• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • ENTEROKOLIT: SEPÄPLERI, ALAMATLARY WE BEJERGI ÇÄRELERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ENTEROKOLIT: SEPÄPLERI, ALAMATLARY WE BEJERGI ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.47 (17 Ses)

Enterokolitler inçe we ýogyn içegäniň nemli bardasynyň sowuklama hadysasy bilen häsiýetlendirilýän keseller toplumydyr. Keseliň  gidişi boýunça onuň ýiti we dowamly görnüşi tapawutlandyrylýar.

Ýiti enterokolit  köplenç ýiti gastrit bilen (gastroenterokolit) utgaşyp gelýär we gelip çykyşyna görä ýokanç we ýokanç däl enterokolitlere bölünýär. Käte içegäniň nemli örtüginiň zeperlenmesi  allergiýanyň netijesinde ýüze çykýar. Dürli zäherler we derman serişdeleri bilen zäherlenmek hem ýiti enterokolidiň döremegine getirip bilýär. Keseliň ýiti görnüşinde sowuklama hadysasy diňe nemli bardany zeperlendirýär we has çuň gatlaklara geçmeýär.

Dowamly enterokolit köplenç içegäniň ýiti sowuklama ýagdaýynyň talaba laýyk geçirilmedik bejergisiniň netijesi bolýar. Ol arasynda ýitileşip, soňra wagtlaýynça gowşaýar we  uzak wagta çekýär. Wagtyň geçmegi bilen nemli bardanyň destruktiw üýtgemesi ýüze çykýar we zeperlenme içegäniň nemli bardasynyň aşaky gatlaklaryna geçýär. Uzaga çekýän dowamly enterokolit içegäniň hereketiniň, iýmit siňdiriş ýagdaýlaryň bozulmagyna getirýär.

ENTEREKOLITLERIŇ GÖRNÜŞLERI

Enterokolitler döreýiş sebäplerine görä aşaky toparlara bölünýärler:

► Bakterial (adaty - içege ýokançlygyna getirýän bakteriýalar bilen zäherlenmek: salmonellez, şigellez, ganly içgeçme; adaty däl – bakteriýa ýokançlygy aýyrlandan  soň ýüze çykýan zeperlenme);

► Mugthorlaryň täsiri (içegä mugthorlaryň täsir etmegi – gelmintler, amebalar, trihomonadlar);

► Zäherleýjileriň täsiri (nemli bardanyň dürli görnüşli zäherleýji maddalar bilen zeperlenmegi – derman serişdeleri, zäherler, güýçli himikatlar bilen);

► Nädogry iýmitlenmegiň netijesinde ýüze çykan enterokolitler;

► Içegäniň kadaly hereketjeňliginiň bozulmagy (meselem, ýygy we uzak wagta çekýän iç gatama sebäpli);

► Ikilenç ýüze çykma -iýmit siňdiriş agzalary bilen bagly beýleki keselleriň gaýraüzülmeleriniň netijesinde ýüze çykýar.

ENTEROKOLITLERIŇ ALAMATLARY NÄHILI BOLÝAR?

Ýiti enterokolit duýdansyz, açyk bildirýän ýiti kliniki alamatlar bilen başlanýar: garynda agyry, içiň jugurdamasy, çişme, ýürek bulanma, käbir ýagdaýlarda  gaýtarma ýüze çykýar. Diliň ýüzüni örtük tutup, garynda barmak bilen basyp barlananda agyry peýda bolyar. Adatça bu keseliň ýany bilen  içgeçme alamaty hem ýüze çykýar. Enterokolitiň gelip çykyşynyň sebäbi ýokanç keseller bilen bagly bolan ýagdaýynda täretde nem, käte bolsa gan görünýär. Şeýle hem ýokançly enterokolitlere beden gyzgynynyň ýokarlanmagy we ýiti beden zäherlenmesiniň alamatlarynyň ýüze çykmagy (ysgynsyzlyk, kellagyry, beden etiniň agyrmagy) mahsusdyr.

