• Makalalar
  • Keseller barada maglumatlar
  • Infeksiýon däl
  • HOLESISTIT: SEBÄPLERI, ALAMATLARY, GAÝRAÜZÜLMELERI WE BEJERGI ÇÄRELERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

HOLESISTIT: SEBÄPLERI, ALAMATLARY, GAÝRAÜZÜLMELERI WE BEJERGI ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.94 (47 Ses)

Holesistit – öt haltasynyň alawlama keselidir. Adaty ýagdaýda öt haltasy 40-70 sm3 göwrüme barabar suwuklygy saklap bilýän "ätiýaçlyk çelegi" bolup gulluk edýär. Ol iýmit siňdiriş hadysasynyň kadaly geçmegi üçin zerur bolan bagryň işläp çykarýan ödüni özünde saklaýar. Bedende maddalaryň çalşygy bozulan ýagdaýynda ödüň düzümi hem bozulýar we öt haltasynyň boşlugynda we öt çykaryjy ýollarda daşlaryň emele gelmek töwekgelçiligi döreýär. Bu ýagdaýa, ýokançlygyň täsiri bilen alawlama hadysalary goşulanda bolsa, ýiti holesistit ýüze çykýar.

Holesistit keseli 40 ýaşdan geçen aýallarda has ýygy duş gelýär. Bu meselede hatda, "Üç sany F" diýip atlandyrýan holesisitit keseliniň aýratyn töwekgellik faktorlary hem bar:

► Female (aýal);

► Fat (beden agramy ýokary bolan);

► Fertile (çagaly).

Ýagny beden agramy ýokary bolan çagaly aýallarda, 40 ýaşdan soň holesistit keseline duçar bolmak töwekgelçiligi ýokarlanýandyr.

HOLESISTIT KESELI NÄME SEBÄPDEN DÖREÝÄR?

Köplenç, holesistit keseliniň döremegine öt haltasyna düşen we ýaýran ýokançlyklar (içege taýajygy, streptokokklar, strafilokokklar, enterokokklar) sebäp bolýar. Olar esasan içegeden, öt çykaryjy ýollar bilen ýokary galma arkaly öt halta düşýärler. Bu ýagdaýyň ýüze çykmagyna öt haltasynyň we öt çykaryjy ýollaryň hereket etmeginiň kadalygy bozulanda, umumy öt äkidýän ýol bilen içegäni araçäkleýän myşsa süýümleriniň işjeňliginiň pesligi, oniki barmak içege boşlugyndaky ýokary basyş, aşgazanyň aşgazan şiresini çykarma işjeňliginiň peselmegi itergi berip bilýändir. Şeýle hem holesistitler ödüň ters hereketi bozulanda, mysal üçin, öt haltanyň daş keselinde ýüze çykýar. Öt haltasynda emele gelen daşlaryň döremeginiň sebäbine garamazdan, ödüň yzyna akmagy öt haltasynyň diwaryny gyjyndyryp, ýokançlyklar bilen bagly bolmadyk alawlama ýagdaýyna getirse, öt haltasynyň içine ýokançlyk aralaşan halatynda ýokançly alawlama ýüze çykýar. Bu ýagdaý keseliň dowamly görnüşe geçmegine we wagtal-wagtal ýiteleşmegine sebäp bolýar.

Dürli ýokançlyklar öt haltasyna diňe içegeler boýunça däl-de, köplenç gan we limfa akymy bilen hem geçýärler. Şol sebäpli içegede, peşew-jyns ulgamynyň agzalarynda ýa-da bedende başga bir dowamly sowuklama ojagy bar bolan näsaglarda holesistit keseliniň ýygy anyklanylýan wagty seýrek däldir.

Holesistit keseliniň döremegine, ýokançlyklardan başga, lýambliýa we askaridler ýaly mugthorlar, öt haltasynyň we bagryň keselleri, şeýle hem aşgazan-içege ulgamynyň başga agzalarynyň keselleri sebäp bolup bilýärler.

HOLESISTIT KESELINIŇ ALAMATLARY.

