• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • KERLIK WE GULAGY AGYRLYK

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KERLIK WE GULAGY AGYRLYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (19 Ses)

"Görüş ukybyny ýitirmek, adamy töweregindäki zatlardan daşlaşdyrýar.

Eşidiş ukybyny ýitirmek, adamlar bilen aragatnaşykda bolmakdan daşlaşdyrýar".

Emmanuil Kant

Adam daş töweregindäki bolup geçýän zatlar barada maglumaty bäş duýgy agzalarynyň: görüş, eşidiş, duýuş, tagam we ys alyş agzalarynyň kömegi bilen kabul edýär. Olar diňe bir töweregindäki bolup geçýän zatlar barada habar bermek bilen çäklenmän, durmuş tejribesini kämilleşdirmäge, güýçli duýgulary başdan geçirmäge ýardam edýär we adama howp salaýjak ýagdaýlardan ätiýaçlandyrýar. Eşidiş, tagam alyş duýgusy bilen birlikde, çaga ýaňy dünýä inen gününden başlap, doly kämilleşen ýagdaýda bolýar. Ol adamyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolmak bilen, jemgyýetde ýaşamaga, sözleşigi kabul edip, beýleki adamlar bilen pikir alyşmaga, jemgyýetçilik we zähmet şertlerini doly berjaý etmäge mümkinçilik berýär. Adam sagdyn durmuşda ýaşap ýören wagty eşidiş ukybyny ýitirerin diýip pikir etmeýär. Ýöne gynansak-da, dürli sebäplere görä her bir ýaşda ynsanyň eşidiş ukybyna zeper ýetip biler.

Eşidiş ukybynyň bozulmagy – sesleri kabul etmek we düşünmek endiklerini doly we bölekleýin ýitirmekdir. Adamyň aýdylan zady ýa-da dürli sesleri kabul etmäge bolan ukybyny doly ýitirmegine – kerlik diýilýär, eşidiş ukyby kynalyşan bolsa – gulagy agyrlyk diýilýär. Kerligiň dogabitdi we gazanylan görnüşleri bolýar:

  • Dogabitdi kerlik eşidiş agzasynyň içki gurluşynyň nädogry kämilleşmeginiň netijesinde ýüze çykýar. Bu ýagdaýa nesil yzarlamak faktory we çaga enäniň göwresinde entek düwünçek döwri dürli ýokançlyklaryň we zäherleýji maddalar bilen zäherlenmegi sebäp bolup bilýär. Eşidiş ukybyndan mahrum bolan çaga gürlemäni hem başarmaýar. Sebäbi sözleýiş ukybyny adam tejribe arkaly, ýagny eşiden zadyny gaýtalap öwrenýär.
  • Gazanylan kerlik dürli ýaşda ýüze çykyp, käbir ýokanç keselleriň: meningit, gyzamyk, hörezek, hapgyrtma, dümew; gulagyň orta bölüminiň ýiti we dowamly sowuklamasynyň (otit) gaýraüzülmesi we başga dürli sebäplere görä ýüze çykýp biler.

Gulagyň gurluşy

Adamyň eşidiş agzasynyň gurluşy anatomiki taýdan daşky, ortaky we içki bölümlerden ybaratdyr. Daşky gulak bölümine: gulak çukurjygy, eşidiş S-görnüşli ýoly, we gulak perdesi degişlidir. Bu bölümiň wezipesi gulagyň ortaky we içki bölümlerini goramakdan we ses tolkunlaryny tutup, ortaky gulak bölümine geçirmeken ybarat.

Orta gulak bölümi howa bilen dolup duran boşlugyň içinde ýerleşen ýewstahiýew turbasy we eşidiş süňkjagazlaryndan – çekiçjik, sandal, üzeňňiden durýar. Ol gulak perdesinden gelýän ses yrgyldamalaryny güýçlendirmek we geçirmek üçin hyzmat edýär.

Içki gulak bölümi süýnmek şekilli penjireden, eşidiş perdesinden (ulitkadan) we kortiýew agzasyndan ybarat bolup suwuklykdan dolup durýar. Süýnmek şekilli penjire eşidiş süňkjagazlaryndan ses yrgyldamalaryny kabul edýär we eşidiş perdesine geçirýär. Eşidiş perdesiniň süýmjagazlarynyň yrgyldamalaryny kortiýew agzasynyň duýgur tüýjagazlary kabul edip, sesi nerw süýümleri boýunça beýniniň ses merkezine geçirýär. Netijede ses duýgusy kemala gelýär.

Eşidiş ukybynyň bozulmalarynyň görnüşleri

Eşidiş perdesi we eşidiş nerwi bozulan ýagdaýynda adam hemişelik ker bolup galýar. Görnüşine, derejesine we ýüze çykan wagtyna görä kerlik dürli toparlara bölünýär.

