• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • GYZYLÖDEGIŇ RAK KESELI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GYZYLÖDEGIŇ RAK KESELI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.85 (13 Ses)

Howply täze döremeleriň içinde gyzylödegiň ragy ýygy duş gelýän (5-7%) görnüşleriň biridir. Ol esasan orta ýaşan we gartaşan erkek adamlarda has köp duş gelýär. Rak köplenç gyzylödegiň ortaky we aşaky böleklerine zeper ýetirýär.

Keseliň döremeginiň esasy sebäplerine, nädogry iýmitlenme – gaty we gyzgyn nahary köp iýmek, alkogol içgileri köp kabul etmek ýaly faktorlar degişlidir.

Keseliň döremek ähtimallygy çilim çekme netijesinde 2-3 esse, alkogol içgileri kabul etmek netijesinde 12 esse artýandyr. Gyzylödegiň rak keseli, onuň nemli bardasynyň aşgarlaryň täsiri netijesinde zeperlenmesinden soň hem köp duş gelýändir. (köp ýyllar geçenine seretmezden).

Bedende witaminleriň, esasan hem A we C witaminleriň ýetmezçiligi, gyzylödegiň ragynyň döreme ähtimallygyny ýokarlandyrýar.

Ragyň bu görnüşiniň ýaýramagynyň geografiýasy hem takyklandy. Gyzylödegiň karsinomasy Hytaýyň käbir welaýatlarynda, Eýranda, Orta Aziýada has köp duş gelýänligini barlaglar görkezdi. Onuň hem esasy sebäbi, bu ýerlerde iýmite uksus garylan marinadlary, nitrozaminleri, heň emele getirýän kömelekleri, gaty gyzgyn nahary we çaýy kabul edýändikleri, iýmitde selen mikroelementiniň, täze ir-iýmişleriň we bakja önümleriň ýetmezçiligi bilen düşündirilýär.

Gyzylödegiň ahalaziýasy we Barrettiň gyzylödegi hem raga getirýän kesellere girýändir.

Kliniki alamatlarynyň köpüsi howply täze döremeleriň hemmesi üçin meňzeşdir:

  • Näsagyň umumy ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy, tapsyzlyk, çalt ýadamak, işjeňligiň peselmegi;
  • Işdäniň peselmegi ýa-da işdäsizlik, hiç bir sebäpsiz iýmite ýigrenjiň döremegi;
  • Başga keseller bilen baglanşdyrmazdan adamyň gaty horlanmagy.

Gyzylödegiň rak keseliniň esasy alamaty – gaty iýmitiň gyzylödekden kynlyk bilen geçmegidir. Bu alamat keseliň başynda gaty bildirenok. Naharyň gaty böleginiň ýa-da süňküň, gyzylödegiň nemli bardasyny şikeslendirendir öydüp, näsag bilen lukman ilkibaşda oňa hiç hili üns hem bermän bilerler.

Iýmitiň kynlyk bilen geçmegi sebäpli, näsaglar gaty iýmiti iýmekden gaça durýarlar. Olar ownadylan iýmiti iýmäge çalyşýarlar. Soňundan diňe suwuk önümler (süýt, çorba, çaý, ir-iýmişleriň şiresi) bilen çäklenmeli bolýarlar. Kähalatlar hynçgylawuk hem döreýär.

Köplenç gyzylödegiň geçirijiligi kynlaşyp, näsaglar hatda öz tüýküligini hem ýuwudyp bilmeýär. Olar gaty horlanyp, igleýärler.

Keseliň ötüşip, çişiň gyzylödegiň daşyna ýaýramagy netijesinde, gursakda ýanýan häsiýetli agyrylar, ýuwdunanda agyry döräp biler, üsgürme, sesiň gyrylmagy we üytgemegi yüze çykyp biler.

Üsgürme, sesiň gyrylmagy, agyrylar ýaly alamatlar seýrek duş gelýän hem bolsa, olaryň ýüze çykmagy ragyň ýaýranlygyndan habar berýändir.

Iýmitiň kynlyk bilen geçme duýgusynyň döremegi üçin rak bilen gyzylödegiň töwereginiň 75%-i zeperlenen bolmalydyr. Gyzylödegiň zeper ýeten böleginiň uzynlygy däl-de, onuň diwarlaryna ragyň ýaýraýyş derejesi, limfa düwünleriň zeperlenmesi, anyklaýyş çäresi höküminde wajyp maglumaty berip biler.

Adenokarsinoma gyzylödegiň diwarlarynyň hemme gatlaklaryna ýaýraýan bolsa, ýasy öýjükli raga, esasan, nemli bardanyň aşagy bilen ýaýrama mahsusdyr. Ýasy öýjükli rak bilen deňeşdirlende, gyzylödegiň adenokarsinomasynda limfa düwünleri seýrek zeperlenýändir.

