• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • LEÝKOZ KESELI: GÖRNÜŞLERI, ALAMATLARY, BEJERGI ÇÄRELERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

LEÝKOZ KESELI: GÖRNÜŞLERI, ALAMATLARY, BEJERGI ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.36 (11 Ses)

Leýkoz (akganlylyk) – gany köpeldýän öýjüklerde döräp, süňk ýiligini zeperlendirýän çiş keselleriniň umumy ady. Keseliň sebäpleri we döreýiş şertleri belli bolman, onuň ösüşi howply çişi ýada salýar. Leýkozyň gelip çykyşynyň wirusly (ýokançly) häsiýeti bar diýen çaklamalar hem bar.  Ol süňk ýiligini, dalagy we limfatik düwünleri zeperlendirýär.

Leýkoz keselinde ganda diňe süňk ýiliginde we limfatik düwünlerinde köp mukdarda doly ýetişmedik leýkositleri (ak gan öýjükleri) görüp bolýar. Belli bir ýagdaýlarda gandaky leýkositleriň umumy mukdary köpelmän, diňe hil taýdan üýtgeşme bolup geçýär. Bular ýaly leýkozlar aleýkemiki diýip atlandyrýarlar. 

Leýkozyň ýiti we dowamly görnüşleri bar.

ÝITI LEÝKOZ

Ýiti leýkozyň alamatlary

Kesel çalt ösüp başlaýar. Bedeniň gyzgyny ýokarlanyp, umumy ysgynsyzlyk güýjeýär, syrkaw üşüdip, çensiz derläp başlaýar. Işdäsi kesilýär, aram-aram burny ganaýar. 

Syrkaw gözegçilikden geçirlende deride köp sanly gan öýmelerini görüp bolýar. Stomatit (agyz boşlugynyň nemli bardasynyň çişmegi), badam şekilli mäziň dokumasynyň dargamagy bilen geçýän sowuklama ýagdaýy, boýun we äňasty limfatiki düwünleriň ulalmagy, boýn derasty gatlagyň çişginliligi ýüze çykýar. Aşgazanyň diwarynda döreýän leýkoz birleşmeleriň dargamagy netijesinde aşgazandan gan akma ýüze çykyp biler. Ýiti leýkozyň görnüşine baglylykda dalak, bagyr, limfatiki düwünler ulalýar. Ganyň derňewiniň netijesinde barha beterleşýän gan azlylyk, trombosit we retikulosit öýjükleriň azalandygyny görüp bolýar. Ähli leýkositleriň 95% golaýy mieloblastlardan ýa-da gemo-sitoblastlardan (tapawutlandyrylmadyk öýjüklerden) durýar. Ganda leýkositleriň ýetişmedik görnüşleri  köpelýär. 

Ýiti miýeloleýkozda – miýeloblast leýkozynda –  derňew üçin alynan suwuklykda leýkositleriň ýaş we ýetişen görnüşlerini synlap bolýar, ýöne aralykdaky bolmaly görnüşleri ýokdur. Şeýlelikde, ak gan öýjükleriniň ösüş tapgyrlarynda üzňelik emele gelýär. Ýiti limfoleýkozda – limfoblast leýkozynda – ganda limfoblastlar köpelýär. 

Ýiti leýkozyň bejergisi

Soňky ýyllarda bejergi üçin utgaşdyrylan bejergi usullary ulanylýar: keseliň gowşama tapgyryna çenli prednizolon, dektametazon gormon serişdeleri, mer-kaptopurin, siklofosfan, ftorurasil ýaly gan öýjükleriniň kadasyz köpelmeginiň öňüni alýan serişdeler, antibiotikler, witaminler, gan we eritrosit toplumyny goýbermek (damjalaýyn usul bilen 125-150 ml arasyna 3-5 gün salyp geçirilýär). 

Bejerginiň netijesinde ýiti leýkozyň ýaýbaňlanmasy togtadylýp, syrkawyň ömrüni 1-2 ýyl uzaltmaga mümkinçilik döredilýär. 

Ýiti leýkoz keselini geçirýän syrkawlara örän gowy ideg gerekdir, olaryň kesellere garşy goraglylyk ulgamynyň gowşaklygyny hem-de ýokanç kesellere uçrama töwekgelçiliginiň ýokarydygyny bellemelidir. Näsagyň  töwereginde oňaýly rahat ýagdaý döretmek, agyz boşlugyny çyg pamyk bilen arassalap, häli-şindi çaýkap durmak, ýata bolan syrkawlary deriň belli böleginde ýagyryň döremelerinden  goramak wajyp ideg çärelerine degişlidir. 

DOWAMLY LEÝKOZ

Dowamly leýkozlar mieloid, limfatiki we megakariositar (agdyklyk edýän ýetişmedik öýjükleriň görnüşine görä)  görnüşlere bölünýär.