Dowamly enterokolit irki döwründe, käbir ýagdaýlarda beýle bir aýdyň ýüze çykmaýan kliniki alamatlar bilen, käbir ýagdaýlarda bolsa agyr, jan üçin howply gaýraüzülmeleriň döremegi bilen geçýär. Dowamly enterokolitiň ýitileşmegini häsiýetlendirýän alamatlar:

► Garynda, köplenç göbegiň töwereginde agyry peýda bolýar, käbir ýagdaýda ol ýaýrap hem bilýär. Agyrynyň ýitiligi keseliň geçişiniň agyrlygyna bagly bolýar. Bu keselde agyry duýgusy esasan günüň ikinji ýarymynda ýüze çykýar, ýöne has ir peýda bolmagy hem ahmal. Eger sowuklama hadysasy esasan inçe içegede jemlenen bolsa agyry ýiti bolmaýar. Ýogyn içegede dörän sowuklamada güýçli agyry ýüze çykýar. Iýmit kabul edilenden iki sagada golaý wagt geçen soň, täret etmegiň öň ýanyndan, bedene fiziki agramlyk salnanda, çalt ýörelende, ylgalanda, bökülende agyry güýjäp başlaýar.

► Täret etmäniň bozulmagy – iç gatama ýa-da iç geçme, olaryň gezekleşmegi.

► Meteorizm – garnyň çişmegi. Iýmit siňdirişiň bozulmagy bilen artykmaç ýeliň emele gelmeginiň netijesinde ýüze çykýar.

► Iýmit siňdirişiň bozulmagy- içegede iýmit siňdirişiň turşama, çüýreme ýa-da  gatyşyk görnüşde bozulmagy.

► Asteno-wegetatiw sindromy. Uzak wagt dowam edýän enterokolitde dokuma çalşygynyň bozulmasy hem-de beden zäherlenmesi netijesinde ýüze çykýar (gowşaklyk, ysgynsyzlyk,  aşa  ýadawlyk, sustupeslige we ünsüň bozulmagyna ýykgyn etmek).

► Beden agramynyň azalmagy – horlanmak. Adatça inçe içegesi zeperlenen syrkawlarda ýüze çykýar. Ýogyn içegäniň ýellenmeginden ejir çekýän syrkawlarda beden agramynyň kemelmegi, agyrynyň peýda bolmagyndan we keseliň güýjemeginden çekinip, iýmitden ýüz öwürmegi bilen bagly bolýar.

ENTEROKOLITLERI NÄDIP ANYKLAMALY?

Ýiti enterokolitiň anyklanyşy  ýönekeý bolup, ol keseliň döreýşi barada näsagdan maglumat ýygnama, keseli häsiýetlendirýän aýdyň alamatlaryň we täretiň umumy hem-de  bakteriologiki barlagynyň esasynda anyklanylýar. Zerur bolan ýagdaýynda rektoskopiýa geçirilýär.

Dowamly enterokolit näsagy sorag etme hem-de keseliň döreýşi barada maglumat ýygnama , kliniki we laborator  barlaglaryň, ýörite  anyklanyş usullaryň netijesi arkaly ýüze çykarylýar. Esasan, ýogyn içegäni zeperlendirýän enterokoliti anyklamakda has köp netijeli maglumat alyp bolýan usul diýip kolonoskopiýa hasaplanylýar. Bu barlagyň netijesinde nemli bardanyň sowuklama zeperlenmesi bar bolan bölegi, eroziýa, ýara emele gelmegi, nemli bardanyň dargamagy bilen geçýän zeperlenmäniň derejesi anyklanylýar. Zerur bolan ýagdaýynda gistologiýa barlagy üçin zeperlenen ojakdan dokumanyň bölejigi alynýar.

Rentgenologiki barlaglar içegäniň nemli gatlagynyň üýtgeýşini, gatlakly düzüminiň häsiýetini, diwarlarynyň şikeslerini ýüze çykarýarlar.