Konduktiw kerligi. Bu görnüşiň sebäbi sesiň içki gulak bölümine geçmegine päsgelçilik döredýän, daşky we ortaky gulak bölümleriniň zeperlenmegindedir. Ol dürli ýaşda ýüze çykýar we ýaňy dünýä inen çagada nesil yzarlamak faktorynyň täsiri ýa-da çaganyň düwünçek döwründe ýokançlyklar bilen zäherlenmeginiň netijesinde ýüze çykyp bilýär. Konduktiw kerligi gulak perdesiniň ýyrtylmagy ýa-da üç sany eşidiş süňkjagazlarynyň: çekiçjik, sandal, üzeňňiniň üzülmegi netijesinde hem döreýär. Bu görnüşiň ýene bir esasy sebäpleriniň biri, orta otit ady bilen belli bolan, orta gulak bölüminiň sowuklamasyndadyr. Ýokarky dem alyş ýollarynyň ýokançlygy, mysal üçin dümew (grip), gulak perdesiniň dargamagyna eltýän, orta gulakda iriň ýygnanmasyna getirip biler. Ýewstahiýew turbasynda (bokurdak bilen gulagy birikdirýän bölümde) dykynyň emele gelmegi ortaky gulak bölümine suwuklygyň syzmagyna getirýär we wagtlaýyn kerlik ýüze çykyp bilýär.

Orta ýaşdaky we gartaşan adamlarda konduktiw kerlige köplenç otoskleroz sebäp bolýar. Bu nesil yzarlamagyň netijesinde ýüze çykýan keselde üzeňňiniň üstünde täze çeýe ösüntgi emele gelýär we çekiçjik bilen sandala düşen sesiň wibrasiýasyna (titremegine) päsgelçilik döredýär.

Perseptiw ýa-da neýrosensor kerligi. Orta gulak bölüminiň süňk düzüminiň, beýnä maglumat berýän eşidiş nerwiniň ýa-da beýniniň çekge bölüminde ýerleşýän eşidiş merkeziniň zeperlenmegi netijesinde ýüze çykýar. Bu ýagdaý çaganyň dogum wagtynda kellesine ýeten zeperiň netijesi; enäniň göwrelilik döwründe geçiren gyzylja keseliniň, entek dünýä inmedik çaga ýetiren zyýanynyň netijesi; eşidiş agzalaryna täsir eden kelle çanagynyň döwülmesiniň netijesi; gyzgynyň galmagynyň, bakterial we wirus ýokançlygynyň (hapgyrtma, meningit); sifilis keseliniň soňky derejesiniň; Menýeriň keseliniň; düwnük keseliniň; dagynyk sklerozyň; käbir derman serişdeleriniň zyýanly täsiri netijesinde ortaky gulak bölümine gan inmegiň ýa-da gan lagtasynyň emele gelmeginiň netijesi bolup biler. Şeýle hem garrylyk; uzak wagtlap ýa-da yzygiderli ýygy güýçli galmagalyň içinde bolmak; galkan şekilli mäziň ýetmezçiligi netijesinde çişginliligiň döremegi kerligiň bu görnüşine sebäp bolýar.

Perseptiw kerligini başgaça nerw kerligi diýip atlandyrsalar hem, onuň ýüze çykmagynyň sebäpleriniň köpüsi nerw bilen bagly däldir. Adatça ol sensor (duýgur) kerligi bolup, diňe nerwiň zeperlenmegi netijesinde ýüze çykman, ortaky gulak bölüminiň gurluşynyň, has-da suwuklyk saklaýan eşidiş perdesiniň we ses tolkunlaryny elektrik impulsa (galpylda) öwürip, beýnä geçirýän, duýgur öýjükler ýerleşýän spiral agzasynyň zeperlenmegi zerarly döreýär we ses kabul edişi bozýar.

Garyşyk kerligi. Ol öz düzüminde hem konduktiw, hem perseptiw kerligiň alamatlaryny birikdirýär.

Funksional kerligi. Bu görnüş eşidiş ulgamynda hiç bir organiki üýtgeşmeler ýüze çykmazdan, beýnä zeper ýetmezden döreýär.

Arassa konduktiw kerliginden ejir çekýän adamlar sesiň has gaty çykmagyna mätäç bolýar. Içki gulak ulgamynda zeperlenme bar bolan adamlar ýokary seslere garanyňda pes sesleri gowy eşidýär, käbir sesleri bolsa ýoýlan üýtgän görnüşinde kabul edýär. Kelläniň çekge bölümine, beýniniň eşidiş merkezine zeper ýeten ýagdaýynda, adam sesleri eşidýär, ýöne olary saýgaryp, düşünip bilmeýär.