Dowamly miýeloleýkozyň alamatlary

Syrkawlary umumy ysgynsyzlyk, çep gapyrganyň aşagynda agyrlyk we agyry duýgulary, çenden aşa derlemek, diş etiniň ganjarmagy ýaly oňaýsyzlyklar biynjalyk edýär. Barlagyň netijesinde dalagyň  we limfatiki düwünleriniň ep-esli ulalandygyny, deri örtüginiň öçügsiligini, çensiz horlanmak ýaly alamatlar anyklanylýar. Beden gyzgyny ýokarlanýar. Ganyň derňewiniň netijesinde miýeloid hataryna girýän leýkosidleriň ýetişmedik görnüşleriniň bardygy ýüze çykarylýar: miýeloblastlar, neýtrofil mielositleri, leýkositleriň mukdary ep-esli köpelýär (leýkositleriň mukdary 500-109/ L. çenli ýokarlanýar). Döş süňküniň punksiýasynyň netijesi köp mukdarda miýeloblastlary we promiýelositleri görkezýär (adatça süňk ýiliginiň düzüminde miýeloblastlaryň mukdary az bolýar). Ganazlyk ýüze çykýar. Kesel tapgyrlaýyn, ýitileşmegiň we gowşamanyň  yzygiderli gaýtalanmagy bilen geçýär.

Güýçli gan akmalar dowamly leýkozlaryň howply gaýraüzülmesi bolup durýandyr.

Dowamly miýeloleýkozyň bejergisi

Dowamly miýeloleýkozyň bejergisi ýeterlikli mukdarda beloklara we witaminlara baý bolan oýlanşykly berhiz we immun ulgamy berkidiji serişdeler  bilen keselhanada geçirilýär. Aýdyň bildirýän kliniki  görnüş ýüze çykanda miýelosan gerdejigini bir gije-gündiziň dowamynda 8 mg (ýa-da 2mg 4 gezek), soňra, leýkositleriň mukdary azalanda,  gije-gündiziň dowamynda 2 mg kabul etmek bellenilýär. Bir bejergi tapgyrynda 250-300 mg miýelosan ulanmak kesgitlenilýär. Eger bu serişde netije bermese mielobromol ýa-da dopan serişdeleri   ulanylýar.

Rentgen şöhlesi bilen bejergi (dalak, süňkler, limfatiki düwünleri şöhlä tutulýar), şeýle hem  radioaktiw fosfor serişdeleri bellenilýär. 

Gormon serişdeleri bilen bejergi görkezme boýunça berilýär. Belli bir ýagdaýlarda gaýtadan gan çalyşma we süňk ýiligini alyp oturtma işleri geçirilýär. Ýagdaýy agyrlaşyp, ysgynsyzlyk güýjände we güýçli gan akma peýda bolanda syrkawa örän ünsli ideg   wajypdyr. Uzak yatmakdan deride ýagyr ýüze çykmaz ýaly onuň öňüni alyş çärelerini geçirmek, arassaçylygyna gözegçilik etmek, diş etiniň ganamasyndan ejir çekýän syrkawlaryň wagtly-wagtyna agyz boşlugyny arassalap durmak zerurdyr. 

DOWAMLY LIMFOLEÝKOZ

Dowamly limfoleýkozda limfatiki düwünlerde, süňk ýiliginde, dalakda, bagyrda we beýleki beden agzalarynda we ulgamlarynda limfoid dokumasynyň ösmegi ýüze çykýar. Gowşaklyk, der basmak, baş aýlanmak, diş etiniň ganjarmagy, bedeniniň  gyzgynynyň galmagy ýaly dowamly leýkozyň umumy alamatlary bilen bir hatarda, gulak töweregi, goltugyň aşagy, gasyk, käbir ýagdaýlarda garyn boşlugynda ýerleşýän limfatiki düwünleriň ulalmagy ýüze çykýar.   

Limfatiki düwünler belli bir derejede dykyz, biri-biri bilen jebis däl, barmak basyp barlananda agyry duýulmaýar. Käbir ýagdaýlarda olaryň ýumurtga ýaly uly ölçeglere çenli  ulalmagy duş gelip biler. Uly ölçegli limfa düwünleri goňşy agzalary basyp, olaryň işiniň bozulmalaryna sebäp bolup bilerler. 

Ganyň derňewi ýetişen limfositleriň mukdarynyň köpelendigini görkezýär. Has agyr ýagdaýlarda limfoblastlaryň we prolimfositleriň mukdary köpelýär. Bu ýagdaýda,  güýjeýän ganazlyk we trombositleriň mukdarynyň peselmegi  hem bolup geçip, olar agzalardan gan akmalara getirip biler.

Dowamly limfoleýkozyň bejergisi

Dowamly leýkozlaryň beýleki görnüşlerinde bolşy ýaly, näsaga bejergi keselhanada geçirilmelidir. Witaminler, düzüminde demir bolan serişdeler, oýlanşykly berhizi ulanyp, umumy berkidiji bejergi bellenilýär. Limfatiki düwünleriň we dalagyň rentgen şöhlelenmesi geçirilýär. 

Bu döwürde gormon bejergisini geçirmek netijeli bolýar. Keseliň beterleşen  döwründe rentgen şöhleleri we gormon serişdeleri bilen bejergiden başga-da, öýjükleriň ösüşini saklaýan dürli himiýa  serişdeleri  hen ulanylýar: hlorbutin (leýkeran), dopan, tiofosfamid (Tio TEF), degranol (leýkerany gije-gündiziň içinde 10 mg bir bejergi tapgyryna 700 mg, degranoly 50 mg günaşa bir tapgyrda 25 gezek guýmaly). Keseliň soňky tapgyrlarynda, bedeniň iglemesi we gowşamagy beterleşip başlanda syrkawa edilýän ideg  örän wajyp orun eýeleýändir.

  • 9031 gezek okalan