• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • INSULT: SEBÄPLERI, GÖRNÜŞLERI, ILKINJI KÖMEK

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

INSULT: SEBÄPLERI, GÖRNÜŞLERI, ILKINJI KÖMEK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.54 (13 Ses)

Insult (beýnä gan inme) beýnide gan aýlanyşyň güýçli bozulmasy bilen bagly bolan, örän agyr we howply keseldir. Insult ýüze çykandan soň ilkinji 3-8 sagadyň içinde gyssagly kömek bermeklik örän wajypdyr. Eger syrkawa 24 sagadyň dowamynda  degerli kömek berilmese, onda heläk bolma töwekgelçiligi ep-esli artýandyr.  Beýnide kislorodyň we ýokumly maddalaryň ýetmezçilik etmegi ondaky nerw öýjükleriniň we olaryň arasyndaky baglanyşygyň dargamagyna getirýär. Gan aýlanyş näçe çalt dikeldilse, gutulmaga bolan mümkünçilik şonça hem artýar. Ýöne şonda-da, bu keseli başdan geçirenleriň köpüsi uzak wagtyň dowamynda, käbir  ýagdaýlarda, birnäçe ýyllap, hereket etmekden mahrum bolup maýyplyga sezewar bolýarlar.

INSULT KESELINIŇ GÖRNÜŞLERI

Ýüze çykyşy boýunça insultyň iki görnüşini tapawutlandyrýarlar: işemiýa (gan aýlanşygynyň ýetmezgiligi)  we gemorragiki (damardan gan akma) insultlar.

Işemiýa insultynda gan aýlanyşygynyň ýiti bozulmasy bolup geçip (meselem ateroskleroz keselinde), nerw dokumasy kislorod ýetmezçiligine sezewar bolýar, eýýäm birki günden syrkawyň ýagdaýy agyrlaşýar.

Damar diwarlarynyň gowşamagy  netijesinde ýüze çykan gemorragiki insultda, gan damarynyň uzulmesi ýüze çykýar. Ganyň üýşen ýerinde ojak  emele gelip, üýşen gan beýni dokumasynyň zeperlenmegine we üýtgemegine getirýär. Insultyň bu görnüşi beýniň düýbünde ýerleşýän damar anewrizmasynyň (damaryň giňän bölegi) üzülmeginiň netijesinde hem döräp biler. Gemorragiki insultyň duýdansyz ýüze çykýanlygy sebäpli, bu görnüş adamy ölüme getirmäge ukyplydyr. Köplenç ol başdan geçirilen güýçli ruhy dartgynlykdan, aladadan soň bolýar. Käbir ýagdaýlarda insultyň öň ýanyndan syrkaw kellesinde agyrlyk, başaýlanma, kellagyry duýýar. Kesel ýüze çykandan adam ýykylýar we koma ýagdaýa düşýär. Gan basyşy has ýokary, damar urgusy dartgynly, dem alşy gyryk, hyşşyldyly, syrkaw gaýtarýar, ýüzi çym-gyzyl bolýar. Gözleriň göreçleriniň maýatnik görnüşli (saga we çepe) hereket edýändigini, garaýşynyň perwaýsyzdygyny synlap bolýar.

Ýüzüniň gyşarmagy, el-aýaklaryň ysmazlygy, beýni ýarym şarlarynyň zeperlenmesiniň ýüze çykan tarapyna garşy tarapda döreýär. Meselem, ýüzüň çep tarapynyň gyşarmagy we çep el-aýagyň ysmazlygy beýniniň sag ýarym şarlarynda gan inmäniň bolup geçenliginden (ýa-da tersine) habar berýär. Şu alamatlar peýda bolandan syrkawy usullyk bilen ýatyryp, döşüni açmaly we howa geler ýaly şert döretmeli, haýal etmän tiz kömegi çagyryp, lukman ýetişýänçä, syrkawyň aýagynyň aşagyna gyzgyn grelkany, ýeňsesine bolsa buz goýmaly.

INSULTYŇ SEBÄPLERI

Insultyň sebäplerine:  işemiýa (gan üpjünçiliginiň bozulmagy), emboliýa (gan lagtasynyň damarda hereket etmegi), tromboz (gan lagtasynyň damary dykmagy), ateroma (damar diwarlarynyň degeneratiw üýtgemesi) we beýniň içine gan inme degişlidir.

Tromboz – gan damarlarynda goýy uýan ganyň toplanmak ýagdaýydyr. Eger tromboz, beýnini iýmitlendirýän  gan damarlarynda emele gelse, ol beýni dokumasynyň çişginligine getirýär. Köplenç tromboz irden ýa-da gije, şeýle hem geçirilen operasiýadan soň, ýa-da ýürek agyrynyň tutmagynyň netijesinde ýüze çykýar. Tromboz, gartaşan adamlarda  bolup geçýän insultlaryň köpüsiniň sebäbidir. Artykmaç agramy bolan adamlarda, çilimkeşlerde tromboz örän ýygy duş gelýär. Häzirki döwürde ol kokain neşesini ulanýan örän ýaş adamlarda hem duş gelip bilýär.