Keseliň başlangyç tapgyrynda dürli-dürli alamatlar ýüze çykýar. Köplenç, berhiz bozulan ýagdaýynda (ýiti, ýagly iýmit önümlerini ulanmak we spirtli içgileri içmek) garyn boşlugynyň ýokarky böleginde ýiti agyry peýda bolýar, soňra ol agyry sag gapyrganyň aşagyna ýaýraýar. Birsygyrgyn ýa-da güýjeýän agyry, sag egne hem geçip biler. Öt bilen gaýtarma ýüze çykýar, ýöne ol hem näsaga ýeňillik getirmeýär. Bu ýagdaýda näsagyň beden gyzgyny ýokarlanýar, ýürek urşy güýjeýär, derisiniň sähelçe saralanyny belläp bolýar. Dil guraýar we onuň üstüni ak örtük tutýar.

Keseliň ýaýbaňlanmagy we wagtynda bejerginiň geçirilmezligi, öt haltanyň diwarlarynyň deşilip, ödüň garyn boşlugyna ýaýramagy (ötli peritonit) ýaly howply gaýraüzülmäniň ýüze çykmagyna getirip bilýändir. Şeýle hem, holesistitiň gaýtalanyp durmagy aşgazanasty mäziň, bagryň alawlama ýagdaýlarynyň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup biler.

KESELI ANYKLAMAK.

Dowamly holesistiti anyklamakda, duodenal zond bilen oniki barmak içegeden alnan ödi barlamak adaty we maglumat beriji usul hasaplanýar. Şeýle hem, keseli dörediji ýokançlygy anyklamak maksady bilen bakteriologiki barlaglary geçirmek zerurdyr. Holesistografiýa barlagy öt haltanyň görnüşiniň üýtgemeleri, daşlaryň bardygy barada maglumat berýär. Dowamly holesistitiň alamatlaryny (öt haltanyň diwarlarynyň galňamagy, onuň görnüşiniň üýtgemegi we ş.m.) ýüze çykarmakda ultrases barlagy hem ulanylýandyr.

HOLESISTIT KESELINIŇ BEJERGISI.

Ýiti holesistitiň bejergisi keselhananyň hirurgiýa bölüminde geçirilýär.

Bejerginiň ilkinji sagatlarynda näsaga wena damarlaryň üsti bilen erginler göýberilýär. Oňa ýygrylma garşy serişdeler (no-şpa, maýrad, platifillin) we antibiotikler bellenilýär.

Agyry alamatlary peselmedik ýagdaýynda gyssagly operatiw bejergini – holesistoektomiýa (öt haltany aýyrmak) geçirme zerurlygy ýüze çykýar. Başga beden keselleriň bolmagy ýa-da häsagyň gartaşan ýaşy başga bir usul – holesistotomýany geçirmäge görkezme höküminde kabul edilýär. Bu usulyň kömegi bilen, öt halta salnan turbajyk deriniň üsti bilen çykarylyp, ödüň kadaly bölünip çykmagy gazanylýandyr. Bu çäre öt haltadaky sowuklama hadysalarynyň hem aýrylmagyna ýardam berýändir.

Dowamly holesistitiň bejergisine aşakdaky çäreler degişli:

► Berhiz. Kakadylan, ýiti we gowrulan tagamlar, konserwalar, şöhlat önümleri, ýiti peýnir, kakao, şokolad, spirtli içgileri iýmit düzüminden doly aýyrma möhümdir. Şular ýaly ýagdaýda süýtli we gök önümlerden taýýarlanan çorbalary iýmek, ikinji naharlardan gaýnadylan gök-önümler, şüleler, gaýnadylan balyk we et iýmek peýdalydyr. Içgilerden çaý,ir-iýmiş gaýnatmalaryny we şireleri, kisel, süýt we turşadylan süýt önümlerini, mineral suwlary içmek rugsat berilýär.

► Kadasyz ýygrylma garşy (no-şpa) we öt çykaryjy serişdeleri (allohol, holenzim, holagon, enatin, nikodin we başgalar) bellenilýär. Şeýle hem öt çykarmak üçin ulanylýan otlardan (mekge gulpagyndan, gurygülden we başgalardan) gaýnatma taýýarlap içmek peýdalydyr.

► Duodenal zondirleme ýa-da zondsyz týubaž usulyny geçirme.

