• Home
  • Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • GANAZLYLYK: DOGRY IÝMITLENMÄNIŇ ÄHMIÝETI WE DERMAN SERIŞDELERI

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GANAZLYLYK: DOGRY IÝMITLENMÄNIŇ ÄHMIÝETI WE DERMAN SERIŞDELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.62 (26 Ses)

Ganazlylyk (anemiýa) – ganda gemoglobiniň mukdarynyň peselmegi bilen häsiýetlendirilýän keseldir.

Gyzyl gan öýjükleri bolan eritrositlerde saklanýan gemoglobin belogy, ýaşaýyş hadysalary üçin wajyp bolan kislorody bedeniň ähli agzalaryna we dokumalaryna ýetirýändir. Gemoglobiniň mukdary peselende beden öýjükleri kislorod ýetmezçiligini duýýarlar. Bu bolsa bedeniň işine ýaramaz täsir edýär. Ganazlylyk özbaşdak kesel ýa-da beýleki keselleriň alamaty höküminde hem ýüze çykyp bilýändir.

Ganazlylygyň sebäpleri

Ganazlylygyň sebäpleri dürli faktorlara bagly bolup, şoňa laýyklykda onuň birnäçe görnüşleri hem kesgitlenilýändir.

1. Demir ýetmezçilikli ganazlylyk, ganazlylyk ýagdaýlarynyň 90%-ni düzüp, ol has ýygy duş gelýändir. Onuň sebäpleri aşakdaky ýagdaýlara bagly bolup biler:

► bedende ýüze çykan ýiti we dowamly ganakmalar;

► iýmitde demir ýetmezçiligi;

► aşgazan-içege ulgamyň işiniň bozulmalary;

► göwrelilik we çaga emdirilýän döwründe hem-de ýetginjeklik döwrüne mahsus beden ösüşiniň tizleşme döwründe demriň köp sarp edilmegi.

2. Foliý turşulygy ýetmezçilikli ganazlylygyň sebäpleri:

► iýmitde witaminleriň ýetmezçiligi;

► aşgazanyň keselleri;

► inçe içegäniň keselleri;

► bagyr keselleri;

► göwrelilik we çagalyk döwründe witaminlere bolan ýokary isleg;

► gelmintoz keseli.

Ganazlylyk ýatgynyň, aşgazanyň, ýogyn içegäniň, böwregiň, gan ulgamynyň howply täze döremelerinde hem esasy alamatlaryň biri höküminde ýüze çykyp biler.

Ganazlylygyň alamatlary

Ganazlylygyň ähli görnüşlerine mahsus umumy alamatlara deriniň solgunlylygy, başaýlanma, umumy gowşaklyk, kadaly fiziki agram salnanda demgysmanyň ýüze çykmagy, ýüregiň çalt urmagy degişli edilip bilner.

Demir ýetmezçilikli we foliý ýetmezçilikli ganazlylykda umumy alamatlardan başga-da, bu görnüşe mahsus özboluşly alamatlar synlanyp bilner:

► dyrnaklaryň döwülmegi we olaryň şekiliniň üýtgemegi;

► saçyň düşmegi;

► deriniň guraklygy;

► dilde alawlama hadysasynyň (glossit) döremegi;

► tagam duýujylygyň üýtgemegi.

Bedende howply täze döremeler netijesinde döreýän ganazlylygyň alamatlaryna deriniň saralmagy, dalagyň ulalmagy, diş etiniň ganjarmagy, burundan gan akmalar, deride döreýän gan öýmeler degişli edilip bilner.

Ganyň umumy barlaglarynyň netijeleri gemoglobiniň bolmaly möçberinden pesligini görkezen halatynda, lukmana ýüz tutup, ganazlygyň sebäbini anyklamak we degişli bejergini almak hökmandyr.

Anyklaýyş çäreleri

Ganazlylyga şübhe dörände şu anyklaýyş barlaglardan geçmek wajypdyr:

► ganyň umumy giňişleýin barlagy;

► gandaky demriň derejesiniň barlagy;

► süňk ýiliginiň düzüm böleginiň barlagy.

Ganazlylygyň sebäbi bolup biljek ýa-da onuň bilen utgaşykda geçýän keselleri anyklamak üçin goşmaça barlaglary geçirmelidir:

► aşgazanyň we içegeleriň endoskopiýa barlagy;

► garyn boşlugyndaky agzalaryň ultrases barlagy.