Gan inmegiň netijesinde beýni arteriýasy üzülýär. Bular ýaly insult her bir ýaşda ýüze çykyp biler. Insultyň bu görnüşi arteriýalaryň dykyzlanmagynda, aritmiýada (bitertip ýürek urgularda), süýjikeselde, birden pese düşen ýa-da ýokarlanan gan basyşynda, az hereketli durmuş ýagdaýy alnyp barlanda, çilimkeşlikde ýüze çykyp bilýär.

Emboliýa gan  damarlarynda goýalan gan böleginiň (embolyň)  hereket etmegi bilen häsiýetlendirilýär. Damaryň içine dykylyp, embol gan akymynyň öňüni ýapýar. Insultyň bu görnüşi ýürek operasiýasyndan soň ýa-da ýürek  aritmiýalarynda ýüze çykýar.

INSULTYŇ DÖREMEGINIŇ TÖWEKGELLIK FAKTORLARY

Çilimkeşlik we spirtli içgileri ulanmak – insultyň döremeginiň esasy faktorlarynyň hataryna girýär. Bu ýagdaý esasy gartaşan adamlara degişlidir. Agzalan ýaramaz endikler, ýürek-damar keselleriniň döremek howpuny ýokarlandyrýar. Şeýle hem spirtli içgiler beden agramynyň ýokarlanmagyna getirýär.

Lukman bellemezden, özbaşdak, belli bir derman serişdelerini ulanmak, ýürek we gan keselleriniň döremegine sebäp bolýar. Bu bolsa, öz gezeginde, insult keseline  getirip bilýändir.

Ganyň düzümindäki holesteriniň derejesini gözegçilikde saklamak zerurdyr. Onuň ýokarlanmagy insult keseliniň döremeginiň faktorlarynyň biridir. Holesteriniň derejesiniň ýokarlanmagyna bolsa,  nädogry we tertipsiz iýmitlenmek  getirip biler.

Gan basyşynyň ýokarlanma keseli  insult keseliniň döremeklik howpuny birnäçe esse  ýokarlandyrýar. Has hem ýokarda agzalan faktorlar bilen utgaşyp gelende, ýokary gan basyşdan ejir çekýän aýallar örän seresap bolmalydyr.

Ýürek-damar keselleriniň döremeginiň sebäpleriniň biri hem gipodinamiýadyr (oturumly durmuş ýagdaýyny ýöretmek). Her gün maşklary ýerine ýetirmek, ylgamak, arassa howada gezelenç etmek zerurdyr. Bu maslahatlary berjaý etmeklik ganyň düzümindäki süýjüniň derejesini kadalaşdyrmaga, gan basyşyny peseltmäge oňaýly täsir edýär. Artykmaç beden agramyndan kösenýän adamlaryň arasynda insult keseline duçar bolmak howpy, beýleki faktorlaryň ýokdugyna garamazdan,  örän ýokarydyr. Artykmaç agram gan basyşyň ýokarlanmagyna, süýjikeseliň döremegine  ýardam berýär we ýürek myşsasyna  uly agram salýar.

Süýjikeselden ejir çekýän adamlarda insult keseline duçar bolmak howpy örän ýokarydyr. Bu syrkawlaryň köp göterimi insultdan heläk bolýarlar.

Adamyň ruhy ýagdaýy bu keseliň döremeginde uly orun eýeleýär. Ruhy dartgynlyk, alada, gaharjaňlyk insultyň döremek howpuny ýokarlandyrýar.

INSULTYŇ ALAMATLARY

Insult keseliniň gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini talap edýändigini ýatdan çykarmaň! Eger sizde ýa-da siziň ýakynlaryňyzda : 

  • duýdansyz, ellerde ýa-da aýaklarda ysgynsyzlyk duýulsa;
  • birdenkä el-aýaklary guruşsa;
  • sözleýşi ýa-da habary kabul etme endigi bozulsa;
  • deňagramlygyny ýitirip, hereketleriň sazlaşygy ýitse, başy aýlansa;
  • huşuny ýitirse;
  • hiç bir sebäpsiz ýa-da agyr ruhy dartgynlykdan, özüne aşa fiziki agram salmakdan soň ýiti kellagyry peýda bolsa;
  • dodaklary   ýa-da ýüzüniň ýarsy guruşsa, köplenç gyşarma hem peýda bolýar.

Ýokardaky sanalan alamatlar lukmana haýal etmän ýüz tutmaklyga esas döredýändir. Bu kesele duçar bolany öý şertlerinde bejerjek bolmagyň howpludygyny ýatda saklamalydyr. Diňe keselhanada, reanimasion bölümiň şertlerinde lukmanlar insultyň ýüze çykmagynyň sebäplerini anyklap, degerli bejergi belläp bilerler.