Týubažyň maksady – öt ýollaryny we öt haltasyny boşatmak maksady bilen, ödüň bölünip çykmagyna täsir etmekdir. Bu usul aşgazan zondunyň kömegi bilen (duodenal zondirleme) ýa-da zondsyz ýerine ýetirilýär.

Zondsyz geçirilýän týubaž.

Irden ajöze 1-2 bulgur ýyladylan mineral suwyny (ýa-da öt çykaryjy otlardan taýýarlanan demleme, bolmasa-da kükürt turşy magneziýanyň toz görnüşini) içmeli. Soňra sag böwre grelka goýup bir ýarym sagat ýatmaly. Oňaýly netije – täretiň ýaşyl reňke boýalmagydyr. Ol durgunly bolup galan ödüň täret bilen çykanlygyndan şaýatlyk edýär.

Şeýle bejergi usuly lukman tarapyndan bellenilip, zondsyz týubažy 2-3 aýyň dowamynda, hepdede 1 gezek geçirmek maslahat berilýär.

Holesistit, aşgazanyň we oniki barmak içegäniň baş keseliniň ýitileşen döwründe týubaž geçirmek bolmaýar.

Eger holesistitiň döremegine ötde ýerleşýän daş sebäp bolan bolsa, bejergi çäreleri ötden daşy aýyrmaga kömek edýän bejergä gönükdirilen bolmalydyr. (Awt. Peýdaly maglumaty almak üçin, saýtda ýerleşdirilen "Öt haltanyň daş keseli" atly makala bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.)

Keseliň ýiti döwri geçenden soň, fizioemler (uwç, diatermiýa) bilen bejergini hem-de Essentuki, Boržomi, Truskawes, Arçman, Berzeňňi we ş. m. şypahanalarda bejergi çärelerini almak maslahat berilýär.

HOLESISTITIŇ ÖŇÜNI ALMAK ÇÄRELERI.

Dowamly holesistitiň öňüni almak üçin, esasan, umumy arassaçylyk çärelerini berjaý edip, dogry we ýokumly iýmitlenmege (günde 4-5 gezek) üns bermelidir. Iýmitiň ýokumlylygy her bir adamyň agramyna, ýaşyna, jynsyna we hünärine görä bellenilýär. Şonuň bilen birlikde giçlik iýmiti köp kabul etmekden, has hem ýagly önümleri we spirtli içgileri utgaşyklykda ulanmakdan saklanmalydyr. Holesistitiň öňüni almakda suwuklygy ýeterlikli kabul etmek hem möhüm orunlaryň birini eýeläp, günüň dowamynda 1,5-2 litre barabar suwuklyk kabul edilmelidir. Şeýle-de, iýmitleniş düzgünini berjaý etmek – iýmiti belli bir wagtda kabul etmek zerurdyr.

Holesistitiň öňüni almakda hökmany şertleriň biri-de, öt çykaryjy ýollaryň kadasyz işiniň öňüni almak we holesterini çykarmak maksady bilen yzygiderli içegäni arassalap durmakdyr.

Şeýle hem, umumy gigiýeniki çäreleriň toplumyna ýokumlylygy pes iýmitiň kömegi bilen beden agramyny peseltmek, berhizli günleri geçirmek (süýt-dorogly, ir-iýmişli, gök-önümli, süle ýarmaly, etli), beden agramyny peseltmäge kömek edýän derman serişdelerini ulanmak (lukmanyň maslahaty bilen) girýändir.

Ertirki maşklary berjaý etmek we günüň dowamynda ýeterlikli hereketde bolmak (ýöremek, ýüzmek, sportyň ýeňil görnüşleri bilen meşgullanmak, gartaşan adamlaryň bolsa sagaldyş toparlara gatnamagy) ödüň kadaly bölünip çykmagyna kömek edýär.

Garyn boşlugynyň agzalarynyň dowamly kesellerine, bedene düşen mugthorlaryň bejerilşine uly üns bermelidir. Allergiki täsirliligi döredýän önümleri wagtynda ýüze çykaryp, olaryň ulanylmazlygyny ýola goýmak hem holesistit keseliniň öňüni almak çäreleriniň toplumyna girýändir.

Ulanylan WEB Salgylary: 1 / 2

  • 22457 gezek okalan