Ganazlylygyň bejergisi

Ýygy duş gelýän ganazlylygyň bejergisi gan ýitirmegiň sebäbini aradan aýyrma, demir ýetmezçiliginiň öwezini dolup biljek iýmit bilen iýmitlenme, demir saklaýan derman serişdeleriniň we witaminleriň toplumynyň bellenilmegi ýaly çäreleri jemläp biler. Gan ýitirmegiň çeşmesini adaty usullar bilen bejerip bolmadyk ýagdaýynda, hirurgik usullar ulanylýandyr.

Ganazlylykda maslahat berilýän berhiz

Demir ýetmezçilikli ganazlylygyň bejergisi üçin düzümi ýeňil özleşdirilýän demire, beloga, C witaminine baý bolan ýokumly iýmit zerurdyr. Şeýle iýmite ilki bilen et we et önümleri degişli edilýändir. Ösümlikleriň düzüminde hem demir az bolmasa-da, ol içegelerden gana doly mukdarda geçmäge ukyply däldir. Miwelerden almany, armydy iýmek maslahat berilýändir. Süýt önümleri demre baý däldirler.

Berhiz saklananda, süýjüligiň çeşmesi höküminde ary balyny ulanmak peýdalydyr. Ak üzüm şerabynyň, demriň içegelerden gana siňmegine oňaýly täsir edýändigini hem bellemelidir. Esasy naharlaryň ýany bilen et we et önümlerini iýmek maslahat berilýär. Olar düzümi demre baý bolan ýer almasy, çörek, dänelilerden taýynlanan tagamlar ýaly önümlerdäki demriň oňat özleşdirilmegine ýardam berýändir. Sitrus miweleri, turşumtyk miweler we iýmişler, itburunyň demlemesi hem şeýle häsiýete eýedir.

Berhiz bellenilende çaý içmezlik maslahat berilýär. Çaýyň düzümindäki tanin, ondan başga-da, düzümi şäwel turşulykly ýa-da aşgarlaýjy maddaly ysmanak, şäwel, yşgyn, behi, kizil, hurma, şokolad, kakao ýaly iýmit önümleri demiriň özleşdirilmegini peseldýärler. Şol sebäpli irimçik üwelen we kepek garylan undan taýýarlanan çöregi hem az iýmek maslahat berilýändir.

Berhiz iýmitiňiziň düzüminde belogyň mukdary, etiň we balygyň hasabyna 10-20% artdyrylmalydyr. Ýagyň dürli görnüşleri bolsa 5-10% azaldylmalydyr. Bir gije-gündiziň dowamynda witamin-mineral toplumly gerdejikleriň 1-2 sanysyny kabul etmek maslahat berilýändir.

Derman serişdeleri bilen bejergi

Açyk bildirýän ganazlylykda demir ýetmezçiliginiň öwezini diňe bir berhiz bilen däl-de, eýsem demir saklaýan derman serişdeleriniň kömegi bilen dolup bolar.

Dermanlyk serişdeleri diňe lukman tarapyndan bellenilip, onuň gözegçiligi bilen kabul edilmelidir. Derman serişdeleri adamynyň ýaş we beden aýratynlyklary, ganazlylygyň derejesi göz öňünde tutulyp bellenilmelidir.

Amaly lukmançylykda bejergi üçin demir saklaýan derman serişdelerinden aktiferrin, gemoferprolongatum, gemofer, ferrogradumet, ferronal, heferol, witamin serişdelerinden siankobalamin (B12 witamini), foliý turşulygy giňden ulanylýandyr. Utgaşdyrylan serişdelerden witrum forte, elewit, globeks, nurifer, ýewrofer, pregnawit, sorbiferdurules, ferretab komp, ferro-folgamma ýaly serişdeleri maslahat berip bolýandyr. Sanjym görnüşde ulanylýan demriň serişdelerinden ferrum-lek, fersinol, ferkaýl dermanlary bellemek bolýandyr. Göwrelilik döwründe ýygy duş gelýän gan azlylygyň öňüni almak maksady bilen, ýörite işlenilip düzülen gollanmalara laýyklykda, göwreliligiň 12 hepdelik möhletine çenli günde 60mg. demriň serişdesini we 40mg. foliý turşylygyny kabul etmek hökmany geçirilmeli çäreleriň hataryna girýändir.

