara garanda has köp (1,4:1) ýolugýarlar.
Keseliň sebäpleri
Içegäniň adaty däl başly keseliniň haýsy sebäplere görä döreýändigi henize çenli doly anyklanylmadyk. Alymlar bu kesel adamyň güýçli stressleri başdan geçirmegi, bakterial ýa-da wirus ýokançlyklaryna ýolukmagy zerarly döräp bilýär diýip çaklaýarlar. Alymlaryň geçiren barlaglarynyň käbiri bolsa bu keseliň içegäniň nemli gatlagyna dürli allegiki täsirlilikleriň täsir etmeginiň netijesinde döräp bilýändigini mälim etdi. Mundan başga-da, bu keseliň döremegine nesilyzarlaýjylyk we immun ulgamynyň bozulmalarynyň (onuň işiniň ýokarlanmagy) hem sebäp bolýandygy anyklanyldy. Emma alymlaryň bellemegine görä, ýokarda agzalan sebäpler bu keseli döredýän faktorlaryň doly sanawy däldir.
Goraýjy faktorlar
Köriçegäniň hakyky tutgaýy zerarly ýaşlyk döwründe appendektomiý operasiyasyny başdan geçirmeklik bu kesele ýolukmak howpuny ep-esli peseldýär. Mundan başga-da, alymlar iýmite olein turşulygynyň goşulmagynyň bu keseliň döremek howpuny 90% peseldýändigini subut etdiler. Gastroenterologlaryň aýtmagyna görä, olein turşulygy içegedäki himiki maddalary böwetläp, başly kolitiň döremeginiň öňüni alýar (awt: himiki maddalar kesel döwründe içegäniň sowuklamasyny beterleşdirýär). Lukmanlar näsaglaryň olein turşulygyny köp mukdarda kabul eden ýagdaýlarynda bu kesele ýoluganlaryň sany ep-esli az bolýar diýip hasaplaýarlar. Olar keseliň öňüni almak üçin, günde zeýtun ýagynyň 2-3 nahar çemçesini kabul etmek ýeterlikdir diýip aýdýarlar.
Keseliň ýerli ýüze çykyş häsiýetnamasy
Içegäniň zeperlenmesi esasan hem göni içegeden başlanýar. Diňe göni içegäniň zeperlenen ýagdaýynda "başly proktit" keseli diýen kesgit goýulýar. Ýöne bozulmalaryň ýaýrama häsiýete eýe bolýandygy sebäpli, kesel kem-kemden tutuş içegäni zeperlendirip bilýär. Kesel esasan-da içegäniň nemli we nemasty gatlagyny zeperlendirýär. Kesele inçeden uzyn başlar mahsus bolup, olar myşsa zolaklarynyň ugry bilen 2-3 parallel hatarlar görnüşinde ýerleşýär. Kiçi başlaryň düýbi arassa, uly başlaryň düýbi bolsa nemli çalymtyk gatlak bilen örtülen bolýar. Şeýle başlaryň içegäniň diwarlaryny deşýän ýagdaýlary hem duş gelýär. Başlaryň gurluşynyň üýtgemeleri esasan-da içegäniň aşaky we sigma görnüşli böleginde bolýar. Ýogyn içegede ýalan polipleriň duş gelýän ýagdaýlary hem seýrek däldir.
Keseliň görnüşleri
Adaty däl başly kolitiň onuň geçiş häsiýeti boýunça şu görnüşleri bardyr:
- Ýiti görnüşi.
- Dowamly görnüşi.
- Gaýtanyp durýan görnüşi.
Adaty däl başly kolitiň alamatlarynyň ýüze çykyş derejesi boýunça şu görnüşleri bardyr:
- Ýeňil görnüşi-gije-gündiziň dowamynda 5 gezek täret edilip, ol örän ýumşak bolýar. Täretde gan we nem bolýar. Näsagyň umumy ýagdaýy kanagatlanarly bolýar.
- Orta görnüşi-gije-gündiziň dowamynda 5-8 gezek täret edilip, ol örän ýumşak bolýar. Täretde gan we nem bolýar. Näsag biraz gyzdyrýar, ýüregi çalt urýar, gany az bolýar. Ýöne onuň umumy ýagdaýy ol diýen üýtgemeýär.