Laborator barlaglaryň kömegi bilen ganyň düzüminde iýmit siňdirişiň bozulmagyna mahsus alamatlar kesgitlenýär: gan azlylyk, ganyň belokly düzüminiň hem-de lipidleriň (ýaglaryň) üýtgemegi, ganyň mineral deňagramlylygynyň bozulmagy. Tärediň umumy barlagy nemiň, leýkositleriň köpelmegini, ýag düzüminiň ýokarlanandygyny  anyklamaga kömek edýär.Bakteriologiki barlagyň netijeleri bolsa zyýanly ýokançlyklaryň görnüşini, mukdaryny ýüze çykarmaga ýardam berýär.

Dowamly enterokoliti köplenç ganly içgeçme, dürli doga fermentopatiýa (fermentleriň ýetmezçiligi) kesellerinden  aýyl-saýyl etme zerurlygy döreýändir.

ÝITI ENTEROKOLITIŇ BEJERGISI

Ýiti enterokolitden ejir çekýän näsaglara ýeterlik mukdarda  suw-çaý berhizi bellenilýär. Zerur bolan ýagdaýda aşgazany ýuwup arassalamak, güýçli içgeçme we gaýtarma ýüze çykanda bedeniň ýitiren suwuklygynyň mukdarynyň öwezini dolmak maksady bilen duzly erginleri göýberme  bejeriş çäreleri geçirilýär. Iýmitde gaýnadylan tüwi we suwda taýýarlanan şüleleri ulanmak  bolýar. Agyry duýgusyny içegäniň ýygrylmagyny kadalaşdyrýan serişdeleriň kömegi bilen aýyrýarlar. Ýokançly enterokolitde bejergi üçin antibiotikleri we sulfanilamid serişdelerini ulanýarlar. Disbakteriozyň öňüni almak üçin içege boşlugynyň adaty ýagdaýyny dikeldýän serişdeler bellenilýär (laktobakterin, bifidumbakterin, kolibakterin we başg.).

DOWAMLY ENTEROKOLITIŇ BEJERGISI

Dowamly enterokoliti bejermekde ilkinji we möhüm orunda keseliň döremegine getiren sebäpleri aradan aýyrmak işleri durýar. Munuň üçin aşakdaky çäreler berjaý edilýär:

► iýmitiň tertibini we düzümini kada getirmek;

► içegäniň işiniň bozulmagyna getirýän derman serişdeleri ulanmagy bes etmek;

► bakterial ýa-da parazitar ýokançlygyny bejermek;

► aşgazan-içege ulgamy bilen bagly keselleri bejermek (gastritler, duodenitler we ş.m.).

Enterokolitiň döremegine getiren sebäp aradan aýrylandan soň, iýmit siňdirişiň we içegäniň hereketjeňliginiň bozulmagyny, disbakteriozy bejermek boýunça çäreler ýerine ýetirilýär. Dowamly enterokolitden ejir çekýän ähli syrkawlara berhiz bellenilýär. Ýitileşme ýüze çykmadyk bolsa №2 (Pewzner boýunça) saçak, iç gatamaly enterokolitde №3 saçak, eger köplenç iç geçme ýüze çykýan bolsa №4 saçak bellenilýär. Açyk bildirýän aşgazan bozulmalarynda iýmit önümleri çäklendirilýär: çüýreme häsiýetli iýmit siňdirişiň bozulmalarynda – turşy süýt önümleri, çylşyrymly beloklar we irimçik kletçatka; turşama häsiýetlide – gaýmagy alynmadyk süýt, çowdary çöregi, kelem, düzüminde şeker bolan önümler.

Zeperlenme hadysasy esasan inçe içegede çäklenen bolsa - beloga, witaminlere, mikroelementlere baý, düzüminde köp mukdarda kalsiý bolan berhiz maslahat berilýär. Iýmit düzüminden nemli bardany gyjyndyrýan önümler (ýiti, duzly, turşy, gowrulan) aýrylýar.