Eşidiş ukybyny ýitirmegiň sebäpleri

Kerlik we gulagy agyrlyk bir gulakda-da, iki gulakda-da bolup bilýär. Eşidiş ukybynyň bozulmagyna dürli biologiki we ekologiki faktorlar sebäp bolýar.

Uzak wagtlap galmagalyň täsir etmegi. Gulagyň ses kabul edýän agzasyna ýaramaz täsir edýän we aşa agram salýan ýiti wibrasiýalar we galmagal eşidiş ukybyna zyýan ýetirýär. Uçar menziliniň ýa-da köp gatnawly ýoluň golaýynda ýaşaýan adamlar 65-75 desibell güýçdäki ses tolkunlarynyň täsirine sezewar bolýarlar. Eger şolar ýaly şertde daşarda ýa-da öýde penjireleri açyp, adamlar uzak wagtlap bolmaga mejbur bolýan bolsa, kem-kemden eşidiş ukyby peselip başlaýar. Saglyga zyýan ýetirmeýän ses tolkunlarynyň güýjüniň ahyrky çägi günüň dowamynda 70 desibell diýip hasaplanýar.

Pleýer we beýleki aýdym-saz diňlemek üçin gulaga dakylýan enjamlary uzak wagtlap ulanýan adamlaryň hem eşidiş ukyby peselýär. Olaryň gulaga täsir ediş güýji 85 desibela barabardyr (tozan sorujynyň sesiniň güýji ýaly). Ýöne bu gurallaryň muşdaklary wagtynda gulagy agyrlyga duçar bolanlaryny hem aňmaýarlar.

Käbir keselleriň gaýraüzülmesi netijesinde ýüze çykan kerlik. Eşidiş ulgamyny zeperlendirmäge ukyply keselleriň içinde ýiti orta otitiň we dowamly iriňli orta otitiň gaýraüzülmelerini bellemek bolar. Bu ýagdaýda ses perdesiniň we ses süňkjagazlarynyň hereketini çäklendirýän ses geçelgesinde ýara yzlary emele gelmegi ahmal. Bu bolsa öz gezeginde durnukly gulagy agyrlyga ýa-da kerlige getirýär. Eşidiş ukybyna zyýan ýetirýän sebäpleriň has giňden ýaýrany ýokanç keselleriň: parotit ýa-da hapgyrtma, gyzamyk, hörezek, hemmelere belli bolan dümewiň netijesinde ýüze çykýan gaýraüzülmelerdir. Ýönekeý sowuklama hem käbir ýagdaýlarda ses kabul etmegimizi wagtlaýynça 10-15 desibell peseldip biler. Ýokanç kesellerden başga guragyryly bogun çişme, Menýeriň keseli, süýjikesel, ateroskleroz doly kerlige getirip biler.

Derman serişdeleriniň täsir etmeginde ýüze çykan kerlik. Eşidiş nerwine täsir edýän antibiotikleri, buşukdyryjy serişdeleriň käbir toparyny, sowuklama garşy derman serişdelerini uzak wagtlap ulanmak eşidiş ukybyna zyýan ýetirip bilýär. Şol sebäpli olary lukmanyň gözegçiligi astynda örän seresaply ulanmaly.

Şikesleriň kerlige getirmegi. Ýönekeý gulak arassalamak üçin niýetlenen pamygy gödek ulanmak içki gulak bölümine zeper ýetirip biler. Şikes gulagyň özüne, şeýle hem ses tolkunlaryny kabul edýän beýniniň merkezine ýetende ses kabul etmegimize zyýan ýetýär. Şeýle-de gulaga suw gitmegiň netijesinde eşidiş gatlagynyň arkasyna ýygnanan suw gulagy agyrlyga getirip bilýär.

Eşidiş ukybyna ýaşyň täsiri. Adam garradygyça onuň gulak çukurjygy ýukalýar, ses geçelgesi daralýar, käwagt ses tolkunlarynyň geçmegine päsgelçilik döredip doly eplenip bilýär, ses perdesi bolsa galňaýar. Ortaky gulak bölüminiň süňkjagazlarynyň hereketi kynlaşýar. Ýöne gartaşan adamlaryň eşidiş ukybynyň peselmeginiň esasy sebäbi ses kabul ediş apparatynyň üýtgemegindedir. Onuň netijesinde eşidiş nerwisiniň işi bozulýar.

Ýaşyň ötüşdigiçe beýniniň ses kabul ediş merkezlerinde hem belli üýtgeşmeler bolup geçýär.