Ragyň dargamagy netijesinde gaýraüzülmeler döräp biler:

  • Gyzylödekden gan akma – ýürek bulanma, gan bilen gaýtarma, ysgynsyzlyk, huşuň ýitmegi ýüze çykýar.Güýçli bolmadyk, uzak gan akmalarda, ganyň iýmit siňdiriş ýollaryndan geçmegi netijesinde gara täretiň bolmagy mümkin;
  • Gyzylödegiň diwarlarynyň deşilmegi – döşde güýçli agyrylaryň bolmagy, demiň gysmagy, bedeniň gyzgynynyň galmagy bolup biler.

Gaýraüzülmeleriň hemmesi tiz medisina kömegini talap edýändir. Belläp geçilen alamatlaryň hemmesi lukmandan ýörite barlaglary geçirmegi talap edýändir.

Gyzylödegiň ragyny anyklamagyň esasy usuly – rentgen barlagy we ezogastroduodeno-skopiýadyr. (ýörite abzal bilen gyzylödegi, aşgazany, oniki barmak içegäni görmek).

Gastroskopiýa bilen biopsiýany (agzadan bir bölegini alyp, gistologiýa barlagyny geçirmek) bile geçirmek, 95% ýagdaýlarda ragy irki döwürde anyklamaga kömek edýär.

Ragyň ýaýrama derejesini, limfa düwünleriň zeperlenmesini, aýratyn ýaýran ojaklary  (metastazlary) anyklamak üçin kompýuter we magnit-rezonans tomagrafiýasy ulanylýar.

Gyzylödegiň ragynyň dem alyş ýollaryna ýaýramagyna güman edilende, bronhoskopiýa barlagy (dem alyş ýollaryna seretmek) geçirilýär.

Çylşyrymly ýagdaýlarda, gyzylödege goňşy ýerleşýän hemme beden agzalaryny barlamak üçin torakoskopiýa ýa-da laproskopiýa geçirilýär.

Umumy barlag höküminde we ragyň ýaýran ojaklaryny anyklamak üçin döş kapasasynyň agzalarynyň rentgenografiýasy, bagryň USB-ny, süňkleriň izotop barlaglaryny geçirýärler.

Islendik kesel, şol sanda howply täze döremeler hem, irki döwürde ýüze çykarlanda, bejerginiň netijeli boljakdygyny ýatdan çykarmaly däldir.

Gyzylödegiň ragy hirurgiki ýol bilen, şöhle bejergisi ýa-da olaryň utgaşmasy bilen bejerilýär. Himiki dermanlar bilen özbaşdak bejergi geçirmek degerli netijeleri bermeýär.

Gyzylödegiň ortaky we aşaky böleginiň rak keselinde hirurgiki usul bilen bilelikde, şöhle we himiýa bejergisiniň utgaşmasy ulanylýar.

Keseliň ýaýran we operatiw bejergi geçirme mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda şöhle bejergisi geçirilýär. Gyzylödegiň ýokarky böleginiň rak keselinde, esasan, şöhle bilen bejergi ulanylýar. Bejerginiň hirurgiki usuly gyzylödegi aýyrmakdan ybaratdyr.

Operatiw bejerginiň dürli usullary işlenip düzüldi. Gyzylödek aýrylandan soň, aşgazanyň ýa-da içegäniň (inçe ýa-da ýogyn içegäniň) böleginden emeli gyzylödek ýasap, plastiki operasiýany geçirýärler. Operatiw bejerginiň netijeliligini gazanmak üçin, operasiýadan soň himiki ýa-da şöhle bejergini geçirýärler.

Keseliň ötüşip, operatiw bejergini geçirmäge mümkinçilik bolmadyk ýa-da näsagyň iýmiti kabul edip bilmedik ýagdaýlarynda, iýmitlenme üçin gastrostomany goýýarlar. Ýerli agyrsyzlandyrmadan soň, aşgazany garnyň öňki diwaryna tikip, iýmitlenme üçin oňa turbajyk sokýarlar.

Gyzylödegiň ragy döş kapasasynyň limfa düwünlerine, 20% ýagdaýda bagra, 10% öýkene, süňklere, beýnä ýaýrap bilýär.

Keseliň geçişi ragyň görnüşine, ýaýraýyş aýratynlygyna, näsagyň ýaşyna baglydyr. Her bir ýagdaý aýratynlykda seredilmelidir.

Gyzylödegiň rak keseliniň öňüni almakda esasy çäreler, rak keseliniň öň ýanyndaky (gyzylödegiň ahalaziýany, Barrettiň gyzylödegi, mehaniki we himiki şikeslenmeler) keselleri ýüze çykaryp bejermäge we ragy başlangyç döwürlerde anyklamak üçin barlaglar geçirmäge syrygýandyr. Bu zatlar bolsa öňüni alyş barlaglary wagtynda geçirmek we öz saglygyna ünsli garamak arkaly gazanylýandyr.

  • 9566 gezek okalan