Derman serişdeleri bilen bejermek:

► şikesli gurşawy bejermek üçin ýokançlyklara garşy serişdeler (furazolidon, enterofurin we baş.);

► iýmit siňdirişi kada getirmek üçin düzüminde fermentler bolan serişdeler (pasintrat, kreon, panzinorm we b.);

► içegäniň içiniň kadaly bakterial toplumyny dikeltmek maksady bilen pro-we prebiotikleri ulanma (bifido-, lakto-, enterbakteriýalar, olaryň ösmegi üçin ýokumly gurşaw);

► içegäniň ýygrylmagyny kadalaşdyrýan serişdeler (trimebutin, loperamid, mebewerin).

Sowuklama ahwalatynyň ýerli bejergisini geçirmek üçin derman otlaryndan taýýarlanan mikroklizmalary (artbujakdan göýberme) ulanmak bolýar. Içgeçmede dubuň gabygyndan, jerebaýdan we çerýomuhadan demlenen şire; iç gatamada – çasargan (oblepiha) ýagy, meteorizmde – çopantelpekden taýýarlanan şire mikroklizma üçin ulanylýar.

Eroziýalary we ýaralary bitirmek, gan akmagy saklamak üçin winilin ulanylýar. Dowamly enterokolitden ejir çekýän syrkaw  sustupes agyr ýagdaýa düşen bolsa psihoterapewt lukmanyň bejergisi maslahat berilýändir.

Şeýle hem dowamly enterokolitde utgaşykly fizioemleri bilen bejergini saýlamak üçin fizioterapewt lukmanyň maslahaty zerurdyr. Lukman içegäni arassalamak boýunça bejergi çärelerini, dürli görnüşli refleksobejergini, elektromagnit şöhleleriniň täsirini we başga fiziousullary ýagdaýa görä saýlap bejergi bellär.

Keseliň gowşan döwri balneologiki (mineral suwlar we palçyklar bilen bejerilýän) şypahanalarda bejergi almak, umumy ýagdaýy gowulandyrmakda, keseliň gowşama döwrüni uzaltmakda, durmuş ýagdaýynyň hilini gowulandyrmakda gowy netije berýär.

Keseliň ýitileşen döwri fiziki işjeňligi azaltmaly. Kliniki alamatlaryň gowşan döwründe bolsa yzygiderli bejergi maşklaryny, gezelençleri, aerobiki maşklary ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Işjeň durmuş ýagdaýy iýmit siňdiriş ulgamynyň we bedeniň beýleki ähli agzalarynyň kadaly işlemegine, psihologiki derejesiniň gowlanmagyna ýardam berýär. Ýöne sportuň garna şikes ýetirmek howpy bolan görnüşlerinden çetde durmalydyr.

Garyn myşsasy üçin niýetlenen ýörite maşklar diňe garyn diwaryny bekitmek bilen çäklenmän, eýsem garyn boşlugynyň basyşyny kadalaşdyryp, içegäniň işini sazlaýar.

ENTEROKOLITIŇ ÖŇÜNI ALYP BOLÝARMY?

Içege keselleriniň öňüni almak üçin, enterokolitleriň döremegine getirýän faktorlardan goranmak gerekdir: ýokanç we mugthorlary ýaýradýan keselleri wagtynda bejermek, sagdyn sazlaşykly iýmit kadalaryny berjaý etmek, derman serişdelerini gyşarnyksyz lukmanyň görkezmesi bilen ulanmak we öte geçmezlik, aşgazan-içege ulgamynyň kesellerini bejermekde degişli we peýdaly  usullary saýlap almak.

Wagtynda we ýerlikli bejerilen ýiti enterokolitden doly gutulyp bolýar. Ol bedende hiç bir yz galdyrmaýar.Ýokançly enterokolit başdan geçirilenden 3-6 hepde soň içegäniň işjeňligi doly dikelýär.

Dowamly enterokolitiň geçişi wagtynda anyklanmagyna, döremeginiň sebäbini aýyrmaga, iýmiti we durmuş ýagdaýy kadalaşdyrmagyň ugrunda alnyp barylýan çärelere bagly bolýar.

  • 9318 gezek okalan