Keseli anyklamak

Kerligi we gulagy agyrlygy anyklamakda eşidiş ukybynyň bozulmagynyň sebäbini, ýeten zeperiň derejesini, gulagy agyrlygyň durnuklylygyny, onuň ösmegini we yza gaýtmagyny, mümkin boldugyça takyk kesgitlemeli. Kerligiň we gulagy agyrlyň ilkinji barlagyny otolaringolog-lukman geçirýär. Ol näsagy söz audiometriýasy (gepleşik we pyşyrdy ses derejesini anyklamak) bilen barlaýar we kesel ýüze çykarylandan soň surdolog lukmanyň maslahatyna ugradýar. Gulagy agyrlygyň ýeňil görnüşini anyklamak üçin audiometr, kamerton we ş.m. gurallar ulanylýar. Ses geçiriji ulgam bilen ses kabul ediji ulgamyň zeperlenmeleriniň arasynda seljerme geçirmek üçin audiometriýa we otoskopiýa usullary ulanylýar.

Eşidiş nerwiniň zeperlenmesiniň çäginiň derejesini anyklamak we beýniniň belli bir ýerine ýeten zeper zerarly ýüze çykan kerligi anyklamak üçin otonewrolog-lukmanyň maslahaty zerurdyr. Bu ýagdaýda ýörite barlaglar: çäk audiometriýasy, äheň audiogrammasy we ş.m. barlaglar geçirilýär. Kiçi ýaşly çagalarda kerligiň we gulagy agyrlygyň derejesini anyklamakda belli bir kynçylyklar döreýär. Bu ýagdaýda kompýuter audiometriýasyny we orta gulak bölüminiň akustiki impedansometriýasy (eşidiş analizatorynyň periferiýa böleginiň ses geçiriji bölümleriniň seslere bolan garşylygyny ölçeýän usulydyr) geçirilýär.

Kerligi bejermek

Eşidiş süňkjagazlarynyň we eşidiş perdeleriniň işine we bütewiligine zeper ýeten ýagdaýynda bejerginiň operasiýa ýoly saýlanylýar. Häzirki döwürde eşidiş ukybyny doly dikeldýän ýa-da ony belli bir derejede gowulandyrýan hirurgiýa operasiýalary geçirilýär (eşidiş süňkjagazlaryny protezirleme, timpanoplastika, miringoplastika we ş.m.). Käbir ýagdaýlarda doly kerlige duçar bolan adamlaryň hem eşidiş ukybyny dikeldip bolýar. Operasiýa etmekligiň görnüşi ses geçiriji ulgamynyň zeperlenmesiniň häsiýetine bagly bolýar.

Duýgur tüýjagazly öýjükler ölen ýagdaýynda, zeperlenmäň sebäbine garamazdan, eşidiş ukybyny dikeldip bolmaýar. Ýöne keseliň dogry anyklanan irki tapgyrlarynda derman serişdesi bilen fiziobejergini, elektrik togy bilen gyjyndyrmany we kislorod bilen bejergini utgaşdyryp ulanmak gowy netije berýär. Kerligiň we agyr iki taraplaýyn neýrosensor gulagy agyrlygyň ötüşen ýagdaýynda, eşidiş ukybynyň öwezini doldurýan öňden gelýän ýeketäk usul - ses protezlerini ulanmakdyr. Ses apparatyny saýlamak, gurnamak we sazlamak işi bilen ses protezirleýji lukman meşgullanýar.

Kerligiň öňüni alyş çäreleri

Yzygiderli lukmanyň barlagyndan geçip, ses kabul etmek ukybyňy barlap durmaly. Ilkinji howsalaly alamatlar peýda bolandan lukmana ýüz tutmagy ýatdan çykarmaň. Gulak, burun, bokurdak keselleri ýüze çykanda hökman doly sagalma ýagdaýyna çenli bejergini almaly. Gulagyňyzy arassalanyňyzda örän seresap boluň, onuň üçin çem gelen zady ulanmaň. Gulagyňyzy gaty sesli, galmagally aýdym-sazlardan goraň. Pleýerde saz diňlemäňizi bir sagatdan artyk dowam etmäň, ýene bir sagat gulaklaryňyza dynç beriň. Şol wagtyň içinde eşidiş ulgamy dynç alyp ýetişýär.

Eşidiş – adamyň iň ýiti, iň kämil duýgusydyr. Onuň gurluşy örän çylşyrymly bolany üçin, häzirki zaman ses enjamlarynyň hiç biri onuň ornuny tutup bilmeýär. Saglygyňyzyň aladasyny wagtynda edip, ätiýaçly boluň. Size ömrüňiziň dowamynda ajaýyp owazlary diňläp, mährem söhbetdeşlikde bolmak miýesser etsin!

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2

  • 23097 gezek okalan