- Agyr görnüşi- gije-gündiziň dowamynda 8 gezege çenli güýçli içgeçme döreýär, täretde ep-esli gan, nem we iriň görünýär. Näsag 38ºС gyzdyrýar, ýüregi çalt urýar, azganlylyk ýüze çykýar. Näsagyň ýagdaýy agyr ýa-da örän agyr bolýar.
Keseliň alamatlary:
- içgeçme ýa-da gan, nem iriň gatyşykly ýumşak täret;
- gury içtowlamalar;
- içagyrylar;
- bedeniň gyzgyny ýokarlanýar;
- işdäsizlik;
- näsag horlanýar;
- bejerginiň geçirilýändigine garamazdan, täret etmekligiň ýygylygy hiç bir sebäpsiz artýar ýa-da kemelýär.
Adaty däl başly kolitiň içegeden daşarky alamatlaryna: artritler, spondilitler, görüş agzalaryň zeperlenmeleri (göz merjenjiginiň we birleşdiriji gatlagynyň sowuklamasy) agyz boşlugynyň, bagryň we öt çykaryş ýollarynyň keselleri, tromboflebitler, tormboemboliýalar, deri we derasty gatlagyň keselleri degişlidir.
Ganly içgeçme adaty däl başly kolitiň irki alamaty bolup bilýär. Artrit, irit, bagryň bozulmalary, deri keselleri hem bu keseliň "buşlukçylary" bolup bilýändir. Adaty däl başly kesele ýolugan adamlarda bu kesel dowamly görnüşde geçip, wagtal-wagtal ýitileşýär. Käwagt (15%-mi) bu kesel birdenkä başlap, oňa ýolugan adamlaryň gyzgyny artýar, garyn boşlugynda agyrylar döreýär. Ol ýygy-ýygydan täret edýär, täretinde gan bolýar. Ol horlannyp, derisi solgun bolýar.
Keseli anyklamak
Kesel rentgenologiki, endoskopiki we gistologiki barlaglarynyň netijeleriniň esasynda anyklanylýar. Fibrokolonoskopiýa barlagy bu keseli has takyk anyklamaga kömek edýär. Kolonoskopiýa barlagy keseliň derejesini, başlaryň ölçegini has takyk anyklamaga kömek edýär.
Keseliň gaýraüzülmeleri
Adaty däl başly kölitiň gaýraüzülmelerine şular degilidir:
- içege ganakmalarynyň döremegi;
- içegäniň diwarlarynyň deşilmegi;
- içegäniň deşilmegi netijesinde iriňli boşluklaryň emele gelmegi;
- içege boşlugynyň daralmagy;
- wagtyň geçmegi bilen içege düwnüginiň (ragyň) döremegi.
Bejergisi
Adaty däl başly kolitiň hemme görnüşleriniň (şuňa keseliň gaýraüzülme ýagdaýlary degişli däl!) bejergisi konserwatiw (dermanlar bilen bejergi) usullardan başlanýar.
Kesel kesgidi goýlan näsaglar dogry bejergi toplumyny bellemek üçin hassahana ýerleşdirilmelidir. Şeýle näsaglar göni içegäniň üsti bilen suwuklygy we peýdaly duzlary köp ýitirendikleri üçin, bedende alyş-çalyş ýagdaýlaryň üýtgäp, azotly birleşmeleriň köpelmegine, şeýle hem suwsuzlanmanyň döremegine sezewar bolýarlar. Şolar ýaly näsaglar ýörite erginleriň we ganyň damardan göýberilip bejerilmegine mätäçdirler. Bejergi çärelerine içegäniň üsti bilen iýmitlenme, kortikosteroid gormon serişdeleri damardan goýberme, antibiotik serişdeleri ulanma, damardan göýberilen erginler bilen iýmitlenme degişlidir.
Kortikosteroid we immun ulgamynyň ýokary işjeňligini peseldýän serişdeleriň bu keseli bejermekde netijeliligi subut edilendir. Ýöne bu derman serişdeleriň zyýanly goşmaça täsiri hem bardyr.