INSULT KESELINDE ILKINJI KÖMEK

Tiz kömegi çagyranyňyzdan soň, lukman gelýänçä siz syrkawa ýeňillik bermek üçin:

  • usul bilen syrkawy beýik ýassykda, kellesi düşekden 30 gradus belentlikde bolar ýaly edip ýatyrmaly;
  • otaga arassa howa gelip durar ýaly penjiräni açmaly;
  • gysyp duran eşigi bar bolsa, aýyrmaly, döşüni açmaly;
  • mümkin bolsa, gan basyşyny ölçemeli;
  • eger gan basyşy beýik bolsa, syrkawyň bu ýagdaýda kabul edýän dermanyny bermek bolar;
  • gaýtarma alamatlary peýda bolandan, dem alyş ýollaryna gitmez ýaly, syrkawyň kellesini gapdala öwrüp, gaýtarmak üçin gap goýmaly, soňra bolsa agyz boşlugyny mazaly arassalamaly.

Kesel ýüze çykandan soňky her bir sekunt gymmatlydyr. Bejergi,  beýnide gan aýlanyşyň bozulmagy peýda bolandan  3, aňary gitse 6 sagadyň içinde geçirilip başlanmalydyr. Şol wagtyň dowamynda, beýnide dikeldip bolmajak ýagdaýlaryň öňüni almak mümkinçiligi bardyr.

KESELIŇ ÖŇÜNI ALYŞ ÇÄRELERI

Ýer ýüzünde  7  milliard adam bar bolsa, şolaryň 1 milliartdan hem gowragy insult bilen syrkawlamak töwekgellik toparyna girýär. Her sekiz sekuntda dünýäde bir adam bu keseliň pidasy bolýar. Alymlaryň barlaglarynyň netijesine görä 85 % ýagdaýda, durmuş ýagdaýyna we iýmitine üýtgeşme girizmek bilen, insultyň öňüni almak bolýar. Spirtli içgileri aşa köp ulanmakdan saklanmaly, gündeki iýmitiňde ter gök önümleri we miweleri ulanmaly, mümkin boldugyça olar himiki dökünleri ulanmazdan öý şertlerinde ýetişdirilen bolsa has gowy. Şeýle hem fiziki maşklary yzygiderli ýerine ýetirmek örän peýdalydyr.

Barlaglaryň netijesine görä, balyk önümini iň bolmanda hepdede bir gezek iýmek, insultyň öňüni almaga kömek eder. Bu kesel köplenç, adamyň  ýaramaz endikleriniň netijesi bolýar: arakhorluk, çilimkeşlik, yzygiderli artyk iýmeklik. Balygyň düzüminde bolsa, bu keseliň  döremek howpuny peseldýän omega-3 ýaly ýokumly maddalar bar. Olar ýagly turşulyk bolmak bilen, gan basyşyny kadalaşdyrmaga, şeýle hem bedende holesteriniň düzümini peseltmäge ýardam edýärler.

Kofe – bedende holesteriniň toplanmagynyň öňüni alyp, beýnide uýan ganyň üýşmegini saklaýan,  düzüminde antioksidantlar bar bolan içgidir. Ýöne kofe içgisini diňe çäkli ulanmagyň peýdalydygyny bilmek zerurdyr.

Armyt, alma we başgada içi ak reňkli miweler insult keseliniň öňüni almakda örän peýdalydyr. Şeýle-de bular adamyň immunitetini ýokarlandyryp, bedeniň tebigy goragçysydygyny hem unutmaly däl.

Insult keselini bejereniňden, öňüni alanyň aňsatlygyny ýatdan çykarmaň. Saglygyňyzyň aladasyny syrkawlamazdan öň edeniň hemmetaraplaýyn amatlydyr.

  • 4811 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

turkmenistanda da beyle saytlaryn barlygy...Buysandyryar

m.
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Baý buw. Alla gorasyn beýle keselden

Gülbahara
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Dogry aýdylanlar esasanam bellenilişi ýaly ýaramaz endikleriñ netijesinde şu kesele duçar bolýarlar.Olar spirtli içgiler, çilimkeşlikden bolýanyna őzim hem doly gűwa geçdim. Meniñ hem kakam şeýle kesele duçar bolanlaryñ biri boldy. Olam şol...

Dogry aýdylanlar esasanam bellenilişi ýaly ýaramaz endikleriñ netijesinde şu kesele duçar bolýarlar.Olar spirtli içgiler, çilimkeşlikden bolýanyna őzim hem doly gűwa geçdim. Meniñ hem kakam şeýle kesele duçar bolanlaryñ biri boldy. Olam şol ýaramaz endikleriñ netijesinde boldy. Mähriban adamlar saglygyñ gadryny biliñ hasta bolmazdan őñ.Ýaramaz endiklerden őziñizi saklañ.Lukmanlaryñ maslahatlaryna gulak asyñ.Gadyrly lukmanlar maslahatlaryñyz űçin őz minnetdarçylygymy maşgalamyzyñ adyndan kabul ediñ.Gőrogly şäherinden Abaýew Batyr.

Dowamy
Abaýew Batyr
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location