Halk lukmançylygyna ýüzlenemizde hem, ganazlylygyň bejergisi üçin ençeme peýdaly tebigy serişdeleri ulanmaga mümkinçilik döreýär:

► Bal arylarynyň ýygnan şepbiginiň (propolis) 1-2 nahar çemçesini ýyly suw bilen garyp, günüň dowamynda içmeli;

► 0,15 g mumiýa togalajygyny ýarym bulgur gaýnadylyp sowadylan suwda eretmeli we 20 gün ajöze içmeli;

► Ganazlylygyň öňüni almak maksady bilen uzak wagtyň dowamyda 50-100 ml üzüm şerabyny ýa-da ter zemlýanikanyň, garalynyň, gara smorodinanyň, üljäniň, malinanyň şiresini kabul etmeli;

► Iýmitiň düzüminde sogan, sarymsak, hren (iri ýaprakly ajy ösümlik), itburun miweleri, limon, üzüm, şugundyr bolmalydyr;

► Behiniň ýa-da naryň suwuny 3/2 mukdarda ary baly bilen garyp, 2 hepdäniň dowamynda 50 g mukdarda, günde 2 gezek içmelidir.

  • 8612 gezek okalan

Teswirler (14)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

gan azlyga name peyda berer

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Başym aýlanyar, kop hereket edip başlasam titreýän ýüregim çalt urup başlayar

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

gyzym gan azlyk keselinden ejir cekyer bejergi alyas bejergiden son 15 -20 gun gowu yorye yene gany dusye

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam men dogybitdi yagny nesilden nesile gecyan gan azlygym bar ol mana hic hili bildirenok bu name sebapdenka bas aylanma , ozunden gitme yaly yagdaylar umuman hic hili yagday yuze cykanok bu name sebapdenka ya da beden sol gan azlyga...

Salam men dogybitdi yagny nesilden nesile gecyan gan azlygym bar ol mana hic hili bildirenok bu name sebapdenka bas aylanma , ozunden gitme yaly yagdaylar umuman hic hili yagday yuze cykanok bu name sebapdenka ya da beden sol gan azlyga owrenisdimika sony bn bu yagday gowreli halda agyr gelermika meni su howsalandyrya...

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Biziň halkymyzyň durmuşynda öňki wagtlarda laborator barlaglary düýpgöter bolmadyk wagtynda hem halk arasynda tebibler adamyň sypatyndan ýa-da diýeli ýüzüniň reňkinden, ysgynynyň bolmazlygyndan onuň ganynyň azlygyny takyklap bilipdirler. Häzirki...

Biziň halkymyzyň durmuşynda öňki wagtlarda laborator barlaglary düýpgöter bolmadyk wagtynda hem halk arasynda tebibler adamyň sypatyndan ýa-da diýeli ýüzüniň reňkinden, ysgynynyň bolmazlygyndan onuň ganynyň azlygyny takyklap bilipdirler. Häzirki wagtda lukmançylygyň pajarlap ösmegi olary aradan aýyrdy.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Habar ber

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Sag boluň lukman! Siziň bu saýtda ündeýän maglumatlaryňyzy türkmen dilinde okamagymyz biziň üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanma. Ýogsada ganazlylygyň beden üçin nahili hubatdygyny bilmek her bir adam üçin örän derwaýys.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Ganazlylyk edil inçekesel ýaly durmuşy (sosial) kesel bolup barýar. Şonuň üçin hem durmuş gowylaşsa, degerli lukmançylyk kömegi ýeterlik bolsa ol keseliň azaljakdygy ikiuçsyzdyr.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Belanyň körügi ýaş aýal-gyzlaryň inçe billi boljak bolup ýa-da gereginden artyk kosmetiki serişdeleri bilen ýüz-gözüni boýap, beden üçin gerek düzüminde demir bolan iýmitleri iýmän ýörmekleri ganazlylyga getirýän ýagdaý bolup durýar.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Nämedendir ganazlylyk erkeklere garanyňda aýal-gyzlaryň arasynda köp duş gelýär. Pikirime görä ýaş gyz-gelinlerde ol ýagdaý bedende kadasyz gelýän aýbaşy bilen arabaglanşygy bolmagy mümkin. Olar şol wagtda süllerilip, suwy ýetmeýän mekgejöweni...

Nämedendir ganazlylyk erkeklere garanyňda aýal-gyzlaryň arasynda köp duş gelýär. Pikirime görä ýaş gyz-gelinlerde ol ýagdaý bedende kadasyz gelýän aýbaşy bilen arabaglanşygy bolmagy mümkin. Olar şol wagtda süllerilip, suwy ýetmeýän mekgejöweni ýatlatýarlar. Ýüzleriem köp ýuwylan ak esgä meňzeýär.

Dowamy
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location