Kortikosteroidler – bu keseli bejermekde esasy serişdedir. Orta derejeli geçýän keseliň görnüşini bejermek üçin prednizalonyň günde 40-60mg ýeterlikdir. Keseliň agyr görnüşine ýoluganlara gidrokortizony we metilprednizalony damardan göýberme usulynda belleýärler. Kortikosteroidler keseliň ýiti döwründe netijelidir. Keseliň köşeşip başlan döwründe kortikosteroidler bilen bejermeklik keseliň gaýtalanmasynyň öňüni alyp bilmeýär. Sulfalasazin keseliň agyr görnüşlerini bejermekde gaty bir netijeli bolmasa-da, keseliň ýitileşmelerliniň öňüni almakda netijelidir. Sulfalasaziniň goşmaça zyýanly täsirini aradan aýyrmak üçin, 5-ASA, Salofalk ýaly derman serişdeleri ulanmak maslahat berilýär.
Adaty däl başly koliti bejermekde immun ulgamyň işini peseldiji, şol sanda azatioprin we 6-merkaptopurin serişdeleri hem ulanylýar. Siklosporin has peýdaly bolup, keseliň agyr, aýratyn-da bejermesi kyn bolan görnüşlerinde ulanylýar. Siklosporiniň uly mukdary bilen bejergi geçirilen ýagdaýlarynda "siklosporin" nefropatiýasynyň (böwrek bozulmasy) we agyr ýokanç keselleriniň döreme howpunyň bardygyny bilmelidir. Bu toparyň dermanlary bilen bejergini başlamazdan öň dermanyň dogry mukdary saýlanylmalydyr. Şeýle-de, bu derman serişdesiniň zäherliligini we onuň howply täze döremeleriň ýüze çykma töwekgelligini ýokarlandyryp biljekdigini unutmaly däldir.
Keseli bejermekde metronidazolyň we antibiotikleriň giňden ulanylýandygyna garamazdan, olaryň bejeriş netijeliligi subut edilen däldir.
Keseliň güýçli gaýraüzülmelerinde (içegeden güýçli gan akmalar dörände, içegäniň diwarlary deşilende, içegäniň geçirijiliginiň bozulan ýagdaýynda, düwnük dörände) ýa-da konserwatiw bejerginiň oňat netije bermedik ýagdaýlarynda hirurgiki bejergi geçirilýär.
Berhiz
Adaty däl başly kolite ýolugan näsaga stol-4 diýen berhizi belleýärler (awt: ony internetden "Pewzneryň stoly" atly berhiz diýip tapmak mümkin). Näsag ilkibaşda berk berhizi tutmalydyr. Emma onuň iýmitlenmesi kadaly we witaminlere baý bolmalydyr. Keseliň alamatlarynyň gowşap, näsagyň ýagdaýynyň gowulanmagy bilen, berhizi ýeňilleşdirip, ondaky iýmitiň sanawyny köpeltmek bolýandyr. Ýöne eýýäm belläp geçişimiz ýaly, näsag keseliň ýüze çykarylan döwründe we ondan soňky birnäçe aýyň dowamynda içegäniň ýygrylmalaryny güýçlendirýän iýmiti iýmekden saklanmalydyr. Şeýle iýmite noýba, merjimek, mäş , içiňi çişirýän gazly içgiler, süýt, süýji önümleri, hamyrmaýa ýa-da nahar sodasy goşulyp bişirilen çörek we köke önümleri, ýagly çorbalar, kakadylan we duzlanan önümler, ajy naharlar, gowrulan tagamlar, kofe, şokolad, sogan, ter otlar we ş.m. degişlidir.
Bu keselli näsaglara aşakdaky önümleri iýmek maslahat berilýär:
Ertirlik – oňat gaýnadylan tüwi, süle ýa-da manna kaşalaryny (suwda bişirmeli!), hamyrmaýasyz bişirilen köke, käşiriň ýa-da apelsiniň miwe suwy.
Günortanlyk ýa-da agşamlyk – ýagsyz etiň gaýnatmasyna däne ýa-da makaron önümlerini atyp bişirilen ýagsyz çorba, gaýnadylan ýagsyz et, balyk, üwelen ýagsyz etden buglanyp taýýarlanan kotletler, gök önümler.
Näsagyň ýagdaýy oňatlaşyp, içegesiniň işi kadalaşyp başlandan soň, onuň berhizini giňeldip bolýandyr. Näsag az-azdan günüň dowamynda 5-6 gezek naharlanmalydyr.
Üns beriň! Şu makalada beýan edilýän bejergi we berhiz babatdaky maslahatlary saglyk ýagdaýyňyza laýyklykda dogry ulanmak üçin, öz lukmanyňyz bilen maslahatlaşmagy unutmaň.
- 6931 gezek okalan